09:21
Suw
SUW

Akar suwuñ aýdymyny diñle sen,
Onda ýaşaýyşyñ mukamy bardyr.
Hakyñ jemalynyñ waspyn söýleseñ,
Hak saña ömrüñde hemişe ýardyr.

Damjalar gök şahalara gonanda,
Gözel göwnüñ guşa dönüp galkynar.
Synla, halha, goş ýazdyrýar bulutlar,
Ýaga-ýaga ak alkyşdan ýalkanar.

Bu mele topraga rysgaldyr ýagyş,
Ol - dirilik, ömürlere - badalga.
Gyş garaşan dal-daragta ol aýyş,
Eşret berýär,
Galar ýaly ýadynda.

Suwda - gudrat,
Suwda - barlyk, ömür bar,
Suw - ynsanyñ ýaşaýşynyñ güwäsi.
Aýdýar onuñ baky mukaddesligin,
Suw üstünden öwsen bahar howasy.

Enejan HANGULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 300 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Enejan Hangulyýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Ýerkümede dörän goşgular / Goşgular - 15.04.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Söýgi söhbeti / Goşgular - 19.03.2021
Ganga / Goşgular - 11.01.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Мylayym   [Материал]
Gowy goşgy.

0
1 Garaýolly   [Материал]
Ajap goshgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]