14:56
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Wera Polozkowa
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY – WERA POLOZKOWA

Wera Nikolaýewna Polozkowa 1986-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Moskwada doglan, rus şahyrasy, aktrisasy, aýdymçysy. Ol 5 ýaşyndan bäri goşgy ýazýar. Birinji kitaby 15 ýaşynda neşir edilipdir. Birnäçe şygryýet baýraklaryna mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda iki ogly bir gyzy bar. 2020-nji ýylda öz aýdym-saz toparynyň bas gitaristi, äri Aleksandr Bgansew bilen aýrlyşypdyr.
Öz şygyrlary bilen köpçüligiň öňündäki ilkinji çykyşy 2007-nji ýylda Moskwadaky “Bulgakow öýi” medeniýet merkezinde bolupdyr.
Häzirki wagta çenli neşir edilen kitaplary:
1. Непоэмание – 2008;
2. Фотосинтез – 2008;
3. Непоэмание – 2010;
4. Осточерчение – 2013;
5. Ответственный ребёнок – 2017;
6. Работа горя – 2020.

Gödeňsiz, tagaşyksyz terjimede, W.Polozkowaň ýörgünli goşgularynyň biri:

Kiçijik rok-n-roll

P.S.
We beýlebir ganam oýnap durmaýar
Ýa-da barmakda doňmaýar gurşun,
Ýöne ol gaşyny egirýär kowus deý
We gülýär, misli bir bezzat.
Üstesine-de, Gertruda Staýn deý akylly,
Şu goşgy dek jazda aýdylýar.
Ýöne, oň bilen bizde bolmaz umumy syr –
Her haýsymyz galarys özli-özümiz bolup.
Men içmekden ýadaryn we aýlanaryn aklyma,
Uniwersitet hem-de wezipede ösüş,
We meň sesim jaňda, sagat ikide pallap,
Bolar oň bilen bälçik hem sada.
Çünki, oň bakyşy şerap deý dury,
Hem-de mähirli, misli bir top –
Şoň üçinem, eger nämedir tersine gitse,
Onda ol, gorkýan, düşünmez.
Hawa, oň keşbi blýuzy beýan edýär
Ýa-da serhoş wagty bossa-nowany[1]
Eger men tötänden aşyk bolsam oňa –
Bu diňe meň günäm bolar.
Men gorkýan, ýetişmen öýdüp,
Agramy boljak bir zada ýa-da yz goýmaga,
Ol bolsa HGG (ПВО)[2] prožektoryna öwrülip
Keçjal şöhlesin saçýar.
Bu şöhle heiç uklamaga goýmaýar,
Hiç zat bilen özüňi aklatmaýar,
Ýöne oňa derek ol göni özeniňe çenenýär,
Goňurgöz şöhlesi bilen özüniň...

Goşgyň originaly:

Маленький рок-н-ролл

P.S.
И не то чтоб прямо играла кровь
Или в пальцах затвердевал свинец,
Но она дугой выгибает бровь
И смеется, как сорванец.
Да еще умна, как Гертруда Стайн,
И поется джазом, как этот стих.
Но у нас не будет с ней общих тайн –
Мы останемся при своих.
Я устану пить и возьмусь за ум,
Университет и карьерный рост,
И мой голос в трубке, зевая к двум,
Будет с нею игрив и прост.
Ведь прозрачен взор ее как коньяк
И приветлив, словно гранатомет –
Так что если что-то пойдет не так,
То она, боюсь, не поймет.
Да, ее черты выражают блюз
Или босса-нову, когда пьяна;
Если я случайно в нее влюблюсь –
Это будет моя вина.
Я боюсь совсем не успеть того,
Что имеет вес и оставит след,
А она прожектором ПВО
Излучает упрямый свет.
Этот свет никак не дает уснуть,
Не дает себя оправдать ни в чем,
Но зато он целится прямо в суть
Кареглазым своим лучом.

Edebiýat tankytçysy Ýewgeniý Ýermoliniň pikirine görä, W.Polozkowaň şygryýeti, bu: “täze rus nesliniň sesidir”, çünki şahyra: “bu döwür bilen sözüň iň gowy manysynda – gabat gelişdi” [3].
Tankytçy Ýewgeniýa Wežlýan bolsa W.Polozkowaň meşhurlyk gazanmagynyň sebäbini, onuň: “Dmitriý Wodennikow ýa-da Dmitriý Bykow ýaly dürli şahyrlaryň sesini özüçe bir bütewi gysga görnüşde (wersiýa-laýt)” seplemegi (sintezirlemegi) başarandygynda görýär [4].
Şol bir wagtda, bu şahyra-hanymyň döredijiligini tankytlaýanlaram ýok däl. Wadim Stepansowyň pikirine görä W.Polozkowaň şygyrlarynda: “hemme zat bulaşyk, düşnüksiz, gümürtik we şol bir wagtda-da gaharly, ýöne ol şertsiz zehinli adam” [5]. Şonuň ýaly, W.Stepansow W.Polozkowany okaýanlar esasan “taşlanan”, ýagny öz ýanýoldaşy (aşygy, halaşýany) tarapyndan taşlanan zenanlar diýip hasaplaýar we şahyranyň döredijiligini Larisa Rubalskaýaň döredijiligi bilen deňeşdirýär.

Düşündiriş:

1. Bossa-nowa – bu portugalça: bossa nova, adybelli brazil tans sazlary bolan baýay hem samba bilen jaz sazlarynyň utgaşdyrylmagynyň netijesinde düzülen, häzirki zaman brazil tans sazydyr;
2. Howa Garşy Goranyş (Противовоздушная оборона);
3. Ермолин Е. Роль и соль: Вера Полозкова, ее друзья и недруги // «Знамя», 2013, № 2;
4. Вежлян Е. Новая сложность // «Новый мир», 2012, № 1;
5. Фрагмент интервью В. Степанцова каналу Москва 24.

Makalaň alnan çeşmesi: https://ru.wikipedia.org›Полозкова, Вера Николаевна. 14.10.2021ý.





Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 68 | Добавил: Bagabat | Теги: Wera Polozkowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 3
0
3 mango   [Материал]
gorkup ýatymyň? :-)
mysal üçin şu töwerekde görünip gidýän suraý hanymdan başlap bolar...
belki bu sözleri özi okap, biografiýasyny, suratyny, eserlerinden käbirini... paýlaşmaga razy bolar?
osoň, yzam gelibererd-ä...

0
1 mango   [Материал]
deňäp otursaň gelişmezem welinim, terjime edilip hödürlenen goşgularyndan çen tutsam hanym ah astahowa has ganymat ýaly....
---
özmüzkilere haçan eliňi degirjek?
degirjek tapylmazmyka?

0
2 Bagabat   [Материал]
"Özümizkilere" "el degirmek" babatdaky soraga, taslamaň "Gepbaşy" jogap berip ýatyr:

Häzirki döwrüň ýaş türkmen şahyra-hanymlary barada suwytly maglumat bolsa, internetde az. Onsoňam, ol hanymlaň özlerinden ygtyýar alman, olar hakda makala ýazybermegem, adam ýok ýerinde öz ýanyňdan, her niçik edermensireseň-de, birtüýslek sähel-mähel üýşendirmänem durmaýar.
Sebäp diýseň, garaşman durkaň, birdenkä, daş-töweregiň: “Sen-haw, o näme-haw, soraşman, zat etmän-haw, biziň-haw (gyzymyz, gelnimiz, uýamyz, ýegençimiz, agtygymyz, çowlugymyz, ýuwlugymyz, geňligimiz, taňlygymyz, doganoglan-dolanan, garyndaş-babadaş, obadaş-ildeş, köçedeş-klasdaşymyz we ş.m.) barada-haw, kelläňe gelen ony-muny-haw, ýazan bo:p ýöň-aý-haw?!” diýşip, ýumruga tüýküräge-de, hemle urup duran daýaw-daýaw daýylardan, daýylaň degresem, olardan takmynan iki ýarty esseräk daýaw daýzalardan dolaýmagy gaty ähtimal.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]