22:41
Söýgüli!
SÖÝGÜLI!

Eý, Söýgüli,
Iñ Söýülen
Söýgüli!
Meniñ dünýa sürgünimi uzaltma
Habar barmy diýaryñda guşlardan.
Bir Ýar bardyr - Yşk jellady kär etmez,
Bahar bardyr - belentdir mazarlardan,
Bardan, ýokdan añyrda Biri Bar bardyr
Günäm ýokdur:
Bir bakyşdyr meni ýakyp ýandyran
Kysmat diýme:
Ýazgyt bardyr täleý içre ýazylan,
- Eserler bar şol mukama düzülen.
Näme etseler-de başa barmaz hiç,
Üýtgewsiz höküm bar,
Asmandan gelen.
Gijäni gündizi aýlan elinde-
- Ussat bardyr çyzgysy berk çyzylan.
Ot alyban yanan bolsam eger-de
Gala bardyr külümden binýat bolan.
Syrlaryñ syryna gowşuryp biljek -
Bagty açyp biljek açar bar Sende.
Ýeñiş bardyr - ýeñle-ýeñle beýgelen.
Sürgünini  ýene yza çagyran
Kükregiñde bir damar bar.
Üzülmezdir meniñ umydym Senden
Kalbyñda Çynar bar
Merhemet atly,
Eý Söýgüli
iñ Söýülen
Söýgüli. !

* * *

Meniñ dünýa sürgünimi uzaltma
Ne habardyr diýaryñda guşlardan.
Bir Ýar bardyr - Yşk jellady kär etmez,
Bahar bardyr - belentdir mazarlardan,
Biribardyr ýoklukdan bar eýläni,
Eý, Söýgüli,
Iñ Söýülen
Söýgüli!
Günäm ýokdur
Bir bakyşdyr meni ýakyp ýandyran,
Kysmat diýme
Ýazgyt bardyr täleý içre ýazylan,
Eserler bar şol mukama düzülen.
Näme etseler-de başa barmaz hiç,
Üýtgewsiz höküm bar,
Asmandan gelen.
Gijäni gündizi aýlan elinde-
- Ussat bardyr çyzgysy berk çyzylan.
Ot alyban yanan bolsam eger-de
Gala bardyr külümden binýat bolan.
Syrlaryñ syryna gowşuryp biljek -
Bagty açyp biljek açar bar Sende.
Ýeñiş bardyr - ýeñlişlerde beýgelen.
Sürgünini dözmän yza çagyran
Kükregiñde gaýnap duran damar bar.
Üzülmezdir meniñ umydym Senden
Kalbyñda Çynar bar, Merhemet atly,
Eý Söýülen,
iñ Söýülen -
Söýgüli!

Sezai KARAKOÇ.

Terjime eden: Kalba NUR.





Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Nurdan | Теги: Sezai Karakoç | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Araba / Goşgular - 29.03.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Aýdym / Goşgular - 24.05.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
Sen / Goşgular - 28.10.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]