01:48
Şükür bagşy
ŞÜKÜR BAGŞY

“Adamlar, men bu gün dutarly geldim,
Bu gana gark bolan naçar zemine.
Agalar gul bolup, uýalar gyrnak,
Uruşlar ýazgytmy rysgy kem ile?

Mekir Çapyk hanyň, Ispendiýaryň
Halk gan aglap çözmelimi bäsini?
Gylyçlaň sesinden ýadan diýarym,
Haçan soňlar matamyny-ýasyny.

Köňülleriň arman bolan seresi
Hem nesil daragtlar biwagt döwülen,
Bu mazarlar, bu guburlar ýarasy,
Zemin, asman, ömürleriň, döwürleň.

Doganlar, men neneň mertlik diýeýin,
Soňundan betbagtlyk gelýän mertlige.
Size hem özüme bir pent edeýin,
Oýlanyň ar nirde, nirde mertebe?

Il-gün - ýalňyz, watan – ýeke, täk – ömür,
Arasy alyska ömüriň, ölmüň.
Köýen umytlardan bolmaň tekepbir,
Adamlar, men bu gün dutarly geldim...”

Gurbanmuhammet AŞYROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: Mähriban | Теги: Gurbanmuhammet Aşyrow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 3
0
2 MмС   [Материал]
Goşgy-da aýdyljak bolýan pikir gowy.

Naçar zemin söz düzümini halamadym. Eger zemin naçar bolan bolsa şonça hupbat-hunabadan soň çöwrülaýmezmidi. Entegem seni ýer göterýär diýen söz düzüminiň özi zeminiň naçar däldigini görkezmeýärmi?

0
3 Haweran   [Материал]
Eneler (naçarlar) gelejekde name bolup yetişjegi belli däl adam yaly mahlugy dokuz ay garnynda göterýär-ä.. Ene toprak diýen söz düzümi ýokmy näme. Toprak ene bolsa, naçar bolar-da...

0
1 Allanazar   [Материал]
Ajaýyp setirler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]