19:28
Süwümsiz siñek / basnýa
SÜWÜMSIZ SIÑEK

Uçdy, gondy bir siñek,
Erni ýok, gury eñek.

Mugtjak bal gözleýär,
Eýlä-beýlä wazlaýar.

- Ýa-ha adamlar ýaman,
Ýa-da üýtgäpdir zaman.

Bar zadyñ agzy ýapyk,
Ne bal bar, ne-de gatyk -

Diýip, siñek irkildi,
Gözün açdy, tyrkyldy.

Balary dur gaşynda,
Bu hakykat huşunda.

- Ýeri, men saña diýýän,
Aýt, hamyñ soýýan,

Senmi balymy iýýän -
Diýip ary siñegiñ

Boýnuna atdy arkan,
Siñek gaýtdy arkan.

Degdi öýdýän gatyrak,
Ýatyrdy ol titiräp.

Nurgeldi ÇAKANOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Haweran | Теги: Nurgeldi Çakanow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021
Kämil goşgynyñ döreýşi / Goşgular - 04.03.2021
Şonda... / Goşgular - 11.02.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Bilesim gelýär / Goşgular - 23.02.2021
Мысли, рождённые на кладбище / Goşgular - 17.03.2021
Bagtyñ suraty / Goşgular - 24.05.2021
Geläýipsiñ / Goşgular - 23.05.2021
Täzesinden täzesi / Goşgular - 04.06.2021
Goşgy / Goşgular - 13.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]