17:08
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Leýli Salaýewa
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY - LEÝLI SALAÝEWA

Leýli Salaýewa, 1985-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Bakuda doglan, azerbaýjan ýazyjysy, şahyrasy we perfomansçysydyr. Ol Azerbaýjanyň ýazyjylar birleşmesiniň we Beýik Britaniýanyň şahyrlar jemgyýetiniň agzasy. Öz eserlerini üç dilde ýazýar: iňlis, rus we azerbaýjan dillerinde. 2002-nji ýylda Bakudaky 189-njy mekdebi tamamlap, Azerbaýjanyň diller uniwersitetine Iňlis diliniň filology hünäri boýunça okuwa giripdir.
2008-nji ýylda, Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýan, ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherindäki Jorjiýa uniwersitetini, önümçiligi dolandyrmak we amallar ugry boýunça MBA derejesi bilen tamamlaýar.
2014-nji ýylda “Onki, onüç” atly, öz gyzyna bagyşlanan iňlis dilindäki goşgular ýygyndysyny çap etdirýär. Bu kitap Leýli hanymyň ilkinji kitabydyr.
2016-njy ýylda “Youtopia” atly goşgular ýygyndysyny neşir etdirýär. Bu kitabyň ýazylmagyna ýedi sany hatyn bilen söhbetdeşlik sebäp bolupdyr. Bu ýagdaý Nyzamy Genjewiň “Haft-Peýker” ýa-da “Ýedi gözel” atly goşgusyndan ylhamlanma bolup durýar. Bu ýygyndysynda şahyra-hanym, bar bolan aýry-aýry şahsyýetleriň özbaşdak portretlerini düzmegiň we daş-töwerekdäkileň şekillendirmesiniň esasynda zenan häsiýetiniň tebigatyny seljerýär.
Kitap ýazmakdan başga-da Leýli Salaýewa nakgaşlar bilen bilelikde dürli taslamalary hem durmuşa geçirýär. Mysal üçin, onuň “Sound of a woman” (Zenanyň owazy) atly goşgusy, Şirwanşahlaň Köşgündäki Içeri Şäherde, “Syýahatçy Sindbad” rok-operasyndaky hüýr-periň ariýasynda sesli installýasiýanyň bir bölegi hökmünde ýerine ýetirilipdir.
2015-nji ýylda şahyra-hanym “Dilberiň we onuň jadyly çemçesiniň syýahaty” atly çagalar kitabyny neşir etdiripdir. Bu kitap “Kitap sungaty” atly GDA ýurtlarynyň arasyndaky XIII Halkara bäsleşikde 2-nji orna mynasyp bolupdyr.
2018-nji ýylda Leýli hanymyň “Anabioz” atly şygryýet kitaby rus dilinde neşir edilipdir. Bu kitabyň ady ýygyndynyň düzüm gurluşyndan gelip çykýar. Bu kitapda şygyrlaň atlary düýşleriň seljermesi bilen çalşylýar. Her bir düýş bir ýa-da birnäçe arasy üzülmeýän goşgulardan ybaratdyr. Kitapda düýşüň hem-de oýalygyň çägi köplenç bozulýar-da, beýni bulaşýar.
Leýli Salaýewanyň “Youtopia” atly kitabyndan iňlis dilindäki goşgusynyň rus diline terjimesiniň sözme-söz terjimesi:

Tagamyny biderek sarp etme,
Men seň bakyşyňa bakýan,
gyrpmaýan gözleň
duzly derýalar akýar aşak
gysylan dodaklaň çetjagazyn gyjyklamaga.
Saçlaň gopjak bolýar kelläňden
öz kökünden ýüz dönderip
uçmak üçin bezzat şemala dönüp.
Maýyl bolup gün şöhlelerne
meň porruk,
şepbeşik
hamymdan syzýar.
Serhoş bolup, ysyndan
seň gerdenleň
hem
boýnuň.
Men öz kellämdäki heňi çalyp bilmeýän.
Men lezzet üçin tölemäge razy
siz ony ajap mahabatlandyrdyňyz.
Çüm meň beýnime
pytrap maýda böleklere
bileje galsak,
täze keşpde.
Men birçak sesim ýitirdim
sen ýanymda dälkäň
hemme zat ajapdy.
Men oýlandym, tümlük meň aşygym,
ýagty tarap bolsa salgymy aždaryň.
Şady-horram guşlar
duýdansyz gülki
seň ýüregňe älemgoşar çaýylan
Hem-de şu wagt
meň barmaklammyň ala uçlary
stolda galdyrýar yzlar.
Mizemez
Sedasyz
Ýüzüňe garaýan men.
Seresap bol,
sen meň gözýaşlarmy içýärsiň
jaýryk atan gök pyýaladan.
Tagamyny biderek sarp etme...

Leýli Salaýewanyň “Youtopia” atly kitabyndan iňlis dilindäki goşgusynyň asyl nusgasy:

Savor, don’t waste
I’m staring into your gaze
unblinking eyes
salty rivers stream down
tickle corners of pursed lips.
Hair try to detach from the head
ready to abandon its roots
and fly away
with the naughty wind.
Infatuated by sunny rays
oozing through my
spongy
sticky
skin.
Intoxicated by the smell
of your shoulders
and back of the
neck.
I cannot play a tune in my head
I’m ready to pay for the pleasure
you advertised so well.
Soak into my brain
decompose into tiny parts
and stick together
in a new format.
I lost my voice a long time ago
before you were around
before it was alright.
I thought darkness was my lover
and the bright side was a phantom
of allosaurus.
Cheering birds
and spontaneous laughter
your heart is painted in rainbow
And now
motley tips of my fingers
leave marks on the table.
Motionless
Speechless
I’m staring into your face.
Gingerly
you drink my tears
from the cracked
blue cup.
Savor, don’t waste.

Makalaň alnan çeşmesi: http://caprice-lifestyle.com/index.php/delice/leyli-salayeva. 18.10.2021ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 2021 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi


Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 99 | Добавил: Bagabat | Теги: Leýla Salaýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 10
0
8 edebiyatteswiri   [Материал]
Bagabat Şygryýet meleklerine Annasoltan Kekilowany hem goşaýyň-a, gaýrat ediň, haýyş edýän

0
9 Bagabat   [Материал]
@edebiyatteswiri, bu haýyşyňy adminlere aýtsaň dogry bolardy. Şu saýtda Annasoltan Kekilowa hakda material köpdi. Suratlysam bardy arasynda. "Şygryýet melekleri" diýen bölüme şol materiallaň iň gowusyny geçirseler, boldugy.

1
10 Hаwеrаn   [Материал]
@edebiyatteswiri, şu saýta girip, eser paylaşýanlaryñ aglabasy yazuw-pozuwdan başy çykýar. Adminleriñ ýa-da Serdar aga, @Mango ýaly agzalaryñ eline bakyp oturman, ýerli-ýerden her kim başardygyndan, mümkinçiligi ýetdiginden halaýan şahyrlaryny-şygyrlaryny goşubermeli.

-1
3 Bagabat   [Материал]
Bolanyna görä, @mango, Rupi Kapur hakdaky materialyňam adyny, tegini düzetseň, nähili bolar? Goý olam goşulsyn, bularyň arasyna.

1
4 mango   [Материал]
diýidiň.
düzetdim.

-1
5 Bagabat   [Материал]
Sag bol. Minnetdar.

-2
2 Bagabat   [Материал]
Goýup çykaýynmy?

-1
1 Bagabat   [Материал]
@Haweran, şu toplumdaky makalajyklaň hemmesiniň tegine makala kim hakda barýan bolsa, şoň at-familiýasyny goýman "Şygryýet melekleri" diýip taslamaň adyny goýsak, bu topluma girýän makalajyklaň aglaba köpüsi çykardy. Şeýtsek amatly bolmazmy?

-1
6 Hаwеrаn   [Материал]
Aýdanyñyz bolar, agam. Näme bolman.

-1
7 Hаwеrаn   [Материал]
Ýa-da teg öñküligine dursun, bölümlerde "Şygryýet melekleri" diýip, täze bölüm açaýarys.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]