19:39
Şygyr
ŞYGYR

Gel, söhbet edeli birdem,
Sen meň hossarymmy şygyr?!
Halas eden müň bir dertden,
Baýlygym-barymmy şygyr?!

Ganat kakýaň uçsam diýip,
Serden ara açsam diýip.
Kalba yşkyň gorun guýup,
Örtän armanymmy şygyr?!

Syrym ýaýyp,paş eýleýän,
Kä doňup, käte gaýnaýan.
Çäji harpykdan saýlaýan,
Akylmy-aňymmy şygyr?!

Ömrüm bilen ömürdeşim,
Göwnim bilen göwündeşim.
Ýalňyz hemdemim-syrdaşym,
Terk etse zarymmy şygyr?!

• ÖMÜR

Gyzygman barlyga bakydyr öýdip,
Ömür uçup barýan guşa meňzeýär.
Ak durnalar ýene gelse-de gaýdyp,
Ömür bir gidensoň gaýdyp gelmeýär.

"Bir gezek berilýän serpaýym"diýip,
Ömrüň lezzetinden ganyp gördiňmi?!
Dünýäni unudyp, söýülip, söýüp,
Hyýalda ýaşlyga ýaşlyga dönip gördiňmi?!

Aslynda,arzuwlar hatarma-hatar,
Ynsan yhlas etse baryna ýeter.
Yşkyň badasyny başyňa göter,
Söýgiň şahasyndan tänip gördiňmi?!

Meňzeýär aý-ýyllar durnagöz çeşmä,
Lezzeti başgaça görünýär teşnä.
Göýä dag göwsinde gaýalan keşdä,
Boz jeren deý suwa inip gördiňmi?!

Diýebilmen: "Haýyp eken gelenim",
Ýaşanyňa degýär söýip bileniň.
Yşky ylham eýläp, ile goýaryn,
Biz gitsegem sungat galýar, ölmeýär.

Dürnabat AŞYROWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Aziza | Теги: Dürnabat Aşyrowa | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Atama / Goşgular - 15.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Gussa / Goşgular - 14.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Позови меня / Goşgular - 17.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]