00:00
Söýgüde serhet ýok -7/ romanyñ dowamy
Oňa çenlem duralga ýetdik. Awtobus geldi. Mündük. Göz aýlaýan welin boş ýer ýok. «Geçiň, oturyň» diýýänem ýok. Ikimizem tutawaçdan ýapyşyp dik durus. Bir görsem Jemalyň gözlerinden ýaş akýar. Şonda meniň oňa nebsim agyrdy. Aýal halyna bir öýüň keşigini ýeke özi çekip ýör. Erkek adamyň etmeli işlerininem özi edýä. Jaý bejermek hakda-ha gürrüňem ýok welin, kran döwülse-de, tok öçse-de, rozetka çalyşmalam bolsa özi ylgap ýör. Men bolsam kömek edenden geçen, gaýtam, gabanjaňlygym zerarly oňa görgi baryny görkezýän. Jepa berýän. Agyr-agyr günäleri ýapýan. Başga biri bolan bolsa meni birwagtlar taşlap giderdi. Ol welin gör näçe çydady. Şu wagtam çydap ýör. Häzirem gaty-gaýrym aýtmajak bolup dişini gysyp dur. Maňa häzir ony köşeşdirmek gerek. Derdini ýeňletmek gerek. Ötünç soramak gerek. Şol niýet bilen men assa-ýuwaş oňa tarap süýşdüm. Bir zatlar diýmäge synanyşdym, bokurdagymy arçamak üçin ardynjyradym, hamala ilkinji gezek görýän ýaly, ilkinji gezek söz gatmakçy bolýan ýaly börtülip duran agyr gabaklarymy zordan galdyryp ýüzüne çekinjeňlik bilen, ogryn-ogryn, gyýa-gyýa seretdim. Emma gepläp bilmedim. Geplemegiň geregem ýokdy. Çünki ol wagt o meni barybir diňlemezdi. Sözüme jogap bermezdi. Öýe baryp jaň etsemem sessiz-üýnsiz trubkany goýjagyna gümün ýok. Onuň täzeden dil açmagy üçin azyndan bir hepde gerek. Şol aralykda ol mendenem, meniň iňirdilerimdenem dynç almaly. Gahary sowaşmaly. Köşeşmeli. Meni göresi gelmeli. Küýsemeli. Bar zat ana, şondan soň ýene-de täzeden başlanmaly. Agzymyzyň ajaşan gezekleriniň hemmesinde-de şeýle bolupdy. Şol gezegem şeýle bolaýmalydy. Şonuň üçinem hoşlaşman aýrylyşmalydyk we ol-a öz öýüne, menem öz öýüme bakan sessiz-üýnsiz gidiberdik. Emma awtobusdan düşüşimiz ýaly ol meni geňler galdyryp: «Ýör, Erkin, öýe baraly, men saňa çaý-nahar bereýin, meniň saňa aýtjak sözlerim bar, ýöne, bu gezek sesiňi çykarman diňlemeli borsuň» – diýdi.
Ussa tapyp beren adam hem-de Jemalyň il gözüne aýdyşy ýaly, olaryň «brigadirleri» hökmünde jaý bejerilýän döwri bolaýmasa men entek onuň öýüne giribem göremokdym diýen ýaly. Onsoňam ol çagyrmag-a däl, öýüniň golaýyna eltmäge-de goňşy-golamlaryndan çekinip, meni hemişe bir duralga bärde düşürýärdi ahyry. Pyýada barýanam bolsak şol ýerden yzyma gaýtarýardy. Şonuň üçinem onuň bu söz meni juda geňirgendirdi.
Elbetde, öýkelemän öýüne çagyrmagy gowy zat. Gowy täzelik. Ýöne kesgitli gürleýşi welin gorkunç. Bir zat aýtjak, diýmesi hasam elhenç.
Her niçik hem bolsa, sessiz-üýnsiz yzyna düşübermekden başga alaç galmady.
...Ine-de, biz onuň öýünde. Ussalar ýok. Bejergi dogrudan-da gyssagly suratda tamamlanypdyr. Täze çalnan hekiň, reňkiň sowuklaç turşumtyk ysy burnuňy gijedýär, gözüňi ýaşardýar. Çagalaram ýok. Kanikul döwri bolansoň, olar mamalarynyňka gidipdirler.
Jemal meni diwanyň üstünde oturtdy. Öňüme kiçijik, eplenýän stol goýdy. Çaý getirdi. Soň palaw bişirdi. Orta saçak ýazdy. Bu zatlaryň barysyny ol sessiz-üýnsiz etdi. Diňe bir tabak palawy ýanynyň agy-gögi bilen getirip ortada goýandan soň: «Geç, Erkin» diýip, saçaga elini uzatdy. Özem geçdi. Edil bir maşgala ýaly bir tabakdan nahar iýip otyrys. Ýöne ýumşajyk palawy iýýänmi ýa ýöne çeýnäp otyrynmy, bilip bilemok. Sebäbi bar küýüm onuň maňa näme diýip biljeginde. Ýöne onuň bolup oturşyndan ýakymly zat aýtmajagyny welin aňýan.
Diýşim ýalam boldy. Nahardan bolup töwir galdyrdygam welin, Jemal ýüzüni aktam etdi-de: «Indi bolsa maňa gulak as, Erkin... – diýdi. – Gel, gowusy hoşlaşaly. Her ýerde bolsaňam sag bol, aman gez. Ýöne menden gaty görme. Görseňem özüňden gör. Men seniň bu sütemleriňe mundan artyk çydap biljek äl. Elbetde, saňa aňsat düşmez, ýöne başga alaç ýok. Men seneden ýadadym. Gowusy, şu güzapdan senem dyn menem dynaýyn...»
Onuň şu gürrüňi gozgaryndan dogrusy, men hemişe-de gorkýardym. Häliden bärem hut şu meseläni orta ataryndan gorkup otyrdym. Çünki soňky döwürlerde ol menden hakykatdan-da ýadapdy. Eger-de şeýle ýagdaý mundan bu ýana-da dowam etjek bolsa, onda men ondan hakykatdan-da el çekmelidim. Ýöne ýaman dert gabanjaňlygymy-ha goýup bilemokdym, aýrylyşmaga bolsa gaýratym çatanokdy. Hernäçe tersleşsemem, sögüşsemem galan ömrümi Jemalsyz göz öňüne getirip bilmeýärdim. Edýän hereketlerimiň barysyny ony özüme has golaýlaşdyrmak üçin, özümiňki hasap edýändigim üçin, eýemsiräp edýärdim. Gabansamam gowy görýändigim üçin, elden gidermezlik üçin, hiç kime bermezlik üçin gabanýardym. Haçanam bolsa bir gün aýrylyşmaly bolarys diýen düşünje dagy kelläme-de gelenokdy. Emma barysy tersine bolup çykdy. Ol iki gözümiň içine seredäge-de: «Gel, Erkin aýrylyşaly» diýdi oturyberdi. Özem şol sözi bir zatlary kalbynda uzak wagt saklap ahyrsoňam halys degnasyna degip, aýtmaga mejbur bolan dişgysdy adamyň çydamlylygy bilen şeýle bir mert, şeýle bir ýürekden aýtdy welin, bir demde ysgyn-mydardan aýryldym oturyberdim. Beýle agyr urguny men ondan öňem, soňam çekip göremok. Şol pursat janymyň agzymdan çykyp gidibermändigine heniz-henizlerem geň galýan. Jemal welin ojagaz urgusy bilenem çäklenmedi. «...Kömek edenden-ä geçen, gaýtam bir işiň başyny tutdugym elime kakýaň. Aýagyma çolaşýar. Günüň-gününe yzarlap ýörmekden başga bitirýän goşuň ýok. Gabançdan başga pişäňem ýok. Nämemişin, gowy görýärmişiň. Söýýänmişiň. Beýtjek bolsaň gowy görmän geç! Söýmän geç! Indiden soň meniň Leýli ýa Zöhre bolup dessana girjek aladam ýok. Maňa aşyklyk däl-de, güzeran, goltgy, hossarçylyk gerek. Eýe gerek. Goý, ol meni söýmesin, goý, üstüme ýene ikisi, üçüsi biln gezsin, agzy gyşyk ýa ýüzüniň üstünde burny ýok bolsun, ýöne hiç zada mätäç etmesin...» diýibem gürrüňi gutardy hasap edip saçagyny ýygnaşdyrmaga başlady.
Kynlyk bilen ýerimden turdum. «Bor Jemal, sag bol, diýdim». Onuň dodaklary çalaja gymyldady. «Sag bol» «Gaty-gaýrym aýdyşan bolsak razy bol». Jemalyň gözlerinde ýaş göründi. «Senem razy bol». «Habarlaşyp duraly». «Ýok, habarlaşsak ýene-de durup bilmeris. Ýene-de öňki güzaply günlerimize gaýdyp geleris». «Belki...» «Ýok. Men özümi gowy tanaýan. Sesiňi eşitsem durup bilmen». «Eýle bolsa, haçan kömegim gerek bolsa aýdaý». «Öňki eden kömekleriňem ýeterlik».
Men usullyk bilen gapa tarap ýöneldim. Hernäçe agyr düşse-de, ýalbarmaga, öňünde dyza çökmäge, ýaş dökmäge erkeklik namysym ýol bermedi. Jemalyň meni derwezeden çykarjak bolup, gulpy açybilmän durşy gözümiň öňünde. Elinden açary alyp özüm açjak bolýan. Emma hanasyna eltip bilemok. Ellerim sandyrap dur. Soň ýene-de Jemalyň özi synanyşýar. Ýene-de bolanok. Ahyrsoňunda kimiň açandygy hakydamda ýok, ýöne telim ýola gezekleşenimizden soň gulp açyldy. Çykjak wagtym men ony ogşajak boldum. Ogşatmady. «Iň soňky gezek ogşaýyn» diýdim. Onda-da etmedi. Alagaraňkynyň içinde salgym ýaly hallan atyp, gaýra gaýyşdy durdy. Gapyny megerem men açan bolsam gerek. Bir görsem elimde açar bar. Men ony oňa uzatdym. Aljak wagtam elinden tutdum-da: «Sag bol ezizim! Mähribanym...» diýdim.
Ol sesini çykarmady. Ýüzi welin ak mermer ýaly hem berk, hem sowuk göründi. Bokurdagy dolan bolmagy mümkin, gepläp bilmedi.
Men uzak eglenmedim. Derwezeden daşlaşdygymsaýam ýüregimiň howsalasy artyp başlady. Kürkregime agy doldy. Dyňzady. Ötügiň üstündäki demir ýola çenli zordan çydadym. Birdenem böwet böwsüldi. Agy yňdy. Demirýoluň ugruny syryp öýe tarap däl-de, ters ugra tarap ýegşerilip barşyma kä dik durup, kä oturyp, käte çök düşüp käte içimi, käte bykynymy tutup agladym. Kellämde bolsa şol, iň soňky sözlerim gaýtalandy durdy: «Sag bol, ezizim! Mähribanym...»
Kä durup, kä ýöräp, çaýkanyp barşyma özümi ha saga urýan, ha sola. Bilip edýänmi ýa bilmän edýänmi, haýsy tarapa dönsemem öňümden Jemal bilen ýörän, ugradan, garşylan köçelerimiň, çatryklarymyň üstünden barýan. Hersem Jemaly ýadyma salýar, ýüregimi gozgaýar, beýnimi sarsdyrýar, süňňimi lagşadýar. Iň ýamanam, hemişe şolar ýalyda bolşy ýaly, göz öňüme Jemalyň iň gowy taraplary gelýär. Ýadyma diňe mähribançylykly hereketleri süýjülikli sözleri düşýär. Agyrdan, ynjydan pursatlary aňyma gelenok. Şol dem gabanjaňlygymam zym-zyýat boldy-da, kalbymy ökünç gaplap aldy. Nähak ýere azar berip, garalyk ýapyp, birsyhly mertebesini kemsidip gelendigim üçin puşman edýän. Yza ýol gözleýän. Ýaşyl derwezäniň özüm üçin ömürlik ýapylandygyna welin hiç ynanyp bilemok. Entäp ýörşüme Jemal bilen «sirkden» bile gaýdýan ýolumyza düşüpdirin. Bir görsem şo-ol, tanyş itli derwezäniň deňinde durun. It janawer meni görenden «has-has» edip, çyňsap, tanapyna towsup başlady. Bir wagtkysy ýaly gözenekleriň arasyndan, derwezäniň aşagyndan temmegini uzadyp ysyrgandy. Guýrugyny bulaýlady. Meniň ýagdaýyma düşünen ýaly özem ur-tut gamgyn hala geçdi. «Hany, ýanyňdaky gelin nirede», diýýän ýaly eýläme, beýläme seretdi. Gulaklaryny üşerdip ýüzüme çiňerildi. Soň iki art aýaklarynyň üstüne galyp, böküp, eginlerimiň üstaşyry köçä seretdi.
Men onuň bilen sus hoşlaşdym. Göwnüme bolmasa, ol temegini alynky aýaklarynyň arasyna sokup hamsygan ýalam boldy. Yzyma garamasamam, ep-esli ýere çenli onuň gyzgyn nazaryny duýdum.
Ine-de men şol günler edil ýaş juwanlar ýaly içine girip Jemal bilen ogşaşýan, gujaklaşyp oturýan ýerimize alyp barýan gädigiň agzynda. Gädikden giripdirinmi ýa girmändirinmi, tanyş oturgyçlaryň üstünde oturypdyrynmy ýa oturmandyrynmy bilemok, özüme gelip daş-töweregime seretsem demir ýoluň üsti bilen öz öýümize tarap mytdyldap barýan. Her ädimimde-de,şol bir sözler gaýtalanyp dur: «Sag bol, ezizim. Mähribanym...» Halys ýadan bor-a çemeli birden-kä bütinleý tapdan düşdüm duruberdim. Aýaklarymyň ygsyny gaçdy. Beýnim doňdy. Köçäniň gyrasynda gyşaraga-da, tä, kyýamat ahyr bolýança oýanman, magşar gününe çenli gymyldaman ýatasym geldi.
Her hal beýtmedim. Daş asylan ýaly agyr göçýän ädimlerimi zordan ädip, jaýymyzyň girelgesine bardym. Garaňky basgançaklar bilen «dähedem-dessemläp» dördünji gata çykdym. Özümi özüme ömürýoldaş bolan melemtil, gyralary gyryk, üpürjik-üpürjik bolup duran mähriban diwanymyň üstüne atdym. Kellämiň içindäki şol bir gaýtalanyp duran hoşlaşyk sözlerine diň salyp ýatyşyma-da uka gitdim. – Erkin sözüne dyngy berdi-de, aşaklyk bilen ýüzüme seretdi.
– Howwa, ýadymda. Men seni ondan öňem, soňam şolar ýaly ýagdaýda göremok.
Şol günüň ertesi welin, haýsydyr bir göze görünmeýän güýç: «Tur, çyk-da, Jemalyň ýanyna git. Ýaraş!» diýip, goltugymdan çekdi durdy. Ýüregimem şonuň tarapyny tutdy. «Dogry aýdýa, bar, git, ýaraş» diýip, birsyhly «bükgüldedi» durdy. Şonuň üçinem, turşum ýaly Jemalyňka tarap tutdurdym. – Huşuny dörjelemek üçin Erkin gözlerini depesine dikdi. – Ýalňyşmaýan bolsam şol wagt öýlän aralardy. Özem güýzüň ýaňy bir başlanandygyna garamazdan güýçli ýagyş ýagýardy. Edil, Jemalyň «ak maşyna» münüşini garawullan günümdäki ýaly damjalary iri, ýöne olar ýaly sowuklaç däl-de, ýylymsy ýagyş. Egnimde-de şol günki gara balon kurtka. Onuň ýukajyk kapşonkasam edil şol günki ýaly kelläme bürelgi. Dogry, «Gitme, mertebäňi peseltme» diýen duýgam böwrüme dürtüp bir gapdalymdan galanok. Ýöne olar ýalyda öz duýgyň bir şaýa-da degenok ekeni. Ýüregim duýgy bilen hemişe bir hörpden gopmaýan ekeni. Ähli agram bolsa beýnim bilen aýaklaryma düşýär.
Her biri gola ýaly çabgalaryň arasy bilen yrgyldap barýaryn.
Baranymdan soň näme boljak, daş işikden gykylyklap kowjakmy sypaýyçylyk bilen ugratjakmy, ýa: «Wah, geleniň gowy bolaýdy, kowanyma puşman edip otyrdym» diýip, mähirli garşylajakmy, ony bilemok, ýöne, şonuňka tarap gidip barýaryn.
Ine-de, men Jemalyň iri gözenekli ýaşyl derwezesiniň agzynda durun. Derweze gulply. Howlynyň içinde adam-gara görnenok. Onda-munda çaşyşyp ýatan döwük-ýenjik çotgalar, poslan şpateller, diwara çalynýan emulsiýadan boşap, soňam içine çägedir-palçyk, betondyr-suw salnyp ulanylan sim tutawaçly, ak, plasmas setiller, sementden ýa ownuk çagyldan boşan sargylt, iki gat kagyzdan ýasalan haltalar bu ýerde düýn-öňňinjik gurluşyk işleriniň gidendiginden habar berýär.
Gapylarynda suw satylýan budkajyk bardy. Ol Jemalyň daşkyrak garyndaşlarynyň biriniňkidi. Gelim gidimli ýer diýip, tomsuň başlarynda goýupdy. Bir tarapy ýol we ullakan döwlet dükany bolansoň arly tomus ol budkanyň adamsy egsilmändi. Azyk almak üçin dükana barýanlaram işe barýanlar ýa işden gelýänlerem şol ýerden geçýärdiler. Üstesine, Jemalyň garyndaşy suwuny beýlekilere görä arzanam satýardy-da, tä gije sagat, on birlere budkajygyň öňünde çagalaryň gohy asmana göterilýärdi we Jemalyň gapysy hemişe toýhana meňzeýärdi. Elinjek sowuk suw öz wagtynda ussalara-da hezil beripdi. Budkada kireýine işleýän gelin suwuň daşyndan azyk harytlaryndanam ony-muny getirip satýardy-da, gyssanan wagtlary ussalar ondan atlaryna, ýazdyryp, nahar-şor üçin nesýe-nowgan huruşlygam alyp bilýärdiler. Işiginde budka goýandygy üçin Jemal garyndaşyndan paç almaýardy. Ýöne özüniň we çagalarynyň islän wagtlary islendik mukdarda suw alyp içmäge haklary bardy.
Bu gün welin, ine, şol budka-da ýapyk. Düýbünden ýapylypmy ýa ýagyşly güni hiç kim gelmez diýen niýet bilen özleri ýapdylarmy, belli däl, ýöne düýn-öňňinem gyzan bazar ýaly ala-ýaz bolup duran howlynyň gum-guk bolup durşy meniň gussamy hasam artdyrdy.
Şol günüň iş günüdigi Jemalyňam işde bolmalydygy diňe, esli wagt töweregime garanjaklap, delmuryp duranymdan soň ýadyma düşdi.
Golaý ýerde kiçiräk aragatnaşyk bölümi bolup, ondaky telefon awtomatlardan beýleki şäherlere, žeton bilen bolsa şäher içine jaň edip bolýardy. Jogap bermejekdigine gözüm ýetip duranam bolsa, şoňa bardym-da: iň bolmanda sesini-hä eşidip galaryn-da diýen umyt bilen Jemalyň işine jaň etdim. Onsoňam ol wagt meniň üçin esasy zat Jemal bilen gürleşmegem däl-de, onuň ýerindedigini ýa däldigini bilmek. Işläp otyrmyka ýa: «Aňtawçydan-a dyndym, indi bir arkaýyn gezeýin» diýip, nirädir bir ýana jünäberdimikä? Eger-de şeýle bolsa, onda islendik ýol bilen onuň nirä, kimiň ýanyna, näme üçin gidendigini anyklamaly. Elbetde, sende: «Siz aýrylyşdyňyz ahyry. Ondan soň ol nirä gidende, kimiň ýanyna gidende nä işiň» diýen soragyň döremegi mümkin. Dogry, şol soragy şol wagt men özüme özümem berip gördüm. Şonda özüm maňa: «Ýok, ýok! Beýle däl! Bil! Hökman bil! Bilem, ýüzüne-de bas! Eger-de öň düzüw gezen bolsa bir günde bozulybilmezdi. Dost tutunyp ýetişmezdi. Gidipmi, diýmek, öňden bäri gatnaşyp ýöreni bar bolmaly» diýdi. Men özüm bilen ylalaşdym. Şonuň üçinem, jaň etdim. Göwnüme getirişim ýalam boldy. Ol ýerinde ýok ekeni. «Ýok» sözüni eşidenimden kalbyma ot düşdi. Ýaram täzelendi. Derdimiň üstüne dert goşuldy.
Beýnim öňküdenem beter bulaşdy. Telefonyň aňry ujundaky, sesi diýseň yzgytsyz çykýan aýaldan bir zatlar soramaga hyýallandym, ýöne ýetişmedim. Gepleşik kesildi. Ol aýala täzeden jaň edip, şol bir zat barada ýene bir gezek sorag bermek gorkuly. Sebäbi ol öňem kän gezek: «Men siziň sorag-jogap tekjäňiz däl...» diýip, ýüzümi alypdy. Umuman, onuň edara boýunça iň yzgytsyz adam hasap edilýändigini Jemal maňa kän aýdypdy: Ýolbaşçylara şikaýat edip: «Telefonda köp gepleşmeli däl» – diýen düzgüni girizenem şoldy. Jemal onuň şeýle yzgytsyzlygyny ärsizligi bilen düşündirýärdi. «Öz betbagtlygyny ilden görýän ýaly» diýerdi.
Ýöne ol pursat mende başga çykalga ýokdy. Şol «aýal» gelip meni atýanam bolsa ýene bir gezek jaň edip Jemalyň nirä gidendigini ondan soraýmalydym. Şonuň üçinem ýüregimi bire bagladym-da, täzeden jaň etdim. «Da» diýen hökümli, ýakymsyz sese inim üýşenen hem bolsa, özümi derhal ele aldym-da, öňi bilen-ä ikinji gezek jaň edip bimaza edýändigim üçin ötünç soradym, soňam Jemala özümiň zerur bir zat aýtmalydygymy, eger-de aňryujy ýagdaý bolsa onuň nirä gidendigini aýtmagyny haýyş etdim. Halys ýürekden gepländirin-dä, ol az salym sesini çykarman duransoň öňkülerine düýbünden meňzemeýän ýumşaksy ses bilen: «Ol häzir seminarda» – diýdi.
Jemalyň bäş gün bäri seminara gatnap ýörendigi diňe şondan soň ýadyma düşdi.
Onuň işleýän edarasy arasy, daş bolmadyk baş binadan we ikinji binadan ybaratdy. Jemal ikinji binada oturýardy, seminar bolsa baş binada geçirilýärdi. Diýmek, ol häzir baş binada bolmaly. Ýöne ol şol ýerde barmy, ýokmy, gep ine, şunda! Seminar bahanasy bilen onuň kimdir biri bilen duşuşyga gidiberen bolmagam ahmal ahyry. Şonuň üçinem, men şol pursadyň özünde baş bina baraýmalydym we Jemalyň şol ýerde bardygyny ýa ýokdugyny anyklaýmalydym.
Ine-de, men baş bina tarap gidip barýaryn. Ýagyş welin güýçlenmese, peseler ýaly däl. Içki howsalamam şonuň ýaly. Aýak basyşymam dürs däl. Sebäbi men ýadaw. Onda-da agyr ýadaw. Üstesine-de dertli. Köp gözýaş döken adam, ýüzümem ýelli. Gabaklarym pökgerip dur. Gözlerim zordan açylýar. Saçlarym öl, hem buýr-bulaşyk. Ýüzümiň ýarysyny kapşonkam ýapyp dur, arasynda-da entirekläbem gidýän. Düýnden bäri beýnimde berç bolan sözleri bolsa, indi her ädimde daşymdan gaýtalap barýaryn. «Sag bol ezizim, mähribanym... Sag bol, ezizim, mähribanym...»
Baş binanyň agzyna barýançam öňkimdenem beter ezildim. Seminar altynyň ýarynda gutarmaly. Şol wagt bolsa sagat bäş. Diýmek, ýene ýarym sagatdan seminarçylar çykmaly.
Ine, ol ýarym sagadam geçdi. Ýöne, hiç kim çykmady. Alty boldam welin işgärler çykyp başladylar. Jemal onda-da görünmedi. Indi edarada diňe bölüm müdirleri we dolandyryşlaryň başlyklary galan bomaly. Olaram ýediniň ýaryna, aňry gitse, ýedä çenli oturarlar-da gaýdarlar. Mahlasy, şol binanyň içinde Jemal ýok. Sebäbi çykmady.
Birdenem Jemal bile bir bölümde işleýän keltejik boýly, ýüzi tegelegräk, gyýadan gelen kiçijik gözleri galyň äýneginiň astyndan güberilip görünýän, aşgazandan azar çekýändigine garamazdan, içmäni gowy görýän Aman atly, orta ýaşlaryndaky kişi binanyň mähnet gapysyndan atylyp çykdy-da, basgançaklardan tüwdürilip aşak düşdi. Şol edarada işläp gaýdandygym üçin men ony gowy tanaýardym. Jemal bilen aramyň bardygyndan habary barmy ýa ýok, ony aýdyp biljek däl, ýöne gözüm kaklyşandan edil kakasyny gören çaga ýaly ýapyrylyp şoňa, tarap ýüwürdim, barybam hal-ahwal soraşara mähetdel, göwnüne zat getirerem öýtmedim-de, Jemalyň şu gün seminara gatnaşandygyny ýa gatnaşmandygyny, eger-de gatnaşan bolsa, näme üçin altyň ýarynda çykmandygyny soradym. O-da bu saňa nämä geregem diýmedi-de: «Altyň ýarynda hiç kimem çykan däldir, sebäbi bu gün iň soňky güni bolansoň seminar adatdakysyndan irräk gutardy, häzir bolsa hemmesi üýşüp, ho-ol, görünýän kafede nahar iýip otyrlar, menem şol ýere barýan, Jemalam şol ýerdedir» diýdi. Derrewem saýawanyny açdy-da damjalaryň arasy bilen görkezen kafesine tarap ýumlukdy. Asfaltyň oýrak ýerlerinde oýmur-oýmur bolup ýatan ýagyn suwlarynyň arasy bilen bökejekläp barşyna basym ýoluň o ýüzüne geçdi we ýagynly ýeliň badyna şahalaryny «şabyrdadyp», iki ýana bulap duran gür gara baglygyň arasyna siňip gitdi. Birdenem galyň bulutlaryň, sil kimin guýýan ýagynyň arasy bilen asmanyň bir ýeri yş açdy-da, ýere günüň sarymtyl, solgun hem sowuklaç şöhlesi düşdi. Derrewem ýitdi. Yş bitdi. Howa ýene-de garaňkyrady.
Men uludan demimi aldym. Çünki işinde ýok diýdim, seminarda bolup çykdy, seminardan çykmady diýip oda-köze düşdüm, kafede bolup çykdy. Garaz, eden gümanlarymyň bary gury howsala bolup çykdy durdy. Şondan soň ynjalaýsamam, gaýdybersemem boljakdy. Ýöne: «A kafe barman başga bir ýere gidiberen bolsa näme» diýen pikir ýene-de bir ýerlerden kowsarlap gelip, kelläme urdy-da, öňki kaddyma getirdi duruberdi. Indi men kafeni barlamalydym. Şol ýerde ol seminarçylar bilen bile nahar iýip otyrmy ýa ýokmy ine, şuny bilmelidim.
Hut şol niýet bilenem, batyp-çümüp, Amanyň salgy beren kafesine tarap «çygşyldap» ugradym. Elbetde, o durşuma men kafe girip biljek däldim. Çünki üstüm-başym öl-myžžyk. Görnüşüm egbar. Ysgynsyz. Üstesine-de men-ä girsem, Jemalam şol ýerde bar bolup, menem görse, ol meni ömürem bagyşlamaz. Gaýdyp ýüzümem görmez, çünki düýn aýrylyşanda-da ol hut meniň şu häsiýetim üçin aýrylyşypdy ahyry. Şonuň üçinem, maňa bir bukurak ýerde gizlenäge-de, seminarçylaryň çykaryna garaşaýmak galýar.
Şol maksat bilen bardym-da, kafeniň çat maňlaýyndaky gür gara baglygyň aşagyna sümüldim. Çykanlaryny görmän galmazlyk üçin, gözlerimi depesine melewşe reňkli ýylançar yşyk bilen owadanlanyp ady ýazylan kafeniň galyň, dub agajyndan ýasalan mis tutawaçly, goňur, ýalpyldawuk gapysyna dikdim. Kafeniň dürli reňkdäki ýazgylarynyň ýagyş suwuna düşýän ýalkymlary ýerdäki haýsydyr bir hudoşnigiň batyrgaýlyk bilen çeken owadan «abstraksiýasyna» meňzeýär. Dyngysyz ýagýan çabga bolsa, olary birsyhly çaýkap, sudurlaryny häli-şindi üýtgedip dur..
Hernäçe garaşsamam Jemal çykmady. Aman dagy çykandan soňam çykmady. Men hatda kafe ýapylyp, işgärleriň özleri gidenlerinde-de öz ornumda durdum.
Şular ýaly oýlary aňymda aýladygymsaýy beýnim bet bulaşdy. Aýaklarym göwrämi götermejek boldy. Öl eşikler, telim sagadyň hereketsizligi süňňümi saraňgaty etdi. Süýeklerim herekete gelmejek boldy. Ysgyndan gidip ýykylaýmakdan zordan saklandym. Oňa çenli kafeniň garawulam birki gezek dagy girdi, çykdy, hamala meni görýän ýaly duran ýerime tarap öwran-öwran, ýapyrylyp-ýapyrylyp çiňerildi, soň gelip edil öň ýanymda buşugyp gitdi.
Onda-munda elleri dubinkaly ýüzleri ýanan kartoşka ýaly garajürjenje girdenejik nobatçy poliseýlerem görnüp başlady.
Men usullyk bilen bagyň arka tarapyndan çykdym-da, ilki ýanýoda, soňam uly ýola düşdüm.
Şol wagt ýagyş öňküsindenem has güýçlendi. Ýel gatyşykly çabga «güwwüldäp» gelende başlaryny çar tarapa bulap oturan baglar köklerini sograga-da asman sary uçup gidibererli göründi. Köçede adam az. Maşynlaram juda seýrek geçýär. Bütin şäher ýatypdyr. Şolar ýalyda adam pahyr özüni edil, uç-gyraksyz umman içre galan ýelkensiz gäminiň ýolagçysy ýaly iňňän ýalňyz duýýan ekeni. Gorkýar, howalasy basylýar. Öýüni, onuň asuda hem ýyljak otaglaryny mähriban diwanyny küýseýär. Menem özümiň köräp duran alowly ojagyma tarap gyrmyldap barýaryn. Ahyram ýetdim. Gapdal söýesinden ýapyşyp, hersine aýak basanymda bir dem säginip, kyrk sekiz basgançagaň iň soňkusyna zordan çykdym. Içeri girişim ýaly özümi iň soňky gaçybatalgam bolan meleje diwanymyň üstüne goýberdim. Ýöne, öl geýimler ynjalyk bermedi. Endam-janym soka salnan ýaly owum-döwüm boldy durdy. Turmaly boldum. Çalşyryndym. Gury geýimler birhili göwräme gurp beren ýaly boldy. «Jemala jaň etmeli, öýündemi ýa giden ýerinden entek gelmänmi, anyklamaly. Eger-de bar bolsa, näme üçin seminardan soň kafe barmandyr sorap bilmeli» diýen pikir bolsa meni telefona tarap itekläp başlady. Ýöne jaň edip Jemal bilen gürleşmäge öýde mümkinçilik barmy, ýokmy, öňürti şony bilmeli. Şol maksat bilen girelgede durup otaglara ýekän-ýekän göz aýlaýaryn. Aýalym-a wanna giripdir. «Şapyr-şupury» eşidilip dur. Sesimem eşitmez. Gelin aşhanada gap-gaçlary ýuwup ýör. Oglum ikisem telewizoryň öňünde gyzykly bir gepleşige seredip otyr. Agtyklar bolsa enesiniň jaýyndaky telewizoryň öňünde ýüplük ýaly süýnüşip ýatyrlar. Diýmek, meniň kime telefon edenimi kim bilen gepleşenimi biljek, diňlejek ýok. Asyl meniň gelenimdenem hiç kimiň habary ýok bor-a çemeli.
Usullyk bilen telefona el ýetirdim. Trubkany galdyryp, gerek belgilerimi aýladym. Jaň gitdi. Trubka alyndy. Aňyrdan Jemalyň sesi eşidildi. «Alo-o...» «Jem...» Adynam doly aýdyp ýetişmedim. Trubka taşlandy. Men ýene-de aýladym. Ol ýene-de şol hereketini gaýtalady. Sogrup goýdumy, nämemi, soňky gezeklerde-hä ol asla trubkany galdyrmadam. Maňa ertire çenli garaşaýmakdan başga alaç galmady. Ýöne ne ertiri, ne birigüni, asyl bir hepdeläp Jemal bilen gürleşip bilmedim. Seminardan soň nirä gidendigini bilmezligimden ýaňa welin içimi it ýyrtyp barýar. Gapysyndan hut özi tarapyn kowlanymdan soňam şeýdip, üstüne çöwjäp ýörşüme käte namysam edýän. Utanýanam. Ýöne, ol uýatlarymyň menzili iki sagatdan aňry gidenok. Böwrümiň sanjysy güýçlenýär-de, telefonyň ýanyna baranymam, jaň edenimem bilmän galýan.
Gündizlerine kwartirama gidýän. Işlejek bolýan. Emma elim işe baranok. Gaýtam şol jaýda Jemal bilen geçiren pursatlarymy ýatlap, onuň eli degen gap-gaçlary, düşekleri görüp hapa bolýan-da, derrew yzyma gaýdýan.
Ikinji hepde aýaklaberende, gör indi näçenji gezekdir men ýene-de Jemala jaň etdim. Aldy. Men iki hepde bäri jaýryk-jaýryk bolup giden çakyr hem gurak sesim bilen çekine-çekine: «Jemal gurgunmysyň» – diýdim. Mendigimi bilse-de, ol bu gezek öňküleri ýaly trubkany taşlamady. Ýöne jogabam bermedi. Meniň näme hakdadygam näbelli, üzlem-saplam çykýan gürrüňlerimi esli wagt diňläp duranyndan soň öýke garyşykly tutuksy ses bilen: «Bolduňmy» – diýdi. Jogaba garaşmanam trubkany goýdy.
Bu onuň gaharynyň gaçyşyp, az-kem açylyşyp ugrandygynyň alamatydy.
Şol günüň ertesi men onuň işden çykýan wagtyna gabatlap edarasyna bardym. Ol aňyrdan ýüzüni sallabrak gelýänem bolsa, golaýyma geldigiçe açylyşdy. Hernäçe çytjak bolup dyrjaşsa-da, gaşlary diýenini etmedi. Birdenem gaýyp barýan garalawajyň ganatlary ýaly giňden gerildi. Gözleri güldi. Esasanam süzük gözi gowy güldi. Dodaklary Badhyzyň ir bişen pissesi ýaly çalaja çyzyldy. Saklanyp bilmänem ýylgyrdy. Ördek bakyşyny edibem «Nämä geldiň» diýdi. «Seni görmäge geldim» diýdim. «Biz näme aýrylyşmadykmy?» «Ýok. Biz aýrylyşsagam ýüreklerimiz aýrylyşmandy». «Däli diýsänim...» Bu onuň meni juda gowy gören wagty, özüni çyn ýürekden söýýändigime, özi üçin her hili kynçylyklara döz gelip biljekdigime gözi ýeten wagty aýdýan sözüdi.
Ep-esli ýere çenli egin deňläp, ýuwaşjadan ýöräp gitdik. Hemişe şular ýalyda ol görer gözden çekinip: «Erkin, öňräkden ýöräýsene... Yzrakdan ýöräýsene...» diýerdi. Bu gezek welin beý diýmedi. Gaýtam, şeýdip, meniň bilen deň gadam urup barşyna buýsanýan ýaly, lezzet alýan ýaly başyny dik tutup ýöredi. Men welin şunça arzuw edip ýeten arzyly pursatymda näme diýjegimi bilmän, ýuwdunyp barýan. Agzymy açdygym: «Arada, ýagyşly gün seminardan soň nirä gitdiň diýäýermikäm» diýip gorkýan. Şonuň üçinem sesimi çykaramok. Dymyşlygy ýene-de Jemalyň özi bozdy: «Men-ä içimiň ýangyjyna diýdim o sözleri şo gezek, sen bolsaň ýeňsäňi tüňňertdiň-de, çykdyň gidiberdiň».
Emgegim ýerine düşdi. Bar zat täzeden başlandy. Dünýä gülgün öwüsdi. Daş-töwerek ýagtyldy. Giňedi. Ýagyş diňdi. Gök gürlemesini goýdy. Harasat ýatdy. Ýyldyrym çakmasyny bes etdi. Ýalpyldap Gün çykdy. Süňňüm ýeňledi. Göwrümime giňlik aralaşdy. Ýene-de şo-ol başdaky ýaly içi süýümtik pursatlardan doly ajaýyp günler başlandy. Ikimizem biri-birimiziň ýagdaýymyza görä bolmaklyga çalyşdyk. Jemal mümkingadar maňa ýakmajak hereketleri etmejek, ýakmaz sözleri aýtmajak bolýardy. Şonuň üçinem, men kem-kemden gabanjaňlyk keselimden aýňalyp başladym. Ýöne her niçik hem bolsa şol ýagyşly gün seminardan soň kafe barman, nirä gidendigini welin bilmesem hiç ynjalyp bilmedim. Ahyry bir gün maýyny tapyp soradym. Ol: «Öýdedim. Seminar gutarmanka rugsat alyp gaýtmaly boldum. Sebäbi ýaramadym. Senem-ä ejir çekensiň welin, aýralyk maňa hasam agyr düşdi – diýdi. – Gapa gelip gideniňem gördüm äpişgeden – diýip sözüniň üstüne goşdy. – Egniňde-de şo-ol, kapşonkaly meşhur gara balon kurtkaň bardy...»
Ynanmazçylyk edere ýer galmady.
Şondan soň meniň ýagdaýym hasam gowulaşdy. Ikimiziňkem gowulaşdy. Bir gowy düýşe meňzeş ajaýyp hem sapaly günleri başdan geçirýärdik. Men bu dynç gününden indiki dynç alyş gününe çenli sabyrsyzlyk bilen garaşýardym we bir wagtkylarym ýaly ony uly söýgi hem mähir bilen garşy alýardym. Ol ýene-de maňa ylham berýärdi, men işleýärdim, özem gowy işleýärdim. Hatda stolumyň üstünde ulurak işleriňem sudury peýda bolup başlapdy.
Ýazyň gelmegi bilen Jemal gapysyndaky suw satylýan budkajygy içiniň enjamlary bilen bilelikde arzan bahasyna garyndaşyndan satyn aldy. «Indi azajyk elim giňär» diýip, ol muňa bijaý begendi. Ýöne oňa ojagaz budkany işleder ýaly adam gerekdi. Özem Jemalyň öz aýdyşy ýaly erkek adam gerekdi. Çünki onuň fiziki güýji talap edýän ýerleri barmyşyn. Mysal üçin, çelegiň suwuny täzelemeli bolanda, gaz bilen gowy garyşary ýaly ruçkasyny ýüz gezekmi ýa ondanam köpmi towlamalymyşyn. Ony bolsa gyz-gelin başarmaýarmyşyn. Geçen ýylky işlän ýaş gelniň bolsa ýanynda adamsy bardy. Elbetde, kim bolanda-da, haýsydyr bir erkek adamyň gapysyndan girip-çykyp ýörşüni meniň halamajakdygymy Jemal bilen däldir diýib-ä biljek däl, ýöne näme üçindir ol şol işi alaga-da, meniň öňdenem halaman ýören bir adamyma tabşyrdy oturyberdi.
Ol adam dogrusy Jemalyň gapysynda baryp-ha adamsy ýogalan döwürlerinden bäri köw-söw edip ýördi. «Adamymyň garyndaşlarynyň arasynda gowy bir molla bar ekeni, ýogalan gününden başlap tä kyrkyna çenli bir köpük alman ähli sakytlaryny sowuşdy, jumalyklaryna-da gatnaşdy, Kuranam çykyp berdi», diýip, Jemal ony turuwbaşdan öwüp başlapdy. Soň onuň tä ýylyna çenli gatnandygyny aýtdy. «Ýylyna bolsa hakyt semiz bir goýny söwüş getirdi» diýip, bolubilenini bolupdy.
Şondan soň o babatda-da göwnüme müňkürlik gidip ugrapdy. Çünki adamsy agyr halda ýatan wagty Jemalyň töwereginde menden başga hossaram ýokdy, garyndaşam. Syrkaw üçin dürli haýyşlar bilen telim gezek Jemalyň öňüne düşüp bejereji wrajyň ýanyna girenem, Saglygy goraýyş ministrligine baranam, gyt dermanlary gözleşenem mendim. Agyr keselliligi üçin kömek puluny düzetjek bolup durmuş-üpjünçilik edaralaryna gatnanda-da, gapdalynda hossar hökmünde diňe men bardym. Ýöne ol döwür men entek Jemal bilen ysnyşykly gatnaşyga girmändim, gabanjaňlyk diýlen zadyň-a nämediginem bilemokdym. Ýöne mollanyň päliniň düzüw däldigini welin aňypdym. Şonuň üçinem Jemaly o wagtlar men gabanmaýardym-da, goraglaýardym.
Şol döwür onuň ömrüniň iň bir külpetli günleri, bolanlygynam diňe men bilýän. Çünki, men onuň ýanyndan aýrylmaýardym, hiç ýere ýeke goýbermeýärdim. Sebäbi, ol wagt onuň ýüki bir özi çekerdien juda agyrdy, gerdenjigi bolsa ejizdi. Naçardy. Iň bolmanda ruhy goldawa mätäçdi.
Adamsynyň ugrunda çapalap ýörkä bir gezek çagalaram syrkawlady-da, Jemal her gününi hem iki üç hassahananyň, hem iş ýeriniň arasynda ylgaşlap geçirmeli boldy. Has kyn ýeri syrkawlaryň hersi üçin bir dürli nahar bişirmelidi, hersiniň gerekli dermanlaryny tapmalydy. Onuň üçinem pul tapmalydy, soňam birin-birin paýlap çykmalydy. Howa bolsa sowuk. Gara gyşyň örküji. Şonuň üçinem halys tapdan düşen naçar maşgala öýüne-de gitmän, ýagdaýy beýlekileriňkä görä, has agyrrak bolan Zübeýdanyň ýanynda ýatmaly boldy. Şol hassahanada işleýän jorasynyň üsti bilen, Jemal ony bir adamlyk, kiçijik otagda ýerleşdiripdi. Ondaky uly bolmadyk agaç krowatda Zübeýdany ýatyryp, özem tapsa-ha seteran goýlan üç-dört sany oturgyjyň üstünde, bolmasa-da aşagyna düşek oklap ýerde ýatýardy. Jaýyň içi sowuk bolansoň, şonda men oňa hem-ä özleri ýylynar ýaly, hemem nahar gyzdyryp çaý gaýnadarlary ýaly üsti açyk spirally tok plita eltip beripdim.
Şeýdip ýörşüne Jemalyň özem sowuklady-da, ýagdaý hasam kynlaşdy. Bir gün agşamaralar yzyndan barsam gyzynyň aýak ujunda çugutdyryp oturşyna boýnumdan aslyşdy-da: «Ne özümde, ne adamymda senden başga hossar ýok ekeni» – diýip, aglady. Ykbalyndan nalady. Soňam ýaşdan ýaňa gyzaran gözlerini gypyrjykladyp ýüzüme seretdi-de: «Erkin, eliňe pul düşse çişlikden bir doýaly-la» – diýdi.
Işe ýerleşenimden soň men onuň ol haýyşyny aňryýany bilen ýerine ýetirdim. Adamsynyň ýyly geçip, gatnaşyp ugranymyzdan soňam oňa maý tapsam çişlik alyp berdim, ýöne şol pursatky boýnuny burup, haçan iýiljegem näbelli çişligiň tagamyna gaýybanasyndan gultunyp, gurak-gurak ýuwdunyp oturşy göz öňüme gelende welin, heniz-henizlerem ýüregim gyýym-gyýym bolup gidýär.
Ine, şolar ýaly horlanyp ýören döwürleri hossar tapylmadyk Jemal, ine, dul galanyndan soň hossarly boldy oturyberdi. Men ol molla baradaky pikirimi Jemala ýene-de aýtdym. «Suwuňy şoňa berme, öňki hereketlerinem ol ýöne ýere edenok, seň synaňa göz gyzdyryp edýä» diýdim. Emma ol meniň bilen razylaşmady. Ýa-ha mollanyň şol hereketleri hakykatdan-da garyndaşlygy üçin edýändigine çyny bilen ynandy, ýa-da şo-ol bir wagtky «ak maşyn» barada aýdyşy ýaly: pyşgyrýança bir ulanaýyn, diýen niýet bilen duýmadyksyrady, ýa bolmasa-da, bir ýyl bäri edip gelen mugt hyzmatlary üçin göwnüne degmäge, ýüzüni almaga dözmedi. Belki-de, bogny ysmady. Garaz, şol wagt ol meniň bilen ylalaşmandy. Hemme adam ikimiziň pikir edişimiz ýaly garaýürek däldir, Erkin, ol hakykatdan-da ärimiň garyndaşy bolansoň bize dözmän şeýdip ýör, gelende-gidende «jigijiklerim» diýip, çagalarymyň başyny sypalaýa, mähir berýä, ony-muny alyp berýä, özem namazly-täretli adam, oňa müňkürlik etmek gelşiksiz bor. Üstesine: «Arly tomus mugt işledip bereýin şonyňy, kör-köpügem gerek-gä diýýä» diýip, şol diýen ýerini tutdy oturdy. Ýöne, men barybir öz pikirimden dänmedim. Şeýdibem Jemal ony işe aldy. Has takygy öýüne saldy. Hemişe günaşa ýa başaşa gelýän adam şondan soň şol howla labyryny ymykly taşlady oturyberdi. Bu ýagdaý meni ýene-de howsala saldy. Men ýene-de şo-ol, gadymky kaddyma geldim. Oturyp-turup ynjalygym bolmady.
Dogry, suwa durýança men ol mollany görmändim, ýöne Jemalyň sözlerine görä, ol menden bäş-alty ýaş kiçi, üsti-başyndan elmydama kelle-aýagyňmy, täze soýlan etiňmi myrtar ysy aňkap duran pyýada bolmalydy. Bilgeşländen meni gyjamak üçinmi ýa özüniňem ony gaty bir halap barmaýandygyny nygtamak üçinmi, talaban hökmünde nalaç saklap ýörendigini terkarlamak üçinmi, Jemal käte mollanyň nahar-şorluk azyk önümlerinem getirýändigini, ýöne çüýrük bolansoň ol harytlarynyň ýarysyny zyňmaly bolýandygyny, galan ýarysyny bolsa onuň özüne iýdirmeli bolýandygyny, çünki getiren zadyndan bir zatjagaz bişirip öňünde goýmasaň wagty bilen ýerinden gozganmaýandyny öz-özi bilen gürleşýän ýaly edip, ýuwaşjadan gürrüň berýärdi. «Özem şeýle bir iýermen, şeýle bir horan bir oturyşyna üç gezek dagy jama nan dograp iýýä, çorbasyny bolsa göterip jamyň erňeginden içýä, yzyndanam sag eliniň süýem barmagyny jamyň gyralaryna, düýbüne süýkäp, «şapbyldadyp» bir ýalaýa welin, özüm utanyp gidýän» diýip, gybatynam edýärdi. Meniň bolsa o gürrüňleri eşitmediksirän bolup oturybermekden başga alajym ýokdy. Şol bir zady gaýtalap garşysyna gidip oturmakdan bolsa netije ýok. Agzaýdygyňam: «Sen-ä ýene-de köne heňiňe başladyň-ow» diýip, alpetiňden alýar. Men oňa: «Eger-de diňe hyzmaty üçin saklaýan bolsaň, onuň şol hyzmatlaryny men edeýin, ýöne, şony kow» diýibem gördüm. Onda-da etmedi. «Başarmajak zadyňy aýtma, Erkin, ol iň bir hapa işlerem irinmän edip ýör, sen bolsaň o zatlaryň gyrasyndanam barybilmersiň...» diýdi.
Şondan soň mende: «Görýän welin, şüý-ä menden geçjek welin şondan geçjek däl şekilli» diýen şübhe döredi. Gümanym artdy. Özümi kim-kimleriň öňünde kemsidilen hasap etdim. Jemaldan ýüz öwürmekligi, dolanybam yza dönmezligi ýüregime düwdüm. Ýöne her gezek şeýdip, öýkeläp gidenimden soň aňyrsy iki sagada ýetmän ýa-ha jaň edýärdim, ýa-da ýaňadandan ýaraşmak üçin ýüzümi ýerden asyp ýanyna gelýärdim.
Şeýle-de bolsa, eýýäm bar zadyň mazasy gaçyp ugrapdy. Dynç günündäki duşuşyklarymyzam öňki lezzetini ýitiripdi. Biz biri-birimiz bilen edil borçly ýaly sowuk-sala duşuşýardyk, ogşaşman aýrylyşýardyk, sessiz-üýnsiz hoşlaşýardyk. Gepimiz-sözümiz alyşmaýar diýen ýalydy. Gözýetimden süýşüp gelýän gara bulut «hä» diýmän asman gümmeziniň ýüzüni örtjege, güýçli harasada öwrüljege meňzeýärdi.
...Bir günem nebir günümi bulanmagyna sebäp bolan şol mollajygy gözüm bilen bir göreýin-le, diýen niýet bilen Jemalyň işde çagalarynyň bolsa mekdepde wagtyny peýläp öýüne gitdim. Bardym. Budkanyň agzyndan garadym. Görsem ýalpyldap duran hüýt-gara ýüzli, agy sallanyp duran gyýma gara balakly, köýneginiň ýagyrnysy derden ýaňa kebir şor, boýny gara-gäz, ullakan ala gözleri oýnaklap duran bir jortmajyk, elli bäş ýaşlaryndaky, gara garsak kimin kiçijik bir pyýada stakanlary çaýkaşdyryp, iki ýana yranjyrap: «Şasenemiň gapysynda gedaýam, maňa sen ýar gerek, özge gerekmez» diýip, öz-özünden hiňlenjiräp dur. Dogrymy aýtsam, gözüm düşenden inim üşendi. Derrewem Jemalyň: «Gözüň bilen görseň öz-özüňdenem gabanmaňy goýarsyň» – diýen sözleri ýadyma düşdi. Dogrudanam sähelçe özüňi sylaýan bolsaň ondan maşgala gabanar ýaly däl. Iň bolmanda daş keşb-ä şeýle. Gözleriniň şöhlesi sowuk. Gara ýüz üzre hasam akjaryp görünýän, hemmesi abat dişlerini syrtardyp ýylgyryşy nazaryndanam beter sowuk. Umuman, ýüzünde gözünde mähir ýok. Bokurja boýnuna kiçijik, kirlije ak ýaglyk orapdyr-da, iki ujunam alkymynyň aşagynda bir gezek çigipdir. Wagtal-wagtal ol şol çiginiň uçlaryny çekişdirip goýberýär. Megerem, kakasyndan galan bolsa gerek, tomsuň günüdigine garamazdan, egninde geçen asyryň ellinji ýyllarynda ýoň bolan, döşleri jübüli çal kitel. Ýeňse tarapy barmak sokaýmaly boş bolansoň, ýap-ýaňyja syrylan tagaşyksyz kellesine howul-hara taşlanan köneje tahýasy her gezek hereket edende o ýan, bu ýan hallan atyp, dur.
Ol iki elinem öňündäki agaç germewe diredi-de, ýüzüme gyşarylyp bakdy, ýylgydy, iki gözünden syzyp çykýan mähirsiz nazaryny çat maňlaýyma dikdi: «Haýsysyndan guýaýyn agam? Tarhunmy? Almamy? Üljemi ýa şetdalymy? Erikmi? Ýa çalmy? Men biri-birine ýelmeşen dodaklarymy zordan açyp: «Çal guýaý» – diýdim.

Dowamy bar >>
Awtoryň başga makalalary

Категория: Romanlar | Просмотров: 54 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Romanlar bölümiň başga makalalary

Ölüp-direlen -3/ romanyñ dowamy - 29.04.2021
Döwletbaşy -3/ romanyñ dowamy - 03.02.2021
Metal çabga / romandan bölek - 14.02.2021
Zyýarat -2/ romanyñ dowamy - 09.02.2021
Ölüp-direlen / roman - 29.04.2021
Ussat we Margarita -9/ romanyñ dowamy - 11.02.2021
Iñ soñky tomus -6/ romanyñ dowamy - 22.02.2021
Казнь Махамбета -11/ продолжение - 30.06.2021
Aýpi hakynda rowaýat / romanyñ soñy - 26.04.2021
Söýgüde serhet ýok -9/ romanyñ dowamy - 05.09.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]