18:06
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Sabina Welibekowa
SABINA WELIBEKOWA

Sabina Welibekowa 1993-nji ýylda doglan, azerbaýjan şahyra-hanymydyr. Ol Bül-Bül adyndaky sazçylyk mekdebini “fortepiano” hünäri boýunça tamamlap, Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky Döwlet Konserwatoriýasynda okaýar.
Sabina hanym Bakuda we Moskwada konsertlerde çykyş edip, Azerbaýjanyň ýaş ýerine ýetirijileriniň dürli bäsleşikleriniň ýeňijisidir. Ondan başga-da Sabina “Magnet” saz toparynyň agzasydyr.
Sabina şygryýet bilen ýetginjeklik ýaşyndan bäri gyzyklanýar. Onuň şygyrlary dürli toparlaýyn ýygyndylaryň düzüminde neşir edilen.
S.Welibekowaň döredijiligi hakda, https://www.trend.az/life/culture/ 2737921.html. saýtynda şeýle bellenýär:
“Sabina Welibekowanyň şygryýet dünýäsi – tehnogen hadysalar, geň-enaýy bezeg aýratynlyklary (dekorasiýalar), simwollar bilen baglanyşýar. Onuň liriki gahrymany bolsa özüne öte çuňlaşmaýar, ýöne şol bir wagtda-da, dünýäň üstünden henekli ýa-da kemsidiji gülýär. Kähalatda bolsa, liriki gahryman garaçyny bilen bu dünýä – çakdan aşa hondanbärisiremez ýaly ony birneme silterläp almagam teklip edýär.
Şol bir wagtda-da S.Welibekowaň goşgusy özüniň duýdansyz galyby bilen geň galdyrýar – onuň birdenkä ýoluk kapyýadan aç-açan werlibre (kapyýasyz, ölçegsiz erkin goşga) geçenini duýman galýarsyň.”.
Şu aşakda Sabina hanymyň rus dilindäki goşgusynyň bolşuna görä edilen terjimesi:

Nikaplar

Nikaplar - a:kly
hem garaly.
Ebeteýsiz çalyşýan
men olary.
“Geçen zamana”
nikaby.
“Sähelçe diwana”
nikaby.
Gökje
saçbagyly nikap.
(Suraty kemputdaşyndan
göçürilenmikän?).
Sürmesi akan
nikap
du:r ýaraly köňli
gizläp.
Köňli - a haýsyny?..
Agymy?
Emelsizimi?... Ajaýybymy?
Gorkagy, akmagy ýa saç baglysymy?..
Ýa ýaldurawuk
jäheklisimi?
Garlysy, umytlysy, mähirlisimi?..
Ýa bolgusyz çaga ertekilisimi?
…Nikaplary biz köňül saýýarys.
Köňül bolsa nikaba öwrülýär.

Ine Sabina hanymyň rus dilinde ýazan bir goşgusy:

Маски

Маски – черная
и белая.
Их меняю
неумело я.
Маска “Эпоха
прошедшая”.
Маска “Чуть-чуть
сумасшедшая”...
Маска с голубеньким
Бантиком
(Рисунок срисован
с фантика).
Маска с растекшейся
тушью
скрывает ранимую
душу.
А душу – какую?..
Белую?
Гениальную?.. Неумелую?
Пугливую, глупую, в бантиках?..
Или с гламурным
кантиком?
Со снегом, надеждою, ласкою?..
С нелепыми детскими сказками?
…Мы маски считаем душой.
Душа превращается в маску.

Makalaň alnan çeşmesi: https://www.trend.az/life/culture/2737921.html. 21.10.2021ý.





Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 48 | Добавил: Bagabat | Теги: Sabina Welibekowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
1
1 mango   [Материал]
Serdar daýy.
Goşşyny gow-wördüm.
Osoň, bolşuna görä eden terjimäňi bolşuma görä silterledim welin, mesele bolmaz-a? Aslynda-ha bu orsçasynda sanawaç pisintje okalýan eken, Suraý hanym öz stilinde etse gyzykly zad-a çykardy….

Nikaplar - a:kly
hem garaly.
Ebeteýsiz çalyşýan
men olary.
“Geçen zamana”
nikaby.
“Sähelçe diwana”
nikaby.
Gökje
saçbagyly nikap.
(Suraty kemputdaşyndan
göçürilenmikän?).
Sürmesi akan
nikap
du:r ýaraly köňli
gizläp.
Köňli - a haýsyny?..
Agymy?
Emelsizimi?... Ajaýybymy?
Gorkagy, akmagy ýa saç baglysymy?..
Ýa ýaldurawuk
jäheklisimi?
Garlysy, umytlysy, mähirlisimi?..
Ýa bolgusyz çaga ertekilisimi?
…Nikaplary biz köňül saýýarys.
Köňül bolsa nikaba öwrülýär.

(ýa-da - Köňül bolsa nikaba dönýär.)

0
2 Bagabat   [Материал]
Gowy. Sag bol.
Häzir çalyşýan.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]