19:21
Soýuz hem garaşsyzlyk -2/ dowamy

NEBIT HAKYNDA

Nebiti Türkmenistandan 1870-nji ýyldan bäri 一 ýagny 118 ýyl bäri daşap ýörler. Ýöne şu asyryň 20-nji ýyllaryna çenli jemi äkidileni 2 一 3 million tonnadan köp däl. Şonuň üçin onuň hasabynam alyp oturmalyň. Türkmenistanda esasy nebit talaňçylygy 1933-nji ýylda Nebitdagyň golaýyndaky bir skwažinadan 440 metr çuňlukdan güýçli nebit fontany urup çykmagyndan başlanýar. Umuman, şondan bäri ýerastyndan 375 million tonna çemesi «gara altyn» çykarylýar. Şunça nebitiň 75 million tonnasy özümize sarp edildi diýenimizde-de daşyna äkidilen 300 million tonna bolar. Nebitiň häzirki dünýä bahasy ortaça 150 dollar. Ýöne geçen onýyllyklarda onuň tonnasynyň 200 dollardan hem geçen ýerlerini nazara alyp, ony hem ortaça 150 dollardan hasaplalyň. Diýmek, geçen döwürde 45 milliard dollarlyk nebiti gurt etdiler.

PAGTA

Patyşa Russiýasy döwründe türkmen pagtasynyň jemi 456 müň tonnasy metropoliýa äkidilýär. Şondan soňraky geçen 70 ýyl çemesi döwrüň içinde bolsa türkmenlere 36 million tonna golaý pagta ýygdyrlyp, şondan çykan 12 million tonna golaý süýüm metropoliýadaky dokma senagatlaryna iberdilýär.
Pagta süýüminiň bor tonnasynyň dünýä bahasy ortaça 2 müň dollar. Şeýlelikde, 70 ýylyň dowamynda respublikadan 24 milliard dollar çemesi daşalyp ýetişilýär. Jemläp alsak, geçen döwrüň içinde merkeze iberilen gazyň, nebitiň, pagtanyň bahasy takmynan 250 milliard dollara barabardyr. M. Gorbaçýowyň edişi ýaly, bir dollary on manada deňdir diýip hasaplasak, munuň özi, sowet pulundan 2,5 trillion manat bolar!!! Hawa, unitar Soýuzda biz türkmenleriň 70 ýylda bar toplap bilen ahyrky baýlygymyz 一 alan alty şaýymyz bary-ýogy 40 millard manada hem-de 4 sany ordenjige deňdir.
Kükürdimiz, sulfatymyz, ýüňümiz, baganamyz ýaly onlarça çig mallarymyzy hasap etmänimizde-de, basmaçylyk bahanasy bilen 20一30-njy ýyllarda obalardan talanan altyn-kümûşler hakda, uruş ýyllary berlen altyn-kümüşler一sungat eserleri barada... agzamanymyzda-da 70 ýylda äkidilen diňe gazyň (172 mlrd dollar), nebitiň (45 mlrd. dollar) we pagtanyň süýüminiň (24 mlrd dollar) özi jemi 250 mlrd. dollarlyga ýa-da sowet pulundan 2,5 trillion manatlyga barabardyr.
500 ýyllap dowam edip gelýän koloniýal sistemanyň penjesine amerikan indeýlerinden, afrikan hebeşilerinden, awstraliýanyň aborigenlerinden başlap Aziýanyň butparazlaryna, musulmanlaryna çenli halk ezilip, talanyp gelindi. Ýöne, şonda-da, şu ýarym müň ýyllyk tarayhyň koloniýal halklarynyň içinde türkmen halky ýaly şeýle elhenç juldan çykarylany ýa bardyr, ýa ýokdyr.
Gep diňe zatda bolsa, türkmençilik edäge-de owarram diýseň. Ýöne koloniýal ýyllarda biajal ölen, şirin janlary üzülen türkmenleri nätjek? Birmahallar türkmen topragyna negada bir del aralaşsa-da, halyňdan habar alýan ekenler. XX asyrda bolsa bolşewikdirin diýdi, menşewikdirin diýdi, patyşa agdarylansoň, koloniýanyň täze hojaýyny bolmak ugrunda tark-turk edişip, gyr-bas bolup ýören interwentlere «ýaşajak bolsaňyz, agzybir, parahat geziň, beýle uruşasyňyz gelýän bolsa-da, gidiňde öz ýurduňyzda urşuň» diýmäge gaýraty çatmady. Gaýtam, birtopar namartaýlar olaryň yzlaryna nöker düzülip, biri-birini gyryp başladylar. Türkmeniň başyna urşuň tozgunçylygyny, açlyk horlugyny, nalasyny getirdiler. Okuw kitaplarymyzda «Rewolýusiýa gelip, bagt berdi» diýip näçe hetjiklense-de, türkmen maşgalasy hatda şol koloniýal 13-nji ýykdaky ýaşaýşynyň derjesine 50-nji ýyllaryň ahyrynda-da ýetip bilmändi.
Rimliler taýpa-tirä bölünýän halkyň taýpalarynyň agzyny alardyp, şol halky öz eli bilen basyp almagyň mümkinligini ýüze çykaran bolsalar marksizm munuň üstesine halky agzala synplara bölmek arkaly hem boýun egdirip bolýandygynyň üstüni açdy. Ine, onsoň, ozalam tire-taýpa dawalaryndan ýaňa keselbent ýaşaýan halkyň başyna «baý» diýdi, «garyp» diýdi, «ýekebara», «orta» diýdi, «kulak» diýdi, gepiň keltesi, täze synpy agzalalygyň elhenç mergisini hem inderdiler. Gör, näçetürkmen 17-den başlanşyna baryp 30-njy ýyllarda-da sowulmadyk şol keseliň, şol merginiň gurbany bolmaly boldy. Sahawatly, halal baýlarymyzyň, agzy kelamyllaly işan-mollalarymyzyň başyna itiň güni salyndy. Ynha, «TKP sosializm gurmak we kem-kemden kommunizme geçmek ugrundaky göreşde» diýen kitapda (Aşgabat,一 1979 ý.) şeýle maglumatlar mazamlanyp berilýär. «Respublikada baýlary ýok etmek işi 1930-njy ýyldan başlanyp, esasan 1932-nji ýyla çenli çekdi. Baý we pomeşikçilik hojalyklaryň üç müňüsinden-de köpüsi ýok edildi.
Türkmeni garçgaý atdan düşürdiler, elinden düýrme gylyjyny, maly-garasyny aldylar, özünem aýal-ebtaty, çaga-çugasy bilen kolhoz krespostnoýçylygyna goýun süren ýaly sûrdiler. Krepostnoýçylyga boýun synmadyk nijeme obalar, taýpalar, tireler bolsa hatar-hatar öýlerini çözûp, serhetdäki ok-gûlläniň astynda dagdan ilerik bosgun-bosgun aşmaga mejbur boldular. Öz topragynda ýat illerde mysapyrçylyk çekmeli boldy we çekýärler. Tutulmadan, atylmadan, sürgün edilmeden ýaňa türkmen ili çolaryp galdy, döwran baýguşa döndi.
Bolşewizmiň zulumy halkyň etinden ötüp, süňküne ýetdi. Degnasyna deglen halk Bahry-Hazardan Amyderýa çenli aralykda, dergazap bolup baş galdyrdy, ata çykdy. Emma 1921-nji ýyldan tä 1933-nji ýyla çenli dowam eden bu göreşe «halk gozgalaňy», «azat edijilik hereketi» däl-de, basmaçylyk diýdirtdiler. On iki ýylyň içinde gyzyl interwentler tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylan gozgalaňda müňlerçe türkmen ýok edildi. 1926-njy ýylyň ýazyndan güýzüne çenli Türkmenistanda bolan diňe Budýonnynyň buýrugy bilen türkmen sährasyndaky ençeme obalaryň obalaryň üstünden pulemýotly aýraplan aýlandyryldy. Erkekler baýaky, hatda yzanda-çuwan aýallara, çagalara, garrylara çenli uçdantutma okdan geçirlen halatlar az bolmady. Biziň şahyrlarymyz «Hatyn, Hatyn» diýişip zary-girýan göz ýaş dökýärler. Gowy zat, özgäniň hasratyna aglap bilinmeklik ýalkanmaly ýagdaý. Ýöne, näme üçin, öz hasratlarymyza gezek gelende olaryň gözleri çygjaranogamka? Näme üçin Garagumdaky däl, eýsem ençeme «Hatynlar» hakda ýazmaga galamlary ýöremeýärkä? Beloruslar Hatynyň ýerine gtanit, mermer düşäpdirler, belent ýadygärlik oturdypdyrlar. Eýsem biz, türkmenler, öz «Hatynlarymyza» nähili ýadygärlik dikdikkäk?
Erkek göbekliniňki baýaky, hat-da aýal gyzlaryň, çagalaryň süňklerine çenli şol pulemýot, top, bäş atar oklaryna tutulan ýerlerinde görene göz ýadygärlik bolup çaşyp ýatyrlar.
Tutha-tutluk döwri gijelerine Gyzylarbatda ahy-nala, eňşeşik sesi eşidiler eken. Näme diýeniňde, şeýle gijeler tutulan tutulan türkmenler aýal-erkek diýmän maşyna mündürilip, Gyzylarbadyň ilersindäki Galçybaba diýen gurruk guýuly, kärizgen ýere äkidiler eken. Şol köne kärizleriň agyzlaryna düzülip hem biçäreler atylyp durlupdyr. Şeýle lagtalap gan akan «Galçybabalar» bolsa biziň her raýonymyzda-da bar. Gurrukguýulara taşlanman Sibire ýogaldylanlarymyz näçe? On üçünji asyrda mongollaryň iň oňat senetçileri, hünärmentçileri öz ýurtlaryna sürüp işledişleri ýaly, tutha-tutlykda gije-gündiziň dowamynda 14一15 sagatlap mugtyna altyn çykarmak üçin Orsýetiň sowuk raýonlaryna iberilenlerimiz näçe? Iki ýyl mundan ozal men TSSR prokuraturasynda repressiýa düşen türkmenistanlylaryň işi bilen tanyşyp ugradym. Şol döwürler wagtlaýyn öwrenmek üçin «daýylar» olaryň Daşkentde ýatan 13 müň delolaryny haltalap-haltalap getirýärdiler.
Repressiýa düşenleriň bir böleginiň atlary «Ýaşlyk» žurnalynda çap edildi. Emma men sürgüne sürlenleriň atylanlaryň aňyrsyna çykyp bilmän, işi goý bolsun etmeli boldum. Olar näçe一20 müňmi, 30 müňmi ýa kyrk?..一Taryhçy Ý. Orazgylyjow olaryň sanyny 55 müň töweregi hasaplaýar. Ol bendeleriň yzyna saç ýaýyp galan naçarlarynyň, maşgalalarynyň çeken hem çekýän ahy-nalasy näçe一biljegem bolamzok.
Aslynda welin pidalaryň sanyny bilmäge mümkinçlik bar. Diňe pidalaryň däl, eýsem töhmet ýöňkäp, olary satanlaryň kimjüreligini hem anyklap boljak. Meniň tanyş bolan delolarymda satan adamlaryň şaýat hökmünde atlary, adresleri hem bardy. Onsoňam, şo tetelli adamlaryň kimdigini obalaryň ençemesinde bilýärler ahyry. Biz türkmeni tutdurmakdan, atdyrmakdan keýp alan töhmetçileri anyklamasak, olary iň bolmanda moral taýdan il öňünde ýazgarmasak hapalanan ahlagymyzy hiç haçan arassalap, saplap bilmeris.
Totalitar soýuza girmek bilen biz uruş diýen nägehanyň hem elhençliklerini çekmeli bolduk. Patyşa Russiýasy näçe koloniýaçyl bolsa-da, türkmenleri urşa almaýardy diýen ýalydy, alsa, pälä alypdy, stalinizm bolsa eljiretmedi, frontuňam ok ýagyş ýagýan birinji liniýalaryna sürdi. Uruşda Türkmenistandan wepat bolanlar 55 müň diýýärler. Ýöne häzirki hasaplarda SSSR boýunça ýogalanlar 20 milliondan 27 milliona ýeten bolsa, bizden ölen iner ogullar 55 müňden gaty köp bolmaly. Ýa. Orazgylyjowyň pikiriçe olaryň sany 100 müňden az bolmaly däl. Onsoňam, tylda açlykdan, agyr zähmetden ölenlerimizi nätjek.
Soň hem... Owganystan. Esasan, Orta Aziýanyň halklarynyň oglanlary sürlen Owganystan. Gyzylarbadyň öwülýäsine tabyt göterşip, göçegçi bolup baran wagtlarym gapdaly demir gapyrjakly ençeme guburlary görýärdim. Neresseleri jaýlap, jesedleri salnyp getirlen demir gapyrjaklary hem mazarlarynyň gapdalynda goýaýýan ekenler.
Hawa, totalitar soýuzyň hataryna biz 70 ýylda diňe bir trillion manat baýlygy armanly ýitirmändik, halkymyzy diňe bir açlyga, horluga, iň oňady diýlende ol aýlykdan bu aýlyga çenli itek-çomak güne daňmandyk, eýsem Gorkut atamyzyň neslinden takmynan 200 müň töweregi iner ogullaryň, baýdak ýaly aýal-gyzlarymyzyň, garagözlüje çagalarymyzyň biajal gyrylmagyna sezewar bolupdyk.Megerem, şunça gara gözli türkmen näçe gowgaly diýilse-de dursun, eýsem asyrlarynyň hem hiç birinde gyrylan däldir. Megerem, türkmen eneleri hiç haçanam geçen 70 ýyldaky ýaly dula şeýle köp bakdyrdylan däldir.
Men entek içine eşek daňlan metjitler, üstünden buldozer sürlen keramatly ýerler, oda atylan ýaşmaklar, yzarlanan sünnetler, «medeniýet suwy» diýlip arzylanan arak-çakyrlar, ata-babalaryň mazary ýatanam bolsa daşlanylan taryh, ýakylan ýa gömlûp çüýredilen kitaplar hakda一gepiň gysgasy, azgynlanan ahlak, basgylanan şahsyýet azatlygy, ýumrulan ruhy dünýäler hakda gürrüňem açamok.
«Geçen 70 ýylda diňe ýitiren däl, eýsem alan, gazanan öwrenen zatlarymyz hem kän ahyry. Ynha, pylança maşgala, pylança welosiped, pylança radiýo, pylança tikin maşyn... düşýär» diýjek ýülmeýjileri bilýän. Razylaşýan. Elbetde, diňe gaz, nebit, pagtadan 2,5 trilliony berip ahyrky netijede içine şol welosipedjikler, radiojyklar girýän 40 milliardy aldyk. Ýöne welin, merhemetli ýoldaşlar, 2,5 trillion nire, ahyrky toplanan 40 millard nire? Arada dag bilen deňiz ýaly tapawut barka «aldyk» sözüni agza çolap adalatçyl bolunjak bolunmagy heý bir ýapa degýärmi? Onsoňam, hat-da şu 40 milliardyňam kölegeli taraplary köpdi. «Senagatymyz döredi» diýjekmisiňiz? Ol atam döwründäki nah-mata kombinatjygy, sement zawody göze «çet-gyralara hem üns berilýär» diýen syýasat çöpüni atmak üçin guralana desgajyklar ahyry. Biz garaşsyzlyk alsak, 70 ýylda guruldy diýlip hetjiklenip gelinýän bolar-bolgusyz senagatdan on esse kämilini, häzirki zaman tehnologiýaly senagaty birje ýylky gazymyzyň hasabyna 4一5 ýylyň içinde-de gurup bilerdik.
«Garagum kanaly näme? diýýäňizmi? Birje fakt bilen jogap berýän. 1954-nji ýylda SSSR ministrler Soweti 1954一58-nji ýyllarda Türkmenistan SSR-nde pagtaçylygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda» ýörüte karar kabul edýär. Şol «Pagta» kararynyň ýörüte punktynda hem Garagum kanalynyň birinji nobatdakysyny gurmak bellenilýär. Hawa, kanalyň birinji nobatdakysyny gurmak bellenilýär. Hawa, kanalyň gurulmagy gulaklarymyza guýlup gelnişi ýaly türkmen halkynyň suw baradaky asyrlar boýy arzuwyny wysal etmek bilen däl-de, eýsem metropoliýanyň türkmen pagtasy baradaky arzuwyny amala aşyrmak bilen baglanyşyklydy. Ýa-da «gülläp ösülişi» barada gürrüň çykanda hökman dile çolanylýan, otuzynjy ýyllardan geçirilip başlandy diýilýän «medeni aň bilim rewolýusiýasyny» alyp göreliň. Dogry, biz şol çäreleriň penjesinde latynyny, krillisasyny hem-de ideologiýanyň takallaryny öwrendik. Emma sözüň doly manysyndaky sowady welin çykmadyk. Sowat näme? Ideologiýa näme? Sokratyň aýtmagyna görä «Sowat 一 munuň özi ýaşamak sungatydyr». Ideologiýanyň bolsa, belli filosof Belliň aýdyşy ýaly, öz prinsipleriniň galplygy, galp dälligi bilen hem işi ýok. Ol diňe islendik tär bilen jemgyýetçilik aňyny özüne gerekli, bähbitli ugra sürmegi bilýär. Türkmençeläp aýtsak, ideologiýa 一 munuň özi kyrk emjeklik diýmekdir. Hawa, sowat adamy şahsyýet, ideologiýa bolsa maňgurt, janly maslyk edýär. Sowat özüň, öz halkyň, öz topragyň bähbidi üçin ýaşamak, göreşmek sungatyny öwredýär. Ideologiýa bolsa galypa girip, hojaýynlaryň görkezmeleriniň, bähbitleriniň ugrunda sessiz-üýnsüz loňkuldamagy we üýrmegi öwredýär. 70 ýylyň dowamynda «sowathonlar» bilim ojaklarynda, has takygy maňgurthanalarda sowat däl-de, ideologik takallary öwretdiler, eýýämem meger 70 prosent bilen hem biz referenduma barýarys.
Marksizmde proletariýat, proletar diktaturasy kapitalizmiň gabyr gazyjysydyr diýlip aýdylýar. Geçen taryhyň tejribesi bolsa başga zady görkezýär. Proletar diktaturasy nirede ornaşdyrylsa, ol şol ýeriň gabryny gazyja öwrülýär eken. Ine, başymyzda depirjiklän şu haýhatjyklardan soňam ikilenç bökmeli diýilýär.
Köneleriň «Taryh umuman gaýtalanyp durýandyr» diýen duýduruşlary barada bolsa dymylýar. Çünki birinji böküşlikde kommunizmyň ýerine koloniýalizmiň çukuryna düşen halk muny biläýse, «Ikinji böküşlikde hem ýene şol çukura 一 şol gulaty saýasyna patylap düşäýmäliň?» diýen şübhä batjak hem-de... yzyny aýdyp oturmaýyn!?
(Dowamy bar)

Çeşme:
Gutlyýew Täçgeldi. Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992.

Категория: Publisistika | Просмотров: 39 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Täçgeldi Gutlyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]