15:54
Jogap / hekaýa
JOGAP

Dwar Ew iň soňky sepi altyn bilen dabaraly berçinledi. On iki sany telekamera onuň her bir hereketini sypdyrman yzarlaýardy. Göni ýaýlymdaky görkeziliş bütin Äleme ýaýraýar.
Ol dikeldi-de, Dwar Reýne baş atdy, soňam ýene-de sähel salymdan aragatnaşyk zynjyryny birikdirjek işlediji gaňyrçagyň ýanyna geçdi.
Bir wagtyň özünde togsan alty million dünýäni – ähli ýaşalýan saýýaralaryň hasaplaýyş enjamlaryny bir bütewi başulgama – hemme galaktikalaryň paýhasyny özünde jemleýän ýeke-täk kibernetiki enjama birikdirýän gaňyrçagyň ýanyna...
Dwar Reýn özüni synlaýan we diňleýän trillionlarça ýaşaýjylara ýüzlenip, söz sözledi. Soňra ol az-kem dymyp durdy-da, seslendi:
-Wag boldy, Dwar Ew!
Dwar Ew gaňyrçagy gaýtardy. Dessine kuwwatly güwwüldi eşidilip, togsan alty million saýýaralaryň hemmesine energiýa akyp ugrady. Tükeniksiz uzyn dolandyryş enjamynyň ýüzünde dürli reňkli ýylpyldylar gyrpmaga başlady.
Dwar Ew tesdi-de, uludan dem aldy.
-Birinji sowaly bermek hormaty siziňki, Dwar Reýn!
-Minnetdar,-diýip Dwar Reýn dillendi:-Bu sorag, mundan öň hiç bir kibernetiki enjamyň jogap berip bilmedik soragy bolar.
Ol dolandyryş enjamyna öwrüldi:
-Hudaý barmy?
Şol pille-de, kuwwaty on iki süňňüňi saňňyldydan doldurýan owaz, jinnek ýalam säginmesiz ýaňlandy:
-Hawa. INDI Hudaý bar!!!
Oslagsyz wehim Dwar Ewiň ýüzüni eňşitdi. Ol gaňyrçaga tarap topuldy.
Şol pursadam bulutsyz, tämiz asmandan inen ýyldyrym ony duran ýerinde ýakyp-ýandyrdy-da, gaňyrçagam hemişelik eredip, berçinledi...

©Frederik Braun





Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 182 | Добавил: Bagabat | Теги: Frederik Braun | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 3
0
3 Şirhan   [Материал]
Gurbannazar şahyr daglara ýüzlenip, (mümkin edil daglara hem däldir) : "Seni görüp, kiçiligme agladym," diýýär. Serdar akga siziň ýazýanlaryňyza seredip, menem şol sözleri aýdasym gelip dur. Ýogsam kän bir ýazyp pozýanlardanam däl welin...

0
2 hoşowaz   [Материал]
Birem mistika goşmasa-da bolýa, meň wersiýamda şuny :)
(Düýş diýip hasap etsek...)

0
1 hoşowaz   [Материал]
Ýüzleşme. Wyždan bilen, ýene ýene bilen... çemedanjyga sal sen, seýfe sal sen.
"Hemmelere hemme zady ýuwutdyryp bilersiňiz, emma aňastyna asla" diýen setirleri bar söýgüli ýazarymyň...
Meň pikirimçe, soňky 3-4 absaz artykmaçlyk edýä. Tak hem düşnükli weli, elbetde dälä düşündiren ýaly edesi gelendir-dä awtoryň :)
Gümürtiklig-ä ýokla weli, ol bolaýanda hem gowy şol şeýle bolsa.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]