18:57
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Zebuniso Rasulzade
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY - ZEBUNISO RASULZADE

Zebuniso Rasulzade 1984-nji ýylda doglan täjik şahyry we ýazyjysydyr. Ol “Täjigistan Respublikasynyň medeniýetiniň ussady” döwlet sylagy hem “Watan” baýragy bilen sylaglanandyr. Şu günki günde ol rus, täjik we iňlis dillerinde öz eserlerini ýazýan şahyra-hanymdyr. Zebuniso hanymyň ady “Zebu+Niso – Owadan hanym” diýen söz düzüminden emele gelendir.
Zebuniso hanymyň asly Duşanbeden bolup, onuň kakasy, professor, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, ejesi, filologiýa ylymlarynyň kandidaty we daşary ýurtlulara rus dilini okadýar. 1992-nji ýylda Täjigistandaky uruş zerarly Zebuniso hanymyň maşgalasy Hojant şäherine göçýär. Ol şol ýerde-de önüp-ösýär we bilim alýar.
Şahyra-hanym 4 ýaşynda okamagy öwrenýär, 5 ýaşynda bolsa mekdebe gidýär. Şol döwürden başlabam Puşkiniň, Çukowskiýniň, Marşagyň eserlerini okaýar. Ol ilkinji goşgusyny 5 ýaşynda düzýär. Özüniň aýtmagyna görä, hakyky şygryny bolsa 14 ýaşynda ýazypdyr. Şol ýaşynda-da ol iňlis dilinde goşgy ýazmaga synanyşyk edip ugraýar. 2019-njy ýylda Zebuniso hanymyň “Pentnama” atly birinji kitaby çap edilýär.
Zebuniso hanym Akademik B.Gafurow adyndaky Hojant döwlet uniwersitetiniň Gündogar dilleri fakultetini 2005-nji ýylda gyzyl diplom bilen gutarýar. 2006-2017-nji ýyllarda Moskwada arap we iňlis dillerinden terjimeçi bolup işleýär. Şol döwürde iş saparlary bilen Saud Arabystanynda, Birleşem Arap Emirliklerinde, Türkiýede, Çehiýada bolup görýär.
2016-njy ýylda G.W.Plehanow adyndaky Rus Ykdysady Uniwersitetiniň Menejment fakultetini tapawutlandyrylan diplom bilen tamamlaýar. Birinji kitabyndan soň “Muzanyň aýanlyklary: söýgüň prizmasyndan dünýä garaýyş”, “Firuzyň başdan geçirmeleri” atly kitaplary rus, täjik, iňlis dillerinde neşir edilýär.
Zebuniso hanymyň döredijiligi Gündogaryň jadyly dünýäsini, onuň ertekilerini, rowaýatlaryny we hekaýatlaryny açyp görkezýär. Onuň eserleri gündogar danalygyna, ahlak garaýyşlaryna hem-de taryhyna çuňlaşmaga ýardam berýär. Awtor hekaýatlaň, ertekileň, rowaýatlaň kömegi bilen, okyja ýanjaman, gündelik durmuşda jogapkärçilikli özüňi alyp barmak, daşky gurşawa ätiýaçly çemeleşmek pikirlerini beýan edýär.
Şu ýylda bolsa Zebuniso hanym, “Open Eurasian Literary Festival & Book Forum” atly IX halkara festiwalda baýraga mynasyp bolupdyr. Bu baýragy almak üçin 48 ýurtdan 1000-den gowrak ýüztutma berlip, şolaryň 18-si Täjigistandan ekeni. Görkezilen bäsleşikde Zebuniso hanymyň “Muzanyň aýanlyklary: söýgüň prizmasyndan dünýä garaýyş” kitaby “Kiçi kyssa” ugry (nominasiýasy) boýunça iň köp bal alyp, iň gowy eser diýlip ykrar edilipdir.

Bu bolsa, Zebuniso hanymyň kyssada (prozada) ýazylan şygrynyň (saj) emelsiz terjimesi:

Adam gelip Allaň alnyna, sorady:
“Yşk näme, ýalbarýan, düşündir maňa...?”
“Yşk – jogapkärçilikdir, - eşitdi Adam,
Yşk – ýakynlaň hem ezizleň hakda alada,
Yşk – özgäň halyna üns hem duýgurlyk,
Yşk daşlygy bilmeýär hijem.
Yşk – iki ýürek urýar bir ýaly,
Iki dürli dünýä – bile bolmak täleýine ýazylan,
Emma, birek-birekde eremezler doly,
Iki ýüzügiň, iki tegelegiň sepleşigi...
Yşk – birek-birege ýönekeý düşünişmek,
Duýgulaň, oýlaň...Yşk şepagatdyr.
Yşk, özeni boýunça penadyr,
Haçan-da ýürekdeşler howp gizlemese,
Ahlaky howpsuzdyr...
Söz okseperi bilen atmaýalar birek-birege-
Ine şu hem Yşkdyr!
Ten derejesinde ikiňe-de rahat bolmaly,
Çünki çarkandak-kynçylygy bile geçmek ýazylan.
Jübütde biri gorkýan bolsa, beýlekiň
Zulum etjeginden, olam bolar zalym...
Ol ýerde yşkyň ysy ýok, ysy aňkaýar gorkyň.
Islendik zulum gadagan edilen Alla tarapyn!

Bu bolsa Zebuniso hanymyň kyssada ýazylan goşgusynyň asyl nusgasy:

Пришѐл Адам к Аллаху и спросил:
«Что есть Любовь, прошу, мне объясни…?»
«Любовь – ответственность, – Адам услышал,
Любовь – забота о родных и ближних,
Любовь – внимание и чуткость к состоянию,
Любовь не знает вовсе расстояния.
Любовь – два сердца бьются как одно,
Два разных мира – им вместе быть дано,
Но полностью не растворяются в друг- друге,
Соединение двух колец, двух кругов…
Любовь – простое взаимопонимание,
Эмоций, чувств… Любовь есть сострадание.
Любовь по сути это безопасность,
Когда партнѐры не таят опасность,
Морально безопасно…
пулемѐтом слов в друг друга не стреляют-
Вот это есть Любовь!
Физически комфортно обоим быть должно,
Ведь тернии, невзгоды пройти им суждено.
И в паре, где один боится, что другой
Насилие применит, что он будет злой…
Не пахнет там любовью, там пахнет страхом.
Любое ведь насилие запрещено Аллахом!

Makalaň alnan çeşmesi: https://www.awardslondon.com/zebuniso-rasulzade-зебунисо-расулзаде/. 20.10.2021ý.





Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 71 | Добавил: Bagabat | Теги: Zebuniso Rasulzade | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 9
1
3 Bagabat   [Материал]
Bu wagt-a bu bäsleşik geçip gidipdir.
Ine şu salgyda bäsleşige gatnaşmagyň şertleri bar:
https://www.awardslondon.com/uslovia/

Ýöne, pikir edýän, indiki ýyl üçinem yglan edilermikä diýip hasap edýän:
Käbir şertlerini görkezeýin:

Писатели, поэты, переводчики, иллюстраторы всего мира приглашаются принять участие в конкурсе с общим призовым фондом $40,000.

В каждую категорию принимается 1 (одна) работа ранее неопубликованная на английском языке в сборниках или других печатных изданиях.

Работы принимаются на русском, английском, азербайджанском, армянском, белорусском, казахском, кыргызском, румынском, таджикском, татарском, туркменском, узбекском, украинском, якутском языках.

Türkmençe-de bolýan ekeni.


Indem, bu bäsleşik boýunça, OBLOM :-(

Последний срок подачи заявки – 20 сентября 2020!

0
9 Aksary   [Материал]
Şuny türkmençe okap bolaýsady.

1
1 Bagabat   [Материал]
Zebuniso hanymyň gatnaşyp ýeňiji bolan halkara bäsleşigi, iňlis dilinde ýazýan hanymlarymyz üçin halkara edebiýat sahnasynda abraý gazanmaga gowy/aňsat mümkinçilik ekeni. Hasam, bäsleşige ýüz tutmanam, hödürlejek işiňem inetiň üsti bilenem ugradyp bolýan bolsa.

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Şeýle teklip bar: saýta girýän agzalar goldasa, bizem şahyra zenanlarymyzyñ "Şygryýet melegi" şygyr bäsleşigini gurnasak? Bäsleşigi-de öñümizdäki 8-nji martda jemlesek? Oña çenli ep-esli eser toplanyp, ep-esli gowy şahyralarymyzy höweslendirerdik.

2
4 Bagabat   [Материал]
Gowy ideýa-la welin, men eýýäm şu taýda birnäçe sorag görýän:
1. Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri?
2. Bäsleşige gatnaşyp, ýeňiş gazanany höweslendirmek (ýagny, baýrak)?
3. Bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemek?
4. Bäsleşigiň ýeňijisini seçip-saýlamagyň açyklygy (soň dawa bolmaz ýaly)?
5.Bäsleşige gatnaşjak eserleriň resmileşdirilişi (häzir her haýsy bir formatda, dürli şriftde, dürli möçberde ýazylan zatlar gelip gowşup başlasa, olary ýeke-täk birmeňzeş görnüşe getirmek zerurlygy ýüze çykar).
Bu hem diňe ýüz ugruna aýdyp bolýan zatlar.
Umuman, şeýleräk-dä, @Haweran.

1
5 Hаwеrаn   [Материал]
Ullakan şerti ýok:
1. Hemişeki formatda, saýtyñ hemişeki talaplaryna laýyklykda ýaryşa gatnaşyjylaryñ özleri agza bolup, eserlerini paýlaşmaly.
2. Ýeñijilere pul sylagly 1, 2, 3-nji orunlar.
3. Ýeñiji oña gelen seslenmeler (teswirler), okaldy sanlar, şol sanda eseriñ hili boýunça kesgitlener.
4. Goýulýan eserleri tertipleşdirmek, emin agzalygyny etjek höwesli, döredijilikden baş çykarýan bir-iki sany agzany gözegçi bellemeli.
Bolany. :)

1
6 edebiyatteswiri   [Материал]
Gaty gowy pikir. goldaýan. Ýöne, ýeňiji bolan zenanlarymyza baýragy nädip berjek. Bäsleşigi geçirmäge hemaýat berýän kompaniýa barmy?

0
7 sabyrly   [Материал]
Menem goşulýan şu pikire.
Edip bolsa, 4-5 sany emin saýlamaly, halypalaara haýyş etsek, öz goşandyny goşarlar. Baýrak meselesinde hem gowşurmagyň kynçylygy ýog-a, welaýatlara eltipbermek hyzmatlary bar-ka, baýragam şeýderis, sponsorlaram tapylar.

0
8 Hаwеrаn   [Материал]
Aktiw gatnaşylsa bolany, bayragy nirde yaşanda-da gowşurmagyñ kynçylygy yok.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]