21:26
Sygyr çopanyna
SYGYR ÇOPANYNA

(degişme äheňinde)

Hany, biraz eglensen-e,
Çopan ýigit, diňle sözüm.
…Mal yzynda emgenmeseň—
Il öňünde gyzar ýüzüň…

Bes et indi, sykylygňy,
Durma köçäni örüzip.
...Sygrym neçün sykylypdyr,
Her gün aç gelýär örüden?

Mal diýeniň gözlerinden,
Suw içýändir eýesiniň.
Ýokuş görme sözlerimi,
Şu nakyla eýer senem!

Hor bolmarsyň akyl alsaň,
Hak sözlere sygynmaly.
…Gowy bordy hak alaýsaň,
Bakyşyň dek, sygyrlary…

“Dilsiz!” diýme janawere,
Düşbüje gözlerne gara.
…Yssy howa—jana görgi,
Salkynda bak, kere-mara…

Kow sürüni mahal-mahal,
Sonarly meýdana, ýaýla,
…Maňa gelen gaharyňy,
Sygrymdan bir çykaraýma…

Gel, biz bir zat gürleşeli,
Bu şertime bolsaň kaýyl—
Sen sygry gowja bak inim,
Men gowy şygyr okaýyn…

Şygyr—bu giden bir umman,
Gulaçlap ýüzmeli diňe…
…Gör, ýene-de syrly dymýaň,
Ýüzüme seredip siňe…

Annamuhammet KIRŞEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Haweran | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Uçur meni / Goşgular - 10.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Salam, gussam! / Goşgular - 20.02.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022
"Ötüp barýan mazarlygyň deňinden..." / Goşgular - 13.01.2022
"Ложится на рассвете легкий снег..." / Goşgular - 21.02.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Дьявол / Goşgular - 21.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]