07:33
Söýýän

SÖÝÝÄN

Söýgi—girişmi sen jelepçilige
Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?..
Ne söýýän bar, dag basylyp diline,
Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana.
Söýýän—diýmek, salam diýmekden rowaç,
Söýýän—parol haram işe meýillä.
Söýýän—owadan gyz desse saçlaryn
Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar.
Söýýän!
—adamsyndan alýar-da jogap,
Çykarynmak üçin
gelin geýinýä.
(Söýýän!
Duşaly öýlän!
söýýän,
köýýän dilberim,
Bäş gezeg-ä söýerin men azyndan!
Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan)
—Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem,
Hiç bolmanda, sora onuň adyny,
ýaşyny,
milletin.
—Ýaş bolýarsyň päheý sen,
Söýgiň ady,
söýgiň aňy,
söýgiň ýaşy bolmaýar
hem bolmaýar milleti.
...Söýýän diýýär gaýtarma,
söýýän diýýär nowjuwan,
Söýýän diýýär supergyz,
söýýän diýýär intergyz,
Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden
minneti.
—Gel, ýaýdanma, ýaýdanma,
Haýaýapragy ýüzlük,
gel, tändir sen, Don-Žuan.
Söýýän!
Çatyp ýetişmeýär ZAGSlar,
Soň ýollar uzaýar ýurduň süýdüne.
Söýýän—aýan igrekler, iksler,
Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne.
Söýýän—
ynha ant içýän sakgalymyň agyndan.
Söýýän—
ojak ýumrulýar beýik söýgiň adyndan.
Söýýän—
gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşmagyn.
Söýýän—
ýigit gülleýär:
—Şudur dünýäň manysy.
Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp,
Aşagynda penjegiň ölýär türkmen namysy.
Aýal çepe gatnaýar,
Är ýüregi çatlaýar!
Hezil edýär azgynlar,
Hut söýginiň adyndan.
Söýýän—hyryn-dykyn çagalar öýi,
Söýýän—ýetişmeýär lukmanlar aýryp.
Söýýän—çöpdüýbüler,
köldüýbüler,
bagdüýbüler,
dagdüýbüler

Örňäp gelýärler,
Ösňäp gelýärler.
Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň ýaşyndan,
Jenaýatyň gylla ýary
diňe söýgiň adyndan!
Söýýän—ýürek ýarylýar!
Söýýän—namysa garşy
Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar.
Söýýän dünýä çat açýar!

Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine.
Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy
Syndy namysy ary,
Syndy gadymy ýoly.
SÖÝÝÄN—
ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly!

Nobatguly REJEBOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 416 | Добавил: Нawеran | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Içgepletme / Goşgular - 02.06.2021
A mende kine ýok.. / Goşgular - 09.04.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Söýgi perisiniñ haty / Goşgular - 09.02.2021
Salam / Goşgular - 22.02.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu günleriñ iñ wawwaly meselelerini gozgaýan tema şu. Çuñluk şu, poeziýa şu, bakylyga barýan ýol şu. Halkynyñ, döwrüniñ ýaramaz ýanyna ýanýan şahyr ýüreginiñ urgusy şu. NOBATGULY AGAÑ parhy şu. Ýylda bir goşgy ýaz, on ýylda bir goşgy ýaz, hatda bir ömürde bir goşgy ýaz - şunuñ ýaly ýaz.

0
1 Rahat   [Mowzuga geç]
Söygi - girişmi sen jelepçilige...

kim name diyse şony diysin, Nobatgulyny Magtymgulyñ derejesindenem yokary galdyryan şygyr şu!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]