20:05
Şu gün

ŞU GÜN...

1.

Şu gün deñze göwnüm ýetdi ~
Sygmaýardy hanasyna.
Dowul salýar ~ biserhetdi
Ýeriñ-gögüñ arasyna.

Men diýen jahyla meñzeş,
Gara güýç hem gül meñizli.
Ýata suw däl, düşün, gardaş,
Ol bu gün däli deñizdi!

2.

Şu gün daga göwnüm ýetdi ~
Belent başy howalaly.
Ak duman süýkenip ötdi,
Ol göwnümiñ ahwalydy.

Soñ bulutlar çökdi durdy,
Jülgede, zawda, egninde.
Ýyldyrymlar çakdyr durdy,
Edil ýüregmiñ agzynda.

3.

Şu gün ýara göwnüm ýetdi ~
Uçup gezdi guş dek ýeñläp.
Syrly gülümsiräp gitdi,
Aýdylmadyk söze meñzäp.

Seredip durun yzyndan,
Ýürege basýar basanda.
Ýene bir ömür azyndan,
Söýüp ýörsediñ jahanda!

* * *

Biz kyrk ýaşadyk dünýäñ ýüzünde,
Kökün köwlemedik ýazda gülleriñ.
Köpbilmiş ýylgyrar: "Görjegi öñde..."
A biz oña zamun geçip bilmeris.

Megerem, öñdedir,
öñdedir bary,
Ýyrtylyp gitmesin uýatly ýüzler.
Gumry dek ynanjañ ýüregiñ bilen
Söýseñ, bagtly bormuş bigünä gözler.

Süññüm saklap bilmän söýdüm bir gyzy,
Ýöne dabanyndan öpjek bolmadym.
Günäm boýunturuk bolsun boýnumda ~
Hiññildige münüp, dökjek bolmadym.

Olar özümkidir,
ganymda galar,
Soñ süññümde sabap gider jerhetler.
Söýgi, şygyr hemem ene hüwdüsi,
Bu dünýäde diñe şol biserhetdir!

Dolap-düýrläp barýar şeýle bir owaz,
Diýýär: "Me, al, dünýäñ toýun-baýramyn".
Ýazan hemem ýazjak eserlem üçin ~
Berýär uly-kiçi ähli baýragyn.

Owaza ýetenler yza gaýtmaýar!
Git, ýüregim, teblelerden üzül-de,
Bigam günler indi düýşe-de girmez,
Biz kyrk ýaşadyk dünýäñ ýüzünde...

* * *

"Goşgujyk ýazýañmy?" diýýärsiñ maña
Hawa, şygyr ýazýan başym basyryp.
Näler kyssa geçjek ~ gorum ýetenok
Ýeri, onsoñ, öleýinmi asylyp?!

"Goşgujyk ýazýañmy?" diýýäñ ýylgyryp,
Wah, şeýle-dä, haýry ýok-da sarganyñ.
Razy ~ karza geçirýärsiñ henizem
Tylla bolsun kesek diýip garbanyñ!

"Goşgujyk ýazýañmy?" Keýpi çaglykda,
Keltejik ädimläp, ýylgyrýañ geñsi.
Bagtly günler gowy setire ýetsem,
Diýýän: "Şa täjiniñ jygasy meñki!"

"Goşgujyk ýazýañmy?" diýýärsiñ käte,
Senem ýylgyrýarsyñ, menem ýylgyrýan.
Agşam şygryñ aýagyna baş goýup,
"Öz bagyñdan kowma!" diýip ýalbarýan.

* * *

Şahyrlar üýşüpdir oduñ daşyna,
Durlar, hanha, tüsse ýaşardyp ýaşardyp gözün.
Ýel ugruna şuwlap geçýän ak tozga
Bireýýäm agartdy alañlañ ýüzün.

Gyş bir çeper gelin eli hünärli,
Ak gaýmasyn gaýap çykdy bar ýere.
Ýaşlygmyzyñ darap gaýdan çapary ~
Tüweleýläp urdy dumanly sere.

Bu däli köñüle ýel düşdi birden,
Göterildi.
Gitdi geçen günlere.
Ala meýdanlarda bagryn oýkady,
Duşdy on ýedide söýlen dilbere.

Kolumbyñ Amerkany açyşy ýaly,
Täze bir materik açdy şo gyzda.
Onuñ bar dünýäsi galdy şo ýazda,
Ýigit göwnüñ şasy galdy şo ýazda.

Indi hiç baharam meñzänok oña,
Indi hiç çokulam geçmez sagrydan.
Ýürek sarsgynyndan dörän setirler ~
Perzent ýaly önýär gara bagyrdan!

...Şerap bolup beýnä urlan tüssede
Çagalykdan galan bir päklik bardy.
Ýaşlygyny köne ýurt dek taşlanlar ~
Ot başynda aglamaga taýýardy.

Baýram JÜTDIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 344 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
Çagakak ak gardan adam ýasardyk... / Goşgular - 10.02.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Gyş / Goşgular - 07.01.2021
Zenan / Goşgular - 09.03.2021
Tebil / goşgular / Goşgular - 09.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]