08:47
Şükür
ŞÜKÜR

Şükür, Alla maña akyl beripdir,
Köplenç kömek edýär aýdan sözlerim.
Sähel näsazlyga kaklyşa wagty,
Hanasyndan çykjak geñçil gözlerim.

Şükür,
eglip çaga salam bermekde,
Gürleşmekde utanmadyk dilim bar.
Ýetimiñ başyny sypap armadyk,
Gül ekip, hiç ýadamadyk elim bar.

Göwün görjek bolup hemişe ýolda
Hiç kim oña diýmez: "Düşdüñmi gaýyp"
Hassa soramaga äkitmek üçin,
Gyssap duran aýaklam bar ajaýyp.

Ýagşy ukyby bar syr saklamakda
Hatda bir görenem ýüregni döker.
Göräýmäge ýumruk ýaljak ýüregmiñ,
Dag dek söýgüsi bar, Hudaýa şükür!

Güljan DURDYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Haweran | Теги: Güljan Durdyýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022
Yşk bahary / Goşgular - 22.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Гадание / Goşgular - 20.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]