23:45
Söýgüde serhet ýok -4/ romanyñ dowamy
4.

Ýöne nätjek, hemme zat göwnüňe görä bolup durmy? Erkiniň özüniňem oglanlykdan bäri aýdyp gelýän: «Taýagyň iki ujy bardyr» diýen pelsepejigi bardy. Onuň şol pelsepesine görä, başlangyjy bolan islendik zadyň soňam bolaýmalydy.
Erkiniň bagtyýarlygy babatda hem hut şeýle boldy. Bir ýyl geçdimi, geçmedimi, onuň hoş günleri kem-kemden kiparlap başlady. Birdenkä, bar zat üýtgedi. Ýüzünde-gözünde ýene-de ir döwürlerindäki ýaly tutuklyk peýda boldy. Çagyrmasyny goýdy. Gelmesini kesdi. Geläýende-de geplemän, içini hümledip iki çigninden sowuk demini aldy oturdy. Bir zat diýmekçi bolýan ýaly çemelenip-çemelenip ahyrsoňam hiç zat diýibilmän, «zöwwe» ýerinden turup gidibermäni çykardy. Soňabaka bolsa ol meniň ýanyma gelmesini bütinleý bes etdi. «Näme görneňok, ýa ýaraňokmy» diýip edýän jaňlaryma-da, gepler tapyp sowalymdan birsyhly sowuldy ýördi.
Dogry, bir şäherde ýaşap ýörendigimiz üçin bütinleý gabat gelişmänem duramzokdyk. Toý bolýardy, ýas ýa sadaka bolýardy, garaz, seýregrägem bolsa obadaşlarymyzyňkyda, tanyş-bilişlerimiziňkide gabat gelişýärdik. Şonda ol meniň gözüme uçursyz ýadaw, aladaly görünýärdi. Özem haçan görseň bir ýana gyssanýan ýaly howlukmaçdy howsalalydy. Tanyş-bilişlerinde gözi eglenmeýärdi. Hatda meniň bilenem baş atyşyp salamlaşýardy-da oňaýýardy. Juda pete-pet gabat geläýenimizde-de, gürrüňçiligimiz salam-helikden aňry geçmeýärdi. Içgin gürleşmeýärdik. Menden çaltrak daşlaşaýanyny kem görmeýäne meňzeýärdi. Bir zadyny ýitiren ýaly daş-töweregine garanjaklaýardy. Ýersiz ýere jübülerini, goltuklaryny sermenýärdi. Ýygy-ýygydan sagadyna seredýärdi. Içerde oturan bolsa penjireden ýa açyk gapydan daşaryk seredýärdi. Öýkenine howa ýetmeýän ýaly «öwhüldäp» dem alýardy. Maý tapdygam çete çykyp jübi telefonyna ýapyşýardy, megerem Jemal bilen bolsa gerek, gürleşýärdi. Şonda onuň ýüzi käte-hä ýaz güni ýaly ýalpyldap açylýardy, ýylgyrýardy, gözleri şadyýan gülýärdi, käte-de boz-ýaz bolup, galyň bulutly gyş gijesi ýaly garalýardy.
Köplenj-ä men onuň märekä haçan gelip, nä wagt turup gidýäninem bilmän galýardym. Diýmek, ony söýgüdenem, döredijilikdenem başga haýsydyr bir alada gurşap alan bolmaly.
Dogabitdi häsiýetine görä, belli bir möhlete çenli ol hiç kime, hatda maňa-da içki syryny aýtmaz, içki dünýäsine aralaşdyrmaz, aralaşaýjak boluberseň-ä asla halamaz, tä, özünden-özi eçilýänçä agzyndan ýekeje sözem alyp bolmaz. Içki hasrady halys güýçlenip, daşyna çykara ýol gözläp ugraram welin, geler-de, bar zady bolşy-bolşy ýaly edip gürrüň berer. Derdini paýlaşar. Maslahat sorar.
Şonuň üçinem, islesem-islemesem men şol pursada garaşmaly boldum.
Ýöne, ol pursat iňňän uzaga çekdi. Çünki şol döwür garaşsyzlygyň beren mümkinçiliklerine görä, hünäriňi ýokarlandyrmak, okuw ýa telekeçilik işleri bilen daşary ýurtlara gitmeklige giň ýol açyldy. Şol wagt Aşgabadyň merkezi newrologiýa hassanahasynda işleýärdim-de, şol ýerde ýörite «psihoanalitik» kabinetini açypdym we her günde, her hili maslahat sorap gelýänleri kabul edýärdim. Gapdaly bilen doktorlyk dissertasiýamam ýazýardym-da, birdenkä, şol ugurdan Angliýa gitmeklik mümkinçiligi döredi. Üç ýyldanam dolanyp geldim. Gelşim ýalam Erkine jaň etdim.
Dogry, men oňa Angliýadanam jaň edýärdim. Ýöne, wagt möçberiniň azlygy sebäpli o jaňlarda saglyk-amanlykdan aňry geçip bolmaýardy.
Şunça ýyl hiç kim bilen derdinişip bilmän, syryny içinde saklap ýörmek özüniňem ýüregine düşen bolsa gerek, sesimi eşidenden:
– Hä-ä... Nepes bu senmi? Bärdenmi ýa aňyrdanmy? Bärdenmi? Geldiňmi? Bä-ä.. ol-a gowy bolaýypdyr. Men häzir barýan. Ikimiz-e gepleşmek gerek. Ýa özüň geljekmi – diýip, çaga ýaly «jedir-jedir» etdi.
– Ýok, ýok, sen gel. Özüňem çalt gel. Gelnejeň nahar-şor taýýarlap ýör. – diýenimdenem «şakyr-şukur» trubkany goýdy. Köp garaşdyrmanam geldi. Ellerimi silkeläp gadyrly görüşdi.
Çaý başynda men onuň döredijiligi, şeýle hem Jemal barada soradym. Ol döredijiligi barada agzamadam-da, turuwbaşdan Jemally gürrüňe geçdi. Men ol öňküsi ýaly bagtyýar söýgüden söz açar, meniň bilen şatlyk we begenç duýgularyny paýlaşar öýtdüm. Ol welin meni geňler galdyryp, agzyndan ot saçyp başlady.
– Bar zat üýtgedi, Nepes. Bar zat gutardy. Ählisi tersine bolup çykdy. Soňky üç ýylyň içinde çalt-çaltdan uruşdyk, sögüşdik, tersleşdik, öýkeleşdik. Ençeme wagtlap gepleşmän gezmäni çykardyk. Soň ýene ýaraşdyk, garaz, öňkülik galmady... – diýdi. – Ahyram iň soňky pellä ýetdik. Ol menden ýüz öwürdi. Men ony ýene-de ýitirdim. Ýene-de Güljemalsyz galdym. Ol gaýdyp meň bilen ýaraşmajakdygyny çürt-kesik aýtdy. Maňa indi o tarapa ýol ýok. Onsuz bolsa men ýaşabilemok. Şol bolmasa maňa bu dünýe dar. Men şu wagt iki jahan owarasy...
Onuň birdenkä beýle agyr hala düşüp oturşyna men geň galdym. Özem ol nalyş çekdigisaýy gözüme ejiz, nalajedeýin görünýärdi, göwresi kiçelýärdi, ýüzi könelýärdi, gözleriniň nury pesendeleýärdi. Şonuň üçinem, başga-da bir aýdara zat tapman, maslahata derek sorag bermeli boldum.
– Bu nähili beýle bolýar, Erkin? Mundan üç ýyl öňem sen bagtlydyň. Söýgini goşa ganatyň biri, döredijilik çeşmäň gözbaşy hasap edip ýördiň. Ine, indem beý diýip otyrsyň. Hany, açygrak aýt, saňa näme boldy? Araňyza düşen tükeniksiz dawalaryňyzyň sebäbi näme? Bu döwrüň içinde başyňdan nämeler geçdi? Hany, gürrüň ber!
– Gürrüň bersem, Nepes, seniň o-ol, diýýän döwürleriň men dogrudanam bagtlydym – diýip, Erkin indi birneme köşeşen äheňde söze başlady. – Şol wagt yşk maňa hakykatdan-da ylham berýärdi. Ýüregimi joşdurýardy. Güýjümi, kuwwatymy artdyrýardy. Özümi edil, ýigrimi bäş ýaşlaryndaky jahyl ýaly duýýardym. Hernäçe işlesem-de ýadamaýardym. Göwräm ýeňil, beýnim dury, pikirlerim aýdyňdy. Zehinim bulaşmaýardy. Çagalygymdan bäri söýginiň öňüni bekläp duran demir penjeli gara güýç ýom-ýok bolupdy. Ýadyňa düşýän bolsa öň: Jemaly günde üç gezek dagy baryp görýän, diýipdim. Soňabaka welin ondan asla bir pursadam aýrylasym gelmedi. Ýöne, meniň kanagatym onuň bilenem çäklenmedi. Söýgülimi iki, aňry gitse dört sagat görmesem ýüregim üzülere geliberdi. Şol sagatlaryň arasynda näçe gezek jaň edýändigimi bolsa Hudaň bilsin! Işdeş ýoldaşlary dagy meniň jaňlarymdan ýaňa bizar boldular. Bu meselede Jemalyň özem menden kem oturmady. Käte meniň bilen çendenaşa köp hem uzak gepleşip, işdeşlerinden, ýolbaşçylaryndan duýduryş alýan gezeklerem bolýardy. Bir gezeg-ä özara ýygnanşyklarynda telefon arkaly azrak gepleşmek barada mesele hem goýlupdyr. Muny maňa Jemal günübirin habar berdi. «Indi kän jaň etme, menem uzak gepleşmejek bolaryn», diýdi. Emma, ikimizem sözümizde durup bilmedik. Işgärlerem: «Aý, ýok, bulara çäre boljak däl», diýşipdirler-de, ýylgyryşyp oňaýypdyrlar.
Şol wagtlar men her gün ir bilen öýüne baryp, Jemaly taksili işine alyp gaýdýardym, agşamlyk bolsa işinden öýüne äkidýärdim. Şol iki aralykda-da günortan yzyndan barýardym we golaýdaky kafeleriň birinde ýagdaýymyza görä garbanýardyk. Ýöne, bir sagatlyk arakesme şeýle bir çalt geçýärdi welin, göwnüme bolmasa kimdir biri maňa ýamanlyk etmek üçin ühli wagty bir gysym edäge-de, jübüsine salaýan ýaly. Şol ýerden çykyp, men ony ýene-de işine eltýärdim we agşama çenli hoşlaşyp öz bolýan jaýyma gaýdýardym.
Ol wagtlar men Jemalyň işleýän edarasyndan iş ýeriniň kemeldilmegi sebäpli çykypdym we bilşiň ýaly ýene-de işsiz gezip ýördüm. Şol döwrem sen Angliýa gitdiň. – Erkin guraksy ýuwdundy-da, aşaklyk bilen ýüzüme seretdi – Ýadyňa düşýän bolsa, men saňa gitmeziň öň ýany jaň edip, Jemalyň özüniň-ä Döwlet sirkiniň ýanyndaky açylan, alty aýlyk «türk dilini öwreniş» kursuna ýazylandygyny, uluja gyzy Zübeýdany bolsa mekdebe çenli ýaşdaky çagalar üçin dördilen bir ýyllyk «Estetiki merkeze» okuwa salandygyny aýdypdym.
– Howwa, şeý diýeniň ýadyma düşýä.
– Şondan soň meniň gün içinde edýän hereketlerimiň ugry hasam çylşyrymlaşdy. – Ir bilen, öýümden çykýardym-da, Jemallara tarap ýegdeneklap ugraýardym. Baryp, onuň öýüniň deňinde, ýol ugrunda garaşyp durýardym. Oňa çenli Jemal gyzlaryny öýleriniň golaynda ýerleşýän çagalar bagyna tabşyryp gelýärdi. Göze düşmezlik üçin sessiz-üýnsiz duşumdan geçip gidýärdi-de, on-on bäş ädim beýle ýanymda saklanýardy. Men maşyn tutýardym-da, onuň deňine ýetiberenimizde sürüjä: Şu gelnem alaly-la, diýýärdim. Ony işine taşlabam bolýan kwartirama gidýärdim. Günortana çenli işläp ýene Jemalyň işine barýardym. Ýöne, indi öňki ýaly garbanmaga gidemizokdyk-da, bakja gidýärdik. Şol ýerden Zübeýdany alyp şäheriň günorta çetindäki «Parahat» mähellesinde ýerleşýän «Estetiki merkeze» gidýärdik. Oňa çenli arakesme tamam bolýardy we men ýüzugra Jemaly işine taşlap ýene-de kwartirama gidýärdim. Şol ýerde az-owlak işläbem agşam altynyň ýarynda ýene-de Jemayň yzyndan barýardym. Çünki, Zübeýdany Merkezden altynyň ýarynda alýandygy üçin, ol rugsat alyp işinden öňkülerine görä ýarym sagat ir çykýardy. Zübeýdany alyp gelenimizden soň men Jemaly öýüniň deňinde düşürýärdim we ertir irdenki durýan ýerimde, ýagny ýoluň ugrunda oňa garaşyp başlaýardym. Sebäbi, ol kiçi gyzy Jereni bakjadan alansoň gyzlarynyň ikisinem öýüne eltmeli, naharlamaly, daşlaryndan gulplabam, indi özüniň sagat ýedide başlaýan «türk dili» kursuna ýetişmeli bolýardy.
Ol şol hysyrdylaryndan dynyp gelýänçä men azyndan ýarym sagat, käte bolsa bir sagada golaý köçede garaşmaly bolýardym. Ony «Sirke» düşürenimden soňam tä okuwyny tamamlap çykýança, bir ýarym sagatlap şol töwereklerde «köw-söw» edýärdim. Çykmaly wagty golaýlaberendenem onuň joralary bilen hümerlenişip gapydan çykyşyny synlamak üçin «Sirke» gaýdyp gelýärdim we bir bukurak ýere çekilip, gözlerimi onuň çykjak gapysyna dikip durýardym.
Men şonda ony köp sanly gyz-gelinleriň arasyndan aňsatlyk bilen saýgarýardym. Depesinden ýaý berip, ýeňsesine dökülip duran saçyny selkildedip çykanda ýüregim gobsunyp gidýärdi. Diňe şu pursady synlamaklygyň özem şunça wagt garaşanyma degýär-ä, diýip, öz-özüme göwýnlik berýärdim.
Asylam men onuň ýoluna garaşmagy gowy görýärdim. Duşuşyga-da tez maral ýaly töweregine howatyrly garanjaklap gelşini penjireden synlamak, ana, şol owadan gelin meniňki, ol şu wagt meniň ýanyma gelýär, meniň üçin gelýär, diýip içimi gepletmek maňa juda ýakymlydy. Şonuň üçinem, gelmeli wagty men penjiräniň öňüne barýardym-da, tutyny bir tarapa syryp, tä ol gara berýänçä ýola garap durýardym. Onuň ýol tarapdan gelip, penjirämiň öňünden geçjekdigine bolsa söz ýok. Çünki, meniň aýnadan ýoluna garap durşumy görüp o-da begençli duýguny başyndan geçirýän bolmaly. Çünki, maňa gözi düşenden bir enaýy ýylgyrýardy, çalaragam gyzarýardy.diliniň uçjagazyny çykaryp maňa tarap «jort» atýardy. Golaýda adam – gara bar bolsa welin ol ojagaz hereketlerini edibilenokdy. Aşak bakyp, çym-gyzyl bolup geçip gidiberýärdi.
Umuman, men şol «sirk», «merkez» hem Jemalyň öýi aralygyndaky üçburçlygyň içinde gatnap geçiren günlerimi ömrümiň iň bir gülşenli, iň bir ýakymly çaglary hasaplaýan. Ol günleri, aýlary men hiç haçan ýadymdan çykarman. Çykaraýyn diýsemem çykmaz. Ol günleriň has lezzetli pursatlary bolsa, Jemalyň öýüniň golaýdygy sebäpli biz «sirkden» soň köplenç edil on sekiz ýaşly juwanlar kimin köçäniň çyrasyz ýerlerini peýläp, egin-egne deňläp ýörite pyýada gaýdýardyk. Howlugýan ýerimiz ýok. Garynjyklary doýan çagajyklar daşyndan gulplanan öýüň içinde tä, ejeleri barýança akyllyja bolup, telewizora serederler oturarlar. Ýöne biz gol tutuşamyzokdyk. Beýtmeklik biziň gatnaşygymyzyň pynhanlyk düzgünine ters gelýärdi. Çünki, daşymyzdan seredip hiç kim biziň aşyk-magşuklardygymyzy aňmaly däldi. Ýöreýän köçämiziň sowalygy bize kän kömek etdi. Üstesine-de demir ýoluň gyrasy. Sag egnimiz birsydyrgyn oturan birmeňzeş hojalyk jaýlary. Awtomobil gatnawy az. Käte çep tarapymyzdan eýläk ýa beýläk, alaşakyrdy bolup otly geçýär. Olaryň arasynda ýolagçy gatnadýanlaram, ýük daşaýanlaram gidere ugur tapmaýan ykmanda ýaly ýeke özi o ýan, buýan alakjap ýören «kellelerem» bar. Ötegçi pyýadalar-a asla ýok diýen ýaly. Bolaýanlarynyňam öz aladalary özlerine ýetik şekilde ýüzümize-de seretmän, höküdikleşip geçip gidýärler.
Uçargähe gidýän ýoluň ötügine ýetiberenimizden soň, ötügiň üstündäki sansyz ulgamlardan ybarat demir ýollardan ätmerläp, gündogar tarapyna geçýärdik we Jemallara eltýän ýodajyga düşýärdik. Ol ýodajyk ötügiň kem-kemden ýokary galyp gidýän diwarynyň daş ýüzüni esli ýere çenli ýakalap gidýär-de, gyýalap baryp, ötükden çykýan köp gatnawly ýola goşulýar. Şondan aňryk çep tarapyň-a ýol, sag egniň bolsa köne haýat bolup gidýär. Şol haýaty syryp barşymyza, meniň hemişeki Jemal bilen hoşlaşyp yzyma dönýän ýerime ýetmänkäk, bir adam sygar ýaly gädik çykýar. Şol gädikden girseň, iki adam egin deňläp ýöräýer ýaly giňlikde, daş-töweregi gür gara baglyga bürenip oturan geçelgejik bar. Şol geçelge bilen ýigrimi-otuz ädim ýöreseň, baryp giň meýdança direýär. Meýdançada çagalar üçin hiňňildik, demir typançak, oturar ýaly tagta oturgyçlar bar. Käte biz şol gädikden girip meýdança sowulýardyk we garaňkylykdan peýdalanyp şol ýerde on-on bäş minut oturýardyk. Edil ýaş juwanlar kimin gujaklaşýardyk, ogşaşýardyk. Şonda biz özümizi has-da bagtyýar saýýardyk, iňňän ýakymly duýgulary başdan geçirýärdik.
Bu, biziň ikimiziňem öň söýüp hem söýlüp, duşuşyklara gatnap görmändigimiziň alamaty. Şeýtmek bilen ikimizem, geçmişde eýesiz galan söýgümize eýe çykýandyrys, duşumyzdan duýdansyz geçen gülşenli çaglarymyza dolanýandyrys öýdýärdik.
Şu ýerde meniň «sirkden» gaýdyşyn, ötüge ýetmezimizden öň, ýoluň sag ýüzüni ýakalap oturan hojalyk jaýlarynyň birindäki it bilen dostlaşandygymyzam aýdasym gelýär... – Erkin göz-görtele üýtgedi. Ýüzünde begenç alamatlary peýda boldy. – Goňur derwezeli şol jaýyň deňine gelenimizden, ilki-ilkiler boýny zynjyrly bir ullakan it ömründe adam görmedik ýaly bize tarap towsup, özüni o ýan, bu ýan zyňyp bolubilenini bolýardy. Käte derwezäniň dört barmak giňligindäki gözenekleriniň aralygyndan, käte aşagyndan burnuny sokup, ýer dyrnaçaklap, ýabjynyp-ýabjynyp üýrýärdi. Tä garamyz ýitýänçä köşeşmeýärdi. Ýöne, şol ýerden günüň-gününe geçip durandygymyz üçin bolsa gerek, soňabaka ol biziň bilen öwrenişdi. Üýrmesini goýdy. Garamyzy görenden ýalym-ýulum edip, guýrugyny bulaýlap, gulaklaryny gypyryp, mähirli garşylady. Öň temegini uzadyp üýrýän ýerlerinden dostlarça ysyrgandy. Daşlaşdygymyzça-da göwni galan naçar ýaly naýynjar çyňsady.
Şol gyş men syrkawlap bir aýa golaý hassahanada ýatdym we Jemalyň yzyndan baryp bilmedim. Gutulyp gelenimden soň ýene gatnap ugradyk welin, birinji gün ol it bizi tanamajak boldy. Edil başdakysy ýaly urnup, ýabjynyp göze-başa düşübermese-de garaz, birbada garaçyny bilen topuldy, üýrdi, ikinji gün biraz köşeşdi, üçünji gün üýrmesini goýdy. Ondan soňky günler bolsa ýene-de öňküleri ýaly ýalym-ýulum bilen, köne tanyşlarça garşy aldy, galanda gyýlyp galdy. – Erkin başyny galdyrdy-da, uludam demini aldy. Soňam: – Dogrumy aýtsam, Jemalyň jemalyny görmek höwesi meni şol gezek hassahanada ýatyrkamam erkime goýmady, – diýip, süýjümtik ýylgyrdy. – Bir gün agşamaralar gözümi petige dikip ýatyrdym. Aljak ukollarymy alypdym, içjek dermanlarymy içipdim. Näme üçindigini bilemok, birdenkä Jemaly göresim geldi. Erbet küýsedim. Ýogsam şol gün günortanky arakesmede onuň özi gelibem gidipdi. Oňa garmazdan gidesim gelip ölüp barýan. Edil, kimdir biri goltugymdan tutup gapa tarap itekleýän ýaly. Baranym bilenem öýüne girmek barada-ha gürrüňem ýok, welin, gapysyny kakyp, adyny tutup, gygyrybilmejegimem çyn. Bir umyt bar, o-da tötänden dükana ýa içi zibilli setilini dökmäge çykaýsa dagy daşyndan görüp galmak. – Erkin başyny ýaýkap, edil bigünä çaga ýaly birgeňsi ýylgyrdy. – Yşgyň höwesi ýaly ýeňles hem hatarly zat bolmaz ekeni, Nepes. Tarsa turanymam, nobatçy hekime, şepagatçy gyzlara duýdurmak barada dagy pikirem etmän, wagtyň giçdigine, paslyň gyşdygyna eşiklerimiň ýukadygyna garamazdan hassahananyň ters tarapky penjiresinden böküp çykanymam, Jemallara tarap tutduryberenimem bilmän galypdyryn.
Bir görsem köp adamly ullakan köçäniň ýanýodasy bilen uçargähiň ötügine tarap haýdap barýan. Maşynlaryň zenzelesinden ýaňa daş-töweregim ala gopgun. Adamlaram «ibirtde-zibirt». Käte garşymdan gelýän maşynlaryň çyrasy gözüme düşýär. Bu maňa ýakanok. Ýöremäne päsgel berýär. Şeýle-de bolsa elimi gözlerime penalap ýolumy dowam etdirýärin.
Men Jemallaryň jaýynyň girelgesine bardym-da, agzyny aldym duruberdim. Dört gatly şol jaýyň girelgesiniň her gatynda üç hojalyk ýaşaýar. Jemal birinji gatda. Ýokarda ýene üç gatyň bardygyny hasaba alsaň her girelgede on iki hojalyk bolmaly. Şonuň üçin girim-çykym azam däl. Şolaryň islendiginiň meni ýat görüp: «Saňa kim gerek? Näme gerek? Näme işläp dursuň» diýmäge, ýeňsämden südenekledip kowmaga-da haky bar. Hern-ä alagaraňkylyk bir gowy zat, ýogsam üsti-başyma gözi düşen ilkinji adamda şübhe döretjekdigime şek ýok.
Jemalyň eýwan tarapynda-da girip-çykýan gapysy, uly bolmadyk howlujygy, Jemalyň öz aýdyşy ýaly, «tomusky rezidensiýasy» hatda derwezejigem bar. Ýöne, ol tarapky gapy diňe tomus aýlary açýar. Tötänden ýa haýsam bolsa bir iş bilen çykaýmasa, Jemal meniň duran ýerimdäki gapysyndanam çykmaz. Sebäbi giç. Ýöne, şeýle bahananyň hökman tapyljakdygyna, bir sebäp bilen Jemalyň daş çykjakdygyna bolan ynam meni garaşmaga mejbur etdi. Sebäbi, şondan şuňa enäp-tenäp gelenime görä men ony daşyndanam bolsa bir gezek hökman göräýmelidim. Maňa şol besdi! Onuň bilen gürleşmek, ýa oturyp ogşaşmak niýetim ýok. Ol wagt maňa onuň didary gerek. Şol höwes bilenem şol ýere bardym. Indem gapysynda imtilip durun. Görmän gitsem uzyn gije ýatyp bilmejegime aklym ýetip dur. Ýöne, görmän gitmejegime welin aklym ondanam beter ýetýär.
Daşarynyň garaňkylygy edil girelgäniňkä garanyňda el-halrak. Birneme ýagty. Çünki, gapdaldaky dükanyň ýaşyl, gyzyl, aksowult reňkler bilen yşyklandyrylan ýazgylary daş-töwerege dürli öwüşginli ýagtylyk saçýar. Ýagşyň çisňäp durandygy sebäpli şol yşyklar köçelerdäki, ýan ýodalardaky oýmur-oýmur bolup ýatan kölçelere-de düşýär. Netije-de ýagty saçýan yşyklaryň sany artýar. Asyl ýer-gök durşuna al-ýaşyl bolup dur.
Belki, ýaşymdan çen tutup, göwünlerine zat getiren däldirler-dä, her niçik hem bolsa ýaşaýjylaryň maňa: «Kim how sen, näme işläp ýörsüň bu ýerde gijäniň bir mahaly» diýip, abyr-zabyr edeni-hä bolmady.
Garaz, az durdum, köp durdum, megerem, Alla jan yhlasyma görä berendir-dä, gije ýarymdan agyberende Jemallaryň jaýynyň çat maňlaýynda, uly ýoluň ugrunda «jy-y-yk» etdirip bir gyzyl «Žiguly» saklandy. Içindenem syrdam boýly, başy gyzyl ýüň ýaglykly, gara plaşly bir gelin çykdy. Gapyny çep eliniň tersi bilen «gürpüldedip» ýapdy. Egilip, açyk aýnadan sürüjä bir zatlar diýibem batly gadamlar bilen bäriligine tarap gaýtdy. Men bir gyra çekildim. «Tyrk-tyrk» edip duşumdan geçiberende men ony tanadym. Ol Jemalyň jorasydy. Elbetde, zerur iş bilen ýörite gelendir-dä, ýogsam onuň ýaşaýan ýeri şäheriň o çetindedi. Ony getiren maşynyň henizem öňki ýerinde durandygam onuň howlukmaçdygyndan basym çykjakdygyndan habar berýär. Ol çyksa Jemalam hökman ony ugratmaga çykaýmaly.
Jemalyň şol jorasyny dogrusy men halamokdym. Resmi taýdan durmuşa çykmadyk hem bolsa onuň eýýäm telim äre barandygyny, Jemalyň gürrüňleri arkaly bilýärdim. Ýaşlykda ýetim galyp, oba ýerinde dogan-garyndaşlarynyň elinde önüp-ösenmişin, soňam okuwa diýip Aşgabada gaýdanmyşynda hiç ýere-de girip bilmänmişin. Indem kim baýrak bolsa şony är tutunyp näçe wagtlygam bolsa şony ýaşaşyberýärmişin. Iki-üç ýerden dagy girdeji edýändigini aýdyp hatda Jemal dagynyň ýanynda öwnüberýäremmişin. Ine, hut şol häsiýetleri üçinem men ony halamaýardym. Has dogrusy ýigrenýärdim. Garasynyň Jemala-da ýokaýmagyndan, abraýyna şikes ýetäýmeginden gorkýardym. Gepden-gürrüňden gorajak bolýardym. Bu pikirimi Jemala-da duýdurýardym. Ýöne Jemal onuň bilen köpden bäri joradygynyň, ykbalynyň şeýle ýowuz bolandygy üçin oňa nebsiniň agyrýandygyny, özem ýüz öwüräýse dagy onuň bütinleý hossarsyz galjakdygyny, hasam kyn güne düşjekdigini, şonuň üçinem, gatnaşygyny kesmejekdigini çürt-kesik aýdýardy.
Ýöne, ol biraz soňrak, belli bir sebäbe görä, barybir onuň bilen arasyny kesmeli boldy. Şondan soň ol meniň bilen ylalaşdy. «Dogry aýdan ekeniň, gazana golaýlaşmaly däl ekenim» diýdi.
Şol gyş gijesi, ýukajyk balagyň, ýukajyk kürtekçäniň içinde digdenekläp, Jemalyň didaryna zar bolup durkam gelendigi üçin welin, şol ýigrenýän gelnim meniň gözüme behişdiň perişdelerindenem ak bolup göründi.
Ýarym sagatdan soň Jemal hakykatdan-da jorasyny ugratmak üçin daş çykdy. Meni görüp tisgindi. Geň galdy. Duşumdan geçip barşyna: sen näme işläp dursuň bu ýerde, diýen manyda aşaklyk bilen ýüzüme mölerildi. Şeýdibem geçip gitdi. Eglenmänem öwrülip geldi. Ýöne, duşumda aýak çekmäge durup gürleşmäge ejap eden bolsa gerek, haýaljakdan ýöräp duşumdan geçip barşyna ýüzüme seretmän, diňe men eşider ýaly edip: «Ertir arakesmede ýanyňa bararyn, bar, özüňem beýdip durma, git, ýogsam üşärsiň» diýdi.
Men indi onsuzam yzyma gaýtmakçydym. Çünki, maksadyma ýetipdim. Söýgülimi daşyndan görmeg-ä dä, eýsem onuň iki agyz sözünem eşidipdim. Şonuň üçinem yzyma gaýdanymda aýaklarym gelenimdäkiden kän ýeňil gopdy.
Ertesi söz berşi ýaly günortanaralar Jemal hassahana geldi. Agşamky kelleýeňilligim üçin käýedi. «Beýdip ýörseň hiç haçanam gutulmarsyň, men bolsam seniň basymrak gutulyp çykmagyňy isleýän. Men seni küýseýän, her agşam «kursdan» çykanymda, hemişe sirkiň maňlaýyndaky dükanyň yşykly ýazgysynyň ýagtysyna gara sudur bolup görünýän keşbiňi gözleýän. Göwnüme sen bir ýerden çykaýjak ýaly daş-töweregime garanjaklap ep-esli durýan. Ilki günler bileje ýöreýän şol, çolaja ýolumyz bilen ýeke özüm gitdim. Şeýtsem, ýüregim karar tapar öýtdüm. Emma tersine boldy. Bozuldym. Goňur derwezäniň deňine ýetenimde bolsa şol tanyş it ilkä: hany ýoldaşyň, diýýän ýaly gulaklaryny üşerdip ýüzüme çiňerildi, soňam tä, garam ýitýänçä bikararlyk bilen çyňsady durdy. Şonuň üçinem, men indi o ýoldan geçemok. Gyzlar bilen köçä çykýan-da, awtobusly gaýdýan...» diýdi. Men oňa: «Bor, Jemal, men hökman gutulyp çykaryn, şondan soň ikimiz ýene-de şol, öňküje ýol bilen bileje gatnap ugrarys, diýdim.
Hut şeýle hem boldy. Men gutulyp çykdym. Şol bir hereket ugrumyz boýunça ýene-de gatnap ugradyk.
Şeýlekin süýji günleriň lezzetine gark bolup ýörşümize biz alty aýlyk «kurs-a» beýlede dursun, tutuş bir ýylyň geçeninem bilmän galypdyrys.
Indiki tomus çagalarynam alyp Jemal bilen deňze gitdik. Şol ýerde geçen günlerimizi ýatlanymda men özümi hyýaly bir dünýede ýaşap gelen adam hökmünde duýýaryn. Bary-ýogy bäş gün. Hiç zat ýaly. Käte ömrüň bäş hepdesi, bäş aýy, hatda bäş ýyly duşuňdan duýdansyz geçip gidýär. Soň şol döwrüň ýekeje pursadynam ýada salyp bolanok. Emma biziň deňizde geçiren bäş günümiziň welin, hemmesi jikme-jik gözlerimiň öňünde dur.
Özüň bilýäň, Awazadan jaý tapmak kyn. Tapaýanyňda-da hiç hili şerti bolmadyk, ötlem-ötlem tünekleriň hersinde bir maşgala bolup ýaşamaly. Bahasy bolsa gymmat. Köpüsem dollar talap edýär. Biziňki welin şowuna boldy. Uçardan düşüşimiz ýaly student döwürlerimiz bile okan kursdaş ýoldaşlarymyzyň biri Şirjan gabat geldi. Onuň özi şol ýerlidi we welaýat gazetinde bölüm müdiri bolup işleýärdi. Köpden bäri gabat gelişmedigem bolsak, meni görenden tanady. «Birini garşylamaga çykdym welin, näme üçindir gelmedi» diýip, meni gujaklap durşuna aýtdy. Maşyny bar ekeni, eltip şoňa mündürdi. Ýanyňdakylar kimler, diýip soramady. Ýöne, dynç almaga gelendigimizi bilenden, göni Awaza tarap sürdi we eltip daş-töweregi bag-bakjaly kiçeňräk bir jaýyň gabadynda düşürdi. Derwezesini açyp, howla saldy. «Ine, şu meniň aramgähim, isledigiňizçe boluberiň, bir köpügem gerek däl» diýdi. Habar tutup durjakdygyny aýdybam gitdi.
Hemme aramgählerem deňze golaý welin, Şirjanyňky hasam golaý. Gapydan çykan ýeriň. Penjireden deňziň ak köpürjikli tolkunlary görnüp dur. Mahal-mahal şol tolkunlaryň owunjak syçrantgylary jybarlap gelip ýüzüňe urýar. Salkynladýar. Bu janyňa joş ýakýar. Howly giň. Jaýy ötlem-ötlemräk üç-dört otagdan ybarat. Işiginde üzüm dalbary, dalbaryň aşagy agaç seki. Aşhana, hammam, tok, gaz, gap-çanak, ähli zat üpjün.
Biz ikindinaralar barypdyk. Az-kem dynç alýançak, çaý-suw içýänçäk Gün ýaşdy. Garaňky düşdi. Kenaryň welin adamy entegem egsilenok. Gaýtam topar-topar bolşup indiden soň barýanlaryňam hetdi-hasaby ýok. Bizem gitdik. Deňziň güwwüldisem, tolkunlaryň owsunam gündizkisine görä birneme köşeşipdir. Garaňky asmanyň ýüzündäki ýyldyzlar edil gara mahmalyň ýüzüne sepilen ak hünjiler ýaly buldurapjyk dur. Deňziň o kenaryndan dogan ýaşmakly gelne meňzeş ýarym Aý ýüzüňe ýylgyryp bakýar. O ýerde, bu ýerde çadyr gurup, ot ýayşyp oturanlar göze ilýär. Gapdallarynda ulaglary bar. Radionyňmy, magnitofonyňmy göçgünli sesi deňiz tolkunlarynyň üstünden aşyp allowarralarda ýitip gidýär. Aýdym-sazyň sesi aramgähler tarapdanam eşidilip dur. Çünki ol ýeri dürli harytlar satylýan ownukly-irili şahsy dükanjyklardan, meýhanalardan, kafelerden doly. Köpüsem dört taýak dikipdir-de, ýokarsyna mata büräpdir, aşagyna-da ýonulmadyk tagtalardan howul-hara ýasalan stol goýupdyrlar. Özlerem ep-esli ululykdaky gara daşyň üstünde gaýşarylyşyp otyrlar. Ýüzlerem burçak-burçak der. Biz olary kenara aýlanyp bolanymyzdan soň baryp gördük.
Şondan soň biziň gün tertibimiz şundan ybarat boldy: Ir bilen kenara barýas-da, şol ýerde oturyp arassa howadan dem alýas. Gün guşluga galyberende suwa düşýäs. Ýöne, köp düşemzok. Aňry gitse, ýarym sagat. Soň gelip ertirlik edinýäs. Günortan ýene-de kenara gidýäs. Bu gezek biz ol ýerde köpräk bolýas. Çäge gyzansoň oňa bagryňy oýkap ýa üstünde serlip ýatmak juda lezzetli. Günüň nury endamyňy ýumşadýar. Meýmiredýär. Şol wagt suwam ýylaýar. Jemal çagalaryny deňze goýberenok. Kenardan aýry ýatan kölçelerde düşürýär. Dogry, kenaryň ýakasynda, ýalpajyk ýerlerde suwa düşüp ýören çagalaram köp, ýöne, Jemalyň töwekgelçilik edesi gelenok. «Gözümize güýgüşip aňyrrak gidäýmekleri mümkin» diýýär. Onuň bu pikirine menem goşulýan.
Kiçi gyzy Jerenjigiň-ä dogrusy suw bilen kän höwesem ýok. Ol köp wagtyny deňziň gyrasyndaky öl çägäniň üstünde oturyp öýjagazlaryňmy, giden bir şäheriňmi ýa her dürli haýwanjagazlaryňmy, şekillerini ýasamak bilen meşgul bolup geçirýär. Ýöne, deňiz tolkunlarynyň owsuny güýçlenen wagty onuň ýasan şekiljikleriniň barysy deňziň şor suwuna garylyp, eräp gidýär. Kenaryň gyrasy bilen diň-göklerine garaşyp barýan gözleri gara äýnekli, kelte balakly pyýadalaryň aýak astynda galyp «heläkçilige» uçraýanlaram bolýar. Jerenjik welin o zatlara kän bir gynanybam duranok. «Bu nätdigiňiz boldy» diýen manyda yzlaryndan garap durýar-durýar-da, oturyp täzesini ýasamaga başlaýar. Şeýle-de ol her dürli owadanja balykgulakjagazlary çöplemäni gowy görýär. Gaýdýançak şolardan ep-esli ýygnady. Umuman onda döredijilik üşüginiň bardygy bildirýär. Onuň bilen gürleşmegem ýeňil. Alçak. Aýtjak zadyny çekinmän aýdyp bilýär.
Zübeýda welin beýle däl. Agras. Edil uly adam ýaly. Dymma. Her sözi agzyndan çekip almaly. Haçan görseň kenarda uzaklara seredip otyr. Ejesini bir pursat gözden salanok. Öýdekä-de Jemal sähelçe eglense ýa wagtynda jaň etmese howsala düşip, gözlerine ýaş aýlaberýär.
Howwa, günortany biz şeýdip geçirýäs. Ondan soň ýene-de aramgähe gidip naharlanýas. Dynç alýas. Uklap turýas. Agşamlyk ýatar wagtyna çenli şol ýerde bolýas. Gelip çalarak garbanýasam welin çagalaryň gözleri süzülip başlaýar. Olary kiçeňräk jaýlaryň birinde ýatyranyndan soň Jemal meniň bolýan otagyma gelýär. Şondan soň tutuş gije biziňki. Deňiz tarapky penjiräni açyp, içerini tämiz howadan dolduranymyzdan soň düşege geçýäs. Söýgüniň melul ediji humary deňziň birsydyrgyn eşidilýän kümüşsow «güwwüldisine» goşulyp, bizi hyýaly bir dünýä alyp gidýär.
Kä gün ulag tutup şähere gidýäs. Aýlanýas. Bazara barýas. Iýer-içer ýaly zat, esasanam balyk satyn alýas. Dogrusy, tä gaýdýançak balykdan başga zat iýmedik diýen ýaly. Ol balyklary şäheriň doň balyklary bilen deňär ýaly däl. Täze. Süýji. Agzyňa ýakymly.
Şeýdip ýörşümize bäş günüň nädip geçeninem bilmän galypdyrys.
Biz indi gaýtmalydyk. Men işsiz bolsamam Jemalyň zähmet rugsady dolupdy. Çagalaryň kanikullaram tamam bolup barýardy.
Deňizde geçen şol süýji günleri gaýtalamak üçin biz şol ýylyň güýzünde dynç alyş günlerine gabatlap bir gezek Çülüdäki, ýene bir gezegem Pöwrizedäki dynç alyş öýlerine hem gitdik.
Gysga wagtlyk hem bolsa biz ol ýerde-de gowy dynç aldyk. Wagtymyzy hoş geçirdik. Biri-birimiziň elimizden tutup baglara aýlandyk, daglara dyrmaşdyk, soň aşak düşdük, çeşmeleriň «şirrildisine», demsaýyn sapagyndan tänip zemin sary rowana bolýan, tyllaýy ýapraklaryň «şygyrdysyna» gulak asdyk säherler turup guşlaryň seslerini diňledik, ýöne, näme üçindir ikimizem barybir deňzi küýsedik durduk. Geljek ýylam deňze gitmekligi wadalaşybam yzymyza gaýtdyk.
Ýöne Alla ugruna etmese öz diýeniň bolup baraýanok. Arly ýyl arzuw edip gelendigimize garamazdan, indiki ýyl deňze gitmek meselämizem şonuň ýaly boldy. Has takygy men galmaly boldum. Onuň sebäbi uzaga çeken işsizlikden soň men ýaňy bir işe durupdym-da, birinjiden-ä, deňze gitmek üçin men maddy taýdan taýyn däldim, karz alara bolsa adam ýokdy, sen bolsaň Angliýadadyň, ikinjidenem edara rugsat bererlikli däldi, üçünjidenem Jemal geçen ýyl deňzi şeýle bir taryplapdyr welin, bu ýyl onuň bilen özünden kiçi uýasam, institutda bile okan joralarynyň birem çagalary bilen oňa goşulmakçy bolupdyrlar. Şonuň üçinem men-ä galaýanyma gaty bir gynanybam durmadym welin, Jemal boýnuny burup durşuna: «Bir ýerden karz-kowal tapyp senem äkidäýsem gow-a bordy welin, ýöne hem-ä seni olara görkezmekden çekinýän, hemem olaryň ýanynda barybir mazamyz bolmaz...» diýdi. Men: «Ýok, ýok, hiý menem bir seň hasabyňa deňze giderinmi! Onsoňam gyýylma, ýanyňda uýaň bolsa, joraň bolsa içiň gysmaz, işalla indiki ýyla çenli pul toplaryn welin, şonda ýene-de öňküjämiz ýaly bileje gidäýeris, diýdim.
Ugramaly wagtlary golaýladam welin, bir gün Jemalam işime geldi-de: «Olaryň-a ikisem galarman boldular, senem gidibilmejek bolsaň... Ýa menem biledimi yzyna tabşyraýsammykam» diýdi. Ýok, ýok, tabşyrma, ýoluňdan galma, gidiber. Men Şirjana jaň ederin, ol seni garşylaram, öten ýylky ýaly öz aramgähine ýerleşdirerem diýdim.
Şeýdibem ol şol ýyl deňze mensiz gitdi. Ýöne birhili nägile ýaly bolup gitdi.
Eger-de häzirki ýagdaýymda bolan bolsadym, onda men orulardym, çapylardym pul tapardym, işsizlik görmedik zadym däl, gerek bolsa işdenem çykardym, ýöne ony ol ýere ýeke goýbermezdim. Özüň pikir edip gör, ir ertir, giç agşam öýünden işine, işinden öýüne, agşamky okuwyna, «merkeze» äkidip, getirip ýekeje pursat gözünden sypdyrsa jany çykyp barýan adamam bir hiý, göwni bir ýaly söýgülisini uzak ýola ýeke goýberermi? Häzirki ýagdaýymdan misil tutsaň bu bolup bilmejek zat. Emma ol wagt men entek ondan arkaýyndym. Göwrümim giňdi. Göwnümde garalyk ýokdy. Jemaly hiç kimden gabanmaýardym. Asla gabanjaňlyk diýlen zadyň nämediginem bilmeýärdim. Özümi Şeýtana oýnatmaýardym. Jemalyň maňa ikilik etmejekdigine ynanýardym. Ýanyndan aýrylşasymyň gelmeýändigi her günde telim gezek görmesem oňup bilmeýändigim bolsa diňe ony gowy görýändigim, söýýändigim üçindi. Meniň ynanajyma görä, kimdir biri gyýa bakaýanda-da, Jemal onuň petigulysyny beräýmelidi, on günlik golaýyna-da getirmeli däldi.
Bir keçje ýeri, men Şirjan bilen habarlaşyp bilmedim. Ol uzak wagtlyk bir ýere iş saparyna giden ekeni. Şeýdibem Jemalyň ykbaly nesibesine bagly bolup galdy.
Ol bary-ýogy bäş günden soň deňizden gaýdyp geldi. Gelşi ýalam maňa jaň etdi. Salam-heligini tamam ederine mähetdel, özüniň deňiz ýakasyndaky başdan geçirmelerini gürrüň bermäge başlady. Hususanam men deň-duşrak bir barly adamyň tä gaýdýança özüni özgelerden gorandygy, çagalaryna-da, özüne-de hossarçylyk edendigi, nämeler iýdirip, nämeler içirendigi, ýörite maşyn tutup, geçen gezekki biziň bilelikde gidişimiz ýaly, şähere gezelenje alyp gidendigi barada näme üçindir ýanjap-ýanjap gürrüň berdi.
Şol gürrüňini ol ertesi iş ýerime gelende-de gaýtalady. Özem telefondakysyndanam has giňeldip, süýjedip-süýjedip aýtdy. Edýän gürrüleriniň täsirini ýüzümden aňmakçy bolýan ýaly, arasynda sözüni kesip, gözlerimiň içine jüýjerilip-jüýjerilip garady, ýüzüme gyşarylyp-gyşarylyp bakdy.
Başda kän bir üns bermedigem bolsam soňabaka onuň ol gürrüňleri degnama degip ugrady. Janyma ýakmady. Şeýle-de bolsa, syr bildirmezlige çalyşdym. Gaty-gaýrym söz aýtmadym. Onsoňam eger-de, ol iki arada haýsydyr bir hapalyk bar bolan bolsady, onda o barada Jemal meniň ýanymda dil ýarmanam bilerdi. Şonuň üçinem men Jemalyň şol gürrüňlerini basymrak ýadymdan çykaraýanymy kem görmedim.
Ol welin bilgeşleýin meni gyjyklamakçy bolýan ýaly, şol deňizli wakany soň-soňlaram, aram-aram, gerek bolsa-bolmasa gozgady ýördi.
Bu bolsa kem-kemden meniň kalbymda gabanjaňlyk duýgusyny oýardy. Ol duýgy ilki çalarak köz bolup köredi, soň ýylpyldady, birdenem tutaşdy-da, ullakan ýalyna öwrüldi.
Bar zat, ana, şondan soň başlandy. Ol wagt sen bardyň, ýöne aýdyp bilmeýärdim. Ýalňyşýan bolaýmaýyn diýip, gorkýardym. Şonuň üçinem özümi başardygymdan çeke tutmaga, gözüňe görünmezlige çalyşýardym.
Ýöne oduň gerimi welin onuň bilenem çäklenmedi. Ony dünýe-älemi ýakyp, ýandyryp barýan uly ýangyna öwren alaw düýbünden başga tarapdan gopdy.
Deňizli wakalaryna kän bir pitiwa etmeýändigim janyna ýakmadymy, nämemi, bir günem Jemal aýak üstünden iş ýerime geldi-de, iki elini arkasyna tutup, synasyny iki ýana yrap, ýylgyrjaklap durşuna: «Geçip barýadym welin sowulaýdym» diýip, köwüşjagazlarynyň burnuny yzly-yzyna «tyrpyldatdy». Ýoly meniň soňky iş ýerimiň üstünden geçýändigi üçin onuň öňem şular ýaly sowulaýmasy bardy. Şonuň üçinem men göwnüme zat getirmän: «Gowy edipsiň, gel, geç, otur» diýdim. Içip oturan çaýymdan hödürledim. Ol welin meniň sözlerime pitiwa-da berenok. Söýünji habar bilen gelip, indem buşlugyna garaşyp duran çaga ýaly gaýtam dylym-dylym edýär. Böwreginiň bökýändigi, içiniň byjyklaýandygy bildirýär. Iki gözem penjirede. Arasynda şo tarapa eglip-eglip seredýär. Ahyram gözlerini güldürdi-de, aşaky dodagyny titredip: «Bilýäňmi, men kim bilen geldim» diýdi. Süňňüm erbet bir ýakymsyz zady syzan ýaly sesimi sandyradyp gepledim: «Kim bilen?» Ol penjirä has golaý bardy. «Ho-ol, maşyny görýäňmi?» Men onuň salgy beren tarapyna seretdim. Ol ýerde duran maşyn bir ýa iki däldi. Şonuň üçinem soragy men onuň özüne bermeli boldum. «Haýsy maşyny?» «Hon-ha, dur-a bir ak maşyn, gyzylyň yz ýanynda». «Kim ol?» «Araky gürrüň berenim-dä şol. Bir oglan haýyr-sahawat üçin taksiçilik edýän ekeni diýdim-ä».
Dogrudanam deňze gitmeziniň öň ýany ol maňa şolar ýaly bir zat aýdypdy.
Ol wagt meniň ýaňy bir soňky işime ýerleşen döwürlerimdi we düzgüni juda berkdi. Işden ýekeje minudam gijä galmak ýa ir gitmek bolanok. Arasynda-ha asylam sypdyranoklar. Ertirem, agşamam işgärler bölüminiň başlygy eli kagyz-galamly gapynyň agzyny alyp durandyr. Asla men deňizdenem şol ýagdaý sebäpli galypdym ahyry. Jemal bolsa bilşiň ýaly, gyzynyň yzyndan altynyň ýarynda gidýär. Şonuň üçinem men iň bolmanda wagtlaýynça onuň ýeke özüniň mensiz gatnamagyny haýyş edipdim. Soň ýadyma salyp görsem, edil deňize ýeke goýberenimi kyn görşi kimin, ol meniň şol teklibimem birhili gaty gören ýaly bolupdy we sesini cykarman, aşak bakyp, dodagyny dişläp sus gidipdi. Soňam bir gün duşuşyk wagtymyz çaý içip otyrkak gyzy bilen agşamara merkezden gaýdyp gelýärkäler tötänden bir ýaş ýigidiň maşynyna münendigini, onuňam münen, düşen ýerini belläp ertesi irden yzyndan gelendigini, özüniňem taksiçiligi mätäç adamlara sogap üçin edýän ekendigini aýdypdy. Nämemişin gyzy bilen eden «gümür-ýamyrlaryndan» ol ýigit Jemalyň hossarsyz, ýeke maşgaladygyny aňanmyşyn we ony şol kategoriýa degişli hasap edenmişin.
Içimi it ýyrtyp barýanam bolsa men şol gezegem özümi sowukganly alyp barmaga çalyşypdym. «Aý, ilçilikdir, Jemal her hili adam bardyr, ýöne, «...bir emmasy bolmasa, guýruk munda ne ýatyr» diýlen bir pähimem bardyr, onsoňam sen edil sadaka mätäç adamam däl-ä, özüňi beýle pese gaçyrman: «Ýok, dogan, taňyrýalkasyn, men öz günümi özüm görerin, siz mendenem mätäçleri tapyň-da, şolara kömek ediberiň» diýäýmeli ekeniň-dä diýipdim. Şeýdibem o mesele galypdy. Iň bolmanda men galandyr öýdüpdim. Ýöne, ine, şol gürrüňlerden soňam ol ýene-de: «Gör, men kim bilen geldim» diýip, ony maňa güjeňleýä. Şu oýlara gümra bolup, ind-ä ýarylaýsam gerek diýip, otyrkamam: «Ýene-de yzymdan geläýipdir-dä... Nädeýin-dä... Kak-to ne udobno... možet tanyşarsyňyz... öz-ä seň bilen pikirdeş ýaly...» diýen sesi gulagyma geldi.
Ine, şunda welin saklanyp bilmedim. Edil gyrasyndan içýan çakan ýaly ýüregim erbet sançdy. Kalbym gobsundy. Ýüregim ýerinden gozgandy. Beýnimiň içi sarsyp gitdi. Gaharym joş urdy. Zehinim bulaşdy. Şeýle-de bolsa, aýaklarym bilen ýer depip, uly ilim bilen gygyrybermekden zordan saklandym-da: «Bu barada biz öň gepleşipdig-ä, Jemal! Nokat goýupdyg-a! Indikiň näme! Yzyňdan geleni bilen münübermeli bormy her öňýeteniň maşynyna» diýdim. «Münmeziňe goýanog-a, eýläme bir geçip, beýläme bir geçip, signal berip ile masgara edip barýar-a...» diýip, gaýtam öňküsindenem beter içýakgyç gürrüň tapdy. «Munyň-a bolanok, Jemal, barybir münmeli däl ekeniň» diýdim. «Münende näm-ä-ä... Näme eder öýtýäň-ä...» diýende bolsa ýüregim eýýäm soňky on minudyň içinde ikinji gezek sançdy. Şonda men bütin göwräme agram salyp: «Erkek adam aýal maşgalany näme edýän bolsa senem şeýder» diýdim. Bu meniň Jemala ilkinji gezek gaty söz aýdyşymdy. Şonuň üçinem ol muny juda ýokuş görer, aglar, eňrär, ýat ýerde maňa bir iş bolar öýtdüm. Onuň welin terzem üýtgemedi. Şol bir köpmanyly ýylgyryp durşuna: «Pyşgyrýança bir müneýin, dil açan günem özüm jogabyny bererin, sebäbi bu gatnaw bilen maňa ulagsyz kyn bolýa» diýdi.

Dowamy bar >>
Awtoryň başga makalalary

Категория: Romanlar | Просмотров: 68 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Romanlar bölümiň başga makalalary

Uzak-uzak ýyllar - 5/ romanyñ dowamy - 28.01.2021
Uzak-uzak ýyllar - 3/ romanyñ dowamy - 28.01.2021
Gyrnak -2/ romanyñ dowamy - 18.02.2021
Uzak-uzak ýyllar - 9/ romanyñ dowamy - 29.01.2021
Казнь Махамбета -7/ продолжение - 29.06.2021
Zyýarat -4/ romanyñ dowamy - 11.02.2021
Söýgi -5/ romanyñ dowamy - 14.02.2021
Ussat we Margarita -11/ romanyñ dowamy - 19.02.2021
Dünýäni toba halas eder -3/ dowamy - 30.06.2021
Yşk -8/ romanyñ dowamy - 21.05.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]