16:08
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Gülşirin Hanowa
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY – GÜLŞIRIN HANOWA

Gülşirin Hanowa 1987-nji ýylyň 2-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginde dünýä inýär. Gülşirin 2003-nji ýylda Mary etrabynyň 5-nji orta mekdebini tamamlaýar. Onuň ilkinji goşgular toplumy entek okuwçy döwründe «Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetinde çap bolup başlaýar.
2014-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Medeni köpçülik çäreleriniň guramaçysy», 2019-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeniýeti öwreniş, mugallym» hünärlerini tamamlan ýaş şahyr özboluşly döredijilik ýoluny dowam edýär.
2020-nji ýylyň ajaýyp ýaz paslynda şahyryň “Uçup barýan ak durna” atly ilkinji goşgular ýygyndysy neşir edildi.

Bolsaň bolýar

Sürmeler bozulsa gaşdan,
Baharlar aýlansa daşdan,
Tapawudy ýok haýsy ýaşda,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Kä gözüme ilseň bolýar!

Asman hem Zemin arasyn,
Söýginiň hökmi sorasyn.
Didämiň agy-garasy,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Maňa mydam gülseň bolýar!

Köşeşmez kalbym zary hiç,
Galan zatlaryň bary hiç.
Ýa ir bolar, ýa juda giç,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Çakylygma gelseň bolýar!

Armanym äkider ýeller,
Goý, geň görse görsün iller,
Soňky pursat gyssam elleň,
Hem bir zady bilsem bolýar,
Ýüregiňde bolsam bolýar!

Gülşirin Hanowaň dörediligi hakda, https://www.atavatan-turkmenistan.com portaly şeýle ýazýar:

“Ýurdumyzyň zehinli şahyry Gülşirin Hanowanyň «Uçup barýan ak durna» atly goşgular ýygyndysy çap edilip, okyjylara ýetirildi. Bu kitap ýaş şahyryň ilkinji kitabydyr. Şahyryň «Uçup barýan ak durna» ilkinji kitabynda dürli temalar boýunça döreden goşgulary ýerleşdirilipdir.
Gülşirin Hanowa ýurdumyzyň ýaş, zehinli şahyrlaryň biri hasaplanýar. Onuň döredýän goşgulary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Gülşirin Hanowanyň birnäçe goşgulary aýdyma öwrülip, ýurdumyzyň ussat aýdymçylary tarapyndan aýdylýar”
[1].

Salgylanylan çeşme:

1. https://www.atavatan-turkmenistan.com/gulsirin-hanowanyn-taze-gosgular-yygyndysy/. 14.10.2021ý.

Makalaň alnan çeşmesi: https://www.ylymly.com/edebiyat-senenamasy/gulsirin-hanowa/. 14.10.2021ý.





Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 199 | Добавил: Bagabat | Теги: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 7
0
Bi owadanam dällaý

0
5 Haweran   [Материал]
Saýta girýän şahyra melek gelin-gyzlarymyza gowy teklip: gysgaça terjimehallaryny, metbugatda çap edilen iñ gowularyndan iki-üç sanysyny suraty b.n jemläp @Bagabat agzanyñ gmail-ine ugratsynlar. Gülşirin Hanowany goýşy ýaly goýsa, gow-a bolardy, özleri üçinem, okyjylar üçinem..
Neneñ görýäñ, Serdar aga?!. :)

0
6 Bagabat   [Материал]
Meselesi ýok-la. Goýaryn-la. Ýöne şahyra-hanymlar imail-leşip ýörmän, saýta özlerem goýup bilerdiler-le. Men indi barybir @mangoň teklibine eýerip, şu taslamajyk boýunça her makalajygyň teginde awtor hökmünde şol makalada gürrüň berilýän şahyra-hanymyň öz at-familiýasyny ýa-da ýörgünli tahallusyny goýmakçy. Şu çykalga gaty gowy hem netijeli çykalga boldy.

0
2 mango   [Материал]
hmmmmm....
goýlan goşguda hanym-şahyramyz "Sen bir zady bilseň bolýar" -diýse-de köp zady bildirjek bolupdyr.

Sen bir zady bilseň bolýar,
1) Kä gözüme ilseň bolýar!
2) Maňa mydam gülseň bolýar!
3) Çakylygma gelseň bolýar!

bir zat diýdigim, üç zatdyr zatdyr; gözüme il, mydam gül, gel diýemde gel...

her näme-de bolsa, döredijilik üstünliklerini dileýän.
başarnygyny tapawutlylyk bilen has açyp görkezer diýen umydym bar.

0
1 Bagabat   [Материал]
Repost etmäge, milli ýaş şahyra-hanymlarymyzdan biri barada maglumat-a tapdym, @mango.

1
3 mango   [Материал]
teg diýen ýerine serdar ataýewiň yzyndan otur goýup gülşirin hanowa diýip ýazsaň onuň eserlerine link berilýän bolmaly....
şeýle makalalarda belki tegde öz adyňy ýazman agzalýan adamyň adyny ýazmalydyr.
öz adyňy makalajygyň soňunda-da goýsa bolar, belki....

1
4 Bagabat   [Материал]
Ok.
Düzetdim.
Ilki näme ýazjagymy bilmedim. Alan çeşmämde awtory ýok ekeni.
Meň bar zähmetim, repostlamak bolupdy. Onsoň tegde awtorsyz goýanyma admin käýýäýmesin diýip şo at-familiýany goýdum. Şu teklip edeniň gowy çykalga boldy.
"Möjeklerem dok, goýunlaram abat" :-).

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]