18:13
Söýýän bolsañ, diñle!
SÖÝÝÄN BOLSAÑ, DIÑLE!

Duýgularmy depeleme, haýyşym,
Söýýän bolsañ, çyn ýürekden sözle sen!
Gözden ýitenimde kölege deýin,
Söýýän bolsañ, giden ýolum yzla sen!

Göwnümi ynjytma, başarsañ meniñ,
Söýseñ, ýaman gözden gora sen meni.
Söýgiñ çyndan bolsun, ýürekden bolsun,
Ýalan däl, päklikde aýap söý meni.

Söýgi sözüñ seçip ýörme ýerliksiz,
Söýen ýüregiñde ýeke söz bolsun!
Eger meni söýýän bolsañ, ezizim,
Ýüregiñ ömürlik meñ bilen galsyn!

• "YLHAM" SEÝILGÄHI

"Ylham" seýilgähi durşuna gudrat,
Çyralar däl, munda söýgi ýanyp dur.
Ylham bedewine atlanyp, ylla,
Hut ylhamyñ özi ýere gonupdyr.

Batly çüwdürimler atylýar göge,
Merjen damjalary bir ajap lira.
Şahyrlar, danalar parasat bolup,
Buýsanç bolup bakyp otyr ertire.

Ýaşyl barlyk ak mermere sepleşip,
Ylham ganatynda söýgi getirsin.
Beýik Arkadagyñ "Ylham" peşgeşi,
Türkmen şygryýetin dünýä ýetirsin.

• ÝAGYŞ ÝAGÝAR

Suw-sil eýläp bütin älem-jahany,
Öñküsinden görklenipdir bahary.
Ýagyş ýagýar, däli-porhan boluplar,
Şeýdip-şeýdip için dökýär bulutlar.

Ýyldyrymlar at çapdyryp asmanda,
Zähresini ýaryp ezlen gijäniñ,
Otly gyljyn saga-sola aýlaýar,
Zire-zire böwsüp bulutlañ donun.

Ýagyş ýagýar barha-barha bat alyp,
Damjalar dür monjuk bolup paýraýar.
Ýagşyñ zülplerinden hiññildik uçup,
Şemal şuwlap, öz dilinde saýraýar.

Men seredip durun ýagşyñ ýagşyna,
Tisgindirýär ýyldyrymlañ şowhuny.
Aşyk bolup ak baharam roýuna,
Arşyñ ak çapary atýar owsuny.

Ýagyş ýagýar, ýagýar bereket bolup,
Behişdi şäherler joşýar, gülleýär.
Basymrak dañ atsa, ak ýagyş siñen
Gülli baýyrlarda ylgasym gelýär.



Bahar TOSYÝEWA.

"Nesil" gazeti, 2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Haweran | Теги: Bahar Tosyýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Soltansöýünden 40 gazal -2 / Goşgular - 08.02.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Aksary   [Материал]
Zähresi ýarylan gije,
Otly gylyç
Ýagyş zülplerinden sallançak,
Tisgindirýän şowhun,
Arşyñ çapary,
Gowja tapyndylar, ömrüñ bolsun

0
2 Gozellik_   [Материал]
Ylhamyñ egsilmesin. Gowja goşgular eken.

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Şu wagt "Miras" kanalda Gülälek gelneje bilen Batyr aga Gurbannazaryñ goşgularyny okaýarlar, ýatlaýarlar...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]