18:49
"Şu gije men saña ikilik etdim..."
"ŞU GIJE MEN SAŇA IKILIK ETDIM... "

Şu gije men saňa ikilik etdim...
Ýöne utanmadym eden işimden.
Bolşumdan
duýmadym wyždan azaby,
Çünki, sensizligiň etimden geçip
Süňküme ornaşan ajy güzaby
Jyda düşürmänkä akyl-huşumdan
Içip-içip meýin puşmansyzlygyň
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Bäh, ilkinji gezek seni unutdym,
Hoşal boldum eşekligmiň joşundan.
Meniň bilen ýassygyny paýlaşan
Zenan bolsa kirpigimden gaşymdan,
Gözlerimiň arasyndan düýrügip
Dişläp-dişläp gulaklarmyň mämesin,
Pişik kimin dyrtmalanda döşümden...
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Soň arkamy öwrüp bükülip ýatdym,
Aldym lezzetini biwepalygyň.
Imansyzlaň muny duýaýsa şobat,
Dumly-duşdan atjak myjabatyna
Ýygrylmady seňrigimden başga zat...
...Sebäp, seniň daglap giden jigeriň
Ýoluşdyryp zyňdym-da gan damaryn,
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Ha bukulman etdim,
bukulyp etdim.
Şonda şol gözeliň yhlasyn görüp
Duýdum hijem maňa mähir bermäniň.
Eger seni bir gün tutmaly bolsa,
Meniň däl-de, tutsun şonuň yhlasy
Jezasyn çek meň elimde durma:nyň...
Bolsam-da Allanyň öňünde asy
Şu gije men saňa ikilik etdim.
Soň seni hiç haçan ýatlamajagmy
Ýatlanymda öz-özümden hopugyp,
Duýmasam-da wyždanymyň sesini
Ajy gözýaş içre ýykylyp ýatdym
Sebäbi men saňa ikilik etdim!

Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 485 | Добавил: Raýdaş | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Içgepletme / Goşgular - 02.06.2021
Aşyklaryñ şäheri / Goşgular - 18.02.2021
Adatdan daşary / Goşgular - 23.05.2021
Gadym dünýäñ bir şahyry kemeldi / Goşgular - 16.02.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Goşgy hakynda goşgy / Goşgular - 17.03.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Hoşlaşyk / Goşgular - 30.05.2021
Ynam Daragtym / Goşgular - 11.11.2021



Всего комментариев: 13
0
13 nurgeldiyewam232   [Материал]
Awtor, goşgy ynanylmaz. Pikir gaty gowy ýöne beýan ediş "genialnyý". Meñ kelläme şu pikir gelip biler ýöne 40 ýyl kagyzyñ öñünde dümtünip otursamam, şeýle birkemsiz beýan edip bilmezmikäm diýýän. Ýöne ýekeje düşünmedik ýerim:
"Iiimansyzlar muny duýaýsa şowagt, Dumly duşdan atjak myjabatyna..."
Eger gürrüñ zyna hakda barýan bolsa muña imanlylar myjabat atmaly dälmi. (Aslynda myjabatam bärde ýalñyş söz. Ýerine ýetiren işiñi aýdan adam saña myjabat atmaz ahyry.) Ýa-da liriki meniñ pikriçe olar imansyzmyka? Aý garaz, awtor düşündirişe mätäç men okyjy hökmünde. Onsoñam, men goşgularyñyzyñ jemlenen görnüşiniñ elektron wariantyny haýyş edesim gelýär.

0
12 Bagabat   [Материал]
Dogrusy, şu goşgy ýazyp bilmeýändigimi öz-özümiň öňümde boýun alalym bäri (muňa bolsa takmynan 30 ýyldanam gowrak wagt boldy biggrin ), başarmaýandygymy bilýän zadym barada başym çykýansyrap, geplemegem gaty bir oňlap barmaýaryn. Belki, käbir dili ýitijelerimiz: "hekaýa barada köp nokgy-nokgy edýäň welin, näme onyny başaryp ýatyryn, gözüne gül salyp, süňk edýän diýjek bolýaňmy?" diýmegem ähtimal. Olaryňkam dogry. Pesgöwünsiremeg-ä dä, belki onam başarmagy başarýan däldirin-de, öz göwnüm: "şunyň-a, garaz, biçem bolmady" diýip özümi aldap ýörendir. Gepiň moh-mohunyň juk-jukly ýeri, şonuň üçin, köplenç şygryýet barada öz pikirimi özümde saklamaga çalyşýaryn. Sebäbi käbir ökdeler: "Göreniňe at dakyp ýörme-de hany, özüň goşgyň gowusyny ýazyp görkez-dä" diýäýdigi, onda fsýo, işiň gaýdyp galýa.  :D. Ýöne goşgy gowy çykypdyr.
Ýene-de bellemeli bir ýagdaý, bu goşgyny adminleriň biriniň ýazany üçin dä bolmaly bi aýdýanym smile . Blogyň we Maýakowskiýniň äheňleri bar. Gündogar heňleriniň garnuwynda. Gurbannazar neresse-de özüniň Puşkin bilen Lermontowy sepläp, oňa-da gündogar äheňini çaýmakçydygyny öwran-öwran agzaýan ekeni. Lermontowam Puşkin bilen Baýrony seplemäge ymtylýandygyny nygtapdyr. Puşkinem Gündogar şygryýetini, Gurhany-Kerimiň aýatlaryny Wolteriň setirleri beýan edişinde rus halk heňlerine ýugrup bermäge çytraşypdyr.

0
11 Bagabat   [Материал]
Şygryň kyssadan tapawutly tarapam şunda. Kyssanyň tutuş bir abzasda beýan etjek duýgusyny-pikirini ýekeje setirde beýan edip bilýär. Mysal: "Bäh, ilkinji gezek seni unutdym!". Göräýmäge düzülişi, çeperçiligi boýunça bujagaz setirde hiç hili üýtgeşik çylşyrymlylygam, agyr duýgam ýok ýaly. Emma aňyrsyna ýetjek bolup, sökeläp ugrasaň, ýyllar ýatyr ol setiriň astynda. Özem nähili ýyllar, gursagyňa gysymlanyp köz guýlan ýaly gyzgyn güzaply ýyllar. Özem kimi unutmaga synanyşylypdyr?! Ilkinji söýgünimi ýa-da ajap näzenin şekilindäki ylham ruhuny?! Ýa-da belki öz-özüňe oýlanyp tapylyp, hyýalyňda-kalbyňda ýonulyp-taraşlanyp, ýyllarboýy sünnälenip, kämil nepislik derejesine ýetirilen hyýaly yşk näzenininiň täsin jemalynydyr?! Belki-de...
Meniň pikirimçe, matal, pynhan syr islendik esere özüneçekijilik berýär.
Gödek jümleleriň ulanylmagy hakynda aýdylanda bolsa, ýazýan adam edil gapdaly gurally gutulardan doly ussa ýaly bir zat bolýar. Edil ussanyň öňündäki bejerýänini "bejermek" üçin özüne has netijeli guraly saýlap alyşy ýaly, ýazýan hem haýsy "guraly", ýagny haýsy sözi ulananda özüniň beýlekileriň ýüregine ýetiresi gelýän duýgusyny-pikirini has oňat edip ýetirip biljekdigini özi saýlaýar. Aglaba köp ýagdaýlarda-da bu "saýlamak" aň bilenem amala aşyrylmaýar-da, öz-özünden bolup geçýär. Ruslar bu duýga "наитие" diýýärler. Anyk terjimesini agtarmaga ýaltandym. Keçiresiz... smile

0
10 Bagabat   [Материал]
Petrarkanyň Laurasy, Danteniň Beatriçesi, Puşkiniň Natalýa Gonçarowasy, Magtymgulynyň Meňlisi, Zeliliniň Döndisi, Blogyň "Nätanyş hatyny", Ýeseniniň Aýsedora Dunkany...we beýlekiler, elbetde adaty zenan bolanam bolsa, şahyrlaryň özi üçin megerem ylham joşduryjy ruh (ýunanlylaryň muza diýýäni ýaly) bolýan bolmaly. Biwepalyk etmegem, real dunýädemi ýa-da ruhy älemde?! "To be, or not to be"...

0
9 geldigeldim81   [Материал]
Багышлан, гошга диен ялам болайды

0
8 geldigeldim81   [Материал]
Гирип билмедим

0
7 geldigeldim81   [Материал]
Йоклай сайт ишлемеди

0
6 geldigeldim81   [Материал]
Ичим гысды

0
5 Gurban   [Материал]
Garaýolly, aga dogry aýtýaň şu saýt işlemän soň höwesim bolmady ne döredijilik bilen ne maglumat taýýarlamaga höwes bolmady. Indi nesip bolsa höweslenip işläris.

0
4 Akjemal   [Материал]
Men saýta geçen aýyñ 30-yndan bäri on bäş günläp girip bilmedim. Wpn bilen girip bolýar diýdiler. Işläp başlany şu gün. Bu goşgy bolsa awgustyñ 11-inde goýlupdyr.

0
3 Garaýolly   [Материал]
Mazaly sayyt ishlap bashlady.Kop gunden bari teli ele alasym gelmedi. Indi bir bokdencsiz ishlawersin.Hosh gorduk,dostlar.

0
2 Bagtygül   [Материал]
Saýdyň açylany gowy bolaýdy. Yogsam bir zadyň kem ýaly bolup dur

0
1 Bagtygül   [Материал]
Ajaýyp goşgy. Okanyňda iniňi tikenekledip goýberýär.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]