16:54
Şygyrýetim

ŞYGYRÝETIM

Şahyrlaryñ joşup-boşup gaýnany,
Saña badaşypdyr, müdümi bagrym.
Pyragymyz bir ajaýyp dünýäni,
Köñülleñ köşgünde, gurupdyr şygrym.

Şol ajaýyp dünýä bagly meñ ömrüm,
Çünki deñ çekişýär, şatlyk-gussamy.
Örkümem, durkumam baglandy saña,
Sensiz halym bilmen, sagmy-hassamy.

Şygyrýetim, sensiñ genji-hazynam,
Tenekarsyñ, meniñ teşne ýüregme.
Ömürlik sen bolsañ, ýoldaşym-hemram.
Dünýe maly däldir, meniñ geregme...

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 356 | Добавил: Adalat19 | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]