23:45
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Simin Behbahani
"GAZALYÑ DEWASY": SIMIN BEHBAHANI

Eýranly pars şahyrasy Simin Behbahani (Parsça: سیمین بهبهانی, hakyky ady Simin Halili) 1927-nji ýylyñ 20-nji iýunynda Eýranyñ paýtagty Tähranda dünýä inýär.
Simin Behbahani Mürze Halyl atly eýranly rewolýusioner-reformistiñ agtygydyr.
«Eghdām» gazetiniñ baş redaktory bolup işleýän şahyr we pars edebiýatynda roman žanrynyñ başyny başlan Abbas Halili (1895-1971) bolsa Eýranyñ Täzeleniş (Meşrutyýet) döwrüniñ belli şahslaryndandyr.
Siminiñ pars we arap dillerinde ýazan köp sanly ajaýyp goşgulary bar. Fransuz dili mugallymy bolan ejesi Fahre Ozma Argun (1898-1966) bolsa pars, arap, fransuz dillerini suwara bilýän we şahyrana döredijilik bilen meşgullanýan intellektual zenan bolupdyr.
Simin Behbahani täze döwrüñ gazal dünýäsinde täze stil döredipdir. Getiren täzelikleri netijesinde oña "Gazalyñ dewasy" diýipdirler. Simin Tähran uniwersitetinde hukuk ugrundan okanam bolsa, okan ugry boýunça işlemändir. Ol ömrüniñ ahyryna çenli mugallymçylyk edipdir we döredijilik bilen meşgullanyp, köp sanly ajaýyp eserleri döredipdir. Munuñ bilen birlikde aýal-gyzlaryñ hak-hukuklary ugrundaky göreşiñ öñüni çeken şahyr zenan ömürboýy aýal-gyzlarynyñ hak-hukugyny goldaýan aktiwist çärelere gatnaşdy.
1969-njy ýylda Şygyr we Saz guramasynda Eýranyñ ussat şahyrlary bilen işleşip başlan şahyr 1978-nji ýylda Eýranyñ Ýazyjylar birleşiginiñ agzalygyna kabul edildi.
Simin Behbahani zyna etmekde aýyplanýan aýal-gyzlaryñ daşlanyp öldürilmegi, aç-hor galandygy üçin ogurlyk etmäge mejbur bolan çagalaryñ eliniñ kesilmegi ýaly birnäçe ýowuz jezalary tankyt edýän goşgulary ýazdy. Progressiw pikirleri sebäpli birnäçe gezek Eýran Yslam Respublikasynyñ hökümeti bilen garşyma-garşy geldi. Eýran-Yrak urşuny ýazgaryp ýazan goşgusy üçin goşgynyñ çap edilen žurnaly ýapyldy. Şahyryñ özi ýurtdan çykaryldy. Bütin bulara garamazdan, ussat şahyr hakykatlaryñ jarçysy bolmakdan birjigem el çekmedi. Ol bir ýazgysynda şeýle diýdi: "Meni oda ýakasyñyz ýa-da daşlap öldüresiñiz gelýändir. Emma eliñizdäki daş maña zeper ýetirme güýjüni ýitirjekdir!"
Simin Behbahaniniñ goşgularynda sosial deñsizligiñ döredýän ýaralary güýçli añlatmalar arkaly beýan edilýär.
Simin Behbahani dünýäniñ abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy. Olardan käbiri Grant Helman-Hammet (Human Rights Watch) (1998), Adam hukuklaryny goramak boýunça halkara ligasynyñ Karl fon Oseskiý medaly (1999), Norwegiýanyñ Ýazyjylar birleşiginiñ erkin pikir boýunça baýragy (2006), MTVU teleýaýlymynyñ baýragy (2009), Wengriýanyñ PEN merkeziniñ baýragy (2013), "Janus Pannonius International Poetry Prize" (2013).
1999-njy, 2002-nji ýyllarda Nobel baýragyna laureatlyga hödürlenen "Gazalyñ dewasy" Simin Behbahani 2014-nji ýylyñ 19-njy awgustynda Tähranda aradan çykdy we "Beheşte-Zahra" gonamçylygynda jaýlandy.

• Seni täzeden döretjek men, eý, Watan!

Seni täzeden döretjek men, eý, Watan,
Janymdan kerpiçler bilenem bolsa.
Üçegiñe sütünler dikjek
Öz süñklerimdenem bolsa.
Ýene seniñ gülleriñi ysgajak
Ýaşajyk neslimiñ joşguny bilen.
Ýene ýuwjak üstüñdäki ganlary,
Suw-sil bolup akan gözýaşym bilen.
Ol gün geler,
Bilýän, sumat bor tümlük
A men bolsa şygyrlarmy boýaryn
Asmanyñ ne ajap mawy reñkine.
Ýüz ýyl mundan owal ölenem bolsam
Ýene ör turaryn böwsüp topragy
Batyrgaý nazarmy aýlaryn herýan
Duşmanyñ ýüregni kylaryn girýan.
Ýere siñip, çüýräp giden süñkümi
Kim direlte ýene şepagat kylyp.[1]
Meni-de beýgelder bir dag mysaly
Synag dünýäsinde.
Garry-da bolsam
Dolasalar birden öñki ýaşlygma
Geljek ýene ýaş neslimiñ ýanyna.
Watan söýgüsine ýugruljak
Söýjek
Kalbymdan syzylan her söz janlanar
Agzymy her gymyldadan pursatym,
Alawlañ ýagtysy demimde çabrar
Bir uly ot ýanar kükregim içre.
Maña güýç-kuwwat ber, eý, eziz Watan!
Boýalsa-da şygyrlarym al gana,
Saña ýene jan bagyşlap janymdan
Täzeden döredesim gelýär, eý, Watan!
Güýjüm ýetmese-de...
__________________________________________

[1] Gurhanyñ "Ýasin" süresiniñ 78-79-njy aýatlaryna yşarat edýär.
78-nji aýat: "Öz ýaradylyşlaryny ýatdan cykaryp bize mysal görkezmäge het edip, "Şu çüýräp giden süñklere kim jan berjekmiş?" diýýär."
79-njy aýat: "Sen aýt: "Olary ilkibaşda ýaradan direltjekdir. Ol ýaratmagyñ her dürlüsini bilýär."


Dariuş Salehiniñ makalasy giñeldilip terjime edildi.

Taýýarlan: Has TÜRKMEN.

Makalaň çapa çykan ýyly: 2021 ýyl



Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 92 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Simin Behbahani, Dariuş Salehi | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 25
0
21 Aksary   [Материал]
Aýgözel Garlyýewa
Ogulnur Ataýewa

0
22 Bagabat   [Материал]
Ogulnur Ataýewa hakdaky makala saýtyň administrasiýasy tarapyndan taslamaň düzümine girizilen.

0
23 Bagabat   [Материал]
Ýaňy açyp durdy welin, eýýäm birhili bolupdyr. Şü ýene-de Wandam nemedýän bolaýmasa :-).

0
24 Aksary   [Материал]
Gözlegden gözletdim,tapyldy Allaýalkasyn!

1
Nähili beýik adamdygymy bilmeýändigimi bilýärdim. :D nirede gören zadym. Halypa bolaýypdyryn. Ay sag bolaý Serdar mugallym. Düye yaly tanry ýalkasyn!

2
12 Bagabat   [Материал]
Bägül, siz, tekstiň belli bir bölegini kontekstden aýryp, onsoňam biraz howlugyp okaýaňyz öýdýän.

Siziň bu teswiriňiz bilen göz öňünde tutýan tekstiňizde, ine şeýle ýazylgy:

Ondan başga-da halypa şahyra-hanymlar bar. (Nokat. Abzas (tesim) gutarýar).
Täze abzas (tesim) başlaýar:
Ondan başga-da kyssada täzeçe ýazmaga çalyşýan we öz ýoluny gözleýän ýazyjy-hanymlarymyzam bar:
1.Bägül Ataýewa;
Ters düşünmäň. Özüňize minnetdar. Janyňyz sag bolsun.

1
Aý bilyärdimlaý maña beýle bagtyñ dözülmejekdigini.

0
Azajyk wagt bolsa da, özümi halypa hasaplap gördüm. Borlaý galanam. Şonda da sag bolsun. Seniñ deregiñe bolan bolsam, men bilgeşlan Atayewa Bägüli hiç spisogada goşmazdym bar yerden ayryp çykardym. Halypa yasamak beylede dursun, höwesjeñ ýşlara da goşmazdym

0
Men önem aydypdym. Bu yazanlarym mende bar bolan potensialyñ 4 den bir bölegi, özümiñ gövnüm yetip baranok, tois kanagatlanamok

0
20 Myhman0430   [Материал]
Men-ä düşünen däldirin Ýelena hanym. ýalňyş düşünmäň, sada ýürekden soraýan. ýagny, ýazanymda ýaňsy ýok?

1.

bu kiçigöwünlilikmi? "äý, ýazýan zatlam üýtgeşik zat däl-le" diýen ýaly.
ýa özüne aşa göwnüýetmekmi? "potensialymyň 1/4-i şuňýaly, polny potansialymy ulansam dagy..." diýen ýaly.

2.

näme üçin bar güýgüňizi ulanyp ýazaňyzok? ýörite edýäňizmi ýa ýaltanýaňyzmy? başarjagyňyza ynanýan bolsaňyz, näme üçin başarnygyňyzy gamçylaňyzok?
başga-da sorag kän.

0
Soraber arkayyn. Hawa potensialymy ulanamok bilgeşlän ulanamok. Hemme ulanayyn diyen zadyñy ulanyp bolanok. Sebabi kän. Wagty geler ulanarys. Hazirlikce şu. Govnum yetiberenok.

0
Halypa bolaýypdyrys:)

0
3 Bagabat   [Материал]
Özümizde-de özboluşly ýazýan, öz ýoluny agtarýan we döredijilik gözlegini bes etmeýän, ýeten sepgidi, özleşdiren söz sepleme ussatlygy bilen kanagatlanmaýan, çäklenmeýän şahyra-hanymlar kän. Internetde köpüsiniň adyna duş gelýäs. Ýazanlaryny okaýas. Diňe meň bilýänjelem:
1.Suraý Babanyýazowa;
2.Aýsapar Emelowa;
3.Laçyn Pürjäýewa;
4.Mahym Nurgeldiýewa;
5.Oguljennet Bäşimowa;
6.Leýli Gurbanowa;
7.Gyzylgül Annagylyjowa;
8.Ogultäç Oraztaganowa;
9.Mahym Rozyýewa;
10.Nurgözel Bäşimowa;
11.Laçyn Öwezowa;
12.Aýgül Garaýewa;
13.Amangözel Gurbanowa;
14.Selbiniýaz Durdyýewa;
15.Oguljan Bäşimowa;
16.Rozygül Ýazhanowa;
17.Gözel Amangulyýewa;
18.Dürnabat Aşyrowa;
19.Nartäç Ýusupdurdyýewa;
20.Ogulnur Pirjikowa;
21.Şagül Dowadowa;
22.Aýşat Hojamuhammedowa;
23.Bahargül Mejidowa;
24.Gülälek Nurberdiýewa;
25.Gunça Amansähedowa;
26.Meňli Aşyrowa;
27. "Kalba nur" tahallusy bilen ýazýan şahyra-hanym;
28. "Mylaýym" tahallusy bilen ýazýan şahyra-hanym we beýlekiler.

Ondan başga-da halypa şahyra-hanymlar bar.
Ondan başga-da kyssada täzeçe ýazmaga çalyşýan we öz ýoluny gözleýän ýazyjy-hanymlarymyzam bar:
1.Bägül Ataýewa;
2.Bägül Annabaýewa;
3.Aknur Rozyýewa;
4. "Nowça" tahallusy bilen ýazýan ýazyjy-hanym we beýlekiler...

0
13 Myhman0430   [Материал]
Serdar aga, siziň poklonnitsalaryňyzyň biri bolan şahyra-hanymyň adyny goýmansyňyz welin, ol gaty görerow :-)

kimdigini bilseňiz belki ýazylar :-)

0
15 Bagabat   [Материал]
@Myhman0430, ýatdan çykany ýa-da ýada düşmedigi kändir. Şoň üçinem "meň bilýänjelem" diýen söz düzümi ulanylypdy.
Öňem ýazypdym.
Kim bilýän bolsa, yzyny uzaldybermeli. Goşubermeli.
Sebäbi özümiz-özümiziňkileri ýatlamasak, agzamasak, başga kim zähmetini sarp etsin?!

0
17 Bagabat   [Материал]
Gülnabat Hurşidowa bu taslamajyga Kitapçy.komuň administrasiýasy tarapyndan eýýäm goşulan.
Mahym Nurgeldiýewany şu wagt sanawa girizdim.
Ýaş bolsa-da, şygryýetde "öz sesini" tapmaga çytraşýan, öz gözleglerinem, ynançlarynam, garaýyşlarynam erjellik bilen goramaga çalyşýan şahyra-hanym. Şu saýtda döredijiliginden parçalar bar.

0
19 Myhman0430   [Материал]
bildiňiz. indi gaty görmez (diýip pikir edýän :-))

soňky döwür Mahym ýitdi. ne eser paýlaşýa ne-de komment ýazýa.

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Goýupsyñyzam welin, bu surat düşmedi öydýän.

0
4 Bagabat   [Материал]
Mend-ä gowy görkezýär, @Haweran.

0
5 Bagabat   [Материал]
Materialyň özünde açdy welin, teswirdäki suratlaryny aýraýyn-la.

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
Bolya. Okyjylara açsa-da bor. Maña hökmanam däl :)

0
7 Bagabat   [Материал]
Biraççyk, sabyr edip gör. Doly zagruzitsa edýän däldir. Onnoňam, saýt adminiň erk-islegine tabyn bolman ýatsa, bu zatlardan Wandamyň habary ýokmuka?!

0
8 Hаwеrаn   [Материал]
Žan-Klod akga zapoýda diýýä häzirem. 18-nji oktýabr güni doglan gününi bellänmiş, açylşyp bilmeýän ýaly-la häzirem.

0
Bagyşlañ ýigitler, şy ýalñyşmaýan bolsam, siziñ diyyän Wandamyñyzy men tanaýan öydýän. Ýöne onuñ hemme zatdan habary bar:)))

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Fürug daýzamyzy goyşuñ ýaly muñam suratyny teswirde goýsana, kyn görmeseñ, agam. Şeýle goýup bilemok. Teswirden alyp goymak añsat :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]