12:01
Şu gije
ŞU GIJE

Mejnunam azaşan däldir çöllerde,
Gidendir ol Leýliň gözlerne sary.
Ýitir menem tümlüginde saçlaryň,
Soňam gözläp, özüň salaýma derde,
Men bolmanda dünýäň näme azary,
Dünýäň özi maňa gerekmi häzir.
Tolkunlar urunýar derýaň başynda,
Meniň gujagymda saçyň bulaşýar,
Gaşlaryň ýazylýar,
Goşgym ýazylýar,
Humar  bolup Akmaýanyň süýdünden,
Düýbünden tagamy süýjeýär dünýäň,
Şemal gözün jyklap, gidýär aýlanyp,
Janym güýz ýapragy deý tüýdüm-tüýdüm hem
Bu gijä aşyk men,ýöne,dilberim,
Başa uraýynmy galan gijäni,
Gaýdaýsaň öýňüze düýşden aýňalyp.

Serdar AÇYLOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: sabyrly | Теги: Serdar Açylow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
Bagtly bolduñmy? / Goşgular - 15.02.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Ýar gelmedimi bu ýere? / Goşgular - 16.11.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Aksary   [Материал]
Mežnunam azaşan däldir çöllerde,
Gidendir ol Leýliñ gözlerne sary.
/leýliniñ gözleri çöllerdedimi!?
Ýitir menEM(meni)tümliginde saçlaryñ..
ol saçlarda ozalam kimdir biri ýitipdimi(nämçün kimdir birilikdigi aýan edilmedik)
..Men bolmanda(bolmamda)dämi?
..........tüýdüm-tüýdüm hem
B(b)u gijä aşyk men......
@sabyrly Serdar özüñ bolmaly
goşgyny erbedem görmedim esasanam formasyny
Döredip dur,ömrüñ bolsun başgada goşgularyña garaşýan,ustünlik

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]