13:12
Sözleñ gerek / goşgular
SÖZLEŇ GEREK

Bagtyň gapysyn açmaga,
Ýalbyrap nurum saçmaga,
Yşk ýolun bile geçmäge,
Ol mähirli gözleň gerek,
Şirin-şeker sözleň gerek.

Ýürekden joşup gülmäge,
Bir şirin mukam çalmaga,
Seň bilen bagtly bolmaga,
Ol mähirli gözleň gerek,
Şirin-şeker sözleň gerek.

Her günde bagty duýmaga,
Gözel dünýäni söýmäge,
Yşkdan begres don geýmäge,
Ol mähirli gözleň gerek,
Şirin-şeker sözleň gerek.

Bagtyň köşgüne barmaga,
Yşkyň hözirin görmäge,
Durmuşy bile gurmaga,
Ol mähirli gözleň gerek,
Şirin-şeker sözleň gerek.

• ÝANYMDA BOL

Guş bolup göge uçamda,
Ýüregmi saňa açamda,
Bagtly günleriň içinde,
Sen hemişe ýanymda bol.

Begenemde çyndan gülüp,
Gynanamda ylgap gelip,
Halym hemmeden öň bilip,
Sen hemişe ýanymda bol.

Ykbal bagtyna duşamda,
Durmuş ýoluna düşemde,
Meniň yşkyma düşün-de,
Sen hemişe ýanymda bol.

Guwanamda hoş günlere,
Keşbim meňzedip güllere,
Yşky aldyrman dillere,
Sen hemişe ýanymda bol.

• ÝAŞLYGYM

Arzuwlardan desse-desse çemen baglap getiripdiň,
Ýetilmejek menzillere sen hyýalda ýetiripdiň,
Diňledip söýgi aýdymyn daňlarymy atyrypdyň,
Hany, indi nirde galdyň meniň arzuwçyl ýaşlygym.

Meni söýen ol gözlere umyt uçgunyn beripdiň,
Söýgi hatyny okap, ýarygije düýşde görüpdiň,
Hyýalymda yşkym üçin täsin öýjagaz gurupdyň,
Hany, indi nirde galdyň meniň arzuwçyl ýaşlygym?!

Buýra-buýra gara saçym täsin edip bogdurardyň,
Gursagymy başbermezek umytlardan doldurardyň,
Bökdürerdiň keýik kimin, syrly sazlar çaldyrardyň,
Hany, indi nirde galdyň meniň arzuwçyl ýaşlygym?!

Meniň gözel durmuşymdan hiç gitmejek ýalydyň sen,
Mydam öňküligňe durup, hiç ýitmejek ýalydyň sen,
Gidipsiň-le alyslara, meň ýanymda galmadyň sen,
Hany, indi nirde galdyň meniň arzuwçyl ýaşlygym?!

• GÖWNÜM

Kejir göwnüm, keçjal göwnüm,
Neçün yşkdan ýüzüň sowýaň?
«Söýýän» diýip bakan ýary
Neçün durmuşyňdan kowýaň?

Ýogsa sen dälmi yşk hakda
Gije-gündiz goşgy düzýän,
Söýgiň uly ummanynda
Sen dälmi gämide ýüzýän?

Aşa tekepbirlik bilen
«Yşk» sözün pitiwa etmän.
Gör, ýene-dä söýgi hakda
Aýdym aýdýaň gije ýatman.

Ýa-da göwnüm,
sada göwnüm,
Kejirligňi taşladyňmy?
Söýgiň göwher ýüzügini
Yşkyň bilen gaşladyňmy?

• GOŞGY ÝAZDYM

Men indi bar zady gyrada goýdum,
Öňe sürdüm saňa bagly duýgymy.
Seň sowuk dünýäňden soguryp alyp,
Şygrym bilen ýylytdym men söýgimi.

Yazdym, ýadamadym, ýazyp, hoş boldum,
Ýüregimi dökdüm kagyz ýüzüne.
Aýna bakyp, öz-özüme söz berdim,
Indi gaýdyp garamaryn gözüňe.

Ynan, senli duýgulardan saplanyp,
Öwrendim men çyn ýürekden gülmäni.
Günleň aýdymyna sesimi goşup,
Şeýle arzuw etdim bagtly bolmany.

Goşgy ýazdym, aýdym aýtdym ýürekden,
Bagtyň suratyny çekip hyýalda.
Umytly didämi asmana dikip,
Arzuwlarma sary barýan bu ýolda.

• ŞOL GYZ

Bir gyz ba:rdy gara saçyn buýralap,
Süýji arzuwlarda gaýyp gezerdi.
Gijelerne otagynda oturyp,
Yşk barada depderine ýazardy.

Özünden şeýle bir göwni hoş bolup,
Her bir güne söýgi bilen bakardy.
Juwanlygyň şol hyýalbent duýgusyn,
Dürli galam bilen kalba çekerdi.

Ugrunda perwana bolan ol aşyk,
«Söýýän» diýip, ençe hatlar ýazardy.
Çyn ýürekden söýülýädi ol gözel,
Şol döwürler onuň üçin hezildi.

Gamly aýdymlary aýtmazdy asla,
Ýylgyrardy, çyn ýürekden gülerdi.
Söýginiň sazyny diňlän mahaly,
Aýdyma hiňlenip bagtly bolardy.

Birinem sypdyrman bagtly pursatlaň,
Ýandepderne bellik edip goýardy.
Mejnuna öwrülen ol aşyk oglan,
Sada gyzy bagty saýyp söýerdi.

Ýatlap birmahalky sähraýy gyzy,
Hyýalymda geçen günlerme eňdim.
Söýgüden ýylgyryp, bagtdan hoş bolup,
Arzuwlarna gowşan şol gözel mendim.
Bagty saýyp söýen oglanam sendiň...

• AÝDASYŇ GELÝÄR

Gara gözlerime gözüň düşende,
Seň maňa bir zad-a aýdasyň gelýär.
Salam berip, ýylgyrýarsyň duşaňda,
Maňa bir zatlar-a aýdasyň gelýär.

Jaň edeňde, okuw hakda sözläňde,
Ýa-da meniň ýollarymy yzlaňda,
Goşgularmy aýdym edip sazlaňda,
Bilýän maňa bir zat aýdasyň gelýär.

Käte maňa syrly-syrly garaňda,
Sözleň bilen meniň göwnüm awlaňda,
Gözlerime ogryn-ogryn garaňda,
Ýene bir zatlar-a aýdasyň gelýär.

Begenemde, çynyň bilen güleňde,
Doglan günüm gutlap gülli geleňde,
Söýýäniňi gözleriňden bilemde,
Ýene seň bir zad-a aýdasyň gelýär.

• JOŞGUNLY YŞK

Yşkdan bir ganat ber maňa,
Göge sary uçaýyn men.
Sen söýgüde giň asman bol,
Gün deý nurum saçaýyn men.

Sen meniň dünýämi beze,
Men bezäýin durmuşyňy.
Saňa duşup özgerdim men,
Üýtgetdiň sen görnüşimi.

Şagalaňly hoş günlerden,
Şatlyk alyp, paýym berdiň.
Gözüňde jemläp söýgini
Ýollaryma garap durduň.

Çytylan gaşlam ýazylyp,
Ýylgyryş gondy ýüzüme.
Hasyl bolan arzuw bilen
Bakdym günleriň gözüne.

Seniň maňa beren bagtyň,
Arzuwlarmyň başy boldy.
Joşdum joşly derýa kimin,
Söýgiň göwün hoşy boldy.

• ÝAGSANA ÝAGYŞ

Ýagyş,
Ýag sen dynman ýag,
Ýada salyp ýarymy.
Şemalam-a howlukmaç,
Gözleýän deý ýaryny.

Ýagyş,
Seniň ýagşyňy
Synlaýyn men hoş bolup.
Arzuw edesim gelýär
Ýar gözlerne duş bolup.

Ýagyş,
Ýada saldyň sen,
Ýaryň aýdan sözlerin.
Diýipdi maňa bakyp,
«Bir sen meniň gözlegim».

Ýagyş,
Diňmän ýagsana,
Ter gunçalar güllesin!
Bu arzyly söýgüde
Aýralyk hiç bolmasyn!

Ýagyş
Seniň damjalaň,
Penjire nagyşlady.
Meniň öýkeli göwnüm,
Ýarymy bagyşlady.

Ýagyş,
Ýag sen, ýagsana,
Ýagyşyňa men haýran.
Ýagyşly gün ýar bilen
Çykaýyn edip seýran.

Bahar TOSYÝEWA.

“Garagum” žurnaly, 6/2021.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bahar Tosyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]