22:09
Süýji düýşleri küýsäp...
SÜÝJI DÜÝŞLERI KÜÝSÄP...

Seni maña, meni saña duşuryp,
Nirde galdy otlularyñ menzili.
Hyýalymda señ didaryñ gowşuryp,
Güjeñlärdi gije Aý gül meñzini.

Neçün bizi aldan öýke-kineler,
Enteklerem sap ynama kölege?!
Seni görüp doñup galan didelem
Seni küýsäp azar berýär ýürege.

Hany, düýşler seniñ geljegiñ buşlan,
Umytlarmyñ gujagynda üwrelen.
Ak garly gyş yşkymyzy gulaçlan,
Ertekiler hakykata öwrüler.

Ýene haçan guçar ol bagtly günler,
Biziñ yşk bagyna dañan öýmämiz?!
Ýalñyzlyga arka direse tünler,
Halas etsin bir-biregi söýmämiz.

Laura MAKSYMOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Haweran | Теги: Laura Maksymowa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
Pursat / Goşgular - 08.03.2021
Sadalykdan dogan kämillik / Goşgular - 16.03.2021
Bagtyñ suraty / Goşgular - 24.05.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
"Tanyş ýollañ, gumaksyja ýodalañ..." / Goşgular - 25.05.2021
Huşsuz nazarym / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]