23:49
Söýgüde serhet ýok -5/ romanyñ dowamy
Şol pursat men Jemaly tanamadym. Çünki şo çaka çenli men ony aňly, düşünjeli, akylly-başly, parasatly agras bir gelin hasap edip ýördüm. Şol wagt welin ol meniň gözüme ýeňles, özünem, golaýynam sylamaýan, diňe öz göwnüni görýän, sähelçe bähbit üçin iň bir ýakyn adamsynyňam ýüzüne gelip, synasyny orta goýup biljek ýakymsyz gelin bolup göründi. Şol wagt men oňa ýa-ha iň soňky sözümi aýtmalydym, ýa-da binamyslyga salyp oturybermelidim. Çünki men ony resmi ýagdaýda bolmasa-da, öz maşgalam hasap edýärdim. Şonuň üçinem: «Olar ýaly bolsa bolýa, bar, ýoluň açyk. Kimiň maşynyna münseň, şoňka mün. Ýöne meni ýatdan çykar. Maňa seniň ýaly herdemhyýal gelin gerek-gä. Men ýalňyşypdyryn. Daşyň meňzese-de, içiň meňzänok. Sen Güljemal däl» diýdim. Menden beýle kesgitli gaýtawula garaşmadyk bolsa gerek, ol boz-ýaz bolup durşuna: «Göreş meýdanyny gaty basym taşlaýaň-la...» diýdi. Men indi gaharsyz, asuda gürledim. «Özüňi göreş meýdany hasap edýän bolsaň, ol meýdanda men ýok. Men beýle söweşiň esgeri däl. Wepaly ýar üçin başymy goýmalam bolsa goýaryn, biwepa üçin welin...» Jemal erbet aljyrady. Düýbünden başga sypata girdi. «Men saňa biwepalyk edemok, Erkin... Men... Men ýöne... – diýip, bir gapa, birem penjirä tarap owsun atyp durşuna howlukmaç gürledi. – Men häziriň özünde bararyn-da oňa git, gaýdybam garaňy salma, diýerin... Maňa seniň söýgüňden başga zat gerekgä. Gödek hereket edenim üçin bolsa bagyşla...» Men azajyk oýlanyp durdum-da: «Bolýa, oňa men razy, şony ugrat-da, özüň şu ýerden işiňe pyýada ýa awtobusly git» diýdim. Aýdyşym ýalam etdi. Ak maşyny ugradyp, özi pyýada gitdi. Ýöne, men barybir ynjalyp bilmedim. Ertesi irden baryp, şol maşyna ýene münýämi ýa ýok, barlap görmeli, diýen netijä geldim. Ine, şo-da meniň şondan soňky başlanjak we ömürboýy dowam etjek gabanjaňly hereketlerimiň başy boldy. Ol duýgynyň ýaňy bir gübürdäp ugran ody has-da tutaşyp, aýylganç bir apata öwrüldi. Et bilen deriniň arasynda ençeme wagt bäri meýmiräp, maýyna garaşyp ýatan «Was-was» gylyjyny syryp daş çykdy. Ur-tut meni eýerledi. Üstüme mündi. Şondan soň ol meni islendik tarapyna bakan haýdatdy ýördi.
...Şol gije ýagyş ýagdy. Ertesi ir bilen bolsa öňküsindenem güýçlendi. Şeýle-de bolsa, niýetimi amala aşyrmak üçin Jemallara tarap ýola düşdüm. Egnimde ýagyş geçirmeýän, reňki gara, kapşonkaly balon kürtekçe. Başymda gaýyş papak. Golaýlaberenimde özümi tanatmazlyk üçin kapşonkany çümre geýdim, ýakamy galdyrdym.
Gatbar-gatbar gara bulutlaryň galyňlygyndan ýaňa daş-töwerek tüm garaňky. Asmandan «alaşapyrdy» bolup inýän galapisnt damjalardan ýaňa öňüňde edil başy asmana ýetip duran kümüş diwar bar ýaly. Çen bilen ýöräýmeseň, başyňy galdyrmaga, gözüňi açmaga maý ýok. Asfalt köçäniň troturayň üsti, gyralary «lasyrdap» duran äpet gazany ýatladýar. Aram-aram çykýan elhenç hem dowamly «gümmürdi» kalbyňa wehim salýar. Ol süýr depäňde başlanyp, demir tigirli araba ýaly «takyrdap» gidýär-de baryp gözýetimde ýitýär. Ýyldyrym çakan wagty bolsa asman çat açana dönýär. Hatda onuň çat açan ýerleriniň otly çyzyklaryna çenli görmek bolýar. Bu zatlaryň barysy birigip, ozaldanam garalyp duran dünýäni hasam gorkunç görnüşe salýar. Ýagşyň arasyna käte bir böwşeňlik düşen ýaly bolýar, ýöne ol uzaga çekenok. Täze güýç bilen şaglap bir inýär welin, edil deňziň äpet gomlarynyň aşagynda galan ýaly bolýarsyň. Meniň elimde ýagyş saýawany bar, ýöne ondan peýda ýok, gaýtam zyýan edýär. Ýagyş gatyşykly sowuk ýel aşagyndan garbap alyp dik ýokary göterýär-de, paraşýut ýaly öz ugruna tarap süýrekläp ugraýar welin, menem ony elimden sypdyrmajak bolup esli ýere çenli yzyndan ýelkildäp gitmeli bolýaryn. Juda bolmasa ýel ony eliňden kakyp alýar-da, çepbesine çöwrüp ýere taşlaýar. Şonuň üçinem men öýden çykyşym ýaly ony ýygnap goltugyma saldym-da ötügiň üstündäki terslin-oňlyn, çatlym-çatlym bolup ýatan demir ýoljagazlaryň üsti bilen bökejekläp diýen ýaly geçdim we «sirkden» soň Jemal bilen bileje gidýän ýodajygymyza düşdüm. Ýagşyň güýçlüliginden we gürlüginden ýaňa men barýan ýolumy çen bilen bilýän. Görgi baryny görüp sagadyma seredýän. Dokuza ýigrimi minut bar. Ýene bäş minutdan Jemal öýünden çykmaly. Sähelçe eglensem ýa ol çykmaly wagtyndan bäş minut öň çyksa ýetişmezligim mümkin. Ýöne ol hiç haçan wagtyndan öň çykmaýar.
Çat maňlaýymdan inýän çabganyň garşysyna ýapyrylyp barşyma «Marlbora» ýazgyly dükanjykdan çen tutup, Jemallaryň deňine ýetendigimi aňdym. Bir görsem o-da köçäniň aňry ýüzünde iki tarapyna alakjap dur. Bärik geçmekçi bolýar. Ine-de ol gomlaryň garşysyna ýüzýän gämi ýaly asmandan inýän çabgany özüniň giň maňlaýy, gaba göwüsleri bilen süsňäp bäriligine tarap ugrady.
Men bardygymy bildirmezlik üçin bir gyra çekildim. Aşaklyk bilen daş-töweregime seretdim. Onuň gelip durjak ýerinde maşyn ýok. Men nähak ýere müňkürlik edip ýören bolaýmaýyn diýip, öz-özümden utanýaryn hemem çenimiň çyn bolup çykmandygy üçin begenýärin. Ýöne ol ýoluň bäri ýüzüne geçdem welin, düýnki ak maşyn edil, ýerden çykan ýaly bolup geldi-de, deňinde saklandy duruberdi. Jemalam edil, nika köşgüniň gapysyny ilkinji gezek açýan ýaş gelin ýaly seýkin basyp bardy-da, çalarak eglip elini gapynyň tutawajyna ýetirdi. Eda bilen çekdi. Açdy. Ululy-kiçili kümüşsow damjalaryň arasy bilen sülmüräp maşynyň içine girdi.
Girenden soň ol sürüji oglan bilen baş atyp salamlaşdymy ýa ýylgyryp şelaýyn gepleşdimi, ony men bilemok, asla bilesimem gelenok, ýöne ýüregimiň suw ýaly eräp, şor gatyşykly süýjümtik yzanyň endam-janyma ýaýrap gidenini, gözümiň öňüniň ümezläp erbet bir entänimi welin bilýän. Şol dem ertirden bäri süňňümi lagşara getiren sowuk damjalaryň her biriniň başymdan gyzgyn gülle bolup ineninem bilýän. Erbet ynjamakdan, kemsinmekden, örtenmekden ýaňa şol wagt men Jemala duşalym bäri ilkinji gezek, söýgi diýlen nägehana nälet okadym. Çünki şo günki ýaly weýran ediji zarbany men entek görmändimem, eşitmändimem. Dili bir zat, göwni bir zat diýýän, beren wadasy bilen edýän hereketleri biri-birine düýbünden ters gelýän nämähremiň ýeňsämden gelip uran urgusy meni erbet entetdi. Ýüregimden bugaryp çykýan gyzgyn söýgimi şeýdip, dört tigirli araba çalyşjakdygyny bilen bolsam, men onuň golaýyna bir bararmydym? Kalbymyň töründen ýer berermidim? Ýok, ol dogrudan-da Güljemal däl. Ol Jemal. Onda-da erbet Jemal.
Aram-aram aýalym bilen bolýan sene-meneleri hasap etmeseň, han ýaly günüm bardy, öz peýwagtyma işlärdim, ýazardym, ýatan wagtym ýatyp, turasym gelen wagty turardym. Söýgüsiz geçip barýanam bolsam dünýäde menden dertsiz adam ýokdy. Ýüregim öz ýerindedi, beýnim öz maýdalyna işläp durdy. Şol beýniniň, şol ýüregiň içindäki inçejik gan-damarjykdan syzyp ýagşu-ýaman, eser yzyna eser döräp durdy. Zähmetini men çeksemem rehnetini il-gün görýärdi. Şol günki waka çenlem elim işläp durdy, söýgi bolsa goltgy berýärdi, ýöne şondan soň meniň öňümde söýginiň başga bir ejirli tarapy açyldy. Özem duýdansyz açyldy. Jemalyň hut özi sebäpli açyldy. Şondan soň heserden başga ne eser, ne ogul, ne gyz, ne öý, hiç kim, hiç zat gözüme görünmedi. Men bir gezip ýören dälä, diwana öwrüldim. Sergezdan boldum. Barja baýlygyny elinden aldyran täjire döndüm. Gedaý galdym. Iň ýamanam bir başyňy sokanyňdan soň, ol bazardan çykyp bolmaýan ekeni. Özüň çyksaňam göwnüň çykmaýan ekeni. Ýene bir bilen zadym o-da, aýal-gyz diýleni öz magşugynyň duýgularyny oýnamakdan lezzet alýan ekeni. Özi zerarly seniň hasrat çekişiňe begenýän ekeni. Şol sebäpli ol o zatlary käte keýpine-de gurnaýan ekeni. Bu zatlara men hut şol gün, ýagşyň agyr damjalarynyň aşagynda ýegşerilip gelýärkäm göz ýetirdim. Süýeklerimi süýräp gelşime men şonda: «Eý, Barhudaý-a! Eý, Perwerdigär-ä! Al bu beren derdiňi menden! Başymdan sow! Azat et! Gutar! Öňki erkinligimi gaýdyp ber! Men kyn güne galdym! Waweýla! Wa-hasrat-a! Wa-daryg-a! Bu beren yşgyň meni köýdürdi!» Ýöne ne gökde, ne ýerde, sesimi eşiden bolmady. Derdim ýeňlemedi. Dep bolmady. Gaýtam güýjerledi.
Men şol ýerden göni öýe gitmelidim. Eşiklerimi çalyşmalydym. Ýöne, aýaklarymyň nädip eltenini bilemok, bir görsem işleýän edaramyň gapysynda durun.
Ýüzümi-gözümi erbet gördülermi ýa süllümmaý bolup durşumdan haýykdylarmy, maňa gözleri düşenden işdeş ýoldaşlarym: «Näme boldy-da, näme boldy» diýşip daşymdan aýlanyşdylar. Öýe gidip eşiklerimi çalşyp gelmegimi maslahat berdiler. Ýöne beýder ýaly birinjiden-ä mende ol wagt gurbat ýokdy, ikinjidenem çaltrak jaň et-de, Jemala iň soňky sözüňi aýt diýip, ýüregim agzymdan çykara gelip barýardy. Hatda aýtjak sözlerime çenli beýnimde aýlanyp dur. Has degerli, tüýs baryp ýüregine çümäýjek, degnasyna degäýjek sözleri gözleýän. Iň bolmanda: «Ah, biwepa! Indi bes! Bary gutardy! Men seni öz günäň üstünde tutdum! Gaýdyp meň ýanyma geläýme! Jaň edäýme!» diýerin diýip, içimi gepledýän. Dişlerimi gyjaýan. Soň onam ýumşagrak görýän-de, başga-başga, has tikenekliräk söz agtaryp ugraýan. Ahyram bir netijä gelýän-de, telefony öňüme çekýän, trubkany göterýän, beletje belgilerimi aýlaýan. Öňler şol belgileri uly höwes, uly hyjuw bilen aýlaýardym. Aňyrdan Jemalyň şelaýyn sesiniň eşdilerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Bu gezek welin telefonyň çarhy elimde pelegiň çarhyndanam agyr göçýär. Trubka çoýundan ýasalan ýaly goluma agram salyp gaçyp barýar. Ýüregimiň gürsüldisi kükregime at dependenem beter batly degýär. «Ine, trubkany alar welin, ýaňky sözleriň arasyna hapa sözlerdenem goşaýyn» diýip, gus-gury dodaklarymy ondanam beter guran dilim bilen ýalamaga synanyşýan. Soňam: «Aý, ýok, her hal sypaýyçylygy saklamak gerek» diýip, ýene-de özüme basalyk berýän. Ýöne näme üçindir trubkany hiç kim alanok. Bent. Azyrak takat edip ýene-de aýlaýan. Ýene-de bent. Şeýdip tä günortana çenli aýladym oturdym. Emma netije bolmady. Şol çaka çenli şeýle bolan wagty ýokdy, şol gezek welin şeýle boldy. Soňabaka bilgeşleýin alýan däldir, görenimi görendir-de, ýakymsyz bir zat diýerimden gorkýandyr diýen pikir kelläme gelip hasam darygyp başladym. Ýa üstüne gidäýsemmikäm diýip, ýerimden gobsunan gezeklerimem boldy. Ýöne başarmadym. Beýniň ýadawlygy bir ýana diýsem, ýagşyň ezginçiligi bilen sowugam etjegini edipdir-de, süňňim gowşap, halys ýere siňip barýan. Ýanyma kim gelýä, kim gidýä, kimiň nämesini terjime edip berýän, onam bilemok. Bolup oturyşymdan ýagdaýymy aňandyrlar-da, soňabaka-ha ýanyma hiç kim gelmedem. Geläýenlerem edil dumanyň içinde ýaly gözüme bulaşyk göründi. Göwreleri eýläk-beýläk sozulyp, büzülip dur.
Başlygyň sürüjisi, Jejew atly uzyn, hortap, burunlak, goýnuň kellesine meňzeş, durşuna tüý bolup duran hüýt-gara goturaky ýüzli, pyýada hemişe boş wagtlary ýanyma gelerdi, ýazanyňda gerek bor diýip, geň-enaýy gürrüňjagazlar aýdyp bererdi. Ol şol günem geldi. Gapdalymdaky oturgyçda oturyp bir zatlary gürrüň berdi. Ýöne men onuňam agzynyň gymyldysyny görýän diýäýmesem näme diýýänini aňşyramok. Gulagyma hiç zat eşidilenok. Asyl-ha men şol wagt gapdalymda kimdir biriniň oturmagyny islämok. Sebäbi derdim başga. Iki gözüm-ä telefonda aňymda bolsa Jemalyň agyr hem sowuk damjalaryň arasy bilen ýat bir maşynyň gapysyndan girip barşy dublýaž edilýän halkaly kino lentasy ýaly birsydyrgyn aýlanyp dur. Jejew welin ol zatlardan bihabar ýüzüni iki baka sypajakladyp, her sözüniň birinde «kikir-kikir» gülüp otyr. Arasynda-da: «Aý, sen-ä meni diňläňogam-laý» diýip, ýalandan öýkelän bolýar, turup gidýär-de, soň ýene-de gelýär. «Ýa bir zat bolýamy how, saňa? Ýaraňokmy? Üstüňem-ä öl-myžžyk. Suwa dagy ýykyldyňmy diýip, hasam ýürege düşýär. Ýüzüme çiňerilip-çiňerilip durýar-da, ýene-de çykyp gidýär.
Günortan boluberende sabyr-kararym halys gutardy. Jemalyň telefonynyň bolsa şol bent bolup durşy. Birdenem: Aý, gel-aý, şoň üstüne gideýin-le, baryp bellisini edeýin-le diýip, ýerimden galdymam, welin, haýsydyr bir güýç egnimden basan ýaly «lampa» aşak oturdym.
Ol gün şeýdip geçdi. Ertesi günortanaralar Jemal meniň gapymda peýda boldy. Ýüzünde welin müýn ýok. Gaýtam ýylgyrýar. «Telefonymyz işlänok, habar tutaýaýyn diýip gaýtdym» diýende dagy gözleriniň jikgelerinden uçgun syçraýa. «Eý, Huda-aý! Beýle-de bir ýüzi göläň hamyndanam gaty, utançsyz maşgala bor ekeni-ow! Gan aglap, aýagyma ýykylmaly, ötünç soramaly halyna gaýtam şelaýynsyran bolýaň-la how, sen. Asla nä ýüzüňe geldiň sen bu ýere» diýen sözleri ilk-ä içimden, soňam daşymdan aýtdym. – Git! Senlik iş gutardy. Sen sözüňde tapylmadyň! Meni aldadyň! Düýn-öňňinlikde beren wadaňy eýýäm bozduň!» diýen sözleri üstüne goşubam, jaýdan çykyp gitmek üçin uly dabara bilen ýerimden turdum. Ol welin: «Näme edipdirin men beýle agramly sözler aýdaryň ýaly – diýip, şondan soňam mönsürejek bolýa. Iki gözümiň içine seredip: – Bol, aýt, näme edenem bolsam» diýýä. «Aýtsam ýene mündüň sen şol maşyna» diýip, ulyilim bilen gygyrdym. Onuň sesi gyryljak hem ýasama çykdy. «Münemo-ok!» «Mündüň-ň! Onda-da öz aýagyň bilen baryp, gapyny öz eliň açyp keýpihon mündüň. Ol saňa signalam bermedi, düýnki aýdyşyň ýaly öňüňe yzyňa geçip ile masgara-da etmedi. Men öz gözüm bilen gördüm! Edil iki ädim bäri ýanyňda durup seretdim. Şundan soňam «münemok» diýip, ýalan sözlemäne neneň diliň barýa», diýdim.
Şondan soň onuň ýüzi üýtgedi. Ýaňaklary bir gyzardy, bir agardy. Utulanyny boýnuna alaýmakdan başga alajynyň galmandygyna göz ýetirdi. Aşak bakyp durşuna: «Dogry. Mündüm. Ýöne, indi münmen. Şol iň soňky gezek münşüm bolar...» diýdi. «Sen öňňinem şeý diýdiň» diýip, men indi gaharyma bäs gelmek üçin pessaýrak seslendim. «Howwa, şeý diýdim. Ýöne düýn ýagyş ýagdy. Onda-da nähili ýagdy. Gözüňi açar ýaly bolmady. Üstesine sowugam janyňy alyp barýa. Görsem öňümde dur. Öňi-soňy maşyn tutmaly, haýsy bolanda näme diýdim-de, münäýdim. – Jemal halys aljyrady. – Onsoňam näbileýin men seň seredip duranyňy...» Men oňa ýüregimden syzdyryp: «Sen menden gorkma, Hudaýdan gork! Meni aldadygyň şony aldadygyňdyr. Ol bar zady görýändir, bar zady eşidýändir. Belki ertir gar ýa jöwenek ýagar, asmandan buz gaçar, gyzyl ýel ýa harasat gopar, sen onsoň ýene-de münäňjekmi şo maşyna? Söz beren adam asmandan pyşbaga ýagsa-da, kyýamat gopsa-da sözünde durmalydyr. Söz beren adamsy hemişe garap duran ýaly bolmalydyr» diýdim. – Erkin tisgine-tisgine sowuk demini aldy. – Özüň bilýäň, Nepes, maňa ilk-ä geplemek kyn, gepläp başlanymdan soňam saklanmak kyn. Otuz ýaşly gelni otuz minudyň içinde terbielemekçi bolýan ýaly takal okap ýüregine düşdüm. Şonuň üçinem Jemal täzeden tijendi-de: «Köne pikir bolmasana, Erkin, giňräk bolsana, Dünýä birneme giňräk göz aýlasana», diýip, edil başdakysy ýaly batyr bolmasa-da garaz, dogumly gepledi.
Eger-de Jemalyň aýdyşy ýaly, men hakykatdan-da köne pikir bolan bolsadym, onda şol ýeriň özünde onuň özüni gylyçdan geçirerdim. Ýöne keçje ýeri men köne pikirem däl, elimde gylyjymam ýok. Aý, meniň nikalym däl, nätse şeýtsin, maňa namysy düşenok diýip, binamyslyga salyp oturybermäge bolsa ynsabym çatanok. Şonuň üçinem men ýüregimden syzdyryp: «Men seni mähribanym hasaplap ýördüm, öz halalym saýyp, ýiten bagtymyň dolanyp geldigi diýip ýördüm. Emma gör, sen nähili zalym, zulumkeş, doň ýürek ekeniň. Men seniň düýnki gün ir bilen şo maşyna müneniňe bir ölübilmän otyryn, sen bolsaň indi münmen, diýip şu iki günüň içinde gör, näçenji gezek söz berýäň. Näçenji gezek ýüregime pyçak urýaň. Seň bu oýnuňa men mundan artyk çydap biljek däl. Hoş! Sen menden boş» – diýdim-de, gapa tarap ýöneldim. Jemal ýene-de öňümi kesdi. Boýnuny burup gözlerine ýaş aýlady. Bigünä çaganyňky ýaly naýynjar bir owaz bilen: «Ýene bir gezek synap göräý, ertirden aňry men şol maşyna münmen...» diýdi. Meniň welin ony diňläsimem gelmedi. «Münseň mün, münmeseň münme, ol seniň öz işiň. Gara başymy gowgaýa salan özüm, özümem alyp çykaryn.» – diýdim-de, gapyny zarp bilen açdym. Daş çykdym. Çykyşym ýalam ýeňsämden Jemalyň: «Erkin, dur! Gitme! Saklan! Meni diňle...» – diýen sesi geldi. Emma men saklanmadym. Asla ol wagt meni saklap biljek güýjem ýokdy. Men ol wagt ýaýdan sypan peýkamdym, atylan okdum.
Köçä çykyşym ýaly ýüzüme salkyn şemal urdy. Süňňümem ýeňlän ýaly boldy. Iki gün bäri egnimden basyp duran agyr labyr aýryldy.
Men tä, garaňky düşýänçä şäherde aýlandym. Öýlän işe-de barmadym. Köçelerde ykdym ýördüm. Arakdan bir doýaýyn-la diýip, telim hanarhananyň gapysyndan bardym. Hiç birine girmänem yzyma döndüm. Aňrym almady. Içesim gelmedi. Çünki arak diýlen närse keýpihonlygyň içgisi. Gaharly wagtyň ol bolmaýar. Köşeşdirmeýär. Gaýtam öjükdirýär.
Ýatar wagta golaýlaberende öýe geldim. Gelşim ýalam ýerime geçdim. Ýatdym. Ýöne uklap bilmedim. Jemal baradaky gümürtik hem garyşyk pikirler rahatlyk bermedi. Gaharym gaçyşdygyça-da ony küýsäp başladym. Nähak azar beren bolaýmaýyn, aralarynda üýtgeşik zat bolan däl bolaýmasyn diýen pikirem öňe çykyp ugrady. Daňdanara çalarak ymyzganypdyryn, ýöne men eýýäm turmalydym, bir käse çaý içibem işe ugramalydym.
...Her gün irden işe gelip penjiräni açyp içerini ýelejiretmek, köçäni synlamak endigim bar. Üstesine Jemalam her gün ir bilen şo köçeden taksili işine geçip gidýär. Men ony köplenç görýärdim we el bulap galýardym. O-da oturan ýerinden maňa tarap aýalaryny gerýär, birenaýy ýylgyrýar. Işine barşy ýalam jaň edip, ýap-ýaňyja meni görendigini buşlaýar. Egerde bir sebäp bilen ol eglense, onda men özüm oňa jaň edip ýap-ýaňyja ony görendigimi buşlaýan.
Düýn iň soňky sözümi aýdyp hemişelik hoşlaşanam bolsam, barybir ýene-de açyk penjireden köçä seredip durun. Şol ýerde Jemaly görmek üçin däl-de, köçäni synlamak üçin durandygyma öz-özümi ynandyrjak bolýan. Düýnki sözlerimden soň indi onuň nämeli geçende-de özüme dahylynyň ýokdugyna garamazdan, bardy-geldi, ol ýene-de şu ýerden geçäýende-de düýnki ak maşyn bilen-ä geçmez, öňküleri ýaly adaty taksili geçer diýip, umyt edýän. Sebäbi ol her niçigem bolsa, näçenji gezegem bolsa söz beripdi ahyry...
...Emma ýene-de bolmady. Ol ýene-de şol, meni otlara salan ak maşynda geçdi. Yzky oturgyçda otyr. Penjiräniň deňine gelendenem bärisine bakdy. Ýöne: «Erkin, sen meni bagyşla, men şundan aýrylybilemok, meni şunuň bilen baglanyşdyrýan zat sende ýok» diýýän ýaly diýseň, naýynjar bakdy. Deňimden geçensoňam menden gözüni aýrybilmän, gaňryla-gaňryla, yzyna garaý-garaý gitdi. Ýüzi-gözem öňküsi ýaly dabaraly däl. Sus. Reňki öçük. Ölügsi. Ýene-de erbet boldum. Ynjadym. Ýene-de ýüregim sançdy. Hälem bolsa: «Seň ne işiň. Düýn özüň rugsadyny berdiň, kimiňkä münseň şonuňka mün, sen indi menden boş, diýdiň, ahyry, diýen pikir kelläme geldi-de, kalbymdaky howsalany az-kem köşeşdiräýdi. Ýüregimem giňän ýaly boldy. Penjiräniň agzyndan aýrylyp ýerime geçdim. Jemal yzly-yzyna jaň etdi. Jogap bermedim. Trubkany taşladym durdum. Ol agşamlyk öýe barşym ýaly, bolýan kwartirama hem jaň etdi. Trubkany taşlamazlygymy, özüni diňlemekligimi haýyş etdi. Men jogap bermän köp durdum. Aýdýan sözleriniň tüýs ýüreginden çykýandygyna ynansamam yzly-yzyna uran urgularyny birbada bagyşlap bilmedim. Şonuň üçinem sesimi çykarmadym. Ol bolsa: «Erkin! Men bilýän! Şu gün irden ýene şol maşynda geçenimi göreniňi bilýän. Ýöne diňle! Trubkany goýma, diňle-de, soň nätseň şeýt. Şu gün men şol maşyna iň soňky sözümi aýtmak üçin, hasaplaşmak üçin mündim. Maňa muny şeýtmek gerekdi. Men muny saňa görmedik bolsaňam aýtjakdym... galanynam özüň bil. Men seniň öňüňde päk. Şol oglan bilen aramyzda hiç zat bolanok... Kelle ýeňillik edendigim üçin bagyşla» diýip, yzly-yzyna suňşurdy.
Köneki, yşgy dessanlardaky ýa nusgawy edebiýatlardaky: «Aşygyň bolmazmyş namysy-ary...», «...Namysdan – ardan aýryldym...» diýen ýaly goşgulara men baryp-ha ýaşlyk döwürlerimden bäri geň galýardym, hiý, arsyz, namyssyzam bir aşyklyk bormy, beýle-de bir söýgi bormy, namysdan, ardan aýyrjak bolsa ol kime gerek, nämä gerek diýip, oýlanýardym. Emma şol çyn ekeni. Magşugy özüni hernäçe ynjytsa-da, sähelçe wagtdan soň aşyk ony bagyşlara bahana, günäsini ötere delil gözläp başlaýan ekeni. Sebäbi şolar ýaly dartgynly ýagdaý adamyň beýnisini erbet ýadadýar, magşugy özünden ýüz döndermese, köňül mülküni bütünleý taşlap gitmese, galan azaplaryna kaýyl bolýar ekeni.
Men muňa öz mysalymda göz ýetirdim.
Şonuň üçinem ysgynsyz ses bilen: «Bolýa» – diýdim-de, trubkany goýdum. Şolar ýaly çylşyrymly wakanyň, gazaply tersleşigiň oňyn tarapa ugur alandygy üçin begendim.
Soň-soňlar, özüniň ak ýürekden boýun almagyna görä, deňizli gürrüňem, «ak maşynly» wakanam Jemal özi bilen deňze gitmändigim, täze işe girenimden soň «merkeze» gyzynyň yzyndan bile gatnamamy goýandygym sebäpli meni jezalandyrmak üçin, gabandyrmak üçin bilgeşleýin ara sokupdyr. Hamala şol gezek deňizli gürrüňi eşidip men ot kimin tutaşmaly, onuň bilen bile gitmändigime puşman etmeli, örtenmeli, köýmeli, dagy-duwara ýeke goýbermejekdigime ant içip awy ýalamaly ekenim. Emma men oňa kän pitiwa etmändirin we ýene bir wakanyň «ak maşynly» dawanyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyryn. Ana, şonda welin onuň pikiriçe diňe bir deňizde däl, şäheriň içinde-de bir pursat aýrylmaklygyň iňňän howply ýagdaýlaryň üstünden eltip biljekdigine ymykly göz ýetirmeli ekenim. Üstesine-de onuň düşünişine görä erkek adam aýal maşgalany näçe köp gabansa şonça-da oňa bolan söýgüsi güýçlenýärmişin, öňküsindenem has gowy görýärmişin, has ysnyşýarmyşyn, has golaýlaşýarmyşyn.
Ýöne onuň ol pelsepesi ýalňyş bolup çykdy. Adam gabansa, söýgüsi artanok ekeni-de, derdi artýan ekeni. Derdinişere adam bolmasa welin, ol hasam kyn ýagdaýa düşýän ekeni.
Meniňkem şeýle boldy. Çünki ol wagt sen eýýäm ýokduň. Angliýa gidipdiň. Telefonda bolsa o zatlary aýdyp bilmeýärdim.
Her niçik hem bolsa biz, şol gezeg-ä ylalaşdyk. Düşünişdik. Ýaraşdyk. Ýene-de öňkümiz ýaly ir ertir, giç agşam işden öýe, öýdenem işe bileje gatnap başladyk... Ýöne, men indi onuň bilen öňküm ýaly diňe ony gowy görýändigim üçin däl-de, gabanýandygym üçin bile gatnaýardym. Meniň indi ony ýekeje minudam gözümden sypdyrasym gelmeýärdi.
– Nätdi, Jemal şondan soň bir sözünde durdumy? Şol ak maşyna münmesini goýdumy? – diýip, men Erkinden soradym.
– Howwa, sözünde durdy, münmesini goýdy – diýip, ol meniň şol sowalyma birneme begenýän ýaly, gollaryny galkyjakladyp göçgünli gürledi. – Ýöne, men welin täze tapynan keselimden aýňalyp bilmedim. Şeýtan barybir meni günüme goýmady. Göwnümiň gümany aýrylmady. Şondan soň meni: Ol indi şol maşyna menden ogrynça münýän bolaýmasyn. Hylwat bir ýerde duşuşýan bolaýmasyn, deňizde duşan gurpluja ýigidem aram-aram Aşgabada gelip duşuşyp gidýän bolaýmasyn diýen ýaly iňkislerem biynjalyk edip ugrady. Beýläme öwrüldigim biri elimden alyp gidäýjek ýaly boldy durdy. Kem-kemdenem gümanym güýçlenip, terslin-oňlyn teýeneler bilen Jemala azar berip başladym. Ynjytdym. Hususan-da jaň eden wagtym Jemal iş ýerinde ýa öýünde tapylmasa, «şolaryň» biri bilen gidendir diýen «was-wasa» düşýärdim-de, ylgap köçä çykýardym we iki ýana hars urup başlaýardym, geçäýjek ýerlerini hatda geçmejek çatryklaryna çenli garawullaýardym, ötýän-geçýän maşynlaryň içine, esasanam belgilerine içgin-içgin seredýärdim. Şol ak maşynyň beýnimde möhür bolup galan belgilerini gözleýärin. Soňabaka maşynlaryň belgileri kelläme sygman, gulaklarymyň, burunlarymyň deşikleriniň içinden çoguşyp çykýardylar-da paýraşyp dökülýärdiler. Gägirsem agzymdan maşynlaryň belgileri terslin-oňlyn çykýardylar. Gözlerimiň öňüni bolsa ümezden ýaňa çal perde gaplap alýardy. Maşynlar seýregräk geçse-hä ne ýagşy, onda men olardan baş çykaryp bilýärdim, hümerlenişip gelseler welin ünsümem, hasabymam bozulýar, asla şol ýerde näme üçin näme işläp durandygymam unudýan. Şonuň üçinem, sähelçe aýňalan wagtym, maşynlaryň birinem sypdyrmazlyk üçin köçäniň ortarasyna girip gidýärdim we ýol hereketini kellämiň içindäki bulaşyk pikirlerdenem beter bulaşdyrýardym. Kimdir biri golumdan çekip bir gyra çykarýança ümüriň içinde galan ýaly ellerimi öňe serip aňalyp durýardym. Käte emgegi ýerine düşýärdi. Ýagny, men ony nätanyş biriniň ulagynda görýärdim. Ine, şunda welin Jemalyň başyndan kyýamat gopýardy. Maşyn eýesiniň kimdigini bilmesem-ä asylam mazam bolmazdy. Şonuň üçinem, men her gezek onuň münen maşynynyň belgisini hut şol ýeriň özünde ýazyp alýardym. Ýanymda ýazara zadym bolmasa çöpjagaz, sim ýa gyýçak daşyň ujy bilen asfaltyň ýüzüne, trotuara ýazýardym. Golaýda jaý bolup, äpişgesem çaňjaryp duran bolsa-ha hasam gowy. Onda baraga-da tozanyň üstünden barmagyňy ýöredäýmeli.
Şeýtmesem ýadymdan çykaraýmagym mümkin. Şol bir belgili maşyna ikinji gezek münenini gördügimem hut dälireýän. Gaýtalanýan belgiler köplenç onuň kursdaşy, mekdepdeşi, tanşy ýa garyndaşy, käte bolsa tötänden ikinji gezek duşýan kireýkeş bolup çykýar. Şolar ýalyda Jemal gör, indi näçenji gezekdir halys janyndan syzdyryp: «Sen meni yzarlamaňy goýjakmy ýa ýok? Beýdip ýöreriň ýaly men näme jelepmi? Ynanmaýan bolsaň bar, git, gelme ýanyma! » diýip gygyrýardy. Şonda men azajyk haýykýardym. Bolup ýörşümiň hakykatdan-da sag adamyň etjek hereketleri däldiginem duýýardym, ýöne, barybir endigimden el çekip bilmeýärdim. Her gezek şowsuz tamamlanýan hem bolsa, men özümiň şolar ýaly «aňtawçylyk» kärimi dowam etdirýärdim. Jemalyň nirededigini, nirä gidendigini bilmek üçin dürli usullar ulanýardym, dürli tärler agtarýardym, dürli emelleri oýlap tapýardym. Muny soňabaka Jemalyň özem aňdy we maňa: «Jenap aňtawçy» diýip, at goýdy. Has soňrak bolsa «Däli» diýen ady dakdy. Onuň ilkinji dakan adyny men has ýerlikli we hakykata has golaý hasap edýärin. Çünki men islendik wagty onuň oslanmadyk ýerinden çykýardym. Soňabaka gabanjaňlyk meni şeýle bir eýerläp mündi welin, ýeke bir duýdurman däl, eýsem duýduryp giden gezeklerem oňa betgümanlyk edýärdim we sözüniň çyndygyny ýa ýalandygyny ýerinde barlamak üçin şo-ol, ýagyşly gün edişim ýaly iki ýana urnup başlaýardym garaba-gara yzyna düşüp gidýän gezeklerim bolýardy. Şeýdip ýörşüme birdenem aýňalýardym-da, bolup ýörşümden utanyp yzyma öwrülýärdim. Ýöne barybir ynjalyp bilmeýärdim we ýene-de öňki ugruma bakan haýdap başlaýardym. Säginip ýitiren wagtymyň öwezini dolmak üçin ylgaşlaýardym. Tapmasam, nirä, näme iş bilen, kim bilen gidendigini anyklamasam kararym ýetmeýärdi. Bukdaklap ýörkäm Jemalyň üstüme gelýän wagtlaram bolýardy. Şonda ol: «Hä-ä, tapdyňmy? Tutduňmy? Biri bilen çörňeşip ýatan ekenimmi? – diýip, gyjalat berýärdi. Yzyndanam: – Erkin, beýdip ýörme, menden ýaňa arkaýyn bol, aýal adam niýetini ýamana dikse hiç kim saklap bilmez, ýöne beýtme, menem gynama, özüňem gynama, men seni gowy gördüm, şonuň üçinem köňlümi berdim, eger-de, islän bolsam saňa görä has ýaşragyny, has gurpluragynam tapyp bilerdim, emma men şol zatlary etmedim-ä... Iň bolmanda oturyp şu zatlar barada bir oýlanmaly ekeniň-ä...» diýip, garaçyny bilen zeýrenýärdi. Şolar ýalyda meniň oňa nebsim agyrýardy. Şeýlekin namart hem ejiz hereketlerim bilen bir naçar görgülini şonça ezýetlere sezewar edýändigim üçin öz-özümi ýigrenýärdim. Başga-da kän zatlaryň üstünde kelle döwýärdim. Gaýdyp şolar ýaly esassyz gümanlar bilen Jemalyň göwnüne degmezligi özüme pent edýärdim. Emma barybir bolanokdy. Sähelçe wagt geçensoň men ýene-de oňa betgümanlyk edip başlaýardym. Soňabaka-ha ol endik meniň dogabitdi häsiýetime öwrüldi. Ömürýoldaş boldy. Gel, gowusy men şo zatlary saňa birin-birin gürrüň bereýin-le... Içimi egiseýin-le...– Erkin ýörite turup gidip sowutgyçdan sowuk suw içip geldi-de, gürrüňini dowam etdirdi. – Mysal üçin, bir gezek ol jaň edip öz jorasy, edaranyň işgärler bölüminiň başlygy Döndiniň doglan gününi bellemek üçin günortanky arakesme wagty gyzlar bilen «Aşgabat» kafesine gidýändiklerini aýtdy. Näçede gelersiňiz, diýsem: «Üçlere dagy geleris» diýdi. Arakesme bolsa ikide gutarýar. Bar, bir sagady az görüp, ýene bir sagat rugsat alandyrlar diýeli, ýöne jaň edýän welin, ol dördüň ýarynda-da ýerine gelmedi. Ine, oda-köze düşüp, ýerimden «hüwläp» galybermek üçin maňa şonuň özi ýeterlik. Dessine aňymda «ak maşyn» sport eşikli ýigidiň keşbi, haýsydyr bir hylwat jaýy, ýumşak düşek, ýalaňaç göwreler gaýmalaklaşyp başlady. Ganym gaýnady. Baryp beýnime urdy. Ýürek bolsa gürsüldäp agzymdan çykyp barýar. Şol kadda ýetenimden soň hiç kim meni saklap bilmeýä. Şol pursat men hökman Jemalyň gözlegine çykaýmaly. Tapsamam çykaýmaly, tapmasamam çykaýmaly. Tapmajakdygyma gözüm ýetip duranam bolsa çykaýmaly. Başga alaç ýok. Çykmasam ýüregim ýarylyp janymyň «takga» çykaýmagy mümkin. Onsoňam ak maşynly ýigit däl-de, deňizde hossar çykan, Jemalyň özüniň agzyny suwjardyp aýdyşy ýaly, gözi asman ýaly göm-gök ýigidiň gelen bolaýmagam mümkin.
Eger-de ol barjak ýerlerini dogry salgy beren bolsa, onda o zatlaryň magadyna ýetmek meniň üçin müşgül däl. «Aşgabat» seýilgähi alys ýa meniň tapman duran ýerimem däl. Çykaga-da maşyn tutsam aňyrsy on minutdan men şol ýerde bolýan.
Ýöne şoňa gidendikleri çyn bolup, özem bir söý bilen gabat geläýse welin, Jemal menden erbet gaty görer. Öýkelär. Her gezek şolar ýalyda bolşy ýaly özümem oňaýsyz ýagdaýa düşerin. Şonuň üçinem gitmeli däl-de, jaň edip Döndiniňem ýerindedigini ýa däldigini bilmeli. Eger-de o-da ýerinde ýok bolsa, onda Jemalyň hakykatdan-da şolar bilen gidendigi çyn bolýa. Ýerinde bolsa welin, aldapsyň diýip, Jemalyň ýakasyndan alaýmaly. Şol edarada işläp gaýdandygym üçin, işgärler bölüminiň başlygy Döndiniň telefon belgisini bolsa ýatdanam bilýän.
Birinji jaňymy hiç kim almady. Diýmek, Döndi ýerinde ýok. Muňa meniň ýüregim az-kem köşeşdi. Süňňüme rahatlyk aralaşdy. Ara salym bermän Jemala-da jaň etdim. O-da ýok. Ikisem ýok. Diýmek, Jemalyňky dogry bolmaly. Ýöne entek gutarnykly ynjalara esas ýok. Döndiniň belgisini üçünji gezek aýlanymda trubkany bir aýal maşgala aldy. Ýöne sesinden Döndi däldigini aňdym. Şonuň üçinem: Bölümiň başlygy ýokmuka, diýip soran boldum. «Ýok, ol-a ýok», diýen jogaby eşidenimdenem gepiň gerdişine görä diýen ýaly, haçan gelerkä diýdim. «Bilmedim-dä. Gelmeli öz-ä basym...» diýdiler. Ýene-de Jemala jaň etdim. Onuňam işdeş ýoldaşlary: «Ýok, ýöne basym gelmeli» diýip jogap berdiler. Dek oturmaga welin kararym ýetenok. Şo-ol, gezekleşdirip jaň edip gidip otyryn. Ahyram bizar bolandyrlar-da: «Siz kim? Işgärler bölüminiň başlygy size näme üçin gerek, belki biz bitirip bereris şonluk işiňiz bolsa» diýdiler. «Ýok, ýok, maňa onuň özi gerekdi, özem howlukmajrak gerekdi-dä... Soňrak ýene habar tutaýaryn, bimaza edendigim üçin bagyşlaweriň» diýdim. Soňky gezek jaň edenimde Döndiniň özi aldy. «Sizmi meni gözleýän» diýdi. Men sesimi çykarmadym-da, trubkany goýdum. Ur-tutam Jemala jaň etdim. Aldy! Ýerinde! Gelipdir! O-da gelipdir, bu-da gelipdir! Diýmek, ol meni aldamandyr. Men nähak ýere betgümanlyk edipdirin. Gowuja oturandyrlar-da, Jemalyň sesi hem çasly, hem şadyýan çykdy: «Nädip bildiň gelenimi? Ýa antennaň bamy? Hä...?» «Aý, ýok, joralarym bilen gidýän diýeňsoň arkaýyn otyryn men-ä..» diýdim. Hernäçe arkaýynsyrasamam içki howsalamy sesimden aňan bor-a çemeli, «Bilýän men seň nähili oturanyňy» diýip, jykyr-jykyr güldi.
Şeýdip, şol günki harasat sag-aman sowuldy. Ýöne şolar ýaly waka soňam bir gezek bolup geçdi.
Baýramçylykmydy ýa ýene biriniň doglan günümidi, garaz, Jemal şol gezegem arakesme wagty işdeş joralary bilen şäher kafeleriniň birine oturmaga gitdi. Haýsy kafede oturjakdyklarynam aýtdy. Ýöne bu gezek aralarynda Döndi ýok. Öňki usuly ulanyp boljak däl. Gelenini gelmänini diňe öz iş ýerine jaň edip bilmek mümkin. El telefony diýlen zat bolsa, ol wagt ýokdy. Bolsa-da, iki-ýeke edara başlyklarynda bolaýmagy ahmal.
Şol gezek men ony sagat dört bolandan soňam jaň edip ýerinde tapyp bilmedim.
Ýene-de howsala basmarlap başlady. Girip-çykyp, oturyp-turup kararym ýetmedi. Ahyram işden ýarym sagat rugsat aldym-da, maşyn tutup eňdim, Jemalyň salgy beren kafesine tarap. O-da gaty bir daş ýer däl, bäş minutda bardym. Girdim. Eý, Huda-aý! Biri: «Ine, kafe şü...» diýäýmese onuň kafediginem biler ýaly däl. Asyl, hiç zat görnenok. Tüm garaňky. Gözüm öwrenişýänçä esli wagt geçdi. Oňa çenlem akja fartukly, goňur eşikli hyzmatçy gyzlaryň biri gelip edepli salamlaşdy-da, sen-men ýok, golumdan tutup töre tarap alyp ugrady. «Siz ýekemi? Ýa ýene biri gelmelimi? Eýle bolsa men sizi pynhanrak ýerde oturdaýyn...» diýýän sözleri gulagyma gelýär. «Munyňyz näme üçin beýle garaňky» diýip soraýaryn. «Garaňkylyk aşyk-magşuklar üçin. Esasanam del gözden güýdüşýänler üçin». Hyzmatkär gyzyň bu sözi maňa edil jazaýrynyň oky ýaly bolup eşidilýär. Sebäbi, meniň beýnimde eýýäm: «Ähä, diýmek Jemalam bu ýere göze güýdüşip, magşugy bilen gelen bolmaly» diýen pikir at salýar. Çünki daş-töwerekde oturşygyň şowhuny ýok. Her kim bir burçda biri-biriniň goltugyna gysylşyp oturan bolmaly. Jemalyňam meniň beýdip, garaňkynyň içinde süssenekläp ýörşümi garaňkylyga çümen çünkleriň birinden synlap üstümden gülüp oturan bolmagam, meniň öňümde-de, ýanyndakynyň öňünde-de syrynyň açylaryndan gorkup, özüni aklara ýalan söz agtaryp aljyrap oturan bolmagam ahmal. Meniň eşidişime görä, özüni oňarýan gelinler bu wagt bir oýnaş bilen oňmaýarmyşynlar, azyndan üç kişini dagy barmaklarynyň ujunda pyrlaýarmyşynlar. Şeýtmek olar üçin has amatly hem düşewüntlimişin. Birine bir gymmat bahaly sowgat aldyryp, beýlekilere-de: şuny özüm satyn aldym, çykdajymy çekiş diýip, mugt ýerden üç esse dagy peýda gazanýarlarmyşyn. Hatda birinden göwreli bolup aýyrtmak üçin üçüsine-de ekledip ýa pul töledip ýörenlerem barmyşyn. Meni sada saýyp ýa has söýýänligimden peýdalanyp Jemalam şeýdip ýören bolaýmasyn? Şu hili oý-pikirlere gümra bolup ýörşüme zalyň içini telim gezek dagy ters aýlandym. Hyzmatkär gyzam amatlyrak ýer gözleýändirin öýdüp gapdalymdan aýrylanok. Bir zatlar diýýär, ýöne indi meniň gulagyma ses ilenok.
Her niçik hem bolsa, men öňürti janymy barlap görmelidim. Şonuň üçinem: «Dogrudanam bu ýere diňe aşyk-magşuklar gelýämi, köpçülik bolup gelýän, oturşyk gurnaýanlar ýokmy» diýip, hyzmatkär gyzdan soradym. «Näme üçin ýok. Bar – diýip, hyzmatkär gyz ilgezik jogap berdi. – Ine ýap-ýaňyja-da on-onki sany gyz-gelin oturyp gitdi.» Ol şeý diýenden dünýäm giňän ýaly boldy. Indi maňa diňe şolaryň Jemal dagydygyny ýa däldigini anyklamak galypdy. Ýöne, men gyssanjyma: Olar kimlerdiler, niräniň gyz-gelinleridi, diýmäne derek haçan gitdiler diýip, sorapdyryn. Hyzmatkär gyz diňe şondan soň meniň aljyraňňylygymy aňan ýaly ýüzüme üşerilip seretdi-de: «Ýaňyja. Gidenlerine bolsa on bäş-ýigrimi minut bolandyr. Honha, entek oturan ýerlerinem doly ýygnap ýetişenoklar» diýdi. Oňa çenli gözümem garaňka biraz öwrenişdi. Hyzmatkär gyzyň salgy beren tarapynda hakykatdanam iki sany ýaş gyz biri-birine ýanalyp hatara goýlan üç-dört sany stoluň üstüni ýygnaşdyryp ýördiler. Bu näme sorag baryny ýagdyryp dur, diýip iňkise gitmezi ýaly men hyzmatkär gyzyň golundan tutdum-da, hoşamaýlyk bilen: «Siz meni bagyşlaň şolar pylan edaraň işgärlermidi – diýip soradym. – «Howwa» diýen jogaby eşidenimden soňam» – Men ýörite şolary gözläp geldim. Çünki birden ýetmäýse dagy yzymyzdan pul elteweri diýip, menden haýyş edipdiler. Menem ýalňyşyp, başga kafelere baryp eglenäýipdirin. Men olar bilen bile işleýän – diýdim. Soňam: – Ýogsa-da olar bergidar bolup gidäýen-ä däldirler?» diýip, jübülerimi sermeleşdirip başladym. «Ýok, ýok, bergidar bolanoklar, doly hasaplaşdylar» diýip, hyzmatkär gyz howlukmaç gepledi.
Men uludan demimi aldym-da, ol gyz bilen hoşlaşdym. Ýene bir gezek ötünç soradym. Ony gujaklap bagryma basaýmakdan zordan saklanybam daş çykdym.
Indi maňa ot-elek bolup gözländigimi Jemala bildirmezlik galypdy. Şonuň üçinem dessine maşyn tutdum-da, işime bardym. Ýöne ýetişmedim. Men barýançam Jemal eýýäm üç gezek dagy jaň edip meni soran ekeni. Şunça boýun almajagam bolsam ol özüni yzarlandygymy aňdy. «Beýdip ýörme, däli! Aňtawçy! Ynanaý...» diýip, zarynlady. Bor diýdim. Ýöne gabanjaňlyk juda erjel kesel ekeni. Bir ýapyşansoň aňsat aýrylmaýan ekeni. Muňa men şondan soň bir aý geçip geçmänkä ýene bir gezek göz ýetirdim.
Şol gün ol joralary bilen arakesme wagty oturmanamy ýa bir zat almanamy şäheriň iň uly söwda merkezleriniň biri bolan «Ýimpaşa» gidýändiklerini aýtdy. Ýene-de göwnümde güman döredi. Şol ýere diýip başga bir ýere gidýän bolaýmasyn diýen iňkis ýene-de meni günüme goýmady. Şeýtan: «Bar, bar, barla, anygyna ýet, ýüregiňe sowuk suw ursaň gowy bor» diýip, böwrüme dürtdi durdy. Özem öňkülerim ýaly soňuna-da garaşmadym-da, hakykatdanam şol ýere gidýälermi ýa ýok, göz ýetirmek üçin olardan öňürti baryp «Yimpaşyň» gapysyny garawullamaga durdum. Diýen wagty boldam welin, Jemal joralary bilen şol ýerde peýda boldy. Men ýoluň o ýüzünde durdum. Özümem görünmezlik üçin ownukly-irili agaçlara, duralgalaryň sütünlerine, öten-geçenlere bukulýaryn. Aldamandygyna gözüm ýetenden soň-a öz-özümden utanmakdan ýaňa girere deşik tapmadym. Elewräp ýörşüme bir saga gidýän, bir çepe, bir öňe ýöreýän, bir yza. Ahyram «Yimpaşyň» çat maňlaýyndaky duralga bardym-da, çem gelen awtobusa münüp yzyma gaýtdym.
Ýöne hernäçe sap atsamam men Jemalyň synçy nazaryndan sypyp bilmändirin. Nädip gördi, nirede gördi, bilemok, ýöne görüpdir. Özem iki gezek görüpdir. Bir-ä taksili gidip barýanymy, birem ýoluň o ýüzünde iki ýana okkesdirme geçýänimi görüpdir. Ol munam maňa edil öňki gezekkisi ýaly, öýlänara jaň edip aýtdy. «Bes edäý indi senem şo gylygyňy. «Was-waslygyňy» goýaý. Hernäçe ylgasaňam hiç zat tapmarsyň. Sebäbi seň gözleýän zadyň ýok» diýdi. Men welin barybir köşeşip bilmedim. «Münmesin-ä münýänsiň welin, ýöne şol öňküje ak maşynamy ýa başga bir «inomarkamy» men ana, şony bilmeli» diýip, içimi gepletdim.
Şonuň üçinem bir gün agşamaralar ötügiň agzyny alyp oturmaly, diýen netijä geldim. Çünki öň bir gezek gorkan adam indi öňküsi ýaly zompa çykaga-da, öýüniň deňinde münmezem, o töwereklerde düşmezem. Ol ep-esli geçibem ýa esli aralyk ýetmänem düşüp biler. Ýöne, nirede düşse-de, nireden münse-de hökman şol ötügiň aşagyndan geçäýmeli. Geçerlerem welin, ötügiň üsti bilen ylgaşlap gidäge-de, yzlaryndan baraýmaly. Jemal nirede düşse-de «şapladyp» tutaýmaly. Ötükden çykan ýeriňdäki çatrygy sazlaýjy çyra şol wagt gyzyl ýansa-ha Hudaýyň berdigi. Ine, şeýdip Jemalyň ýene şol ak maşynda geçendigini görsem, alasarmyk pikirlerimi öz-özüme aýdyňlaşdyryp bersem, ony nähak ýere gabanmaýandygymy, hiç zat ýok ýerden beýdip oda-köze düşüp ýörmeýändigimi, bir zadyň bardygyny hakykatdan-da süňňümiň syzandygyy onuň hakykatdan-da biwepadygyny subut edip bersem bolany!
Ine, hut şu hili oý-pikirler bilenem men bir gün agşam sagat alty boluberende çykdym-da, ötügiň biz tarapky agzyna baryp oturdym. Ondan ötýän sansyz maşynlaryň hususan-da ak maşynlaryň belgilerine seredip başladym. Bir wagt çatrykda bolşy ýaly bu-da meni basym ýadatdy. Ilki iki gözüm, soň beýnim ýadady. Göwräme gowuşgynsyzlyk aralaşdy. Ýöne öz ornumy taşlap gitmek barada welin, pikirem edemok. Çünki iňňän uzaga çeken we bizar-peteňimi çykaran alasarmyk pikirleriň soňuna hut şol gün nokat goýmalydym. Günüň ýaşmagy, iňrik garalmagy bilen ýagdaýym hasam kynlaşdy. Maşynlaryň çyralarynyň başga reňkini, ne kysmyny saýgarmak mümkin bolmady. Diňe yzky belgisini görüp galýaryn. Onuňam birine ýetişsem bäşisine ýetişemok. Bir sekunt ünsümi sowsam görmän galaýjak ýaly alakjap durun. Birdenem: Jemalyň indi ol «ak maşyna» däl-de, başga bir maşyna münýän bolmagam, aýnalarynyň bolsa garaňkyradylan ýa tutuly bolmagam ahmal ahyry diýen oý kelläme geldi. Eger-de şeýle bolsa onda o ýerde ömrüm ötýänçä oturanymdanam peýda bolmajakdygy görnüp dur.
Soňabaka ünsümem, göreçlerimem halys durdy. Beýnim doňdy. Aňym küteldi. Aklym işlemejek boldy. Şolar ýalyda meni diňe maşynlaryň gürrüldisi, signal sesleri gapdalymdan eýläk-beýläk geçýän pyýadalaryň gohlary, galmagallary özüme getirýär. Sähelçe aýňaldygymam küýümi köçä berip, synymy dowam etdirýän. Ýa duşumdan geçiräýdimmikäm diýen howsala hasam howumy basýar. Gözleýänime meňzeş maşyn gözüme kaklyşdygam beýnim sarsyp gidýär. Zöwwe ýerimden turýan-da, boýnumy süýndürip eýýämhaçan ötügiň içine girip barýan maşynyň yzyndan aňalyp galýan.
Şeýdip otyrkam ýeňsämden: «Erkin!..» diýen aýal sesi, eşidildi. Öwrülip seretsem Jemal! Zübeýdanyň elinden tutup, ýylgyryp dur. Maňa nebsiagyryjylykly äheňde seredip başyny ýaýkaýar. «Däli diýseň, däli-laý sen... – diýende birhili gözlerine çyg çaýylan ýaly boldy. Birdenem gülüp goýberdi. – Şu ýerdedigiňi bildim-ä men. Ho-ol, duralgada awtobusa müneli diýip durkak göräýdim. Onsoň hem seni göreris, hemem pyaýada ýöräp aýagymyzy ýazarys diýip, gaýdyberdik».
Ilk-ä men öňümde duranyň dogrudan-da Jemaldygyna ynanmajak boldum. Birdenem başymdan tupan sowlan ýaly uludan demimi aldym. Gümanymyň ýalan çykandygy üçin begenmekden ýaňa beýnimiň içi ýagtylyp gitdi. Kalbymdaky kebir baglap duran kir-kimirleriň barysy birden aýryldy. Betgümanlyk edip goý, men günä gazanan bolaýyn, o dünýedemi ýa bu dünýedemi goý, men jeza çekeýin, esasy zat, şonuň düýbünde esas bolmazlygy, Jemalyň bigünä bolup çykmagy, onuň dowzahdan ýulunmagy.
Bir zatdan erbetlige garaşyp otyrkaň netijesi gowy bolup çyksa adam pahyr özüni edil, alty aýyň hassaçylygyndan halas bolan dek ýeňil duýýan ekeni. Şol dem şeýle bir begendim, şeýle bir şatlykly duýgulary başdan geçirdim welin, men ony saňa söz bilen beýan edip biljek däl, Nepes. Hamala ýap-ýaňyja-da ýanar oduň içinde ekenim-de indem gülgüzarlygyň arasynda duran ýaly. Dowzahdan alnyp behişde oklanan ýaly diýsemem gelişmän durmaz. Gurşun ýaly agyr, gurşup duran bedenim bir demde ýumşady. Ýüregim joşup, kalbym heýjana geldi. Şol wagt dünýede menden bagtly adam ýokdur diýsem ýalançy bolman. Ajy hem goňras, goýy tüsseden ýaňa ala-burugsy bolup duran kalbyma ýagtylyk çaýyldy. Beýnim ýüpek ýaglyk bilen arassalanan tylla käse deý tämizlendi.
Men olary ugratdym. Ötügiň üstündäki çatlym-çatlym bolup ýatan demir ýol şahalaryndan ötdük we Jemal bilen «sirkden» gaýdyşyn ýöreýän ýolumyza düşdük. Içine girip ogşaşýan gädigimiziň deňinden geçdik. Hemişekije hoşlaşýan ýerimize gelenimizdenem, häliden bäri meniň «was-waslygymyň» üstünden gülüp gelýän Jemal aýak çekdi-de, ýuwaşlyk bilen: «Sen indi galaý, däli» – diýdi. Soňam birenaýy ýylgyrdy. – Aý, ýok, sen düzeljek däl. – Birdenem uludan demini alyp ahmyrly seslendi. – Baryna özüm günäkär. Barysy meniň öz kelesaňlygymdan. Ýöne indi ynanarça wagt boldy ahyry... Telim ýyl geçdi ahyry...»

Dowamy bar >>
Awtoryň başga makalalary

Категория: Romanlar | Просмотров: 54 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Romanlar bölümiň başga makalalary

Söýgi -5/ romanyñ dowamy - 14.02.2021
Казнь Махамбета -7/ продолжение - 29.06.2021
Dünýäni toba halas eder / kinoroman - 29.06.2021
Yşk -5/ romanyñ dowamy - 01.05.2021
Döwletbaşy -16/ romanyñ dowamy - 07.02.2021
Söýgüde serhet ýok -11/ romanyñ dowamy - 07.09.2021
Ussat we Margarita -32/ romanyñ soñy - 23.03.2021
Uzak-uzak ýyllar - 7/ romanyñ dowamy - 29.01.2021
Казнь Махамбета -4/ продолжение - 26.06.2021
Döwletbaşy -14/ romanyñ dowamy - 07.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]