17:57
Şygryýeti terjime etmegiň inçelikleri
ŞYGRYÝETI TERJIME ETMEGIŇ INÇELIKLERI

Dünýä edebiýatyny, şol sanda şygyrlary terjime etmek meselesi özünde köp syrlary saklap ýatyr. Elbetde, bu babatda türkmen şahyrlary öz döwründe baý tejribe topladylar. Ýöne, gynansak hem, halypa terjimeçilerimiziň köpüsi bu gün aramyzda ýok. Şonuň üçin hem ýaş terjimeçiler üçin peýdaly bolar diýen umyt bilen, şygyrlary terjime etmekde toplan tejribämi olar bilen paýlaşmak isleýärin.
Edebiýatyň ösmeginde, baýlaşmagynda, kämilleşmeginde çeper terjimäniň uly hyzmaty bar. Türkmen edebiýatynyň taryhynda terjimeçilik işi irki döwürlerde başlanypdyr. Baýram han, Andalyp, Nowaýy, Magtymguly ýaly şahyrlar käte arap, pars dillerinde hem şygyr ýazypdyrlar. Baýram hanyň parsy diwanyndaky käbir goşgularynyň onuň türki diwanynda hem, sözme-söz bolmasa-da, türkmençe gaýtalanyp gelýändigini görýäris. Diýmek, Baýram han özüniň käbir goşgularyny ilki türkmen dilinde ýazyp, soň pars diline terjime eden bolmaly. Munuň tersine bolan bolmagy-da mümkin. Umuman, nusgawy şahyrlarymyzda öz goşgularyny beýleki dillere ýa-da arap, pars dillerinde ýazylan goşgulary öz dillerine geçirmek meýli güýçli bolupdyr. Nowaýynyň bir gyzy üç dilde ― arapça, parsça, türkmençe taryplap ýazan goşgusy bize belli. Galyberse-de, Andalyp, Şeýdaýy, Şabende ýaly şahyrlarymyz arap ertekileriniň, rowaýatlarynyň esasynda dessanlar döredipdirler. «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha», «Seýpelmelek-Methaljemal», «Gül-Senuber» ýaly dessanlaryň esasynda şol arap rowaýatlary hem-de «Müň bir gije» ýaly arap ertekileriniň ýordumlary ýatýar. Bular şol erteki-rowaýatlaryň gös-göni terjimesi bolmasa-da, başga halklaryň edebi eserleri bilen öz halklaryny tanyş etmek üçin edilen synanyşyklardyr. Umuman, halklaryň arasynda birek-biregiň edebiýaty bilen tanyşmak höwesi mydama-da bolupdyr.
XX asyryň otuzynjy ýyllaryndan başlap, türkmen ýazyjylary, şahyrlary dünýä edebiýatynyň eserlerini terjime etmegi has hem güýçlendiripdirler. Şol döwürde Serwantesiň «Don Kihot», Gonçarowyň «Oblomow», Dikkensiň «Dombi we onuň ogly», L. Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romanlary türkmen diline geçirildi. Şeýle hem rus şahyrlary A. S. Puşkiniň, M. Ý. Lermontowyň, N. A. Nekrasowyň, beýleki halklaryň şahyrlarynyň goşgudyr poemalary Berdi Kerbabaýew, Durdy Haldurdy, Çary Aşyr, Gurbanmyrat Eýämberdiýew, Amandurdy Alamyşow, Kemal Işanow, Ata Nyýazow, has soňrak Beki Seýtäkow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Kerim Gurbannepesow ýaly onlarça şahyrlar tarapyndan türkmen diline terjime edildi. Dogry, ilkinji edilen terjimeleriň hemmesiniň hili beýle bir gowy bolmandyr, ýöne terjimeçiler iň esasy zady ― asyl nusgany, onuň galybyny, kapyýalaryň ýerbe-ýerligini gazanmaga çalşypdyrlar. Dura-bara şahyrlarymyz terjime işinde ýeterlik tejribe topladylar.
Türkmen şygryýeti, esasan, rifmaly eserlere daýanýar. Ýewropa halklarynyň aglabasynyň ýa bolmasa rus, soňky döwürde türk şygryýetlerinde-de rifmasyz ― ak goşgy ýazmaga ýykgyn edilýär. Rifmaly goşga öwrenişen şahyrlar Şekspiriň, Puşkiniň, Nekrasowyň ak goşgy bilen ýazan eserlerini-de rifma salyp terjime etdiler. Meselem, Puşkiniň «Balykçy we balyjak hakyndaky ertekisini» Ýakup Nasyrly, N. A. Nekrasowyň «Russiýada kim şat ýaşaýar» poemasyny Çary Aşyr, Şekspiriň «Romeo we Julýetta» tragediýasyny Annaly Berdiýew ýaly terjimeçiler rifma saldylar.
Eýsem, bu dogrumy? Eýsem, türkmen edebiýatynda ak goşgy asla ýokmudy? Ol bize Günbatar edebiýatyndan geldimi?
Ýok, türkmen halkynyň gadymy eseri bolan meşhur «Gorkut atada» gabat gelýän sazlaşykly, ritmli goşgular ak goşgynyň ajaýyp nusgalarydyr.
Birnäçe ýyl mundan ozal A. S. Puşkiniň «Balykçy we balyjak hakyndaky erteki» eserini, asyl nusgadaky bolşy ýaly, rifmasyz terjime etdim. Ol metbugatda, soň hem ýaňy-ýakynda neşir edilen Puşkiniň goşgularynyň bir jitligine-de girizildi. Bu mekdeplerde okyjylara ak goşgy barada düşünje berip bilerdi. Elbetde, Ýakup aganyň terjimesi hem gowy, akgynly okalýar. Ýöne galyp babatda ol asyl nusgadan daşlaşýar.
Bu zatlary aýtmagymyň sebäbi näme? Eýsem, şygryýeti nähili terjime etmeli? Şygryýeti terjime etmek örän kyn iş. Görnükli rus şahyry Ýuriý Kuznesow bilen söhbet edenimde, ol: «Özi gowy goşgy ýazyp bilýän şahyrlaryň köpüsi terjimäni başaryp hem durmaýar. Çünki goşgy ýazyp bilmek bilen, başga bir şahyryň goşgusyny terjime edilýän diliň baýlygyna öwürmek aýry-aýry zatdyr. Terjime etmek üçin uly ussat bolmaly» diýipdi.
Goşgy terjime edilende, eseriň diňe bir galyby, rifmalary ýerli-ýerinde saklanman, eýsem, şol şahyryň ruhy hem saklanmalydyr. Türkmen diline geçirilen her bir goşgy türkmen diliniň, türkmen edebiýatynyň baýlygyna-da öwrülmelidir.
Şu ýerde rus şahyry A. S. Puşkiniň bir goşgusy hakynda, ýagny onuň «Çaadaýewe» diýen goşgusynyň terjimesi barada mysallar bilen gürrüň açmak isleýärin.
Şahyryň bu goşgusyny altmyş ýyl mundan ozal Gurbandurdy Gurbansähedow bilen Bagşy Jürmenek terjime edipdir. Sözümiziň delilli bolmagy üçin bu goşgynyň ilki rusçasyny, soňra terjimäni mysal getirmekçi.

К ЧААДАЕВУ1

Любви, надежды, тихой славы
Недолго нежил нас обман,
Исчезли юные забавы,
Как сон, как утренний туман;
Но в нас горит еще желанье,
Под гнетом власти роковой
Нетерпеливою душой
Отчизны внемлем призыванье.
Мы ждём с томленьем упованья,
Минуты вольности святой,
Как ждет любовник молодой
Минуты верного свиданья.
Пока свободою горим,
Пока сердца для чести живы,
Мой друг, отчизне посвятим
Души прекрасные порывы!
Товарищ, верь: взойдёт она,
Звезда пленительного счастья,
Россия воспрянет ото сна,
И на обломках самовластья
Напишут наши имена!

Indi bu goşgynyň türkmençesine ser salyp göreliň:

Söýgi, umyt hem-de şöhrat
Aldamady uzak zaman,
Ýaşlyk çaglar boldy sumat
Göýä uky, göýä duman.

Zulm ezse-de labyr salyp,
Joşýar bizde arzuw bary.
Ýüreklermiz teşne bolup,
Diňleýär eziz diýary.

Sabry elden giden ýaly,
Aşygy-magşuk mysaly,
Garaşýarys biz şatlyga
Hem mukaddes azatlyga.

Ardyr-namys bize ýarka,
Erkinligi nagş edeli.
Ýüreklerde gaýrat barka,
Watanmyza bagş edeli.

Ýoldaş, ynan: dogar hökman
Bagt ýyldyzy ― dil şadymyz,
Russiýa galkar bigüman,
Ýumrular tagty-eýwanlar.
Oň üstüne mähribanlar
Ýazarlar biziň adymyz.

Bu goşgynyň terjimesi A. S. Puşkiniň 1949-njy ýylda neşir edilen kitabynda ýerleşdirilipdir. Mundan altmyş ýyl ozal edilen bu terjime öz döwri üçin gowy terjimedi. Ýöne bu goşgyny men hem täzeden türkmençä geçirdim. Ine, şol terjime:

Söýginiň, umydyň, ümsüm şöhratyň
Başymyzda durman aldawy-aly,

Sowuldy ýaşlygyň oýun-bazlary
Düýş ýaly, säheriň dumany ýaly.

Ýöne heniz isleglermiz lowlap dur
Häkimligiň süteminiň astynda.
Biz tükenmez kanagatly kalp bilen
Diň salýarys ýurdumyzyň sarsgynna.

Biz mukaddes erkinlige garaşýas,
Göýä ki ýüregi hem bagry bilen
Bagtly duşuşyga garaşýan ýigdiň
Tükenmez takaty hem sabry bilen.

Erkinligiň gursagmyzda tolkunşy
Barka ýüregmizde namys-ygrarmyz,
Dostum, kalbyň iň ajaýyp galkynşyn
Şu mähriban ýurda bagş edeli biz.

Ynan, dostum, bir gün parlak ýyldyzmyz ―
Bagt ýyldyzmyz galkar asmana sary.
Russiýa ukudan silkinip galar,
Häkimligi ýykyp-ýumrup ahyry,
Oň daşlarna biziň adymyz ýazar.

Birinji terjimä-de at dakar ýaly däl. Onda kapyýalar asyl nusgadaky ýaly, köplenç öz ýerinde, meniň terjimämde başaşa kapyýa doly saklanmaýar. Emma men diňe setirleriň sanyny, harpy däl-de, Puşkiniň ruhuny saklamaga synanyşdym. Dogry, şygryýetiň terjimesinde diňe bir setir, harp, ruh däl, hatda iň kiçijik zat ýaly bolup görünýän öwüşginler hem saklanylsa, has gowy. Şahyryň ulanan çeper jikme-jiklikleri, aňrujy başaryp bolsa, öz ýerinde durmalydyr.
«Türkmenistan» neşirýatynda işleýärkäm, tanymal terjimeçi Nurmyrat Esenmyradow şeýle gürrüň berdi. Otuzynjy ýyllarda Berdi Kerbabaýew iňlis ýazyjysy Woýniçiň: «Owod» ― «Gögeýin» diýen eserini terjime edende, gahrymanyň: «Çereşnýa satýan, çereşnýa!» diýen çakylygyny: «Igde satýan, igde!» diýip terjime edip, tekstiň çykgydynda: «Türkmenlerde çereşnýa bolmany üçin bu sözi «igde» bilen çalşyrdyk» diýip belläpdir. Elbetde, bu şu günüň terjimeçilik nazaryndan seretseň, az-kem gülkünç görünýär. Başga halkyň eserini terjime edeniňde, şol halka, millete mahsus çeper hem milli jikme-jiklikleri saklamak zerur.
Rus şygryýeti Puşkine çenli sillabik ölçege, ýagny bogun ölçegine esaslanýardy. Puşkin fransuz edebiýatynyň täsiri bilen rus şygryýetine sillabo-tonik şygyr ölçegini getirdi. Türkmen şygryýetine bu ölçeg mahsus bolmany üçin biz dünýä şygryýetini bogun ölçegine salyp terjime edýäris. Rus şygryýetinde bar bolan dokuz bogunly ölçeg özbek şygryýetinde-de bar. Şonuň üçin özbek şahyrlary M. Lermontowyň «Parus» ― «Ýelken» diýen goşgusyny dokuz bogunly setirler arkaly terjime etdiler. Biz bolsa ony, islesek-islemesek, ýa 11 bogna, ýa-da sekiz bogna salyp terjime etmeli bolduk. Sebäbi türkmen dilinde 9 bogunly şygyr ölçegi ýok. Ýöne, ýokarda aýdyşymyz ýaly, başga dillerden türkmen diline geçirilen goşgy türkmen diliniň, türkmen edebiýatynyň baýlygyna öwrülmeli. Emma muňa garamazdan, biz haýsy dilden terjime etsek-de, mümkin boldugyça, goşgynyň galybyny, ritmini, çeper jikme-jiklikleri saklamaga çalyşmalydyrys. Bir gezek şahyr dostlarymyzyň biri meşhur balkar şahyry Kaýsyn Kulyýewiň sekiz setirlik goşgusyny 12 setire sygdyrypdyr. Goşga beýle erkin çemeleşmek, biziňçe, nädogrudyr.
Biz ak goşgyny ak goşgy ýaly rifmasyz, rifmaly goşgyny hem rifmaly terjime etmegiň tarapdary.
Şu ýerde ussat şahyr Kerim Gurbannepesowyň amerikan şahyry Witmenden türkmençä geçiren bir ak goşgusyny mysal getirmek isleýärin.

ŞTATLARA

Ýüzlenýärin hemme Ştatlarymyza,
hemme şäherlerimize, hemme obalarymyza:
«Ýok» diýen sözi köpräk aýdyň,
«Bolýa» diýen sözi azrak aýdyň agalaryňyza.
Gullaryň söýýän sözi «bolýa-bolýadan»
ne milletimize azatlyk geler,
ne ştatlarymyza azatlyk geler,
ne şäherlerimize azatlyk geler
ne enelerimize,
ne-de çagalarymyza.

Üns berseň, bu ak goşgyny terjime edende, rifmaly şygyr ýazmaga halys endik eden ussat şahyrymyz: «Obalarymyza, agalaryňyza, çagalarymyza» ýaly rifmalary ulanypdyr. Ýöne her halda ol bu goşgyny Gündogaryň bogun ölçegine saljak bolmandyr. Ulanylan içki rifmalar bolsa, goşgynyň synasyna zeper ýetirmändir. Eger-de Kerim Gurbannepesow bu goşgyny 11 ýa-da 14 bogna salyp, rifmaly terjime eden bolsa, onda ol Witmeniň goşgusy däl-de, Kerim şahyryňky bolardy. Diýmek, terjime edilende, her şahyryň özboluşlylygyny, äheňini saklamak zerur bolup durýar eken.
Öz dilimiz bilen kowumdaş bolan türki dillerden ― özbekçeden, azerbaýjançadan, türkçeden terjime etmek bize ýeňil ýaly bolup görünýär. Ýöne iş ýüzünde bu başgaçadyr. Meselem, azerbaýjan hem türk dillerinde, köp halatda özbek dilinde-de uzyn çekimliler ýok diýerlikdir. Şonuň üçin olaryň rifmalaryny şol durşuna alsaň, onda biziň dilimizde nädogry rifma emele gelýär. Türk dilindäki şygyr türk diliniň grammatiki kadalaryna boýun egýär. Azerbaýjan dilindäki şygyr babatda-da şony aýtmak mümkin. Şol sebäpli biz türki halklaryň şygryýetini terjime edenimizde, ony öz dilimiziň grammatiki gurluşyna laýyk getirmelidiris.
Şygryýeti terjime etmekde biziň öňümizde ýene bir mesele durýar. Ol hem türkmen halkynyň Orta asyrlardaky edebiýaty tutuşlygyna diýen ýaly pars dilinde ýazylan eserlerden ybarat. Olary hem häzirki zaman türkmen diline terjime etmek örän uly zerurlyk bolup durýar. Baýram han türkmeniň parsy diwanyna giren goşgulary geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda Mäti Kösäýew, Ruhy Alyýew dagy tarapyndan terjime edildi. Olaryň terjimeleri öz döwründe peýdaly bolan hem bolsa, biz öz mugallymlarymyza hernäçe sarpa goýýan-da bolsak, ol eserleri şu günüň ösen talabyndan ugur alyp, täzeden terjime etmeli boldy.
Şygryýetiň terjimesi, görnükli rus edebiýatçysy Wadim Kožinowyň pikirine görä, iki görnüşe bölünýär. Olaryň birinjisi «terjime ― derňew, barlag» diýlip atlandyrylýar. Bu hili terjime şol edebiýaty örän oňat bilmegi, şeýlelikde, terjime edilýän eseri ylmy taýdan derňemegi, şol eseri döreden şahyryň degişli jemgyýetiniň medeniýetini dogry kesgitlemegi talap edýär. Şeýle terjimä 1930-40-njy ýyllarda Mihail Lozinskiý tarapyndan rus diline geçirilen Dantäniň «Ajaýyp komediýasy» degişlidir. Ýa-da Sankt-Peterburgly alym-şahyr Sergeý Iwanow türkmen nusgawy edebiýatyndan Döwletmämmet Azadynyň, Magtymgulynyň, Nesiminiň, Hatam şahyryň, Talybynyň, Çary Afzalyň goşgularyny terjime edende şu ýörelgä eýeripdir.
Başga hili terjimä «terjime-bäsleşik» diýilýär. Bu terjime öz çeperçiligi boýunça terjime edilen dilinde-de asyl nusga laýyk bolmalydyr ýa-da ondan hem güýçli bolmalydyr. Awstriýaly şahyr Ýozef Sedlisiň «Воздушный корабль» («Howa gämisi») balladasynyň Lermontow tarapyndan ýerine ýetirilen terjimesi şu hili terjimä mysal bolup biler. Şeýle terjimeleriň türkmen edebiýatynda-da bardygyny aýtmak gerek. Hindi şahyry Ugaranyň «Men ― rupiýa» diýen goşgusynyň, wenger şahyry Şandor Petefiniň goşgularynyň Kerim Gurbannepesow tarapyndan, Maýakowskiniň «Sergeý Ýesenine» diýen goşgusynyň Gurbannazar Ezizow tarapyndan, Sergeý Ýeseniniň «Söýeňogam, köýeňogam men diýip» diýen setir bilen başlanýan goşgusynyň Annaly Berdiýew tarapyndan, M. Lermontowyň «Ajal perişdesi» poemasynyň Nobatguly Rejebow tarapyndan ýerine ýetirilen terjimeleri şowly terjimeleriň hilindendir. Umuman, türkmen edebiýatynda soňky 60 ýylyň içinde edilen terjimeleriň arasynda nusgalyk bolup hyzmat edip biljekleri, asyl nusga bilen bäsleşýänleri az däl.
Ussat şahyr, ussat terjimeçi islendik şahyryň goşgularyny, poemalaryny terjime edip biler, ýöne her bir goşgy ýazyp bilýän kişi ussat şahyryň eserini gowy hilli terjime edip bilmez. Şygryýeti terjime etmek, edil gülleri göçüren ýaly, seresaplylygy talap edýär. Megerem, şonuň üçindir, ajaýyp rus şahyry, terjimäniň ussady Ýuriý Kuznesow öz dünýä edebiýatyndan eden terjimelerini «Göçürilen güller» diýip atlandyrypdyr.
Şygryýetiň terjimesi hakynda ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesow şeýle ýazypdy: «Elbetde, poeziýa diýilýän zatda ilkinji nobatda söz terjime edilýär. Ýöne goşgynyň ysy, reňki, şöhlesi hem terjime edilmegini talap edýär. Goşgularyň ideýasy, şahyrlaryň özboluşlylygy şol ruhuň üsti bilen has aýdyň ýüze çykýar. Şygryýetiň terjimesiniň kynlygy hem şonda bolsa gerek».
Dünýä dillerini öwrenýän talyp ýaşlarymyza terjime etmegi öwrenmek üçin türkmen edebiýatynda ýeterlik nusgalar bar. Türkmenistanyň halk ýazyjylary Durdy Haldurdynyň, Kerim Gurbannepesowyň dünýä şygryýetinden eden terjimeleri özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilipdi. Diýmek, deňeşdirip öwrenere-de nusgalar bar. Meselem, A. S. Puşkiniň «Ýadygärlik» goşgusynyň türkmen diline geçirilen 8 nusgasy bar. Ony Berdi Kerbabaýew, Durdy Haldurdy, Kerim Gurbannepesow, Annaly Berdiýew, Orazguly Annaýew, Kakabaý Gurbanmyradow we şu ýazgynyň ýazary dagy dürli döwürlerde terjime etdiler. Ýa-da W. Maýakowskiniň «Sergeý Ýesenine» diýen goşgusyny Gurbannazar Ezizow hem, Annaly Berdiýew hem türkmençä geçiripdiler.
Umuman, şygryýetiň terjimesi hakynda uzak gürrüň etse boljak. Terjime meselesi barada käbir kitaplar ir döwürde neşir edilen-de bolsa, bu iş ýene dowam etdirilmeli. Biz dünýä şygryýetiniň dilini, ruhuny, medeniýetini öz halkymyz üçin açmaly, öz şygryýetimiziň-de dünýä dillerine terjime edilişi hakynda gelejekde düýpli işler ýazmaly. Dünýä dillerini öwrenýän talyplarymyz bu işe häzirden girişseler oňat bolardy.

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.




Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 42 | Добавил: mango | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]