21:09
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Bägül Ataýewa
BÄGÜL ATAÝEWA

Bägül Baýramgeldiýewna Ataýewa 1992-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Murgap şäherinde doguldy. Mekdep ýaşyna çenli ýaşaýan şäheriniñ 5-nji çagalar bagynda terbiýelendi.
1999-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Murgap şäheriniň 18-nji orta mekdebinde okap başlan Bägül okuwçy döwri “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşigine türkmen dili boýunça bassyr bäş ýyl gatnaşdy. Şol ýyllarda ders bäsleşiginiň mekdep, etrap, welaýat we soňky iki ýylynda döwlet tapgyrlarynda baýrakly orunlary eýelemek miýesser etdi. Çeper döredijilige 4-nji synpdan başlap baş goşan Bägül 6-njy synpda “Döredijilik joşguny” bäsleşiginiň etrap tapgyrynda goşgy düzmek boýunça 1-nji orny eýeledi, bu onuñ çeper döredijilikde ilkinji gazanan üstünligi boldy.
Ýokary synplarda TMÝG-niň “Nesil” gazeti bilen bilelikde geçirýän döredijilik duşuşyklaryna gatnaşdy. Ilkinji goşgusy 2007-nji ýylyň 8-nji dekabrynda “Maru-şahu-jahan” welaýat gazetinde çap edildi. 2009-njy ýylda şol mekdebi üstünlikli tamamlap, şol ýylda-da Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty hünärine okuwa kabul edildi. Talyplyk döwründe döredijilik bilen meşgullanmagyny dowam etdirdi. 2011-nji ýylda Daşoguz şäherinde nusgawy şahyrymyz Nurmuhammet Andalyba bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy konferensiýa gatnaşdy. Radio-telewideniýede döredijilik bilen bagly gepleşiklerde yzygiderli çykyş etdi. “Ýaşlyk”, “Altyn asyr” teleýaýlymlarda şahsy döredijiligi bilen bagly gürrüňdeşliklere gatnaşdy.
2012-nji ýylda Türkmenistanyñ Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şol ýyllarda onuň hekaýadyr goşgulary “Garagum” žurnalynda, “Nesil”, “Esger” gazetlerinde yzgiderli neşir edildi.
2014-nji ýylda okuwyny tamamlap, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 31-nji orta mekdebine türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlady. 2014- nji ýylyň 1-nji awgustyndan 2020-nji ýylyň 16-njy noýabryna çenli şol mekdepde işledi.
2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 24-den häzirki wagta çenli Ahal welaýatynyň Änew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebinde mugallym bolup işleýär.
Häzirki wagtda çeper döredijilik boýunça geçirilýän bäsleşiklere işjeñ gatnaşýar. Ýurdumyzyň çäginde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýandygy üçin degişli edaralardan birnäçe gezek hormat hatlaryna mynasyp boldy. Bägüliñ hekaýalary, makalalary we goşgulary “Diýar”, “Garagum”, “Dünýä edebiýaty”, “Medeniýet”, “Zenan kalby” žurnallarynda, “Nesil”, “Edebiýat we sungat”, “Esger”, “Mugallymlar” gazetlerinde yzygiderli çap edilýär.

• B.Ataýewanyñ goşgularyndan:

• Söýgi goşgulary


Gijäniñ reñki gara,
Şapagyñ reñki gyzyl.
Aý çykmaly Asmanda,
Duşuşygmyzy syzyp.

Ýöne Aýam sen ýaly
Gijä näzin çekdirýär.
Ýüzün bir görmek üçin,
Ýüz müñ ýoly sökdüm ýar.

Niçik bolar azabym,
Gowşmasa ýerine.
Şu garañky gijede,
Her zat gelýär serime.

''Söýgüm Aý bolsun'' diýip,
Arzuw etdim hyýaly.
Bolmanda Aýa bakyp,
Saña ýalbarar ýaly.

Sebäp, seniñ söýgiñden,
Aýam maña ýakyn, ýar!
Ret edäýseñ yhlasym,
Gezermiñ soñ ökünmän?!

Şapak indi ýitipdir,
Gije barha garalýar.
Ýarym, ýetiş ýanyma,
Honha, Aý çykyp gelýär.

* * *

Serçeler baglarda ikindi çagy,
Saýrap duşuşygyñ gürrüñin edýär.
''Seni çykarmasak boljak däl'' diýip,
Ýerde duran juwan gyza seredýär.

Gyz şeýle gyzarýar, ýañagnyñ reñki
Asmanyñ ýüzüne ýaýylyp gidýär.
Eli gül çemenli şadyýan ýigit,
Gyzy elinden tutup, seýle äkidýär.

Aşyk ýigit ''Biz Asmanda'' diýensoñ,
Olaryñ ýoluna düşýät ak bulut,
Magşuk gyza uzak wadalar berýän
Ýigidi ýalançy etmejek bolup.

Onsoñ olañ ýoly bulutdan ýaña,
Akmaýañ ýoly deý barha ýagtalýar.
...Ertekini gürrüñ berseñ beriber,
Señ söýgüñ erteki bolmasa bolýar.

• "MENIÑ UTULAN GÜNÜM NÄHILI GÜNDI?.."

Meniñ utulan günüm nähili gündi?
Asman göklüginden göçjek bolýardy,
Saýrap saýrap bizar bolan guşlaram,
Endigin gaýtalap uçjak bolýardy.

Baglar agrasdylar, ýaşyldy örän,
Olaryñ mensizem güni geçýärdi.
Kalbymda şineläp bag deýin dörän
Bir ýakymsyz duýgy aralaşýardy.

Adamlar howlugyp, başagaýsyrap
Çyndan görmän ýa_da görmediksiräp,
Meniñ gamgyn gözlem bilmediksiräp,
Öz ýollary bilen gidip barýardy.

Suw çüwdürim, kellämdäki galmagal
Sessiz bakyşlaryñ jogaby ýokdy,
Näçe üýtgeşiklik bardyr öýtsemem,
Hiç zat üýtgänokdy, hiç bolanokdy.

Durmuş öñküsi deý dowam edýärdi,
Ol hiç kim üçin däldi özünden geçen,
Ýöne öñ görmedik hasratym bilen
Içigip içigip aglady ejem.





Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 156 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.8/5
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 9
0
8 Aksary   [Материал]
Ýoýanyñam bardyr :)

0
Haysy dilde? Kim bilen name gepleşyäñizay? Puo ylalaşamak diyyar sen yoyanyñam bardyr diyyäñ. Näme diyjek bolýanyñyzy düşnükli edip aydayyñda bormy?

6

0
6 puo   [Материал]
мена ылалашамак

0
Näme bilen ylalaşañak jan dogan?

0
5 Mähriban   [Материал]
Sebäp, seniñ söýgiñden,
Aýam maña ýakyn, ýar!

Gül ýaly goşgular, bägül deý owadan gyz! Berekella, Bägül gyz!

0
4 Alaýabyly   [Материал]
Hekaýalary has gowudy

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Men-ä hiç zada düşünen däldirin. Ilki surat başga kişimidi?

3
3 Haweran   [Материал]
Düşünmez ýaly zat ýok, ikisem bir adam. Awtoryñ haýyşy b.n çalşyryldy.

0
1 puo   [Материал]
Hурана, овадан гыз экен Багул.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]