06:18
Şu Watanyñ...
ŞU WATANYÑ

Gursakda ýüregim urýarka heniz,
Adyny dilimden düşürmen hergiz,
Sebäp: "Gysym toprak janyñdan eziz,
Gõrejiñ deý aýa!"- diýip sargalan,
Şu Watanyñ, şu topragyñ gyzy men.

Taryhyny jähek edip ýüregime,
Hiç bir zady çalyşmadym deregne,
Gujagynda õrñäp ýarap geregine,
Tämiz kalbym halallygna eýlenen,
Şu Watanyñ, şu topragyñ gyzy men.

Mähri bilen apalansoñ balasyn,
Saýasyndan tapdym bagtyñ hanasyn,
Ýazyp soñlap bolmaz alkyşnamasyn
Jemalynda Hakyñ nury jemlenen
Şu Watanyñ, şu topragyñ gyzy men.

Garaşsyz, Bitarap, gõzel çagynda,
Gõwünler suw içsin durmuş bagyndan
Sõzler joşup gelsin ýürek tõrüñden
Şanyna şerbetden sõzler saýlanan,
Şu Watanyñ, şu topragyñ gyzy men.

2014 y.





Категория: Goşgular | Просмотров: 328 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.2/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Ýene-de bir owadan goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Hatyja / Goşgular - 15.02.2021
Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Nurdan   [Материал]
Sagboluñ, dogan, minnetdar!

1
1 edebiyatteswiri   [Материал]
Goşgy diýeniň şunuň ýaly ýazylaýsa. Ömrüň uzak bolsun KALBY NUR

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]