11:01
Şygyr terjimesiniñ käbir aýratynlyklary
ŞYGYR TERJIMESINIŇ KÄBIR AÝRATYNLYKLARY

Ýaş terjimeçiler üçin synanyşyp görmegiň özem, eýýäm kiçijik üstünlik. Islendik başlangyç işde bolşy ýaly, size-de daýanç nokady wajyp. Ol hem siziň terjime etmegiňiz üçin saýlan şygryňyz bolmaly. Eser saýlamak bu sungatyň ilkinji we esasy şertidir.

Terjimeçileriň arasynda terjimeçi ýazaryň yzyna düşmeli diýlen aýtgy bar. Bilmedim, belki, dogrudyr. Ýogsa-da, beýle bolsa, şygyr terjimeçilerine näme maslahat berse bolar? Kim-kimiň yzyna düşmeli? Meniň pikirimçe, terjimeçi şygry ýazan adam bilen «sene-mene» edişip durman, ýagdaýy bolsa onuň bilen «bile ýaşajak» bolmaly, onuň dilini tapjak bolmaly. Munuň üçin ol şygryny terjime etjek bolýan şahyrynyň «dilini» gaty gowy bilmeli, öz ene diline-de juda ezber bolmaly. Türkmeniň söz baýlygy hiç bir milletiňkiden pes däl. Söz goruň näçe köp bolsa, şonça-da kösençlik azalar. Terjime işine baş goşan adamyň okumyş bolmalydygy, ýatkeş, irginsiz hem mydama gözlegde, belli bir çäkde sabyr-kanagatly bolmalydygy barada öňem kän eşidensiňiz. Munuň üstüne meniňem üýtgeşik goşjak zadym ýok. Ýagdaýyny tapsaňyz, terjimeçilik sungaty, esasan-da, şygyr terjimeçiligi hakyndaky kitaplary, makalalary köp okaň. Ýogsa-da, okamak barada aýdylanda Kerim Gurbannepesowyň Şandor Petefiden, Tagordan, Gýoteden.., A.Gurbannepesowyň Ýeseninden, Kakaly Berdiýewiň Omar Haýýamdan terjime eden şygyrdyr rubagylaryny... ýygy-ýygydan okaň! Bulardan siz şygry nädip terjime etmelidigi baradaky sowallaryňyza belli bir jogaplary alyp bilersiňiz diýip pikir edýärin.
Şygram beýleki edebi eserler ýaly ýüregiň önümi. Onda-da şeýle gysby, belli bir kada eýerilip rifmalaşdyrylan we galyba salnan, ynjykdan duýgusal närse. Onsoňam ölçegli zadyň çäginden çykmak çetin. Şeýle bolansoň, şygyr terjimesi iki esse hupbatly. Elbetde, bu terjimeçiniň öz boýnuna alan jogapkärçiligine we borjuna düşünen ýagdaýynda şeýle. Mende şygyr terjimesine ýöriteleşen tejribeli terjimeçilere aýdara üýtgeşik zat ýok. Ýöne munuň bilen täze meşgullanyp ugran ýaşlara welin, bilenjämden öwretmäge synanyşyp göreýin. Eýsem, bir kişä nädip terjime etmelidigini öwredenden, ony nädip terjime etmeli däldigini öwretmek aňsat ýaly... Şeýle-de bolsa, synanyşmak sütem däl.
Ilkinji synanyşyk, ilkinji başlangyç üçin sadadan az sözli eser saýlamagy maslahat berýärin. Şygyr saýlanyňyzdan soň, bada-bat terjimä girişmekden saklanyp, ony gaýta-gaýta okaň we ýat tutuň, geregiçe aňyňyzda aýlaň hem özleşdiriň. Ony gursagyňyzda ýagşy ýugruň! Ýugrumy ýeten çöregiň tagamam başgaça bolýar. Şygry boldum edeniňizden soň, ony çapa bermäge howlukmaň! Aňryňyza atanyňyz, ony kagyza geçireniňiz bilen, ol esli wagtlap sizi, ýagny siziň aň-huşuňyzy terk etmeýär. Bu, bir tarapdan, diňe siziň bähbidiňize bolar. Sebäbi ony ýene we ýene gözden geçirmäge mümkinçilik dörär... Şygry sözme-söz terjime etjek bolmaň! Bu başardaýanda-da guraksy çykar, akgynly okalmaz, iň esasam, ynandyryjy bolmaz. Mümkin bolsa bogun sanyny saklajak boluň! Eger şygyr setirleri başaşa rifmalaşdyrylan bolsa, sizem şony berjaý etmelisiňiz. Ýöne munuň üçin sözi rifma ýa-da rifmany söze gurban etmekden gaça duruň. Şeýlelikde, mümkingadar okyjylara şahyryň sözüni däl-de, onuň duýgularyny ýetirmäge synanyşyň! Aslynda-da, terjimeçiligiň taryhynda asyl nusganyň hiç haçan, hiç bir eserde ýüzde-ýüz göterim saklanan ýeri ýok. Terjimeçilik sungatynda asyl nusganyň üçden iki bölegini dogry we göwnejaý terjime edip bolsa, bu dünýä derejesinde-de uly üstünlik hasaplanylýar. Elbetde, bu görkeziji babatda şygyr terjimesinde biraz eglişigem edilýär, edilmelem, sebäbi ýokarda belleýşimiz ýaly, şygyr terjimesinde erkana etjek zadyňy edip bolanok. Kyssa eserleriniň terjimeçileri meni bagyşlasynlar welin, çünki olar üçin azda-kände gaçara-kowara maý bar. Kyssa eseriniň çygry giň... Şygyr terjimesi içiniň goş-golamy akan-dökän, darajykdan petiş, inedördül otagda mydar eden ýaly bir zat bolýar. Elbetde, adama gursagyny dolduryp dem almak üçin tämiz howa zerur. Şygyr terjimesinde-de şeýle. Kalbyň «howasy» ýygy-ýygydan täzelenip durmaly. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, erkinlik, giňişlik, wagt gerek. Hawa, atlara-da agaýana aýaklaryny ýazar ýaly giňiş bir sähralyk gerek. Eýsem, biz häzir şygyr, onuň terjimesi, umuman, edebiýat barada gürrüň edýän bolsak, Parnas atly ylham atam meýdanda derleýän bolsa gerek. Onuň hernäçe seýislense-de, nähili sarç, niçiksi kesirdigini çeper söz sungaty bilen ymykly meşgullanyp gelýän adamlar gowy bilýändir. Ýaş galamdaşym, sen entek şol Parnasa atlanmazdan ötri taýýarlykly, öz başarnygyňa ynamly, ezber hem erjel bolmalysyň. Sebäbi seniň işiňe baha berjek okyjy bar. Ol örän talapkär. «At çapanyňdan-a geçdik, eýeriň gaşyndan berk ýapyş!» diýdirmejek bolmaly. Ýogsa-da, at öz üstüne müneni tanaýar...
Umuman, şygyr terjimesinde asyl nusgany saklamak juda we juda çetin. Şu ýerde ermeni şahyry Silwa Kaputikýanyň: «Terjime ýaglygyň üstünden posa alan ýaly bir zatdyr...» diýen sözi biygtyýar ýadyňa düşýär. Bu pikir ylalaşmazça-da däl...
Ýeri gelende, öz tejribämde ulanan bir tilsimimi siziň bilen paýlaşmakçy. Gadymy grek şahyry Eshiliň «Çüýlenen Prometeý» atly uly göwrümli tragediýasyny terjime edemde, onuň asyl nusgasynyň bentlerini ilki kyssa görnüşinde kagyza geçirdim. Soňra bogunma-bogun edip, rifmalaşdyryp bent ýasadym. Hawa, her näme-de bolsa «ýasamaly» boldum. Şahyr şygry döredýän adam, terjimeçi bolsa, geliň, boýun alalyň — şol şygryň nusgalygyny ýasamaly bolýar. Megerem, onuň ýasamadygyny aňdyrmazlyk kyn mesele. Ýöne her niçigem bolsa, islendik zat ýasalanda edilişine görä, oňa çynlakaý çemeleşmeli, yhlas bilen, iň esasysy hem, ynsap bilen ýapyşmaly. Sebäbi sen terjimeçi — ýat bir ýazaryň duýgusy bilen iş salyşýaň.
Türkmende «amanat» diýen bir söz bar, nämüçindir bu söz çagalygymdan beýnimde berçinlenip, şu güne çenli galypdyr. Nämä amanat diýilýänini bolsa hemmämizem gowy bilýän bolsak gerek. Hala ol oýunjak bolsun, hala-da geýim-gejim... islendik başga bir zat kesekiňki, saňa degişli däl, has dogrusy, özüňki däl... Ine, seniň terjime etmegi niýetläp eliňe alan gaýry dilli, mümkin, düýbünden başga bir dünýägaraýyşly, üýtgeşik urp-adatly, daşary ýurtly şahyryň bu şygram özüňki däl. Bu seň üçin amanat! Eýsem, amanat zada has aýawly, has seresap, has jogapkärçilikli çemeleşmelidigini tekrarlap oturmagyň hajaty ýokmuka diýýärin.
Ýaş terjimeçiler üçin synanyşyp görmegiň özem, eýýäm kiçijik üstünlik. Islendik başlangyç işde bolşy ýaly, size-de daýanç nokady wajyp. Ol hem siziň terjime etmegiňiz üçin saýlan şygryňyz bolmaly. Eser saýlamak bu sungatyň ilkinji we esasy şertidir. Ýeri bolýa, saýlamak hukugyny siziň erk-ygtyýaryňyzyň islegine goýaly diýeli. Ýöne her bir işde bolşy ýaly, ahyrky netije isleg bilen mümkinçiligiň gabat gelmegine ýa-da gelmezligine bagly bolýar. Bu bolsa köp babatda diňe, diňe siziň özüňize baglydyr. Men size bu hakda diňe keseden maslahat berip biljek.
Ýene bir zat: «Her kimiň öz öküz ýykyşy bar» diýlişi ýaly, men-ä şygyr saýlanymda özümiň edil şol pursatdaky ruhy ahwalyma, has dogrusy, keýpime görä saýlaýaryn. Bu diýdigim: «Sizem şeýle ediň!» diýdigim däldir. Bu size gerek usulmy ýa-da dälmi, ony özüňiz saýlaň! Özüm-ä ýörite sargyt, buýurma bilen terjime etmekligi unap baramok. Öz halamaýanymy özgä-de rowa bilemok. Onsoňam göwnemeýän işiňi etmeklik, meň pikirimçe, sulhuňy almaýan kişiň bilen ömrüňi baglan ýaly bir zatmyka diýýärin...
Gadyrly ýaşlar, ýaş terjimeçiler! Ylham diýlen närse özüne wepaly eýesini gowy görýär. Oňa näçe ygrarly hyzmat etseň, ol hem şonçarak edip hem yzyna gaýtarýar. Goý, şowly çykan terjimeleriňiz täze-täze üstünliklere atarsyn, ilçilikdir, şowsuz çykanlary bolsa siziň gursagyňyzdaky uçgunlara alaw, isleg-höwesleriňize gylaw bersin!

Annamuhammet KIRŞEN,
şahyr, terjimeçi.

“Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]