05:54
Suratyma
SURATYMA

Salam, suratym!
Çarçuwa girenňe näçe ýyl boldy?
Ýüzleriňi tozan örtüp gidipdir,
Dodaklaňam sallangy.

Aýaklanyp ýöremäge
Çatmaz öýdýäňmi gurbatyň?
Besdir, şunça ýyl ýatanyň
Görsünler kaddy-kamatyň.
Çarçuwaňdan çyk bahymjak,
Betnyşanja suratym!

♢ MÄHREMLIK

Ömür düşelgäm,
Ahyrda ýetmeli pelläm -
Topragy basdym bagryma,
Toprak maňa nämährem däl.

Suraý BABANYÝAZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 6
0
6 menliasyrowa91   [Материал]
Suraý,"Suratymy" arada gazetde okamdamy nämemi,ana şonda-da ýylgyrypdym. Señ goşgulañ köplenç ýylgyrdýa. Onsoñam paýhas diýen närsäñi tok uran ýalam edäýýä. Aýñaldýa-özüñe getirýä. Goşgulaña täsirlilik mahsus. Täsirlendirip biläýmek añsat däl bu günki edebiýatda... Tüweleme,öz ýoluñ bar. Üstünlikler!

0
5 Gumlygelin   [Материал]
Suraýjan gysgajyk setirlerde juda çun many berip bilşiñe tüweleme...Ylhamyñ hiç egsilmesin uýam.

0
4 Nurdan   [Материал]
Ikisem ajaýyp bolupdyr, "Suratym" edil surata aýdylan däl-de, aýnada seredip özüñe aýdylan ýaly, gowy goşgular.

0
3 Revo   [Материал]
Öz - özüňe sala salmaklyk, içki meniň ýüzüni görmeklik, özüňi - özüňden tapyp erkinlige goýbermeklik we bu wakalary bir goşga sygdyryp bilmeklik, buda ...

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
"Suratyma" üýtgeşik pikirlije ajap goşgy.
"Mähremlik" hem gowy, pelsepewi many bar. "Ýykylsañ ýere ýapyş" sözüni ýatlatdy..

0
1 mango   [Материал]
Suraý hanym.
Bu günler goýan goşgularyňdan “mähremligi” hemmesinden üstün hasaplaýan.
Ýüregime ýakyn bardy.
Ýekeje bellik:

Ömür düşelgäm,
Ahyrda ýetmeli pelläm -
Topragy basdym bagryma,
Toprak maňa nämährem däl.

“topragy” iki gezek gaýtalaman, başgarak aýdyp bolarmyka?
Şeýdip bolsa has gowy bolardy.
Şeýlede ajaýyp ýöne.
Toprak hiçimizede nämährem däl.
Belli bir wagtlap bize eýe çykjak, bagryna basjak, bizi myhman aljak…
Soňam turuzyp, Eýämize ugratjak…

Halatdyň.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]