23:54
Şu gün
ŞU GÜN

Şu pursat kän zatlar aýdaýyn saña,
Dok bişipdir şu günümiñ dänesi.
Düýnüm gitdi, razy bolsun goý menden,
Bu günden ertiriñ gowy nämesi.

Şu güni doldursak mañyz-manydan,
Ýagta gelip gider ertiriñ özi.
Samanyñ alawna hyrydar bolsak,
Ertir kül içinden gözläris közi.

Gürrüñ etme ertiriñ gunçasy hakda,
Sowgat et sen şu pursadyñ gülüni.
Ýürekde bir söz bar, şu wagt aýdaýyn,
Ertir dişläp gezmez ýaly dilimi.

Ertir ýene şu gün bolup dolanar,
Aman galsyn bu günleriñ saýasy.
Ykbal inerine goşumy basdym,
Yzda galdy kyrk ýyllaryñ maýasy.

Men şu güne meñzeş, şu gün hem maña,
Elwan güller açylypdyr şu pursat.
Ertir başga güller, özge bir howa,
Belki, başga aýdymlary aýdar bu gursak.

Depäme gonupdyr ertiriñ guşy,
Bolşuma geñ galyp seretme ahyr,
Bu gün al islegim - ertir ýaşylda,
Sebäbi men şahyr.

* * *

Ýola çyksam, çygly ýaşajyk otlar,
"Jemal gelýä, Jemal barýa" diýýäler.
Süññüm bilen duýýan, barlyga garlyp,
Ýyly nazarlara meni söýýäler.

Şükür edýän artyk zyñlan daş däl men,
Tümde galanlaryñ küýsän çyrasy.
Müñ günlük ukyny bir pursat alar,
Didarlary kalba salyp yrasam.

Ýekä ýoldaş, söhbetsize ~ erteki,
Azaşana ~ ýol men, men ~ bäri gel, bäri.
Bu dünýäde ýüz-müñ sany gapy bar,
Haýsynda çykalga ~ taparys täri.

Aljyrama, ähli zada çäre bar,
Dünýäñ sapagynda gerej eýikmek.
Teşne bolsañ ~ bir azajyk gaýrat et,
Çeşmä elter bu ýodany beýiklik.

Ak ýodalar ertir ile baş bolar,
Peýda bolup hol daglaryñ gaşynda.
Özüm gitsem söýgim galar ömürlik,
Bu dünýäniñ ýeller ogşan daşynda.

Oguljemal ÇARYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 394 | Добавил: Нawеran | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýaşasym gelýär / Goşgular - 16.03.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Haýrana derek / Goşgular - 29.01.2021
Akademik / Goşgular - 04.02.2021
Wesýet / Goşgular - 22.10.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Harby / Goşgular - 27.01.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
1937 / Goşgular - 05.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]