13:40
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Akjemal Omarowa
AKJEMAL OMAROWA

Akjemal Omarowa 1928-nji ýylda Mary etrabynyñ I Goñur obasynda dogulýar. Mary şäherindäki iki ýyllyk mugallymçylyk kursunda okaýar. Soñ mekdep mugallymy bolup işleýär. Moskwanyñ A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna okuwa girýänçä, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynda işleýär. Metbugatda, Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynda işleýän döwürlerinde çeper döredijilige içgin girişýär. Onuñ goşgularynyñ iñ nepisleri saýlanylyp Fransiýada, Hytaýda, Hindistanda, Rumyniýada, Mongoliýada, Angliýada çap edildi. Onuñ "Goşgular" (1956), "Murgap çemeni" (1959), "Läle gelin" (1962), "Gün bilen gürrüñ" (1970) ýaly ençeme kitaplardaky şygyrlary XX asyr türkmen şygryýetiniñ dürdänesi bolup lowurdaýar. Şahyryñ rus dilindäki goşgular ýygyndysy "Радуга в доме" diýen at bilen 1979-njy ýylda çap edildi. "Şygryýetiñ mahabat kitaphanasy" ("Рекламная библиотека поэзии") goýberilişinde Moskwanyñ "Голос" neşirýaty tarapyndan 1992-nji ýylda onuñ goşgularynyñ rusca terjime edilip, ýigrimiden-de gowragy köpçülige ýetirildi.
Akjemal Omarowa 2011-nji ýylyñ 30-njy sentýabrynda aradan çykdy.


• A.Omarowanyñ goşgularyndan:

Begenjimden ýaşlar doldy gözüme,
Gursagymdan çykyp barýar ýüregim.
Öz ilime gaýdyp geldim, mähriban,
Nirede bolsamam sensiñ geregim.

Şybyrdap guýulýan çabgalar ýaly,
Pikirler beýnimde duran bir mukam.
Señ gülşen kalbyñy sözlerim bilen,
Bezesem, gül bolsam, eý, gözel mekan.

Señ mähriñden dolup duran gözlerim
Oýnaklap gülýändir, çuññur syn etseñ.
Gör, niçik ajaýyp dünýäñ eşreti,
Şat kalbymda baky şatlyk döretseñ.

Güýçli eken arzuwlarmyñ ganaty,
Ak maýanyñ ak ýolundan hol barýar.
Müñ dürli baglara basyrlan baglar,
"Öñe gitjek" diýsem, maña ýol berýär.

Gözelligiñ mydam boldum ýesiri,
Adamlara kalbym eder aşnalyk.
Bir akja kepderä meñzeýän ýürek,
Mümkin, uçar gider akja guş bolup.

• HALYÇY

Gamyş ýaly barmaklar,
Sülük ýaly barmaklar
Oýnadyp synny, keser,
Döredýär ajap eser.
Şat edip ýakyn-ýadyn,
Ussat Ogulnabadyñ
Mañlaýdan dökýän deri
Döredýär şol eseri.
Barha artyp hormaty,
Oñ ajaýyp sungaty
Göreni haýran edýär,
Dünýäni seýran edýär.
Günüñ altyn şöhlesin,
Saýrak guşlaryñ sesin,
Öwüşginni çölleriñ,
Tolkunlaryn kölleriñ...
Öwrenip ýekän-ýekän,
Hala siñdiren eken.
Azat, açyk ykbally,
Gözel arzuw-hyýally,
Bagtly türkmen zenany,
Täsin sungatyñ bilen
Wasp et ajap zamany!
Gamyş ýaly barmaklar,
Sülük ýaly barmaklar
Dokasyn ajap haly,
Göllerinde görünsin
Dünýämiziñ jemaly.

• AKJEMAL

Dünýä inenimde topragyñ ýüzün,
Ak gar ýapyp ýatan eken mazaly.
Garyñ ýaganyna ala gargalar,
Hamana, gar olañ höregi ýaly,
Begenip, asmanda ganat kakypdyr,
Gün hem öz nuruny döküp bakypdyr.

Öýümizde bolsa ot ýakypdyrlar,
Tüýnükden burugsap çykypdyr tüsse.
Ejem: "Oglum bolsun" diýen ekeni,
Gyzlar enä perzent dälmidir eýse?
Ýöne welin maña guwanyp olar,
Diýipdirler: "Indi oglumyz bolar".

Maña dakypdyrlar "Akjemal" ady,
"Jemaly hemişe ak bolsun" diýip.

"Ak bolsun bagty-da, aý günleri-de!"
Diýip dileg edip gujaklap-söýüp.
Maña-da guwanyp atam hem enem,
Şeýdip, bolupdyryn ulugyz menem.

Oglanyñ ýerini tutdum durmuşda,
Bitirdim olaryñ bitiren işin.
Ýer sürdüm, ot ordum hem goýun bakdym,
Şeýdip, köpeldi meñ ejizje güýjüm.
Pikir hem ýüwürtdim oglanlar kimin,
Gyz bolsañ-da ýigit bolmaklyk mümkin.

Oglanlaryñ gerek bolşy ýaly,
Durmuşda gyzlar hem derwaýys gerek.
"Gyzlar bar, dünýäde gözellik hem bar!"
Başgaça oýlanmak adama telek,
Başdan şuny çarwa gelni duýupdyr,
"Akjemalym" diýip, meni söýüpdir.





Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 43 | Добавил: Haweran | Теги: Akjemal Omarowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]