08:08
Sözler
SÖZLER

Aşna sözler,
Teşne sözler.
Ýeg dilinde çeşme sözler.
Sözler doga, sözler jady,
Sil suwunyň akan bady.
Sözler arwah, sözler jyndyr,
Sözler ýalan, sözler çyndyr.
Sözler bulak bolup akar,
Sözler ýylan bolup çakar.

Sözler, sözler, ah-wah sözler,
Ne çoh sözler.
Yllahy-billahy sözler.
Arasynda meniň ýaly,
Egni gysyk sallah sözler...

18.03.2017.

• SYRLY DÜNÝÄ

Entek açylmaýan syry kän dünýäň,
Bir däl, milýon-milýon piri kän dünýäň.
Bu zatlar hakynda kelläňi döwüp,
Oýlanarsyň ynsanlaryň birikäň.
Her hili döwürler bolup geçipdir,
Nämüçindir "Syrly dünýäň gapysyn
Açdyň“ diýip, daşlapdyrlar adamy.
Gurruk guýa taşlapdyrlar adamy.
Oda atypdyrlar diriligine,
"Dil ýetirdiň – diýip, -dünýäň birligne“.

Şeýdip açyp bilmän özi-özüni,
Bulaşdyryp gidýär adam yzyny.

03.04.2017.





Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]