02:10
Şygry söýýän
ŞYGRY SÖÝÝÄN

Şähere ýakyn däl, sada obada,
Pagtaly meýdanda çekýän şöwri men.
Gün nuruna gaýzygsa-da ýüzlerim,
Juda söýýän şygry men.

Towuklary iýmläp, goýna ot berip,
Sürüsine eltip gaýdýan sygry men.
Sagyb-a görmedim ala sygyry,
Ýöne söýýän şygry men.

Ot goýberip, çörek ýapyp tamdyra,
Hemme işi etjek bolýan dogry men.
Ýadap-ýadap-ýadap ýetýän agşama,
Ýöne söýýän şygry men.

Şygryýet hakynda has uzyn gürläp,
Etmen gyzgyn jedel ýa-da gowry men.
Belki, Lermontow deý ýazybilmerin,
Ýöne söýýän şygry men.

2014 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
hmmm... diýýänleriň dogry.
ýöne, lermontowly ýerini başgarak aýdyp bolsady.
"sygyr-şygyr" - gyzykly.
sygry söýýänlerem şygry söýmäge haky bar.
dogry.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]