10:07
Symrug guşum / goşgular
• Dünýäm

Ýüregim sen diýip urup dur dynman,
Seniň hem ýüregiň men diýip ursun.
Ogryn garan gözleň gabak astyndan,
Benduwan eýledi özüne, dünýäm!

Gülzarlykda parç bolupdyr läleler,
Synlap çykanymda olaryň hersin.
Jemalynda aýdym sypat gülleriň
Şuglazar katdyňy gördüm men, dünýäm!

Yşk adyna eýe bolan mekdebiň
Kemsiz bişirmeli her günki dersin.
Galan zadyň alajy bor bu ýolda
Esasy zat wepa, ygrardyr, dünýäm!

Aýasynda apalasyn ene ýer,
Asman hem penakär gujagyn gersin.
Durmuş — göreş, tikeni bar gülüňem,
Synaga bäs gelmek parzymyz, dünýäm!

«Wysal tapsyn — diýip — tutan işiňiz»,
Hak aşyklaň ruhy ak pata bersin.
Keramat bar çykan sözde ýürekden,
Ýalkawdan ülüşli bolarys, dünýäm!

Gyzylyny saýlap kelam çäjiniň,
Diýer bolsam saňa sözleriň dürsün.
Çüwen ykbalymyz sahawat bolup,
Gözellige bezär dünýäni, dünýäm!

• Bag

Sarpa goýýan uly ýaşly baga men,
Çuňluklara uzap gidýän kökleri.
Gollaryny dumly-duşa ýaýradyp,
Özüne kökerip goýýan köpleri.

Hellewläp oturşy göze gelüwli,
Türkmeniň ak öýün salýar ýadyňa.
Her daýym ýanyna salama barýan,
Alkyş aýdyp boý bereniň adyna.

Nähili synaga duçar bolsa-da,
Başyn belent tutup gelip bilýär döz.
Ýyllaryň sünnäläp guran heýkeli,
Waspyna söz gerek, görmeklige göz.

Gujagynda şöwür çekse gijeler,
Gözlerinde agaryp daň atandyr.
Höwürtge ýasanyp dowamat tapýan
Guşlar üçin baglar ata Watandyr.

Gün dökýär üstünden tylla teňňesin,
Ýary gije gonýar çür başyna Aý.
Humar bolup gülleriniň ysyna,
Söýgä uçran şemal öwüsýär pessaý.

Asmana baş diräp oturşyn gören,
Diýýär: «Bak, üýtgewsiz gögüň paýasy!».
Tomus üflän çagy howurly demin,
Janyňa tenekar goýry saýasy.

Ýapraklarnyň pyşyrdysyn diňlämde,
Kalba joşgun inýär, göwrä deramat.
Är ömrüni arka atan baglarda
Görýärin men kämillikden alamat.

• Duşuşyga çyk!

Garaşýan, gelmän şunça
Kararyň ýetýär niçik?
Wadalaşan ýermize
Aý, gyz, duşuşyga çyk!

Geljek diýen wagtyňdan
Bir sagat gitdi geçip.
Garaşdyrmaň bar çaky,
Näzlim, duşuşyga çyk!

Gül getirdim bir gujak
Müň gülden saýlap-seçip.
Söýgimizden nyşan ol,
Läläm, duşuşyga çyk!

Husnuň güllerden zyba,
Bilýärin muny açyk.
Gözi ýetsin hemmäň-de,
Görklim, duşuşyga çyk!

Messan basyp geleňde,
Huşum başymdan uçup,
Inýän dünýä täzeden.
Ömrüm, duşuşyga çyk!

Igäňi sürtüp diýme:
«Barýarmy göçüň geçip?»
Pursadyň bar ganaty,
Basym duşuşyga çyk!

Şuny-da aýtmak parzym,
Dilimden dürler saçyp.
Diriligim seň bilen,
Janym, duşuşyga çyk!

Aýyň saçýan şuglasam,
Bu gün öňküden gaçyk.
Nurlandyryp dünýäni,
Günüm, duşuşyga çyk!

Jaň etsem-de alaňok,
El telefonyň öçük.
Gözlerimiz gürleşsin,
Didäm, duşuşyga çyk!

Indi tiz geläýmeseň,
Kalbymda gaýnar uçuk.
Halasgärim bol-da sen,
Bagtym, duşuşyga çyk!

• Gözellikden ganman...

Durudy ol gözlerinden durnanyň,
Säher çagy synlanymda asmany.
Indi bulut bürän ýüzi gamaşyk,
Nämedir bir zada ýanýan dek jany.

Meňzeýär ol gaharyny pürkjege,
Gazabyndan özüň saklawer, aman.
Bujagy çözlen deý suwly meşigiň,
Çabgasyn çanaklap eňterdi asman.

Dem salymda suw-sil boldy töwerek,
Oýtaklar ýagyşdan pürepürlendi.
Baharyň güllerden dokan halysy
Müňde bir röwüşe girip terlendi.

Bulutlar tüýdülip eräp gitdiler,
Janlara dirilik Günüň çyrazy.
Gulaga däl, kalba damýar bal bolup,
Şirwan perdä çykan guşlaň owazy.

Ezip içişime nektar howasyn,
Sonarly meýdana çykdym men seýle.
Gözellikden ganman, göwün ýüwürtdim:
«Hemmäň hem gahary bolsady şeýle!».

• Kämillik

Kämil çykdym bu dünýäniň ýüzünde,
Ýel kakdy üstümden tozany, gerdi.
Ýüregime mähir guýup çogundan,
Sahawatlyk kärin Gün maňa berdi.

Ýagşylygmy paýlap ýörün pişme deý,
Jomartlykda Hatam Taýa nusgalyk.
Derýa diňe teşneligmi gandyrman,
Köňül akabama guýdy hoş gylyk.

Meýdanlaryň ýaraşygy güllerden
Deme sordum päklik, gelýän hoşuma.
Gara daşy ýaryp çykan çeşmeden,
Ýeriň akylyny çekdim başyma.

Ýylgyryşym — ýazyň çyrpynyp gelşi,
Güýz eçildi maňa bereket baryn.
Gijäň tümi gözlerimiň garasy,
Ak daňdandan aldym didämiň agyn.

Mertebämiň belentligi daglardan,
Gün deňine göterildi howalam.
Süňňüme siňdirdi mukaddesligi,
Ata ýurt tutunan sonarly ýaýlam.

Taýçanak deý dumly-duşa çarp urup,
Ak çabganyň aşagynda göçdüm men.
Ak bugdaýyň dänesinden dokmaňyz
Halallygyň gönezligni içdim men.

Şiriňkidir batyrlygym, mertligim,
Alabaý wepasy — göwnümiň şady.
Gursagymda älemgoşar doguldy,
Gaýratymda bardyr bedewiň bady.

Bedenim taplady iniş, köteller,
Pajarlan arzuwlam — gülleri hurmaň.
Damarlamdan akýan barlyga söýgim
Uç-gyraksyz ýaýlyp ýatan bir umman.

Paýhasyndan paý eçildi asman-da,
Ýyldyrymda gördüm Arşyň halatyn.
Islän menzilime ýeterim ýaly,
Bürgüt berdi maňa goşa ganatyn.

Giňligini aldym seleň sähramyň,
Joşgunym — çür başdan şaglap inýän sil.
Toprakdan öwrendim päli pesligi,
Nädip onsoň çykman bilerin kämil!

• Symrug guşum

Äkit meni, symrug guşum,
Ýele daradyp perleriň.
Ýüregimiň gözi bilen
Synlaýyn baran ýerlerim.

Atylyp git peýkam misli,
Ähli bulutdan saýlanyp.
Göreýin ýedi yklymy,
Ýekänme-ýekän aýlanyp.

Zybanymda sena eýläp,
Ýüregimiň kelamyny.
Ýetireýin Ýer ýüzüne,
Ilimiziň salamyny.

Şol keremde doganlygyň
Tükenmejek mähri bardyr.
Onuň demi düşen ýere
Baky parahatlyk ýardyr.

Kämil çykyp ynsan kowmy,
Bir-birege gülüp bakar.
Ykballar gül deý pajarlap,
Eşretiň arygy akar.

Bakanymda şeýle hala,
Gönener ak bagtdan janym.
Duş geläýsem gallaja men,
Bölüşeýin döwüm nanym.

Ganat kakyşyňa sowa,
Ýolum düşürme teşneden.
Goşawuçlap suw daşaýyn,
Ganýança sowuk çeşmeden.

Ynanjym çuňňur ummandan,
Şowly bolup seň saparyň,
Şindi barylmadyk ýerden
Täze goşgular taparyn.

Belki, olary okanlar,
Öňküsinden has şatlanar.
Göwreleri per dek ýeňläp,
Köňülleri ganatlanar.

Mündürip meni arkaňa,
Ýurtlary sök, Arşy ele.
Çykarsaň-da haýsy ýerden,
Watanyma getir ýene!

Döwletmyrat NURYÝEW.




Категория: Goşgular | Просмотров: 169 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Döwletmyrat Nuryýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgi goşgusy.. / Goşgular - 06.04.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Ýyllar geçip barýar / Goşgular - 12.02.2021
Haýsysy ýaman? / Goşgular - 27.05.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Alaja / Goşgular - 19.03.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]