19:29
Söýgüde serhet ýok -13/ romanyñ dowamy
4.

Howwa, özüne geldigi men oňa şol sözleri aýtjakdym.
Ýöne, bar zat tersine boldy. Onuň bilen gepleşmek, öz pikirimi aýdyp, Jemal ikisini ýaraşdyrmak maňa miýesser etmedi. Aşyk hem şahyr ýürek bu gün-erte başyndan injek agyr apaty aňypmy ýa tötänden gabat geldimi, onuň haýsydyr bir ýurda baş alyp gitmek baradaky hyýalaty çyny ekeni. Ol hakykatdan-da göç üstünde ekeni. Kerwenine ýük urup, ýörişe taýýar bolup dur ekeni. Barjak menzili welin meniň çak edişimdenem has alyslarda ekeni. Ol mekan bir baranyňdan soň dolanyp gelinýän ýurt däl ekeni.
...Howwa, iki gün özüni bilmän ýatandan soň, ol ýogaldy. Şol wagt agşamaralardy. Jesedini öýüne eltenimizdenem, hernäçe kynam bolsa men bir çete çykyp, el telefonymdan Jemala jaň etdim, ertir näçelerde çykaryljakdygyny aýtdym.
Esli wagtlap ses-üýn eşidilmedi. Birdenem ol erbet bir içini çekdi-de, çirkin gygyrdy. Megerem, özünden giden bolsa gerek, trubkanyň işläp durandygyna garamazdan ses-üýn çykmady. Çagalarynyň: «Eje, eje, saňa näme boldy» diýýän sesleri welin eşidildi durdy.
Men ýene-de öýe girdim. Merhum ortarada süýnüp ýatyr. Üstüne galyň ýorgan atylan. Daş-töweregine eýýäm dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, tanyş-bilişleri, goňşy-golamlary, döredijilik işgärleri üýşüpdir. Olaryň içinde meniň tanaýanlarymam bar, tanamaýanlarymam. Ýöne, köpüsi tanaýanlarym.
Men baryp dostumyň başujynda çökdüm. Ýorganyň burçuny galdyryp, ýüz-gözüni sypaladym. Hoşlaşdym. «Men senden razydyryn, senem menden razy bol, doganjygym – diýdim. Özem daşymdan diýdim. Içimden bolsa: –Bagyşla, dost, men saňa aýtmaly esasy zadymy aýdyp ýetişmedim» diýdim. Soň ýüzüni emaý bilen ýapdym-da, kynlyk bilen ýerimden turdum. Arkalaryny diwara berşip ýüzlerini sallaşyp oturan adamlaryň arasyna geçdim. Şol ýerdenem jansyz jesede öwrülip, dem-düýtsiz ýatan dostuma seretdim.
Hem uly dünýäniň, hem öz döredijilik dünýäsiniň, hem yşkyň derdini çekip ýören kiçijik ýüregine ýekeje pursatlygam ynjalyk bermän, altmyş ýaşy arka atan arzuwçyl, şahyr adamyň şeýdip, hiç bir zada dahylsyz halda süýnüp ýatyşy maňa juda ýokuş degdi. Ýüreginde besläp ýören göwrümli eserlerini gutaryp bilmändigi, käbirlerini bolsa entek başlabam ýetişmändigi üçin gynandym.
Ýöne her niçik hem bolsa, ol käbir taýyn eserlerini-hä çapa doly taýýarlap ýetişipdi. Kompýuterden geçirdip, elektron wariantlarynam, kagyza geçirilen görnüşlrinem taýýarlap goýupdy. Rejeläpdi. Ine, haçanam bolsa şol kitaplaryň çapdan çykan güni dostumyň täzeden direljekdigi baradaky guwanç duýgusy maňa az-kem teselli berdi. Şol kitaplar ony ebedi ýaşadar, telim nesil ony şol kitaplary arkaly hemişelik ýatlar ýörer.
Meniň içimden edip oturan oý-pikirlerimi aňan ýaly, merhumyň daşyny gallaşyp oturanlaryňam gürrüňleri kem-kemden onuň döredijiligine syrykdy. Gürrüňçilik parahat akýan derýa ýaly «pyşyr-pyşyr» edip ýuwaşjadan gitdi oturdy.
Oturanlara gelip goşulýanlaryň yzy üzülenok. Täze gelenlere orun bermek üçin, öňki oturanlaryň käbirleri, hususan-da ýaş-ýeleňler turup gidýärler. Şolar ýaly-da gürrüňçiligiň arasyna böwşeňlik aralaşýar. Az salymlyk dymyşlykdan soň ýene-de öňki akymy boýunça dowam edýär.
Gije örän uzak hem ýürekgysgynç boldy. Wagtyň bir çene barmagy, eňekleriň ýadamagy bilen gep-gürrüňem gutardy. Adamlaryň köpüsi örüşdi. Ýat gitdi, garyndaş galdy. Olaram assa-ýuwaş uky basmarlap başlady. Şonuň üçinem, merhumy daň atýança ikibir-üçbir, gezek-gezegine saklamaly edildi.

...Bellenilişi ýaly, ertesi ir sagat on bir boluberende merhumy tabyda mündürip öýünden çykardylar-da, gapa düşelen bir maşyn sowuk ak çägäniň üstünde goýdular. Ýaşulylar aglabasy köne galoşlardan ybarat aýakgaplaryny çykaryp jynaza durdular. Şol wagt orta ýaşlaryndaky bir adam, aýakgaplaryň hersiniň bir taýynyň içine bir manatdan pul sokuşdyryp çykdy.
Şondan soň merhumyň ogly we öten agşam obadan gelen, süýtdeş inisi öň tarapdan, bir wagtlar ýogalan agasynyň iki oglam yz tarapdan tutup, tabydy ýerden göterdiler.
Yzanda-çuwanlyk başlandy. Hususan-da Aýlarhan bilen gyzy tabydyň yzyndan ellerini öwsüşip hünübirýan aglaşdylar. Elbetde, olar däp boýunça iň soňky borçlaryny berjaý edýärdiler.
Öýden kyrk-elli ädim daşlaşansoňlar, tabydy köçede garaşyp duran üsti açyk, nowaly maşyna saldylar. Ýanyna ogly we inileri şeýle hem bäş-üç sany degenek jahyl mündi. Menem mündim.
Ugradyk. Ugur şäheriň ýigrimi kilometrlik demirgazygynda ýerleşýän «Çoganly» gonamçylygyna tarap. Erkin ony hemişe «aramgäh», ýagny, dynç alynýan ýer, daça diýip atlandyrýardy. «Dynç aldyňmy», ýa-da «Dynç alaňokmy» diýseň ol hemişe «Dynjy Çoganlyda alarys, häzir welin işlemek gerek» diýip, jogap berýärdi. Häzir ol ine, şol ýere barýar. Has takygy äkidip barýarlar. Erkin indi ol ýerden yzyna dolanmaz, şähere gelmez, Jemaly gözläp heläk bolmaz. Hiç kimden gabanmazam. Meni ýanyna çagyryp ýa ýanyma gelip derdinden «dat» hem etmez. Jemalyň ugrundaky diwanaçylykly hereketlerinden gürrüň bermez. Tä, kyýamat ahyra çenli, ölüniň-diriniň magşar meýdanynda ýygyn boljak pursadyna çenli şol ýerde, sag egni bilen sowuk gumy ýassanyp ýatar.
...Çoganla barmak üçin, Erkiniň soňky ýyllarda üstüni torç eden ötüginiň aşagyndan geçip, Jemalyň öýüniň gapdaly bilen şäheriň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän kanala tarap gönükmeli. Onuň äpet köprüsinden geçeniňden soň Çoganly obasynyň içi bilen gitmeli-de asfaltlanan giň hem tekiz ýol bilen şäheriň Daşoguz derwezesine tarap ugrukmaly. Ýoluň iki tarapyny tutup ýatan aramgählerden geçmeli. Ondan soňam az-kem ýöräp saga öwrülmeli. Ýöne, biz entek ýaňy bir ötükden çykyp barýas.
Maşynyň silkewine jesediň ynjamazlygy üçin, tabydyň sapyny elimizde, özüni dyzlarymyzyň üstünde saklap, ýüzümizi sallaşyp otyrys. Hiç kimden ses-üýn çykanok. Ötükden çykyberenimizde Erkiniň şu ötük bilen baglanyşykly gürrüňleri biygtyýar ýadyma düşdi. «Ak maşynyň içi Jemaly geçenini görjek bolup, öten-geçen maşynlaryň belgilerine tiňkesini dikip durşy, birdenem arka tarapda gyzjagazynyň elinden tutup gelýän Jemalyň peýda bolşy göz öňüme gelende daşymdan: «Häh, adam pahyr-eý...» diýenimem, dodagymy dişläp başymy ýaýkanymam bilmän galypdyryn. Çünki, indi o zatlaryň Erkin üçin parhy ýok. Özem ol bu wagt ötügiň üstünden däl-de, astyndan geçip barýar. Hä diýmänem maşyn Jemallaryň deňine barar. Şonda Erkiniň üstündäki galyňly-ýukaly ýapynjalary ýekän-ýekän serpäge-de, syçrap ýerinden galmajakdygyna, maşyndan böküp düşäge-de, Jemallara tarap ylgabermejekdigine men gaty bir ynanybam baramok. Şol gorkynyň täsiri bilenmi ýa süňňüm bir zady syzdymy, men birdenkä başymy galdyrdym-da, boýnumy süýndirip maşynyň kabinasy üstiaşyry öňe seretdim. Görsem Jemallaryň gapdalyndaky azyk dükanyna ýetip barýas. Dükanyň gabat garşysynda uçargähe, awtoterminala, «jygyllyga» we «Çoganla» gidýän awtobuslaryň duralgasy bar. Duralga hemişekisi ýaly adamly. Bir awtobus-a edil biziň öň ýanymyzdan ugradam.
Başga üýtgeşiklik ýok, ýöne, meniň ünsümi özüne çeken zat, şol duralganyň on ädim bäri ýanynda, ýoluň gyrasynda, egni gara köýnekli, başy gara ýaglykly, hatda köwşüne çenli gara geýnen dolmuş, akmapraç, orta ýaşlaryndaky daýaw gelin gözlerine ýaş aýlap dur. Gara lybasyň astynda onuň ozaldanam ýüzi, çomuç ýaly dykyz goşarlary, kösük deý barmaklary hasam ak görünýär. Biz golaýyna baranymyzdan ol ýoluň içine tarap bir ädim öňe süýşdi-de, sag goluny usullyk bilen galdyrdy. Edil beýdeni bilen saklanaýjakdygyna ynam etmedik bora çemeli, ýuwaş, ýöne, ynamly ädimler bilen maşynyň öňüne geçdi. Alabaharyň ýiti şemalyna eşiklerini pasyrdadyp duran gelniň keşbi şonda ýas kerweniniň öňüne dikilen gara baýdaga meňzedi.
Adatça, gölegçiler barmaly ýerlerine barýançalar saklanmaýarlaram, olary saklamagam bolmaýar. Bu – ýazylmadyk kanun. Ýöne, öňüňde durany basyp ötübermegem bolanok. Şonuň üçinem, üsti merhumly maşyn biygtyýar togtamaly boldy. Şol ugra barýan, ýöne, hormat üçin ýas kerweninden ozman, yzymyza düşüp gelýän beýleki maşynlaram saklandylar. Netijede, şol ugur boýunça hereket bütinleý togtady. Ýas kerwenine gözegçilik edip gelýän ekabyrlaram ylgaşlaşyp geldiler-de, biziň näme üçin saklanandygymyzy soradylar. Oňa çenli gelnem assa-ýuwaş basyp, maşynyň yzyna, nowanyň açyk tarapyna aýlandy. Üstüne dürli parçalar ýapylan tabyda seretdi. Dodaklaryny kemşerdip şol tarapa elini serdi. Şonda onuň gözlerinden paýran dökülen ýaş düwmejikleri uzyn bir sapaga düzülen nepis hünjüler kimin hatarlanyşyp ýere döküldiler.
Bu Jemaldy.
Ekabyrlaryň gahar gatyşykly sesleri eşidildi.
– Jigi, sen kim? Sen bu bendäniň nämäsi? Näme üçin bu ýerde dursuň? Maşyny näme üçin sakladyň?
Jemal ilk-ä ellerini merhumyň aýaklarynyň üstüne goýdy. Elleriniň üstüne-de maňlaýyny goýdy. Ýöne, köp eglenmedi. Başyny galdyrdy. Delmuryp ekabyryň ýüzüne seretdi.
– Menden zat soramaň, agalar, ýöne, rugsat ediň, hoşlaşyp bir galaýyn...
Şojagaz ýeke agyz sözem ol zordan aýtdy. Bokurdagynda dykyn alyp duran böwet sözüni soňlap-soňlamanka böwsüldi. Ol «ah» çekip şeýle bir aglady welin, hümer bolup duran märekäniň barysy birden tolkun atdy. Gelniň haýyşyny kanagatlandyraýmakdan başga alajyň ýokdugyna hemmeler düşündiler.
Erkiniň halypasy, islendik ýerde gepini-sözüni düşündirip bilýän, häzirki kerwene kethudalyk edip gelýänleriň biri, kelteräk boýly, garaýagyz, mazaly agaran buýra saçlary «çyrazy» baganasyna meňzäp duran, Türkmenistanyň halk şahyry Baýhan Atalyk gybyrdyklap geldi-de, atylyp orta çykdy. Ol:
– Kim bolanda näme? Goý, hoşlaşsyn! Iň soňky ýoluna barýan bende bilen razylaşmak hiç kime-de aýp däldir – diýip, pert-pert gepledi.
Kakasynyň başujyny saklap oturan oglam ýerinden turdy-da, hemmeler eşider ýaly edip:
– Goý, hoşlaşsyn!.. – diýdi.
Şondan soň-a hiç kimden garşylykly ses çykmady. Baýhan Atalyk entegem ýaýdanjyrap, merhuma tarap el serip, duran gelne ýüzlendi.
– Bolaweri jigi, bolaweri, eglemäweri – Birdenem ol arkan gaýyşdy-da, töweregindäki ýaş-ýeleňlere azm urdy. – Nämä mölterişip durduňyz? Kömek ediň-de, çykaryň çaltrak ýokaryk!..
Dumly-duşda söm-saýak bolup duran jahyl ýigitler güpürdeşip bardylar-da, ýerli-ýerden goltgy berip, gelni bir demde nowanyň üstüne çykardylar.
Jemal özüni merhumyň üstüne zyňdy, gujaklady. Öňküsindenem beter aglady. Iň soňky gezek ýüzüni görmek üçin, üstüne ýapylan gyzyl-ala şahy ýorganyň burçuny galdyrdy. Emma kepene çolanan jesediň ýüzi görünmedi. Gelin şonda-da ýaňagyny onuň ýüzüne goýdy. Hasanyň üstündenem bolsa ogşady. Soňam oňa siňňin garady-da, ýuwaşlyk bilen:
-Ahyry köşeşdiňmi ezizim... – diýdi.
Ol muny pyşyrdap aýdanam bolsa hemmeler eşitdiler. Iň bolmanda maşynyň üstündäkiler-ä eşitdi. Ýöne, gysgaça aýdylan ojagaz sözüň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyna welin, menden başga düşünen ýok bolsa gerek.
Oňa çenlem gyssap başladylar. Hatda hoşlaşmaga ygtyýar beren Baýhan Atalygam gözüniň ýaşyny süpürip durşuna bokurdagyny dolduryp:
– Boldy indi jigi, düş, bendäni mundan artyk egleme... – diýdi.
Jemal tisgine-tisgine uludan demini aldy-da, usullyk bilen ýerinden turdy. Özüni merdemsi tutup durşuna goltugyndan ullakan, seçekli gyzyl ýüň ýaglyk çykardy. Howlukman gatyny açdy. Şapyrdadyp silkdi-de, merhumyň üstüne ýapdy. Ortarada güberilip ýatan jeset şonda bahar aýy gök otlardyr – gyzyl güläleklere beslenen lälezar meýdana meňzedi. Gelniň meňli dodaklary çalaja gymlydady.
– Hoş ezizim! Razy bol! Rahat ýat! – Ol ýere düşmek üçin, nowanyň yz tarapyna ýöneldi. Kuwwatly gollar oňa ýene-de kömege geldiler. Emaý bilen düşürdiler. Gelin içi ýaşdan doly gabaklaryny galdyrman durşuna ýuwaşja seslendi. – Taňyrýalkasyn, adamlar... – Şondan soň ol ýene-de elini tabyda tarap serdi. – Ruhyňy ynjytma ezizim. Içiňi gysdyrma! Rahat ýat! Men edil öňkim ýaly, öňki wagtynda ýanyňa barar duraryn... – Ol ýoly boşatmak üçin ýanýoda tarap «dähedem-dessemläp» ugrady. Maşyn ýerinden gozganandanam aýalary bilen ýüzüni ýapdy-da, öňküsindenem has joşgunly aglady. Birdenem elini kem-kemden daşlaşyp barýan maşyna tarap serdi.
– Erki-i-n-n!...
Onuň bu zaryn sesi gölegçileriň üstünden aşyp geçip, beýik binalaryň ýüzüne ak mermer örtülen sowuk diwarlaryna degdi. Ýaňlandy. Ýaň bütin şähere doldy. Zähresi ýarylara gelen şäher ilaty: «Näbela bolduka» diýşip, duran-duran ýerlerinde doňdular. Bir pursat ähli köçede hereket togtady. Diňe gök asmanyň çat açyp, gelniň sesiniňem şoňa siňip gitmegi bilen hereket täzeden başlandy.
Gölegçileri agyr oýda we alasarmyk halda goýan gelin welin, biz telim çatrykdan geçenimizden soňam tä garamyz ýitýänçä ýerinden gozganman, yzymazdan garady durdy. Onuň bolup durşy edil, Erkiniň öz beren gürrüňindäki ýaly ilk-ä ýüzlenme alamatyna meňzedi, soňam kiçijik nokada öwrüldi. Ahyram ýitdi.
Şäherden saýlananymyzdan soň, maşynyň üstünde ýaňky gelniň kimdigi, merhumyň nämesidigi barada hyşy-wyşy gürrüňler başlandy. Her kim biz zat diýdi. Soňam barysy birden soragly nazarlaryny şahyryň ogluna bakan gönükdirdiler. Ogul sesini çykarmady. Hiç kime üns bermän, aşak bakdy oturdy. Şol wagt hälki, Jemaldan: «Sen kim? Onuň nämesi?» diýip soran ekabyr ýaşuly:
– Biri-biriňize berýän soraglaryňyzyň jogabyny özüňizem bilýäňiz adamlar. Ýöne bilmediksirän bolýaňyz. Eger-de şu ýaşdaka şolar ýaly ýaş gelniň şon deý söýgüsiniň gazanyp, şon deý yhlasyna mynasyp bolup bilen bolsa – Ol Erkiniň jesedine tarap baş atdy – onda bize bu bendäniň ruhuna sežde edäýmek galýa.
Hemmeler ýuwaşlyk bilen başlaryny aşak-ýokary atyşdylar. Şondan soň hiç kim ol gürrüňe dolanyp gelmedi. Umumanam gürrüňçilik galdy. Tä, öwülýä ýetýänçäk öz münüp barýan maşynymyzyň «güzzüldisinden», duşumyzdan geçýän ululy-kiçili maşynlaryň «wazzyldysyndan» başga ses-üýn eşidilmedi.

Ýene-de ylaýyk kyrk günden biz Erkiniň doglan gününi bellemelidik.
Diýmek, bu gezek onuň doglan güni kyrkyna gabat gelýär.
Ine-de, şol gün gelip ýetdi. Men ir bilen turdum-da, öz ulagyma münüp bazara bardym. Erkiniň iň gowy görýän gülünden – gyralary gyrawlap duran gyrmyzy, bolgar bägüllerinden aldym. Şol ýerdenem Çoganla gitdim. Ulagymy mazarystançylygy ikä bölüp geçýän ýoluň ugrunda goýup, özüm Erkiniň guburyna tarap ýöneldim. Barsam eýýäm mazarynyň daşyna demir germew aýlanypdyr. Kümüşsöw reňk çaýylypdyr. Gara mermeriň ýüzüne ady, atasynyň ady, doglan ýyly, ýogalan senesi ýazylaypdyr. Daş-töweregi timarlanypdyr. Bu – Erkiniň oglunyň işi.
Men elimdäki gülümi ýadygärlik daşyň öňünde goýdum. Çommalyp aýat okadym. Soň bir gyra çekildim-de oýa batdym. Pikirler meni aýlap-öwrüp Erkin ikimiziň çagalyk ýyllarymyza tarap alyp gitdi.
...Mekdebi tamamlap, okuwa gaýtmak üçin hat-peteklerimizi taýýarlap ýörşümizem, Aşgabada gelşimizem, nirä gitjegimizi bilmän, perronda daş-töweregimize garanjaklap durşumyzam düýnjik ýalydy. Şonda bize gurluşyk tehnikumynda okap ýören, özümizden üç-dört ýaş uly obadaş oglanymyz sataşaýypdy. Adam aljyrap durka çykalga tapylsa juda begener ekeni. Şol oglanyň köpçüligiň içinden saýlanyp görnen akýagyz tegelegräk ýüzi, gülümjiräp duran gýak gözleri henizem gözlerimiň öňünden aýrylanok.
Ol bizi ýatakhanasyna alyp gitdi. Şol myhman aldy. Ertesi Erkin-ä Uniwersitete, meni bolsa Medinstituta eltdi... Dokumentlerimizi tabşyrmaga kömek etdi.
Soň ýurda belli şahyr bolup ýetişen dostumyň heniz gumam solup ýetişmedik mazarynyň başujynda oýa batyp durşuma onuň ilkinji goşgusyny eline alyp, redaksiýalaryň birine tarap çekinjiräp barşam ýap-ýaňyja ýalydy. Hemişe bolşy ýaly ol şol gezegem mei ýany bilen alyp gidipdi.
Howanyň bijaý yssydygy ýadyma düşýär. Ýalňyşmaýan bolsam ikinji okuw ýylyny tamamlap, oba gaýtjak bolup ýören uçurlarymyzdy. Kyrk sekizinji ýylyň ýer yrnamasyndan soň wagtlaýynça diýlip salnan pessejik, ýöne içi diýseň salkyn, gapysynyň çep tarapynda-ha türkmençe, sag tarapynda bolsa orsça arkasy gap-gara aýnanyň ýüzüne: «Pylan gazetiň redaksiýasy» diýlip zer bilen ýazylan jaýyň darajyk hem garaňky, iki tarapam gapy bolup duran koridorynyň törüne tarap ep-esli ýöredik.
Gapylaryň hemmesi açyk, ýöne, birinde-de adam ýok. Iň soňky gapynyň agzynda aýak çekdik. «T» görnüşde goýlan stoluň aňyrsynda çilim kükedip oturan garaýagyz ýüzi goturakyrrak, buýralaç saçlary ýaňy bir gyrawlap başlan inçesagat kişi bize tarap boýnuny süýndirip seretdi-de, kimi gözleýändigimizi sorady. Men Erkiniň ýüzüne seretdim. O-da entegem daş işikde duran ýerinden ýaýdana-ýaýdana:
– Poeziýa bölümini gözleýädik welin... – diýdi. Goturaky kişiniň: «giriberiň» diýen manyda yşarat edenini görübem uýala-gorka bosagadan ätledi. Elindäki kagyzlaryny uzatdy. Bäş-üç sany goşgujyk getiripdik welin...
Öý eýesi degişjek boldumy ýa bar bolubilişimi, Erkiniň beren kagyzlarynyň ýüzüne-de seretmän, çekeriniň içine oklap goýberdi-de, sag eliniň süýem barmagyny burnunyň aşagyna süýkäp:
– Getirdik diýýaň welin, muny näme ikiňiz bile ýazdyňyzmy – diýdi.
– Ýok, ýok, men ýeke özüm ýazdym, biz ýöne bu ýere bile geldik... – diýip, Erkin şonda iňňän aljyraňňy gepledi.
Ýaş awtoryň öz öňünde aljyrap durandygy üçin gazetiň işgäri biçak begendi. Lezzet aldy. Buýsandy. Soňam ýüzüne-gözüne agraslyk röwüşini çaýdy-da, diň-gögüne garap badyhowalyk bilen:
– Poeziýa bölüminiň müdiri häzir ýok. Komadirowkada. Gelse gowşuraryn... – diýdi.
Bizden başga biri bolan bolsa ondan: «Müdir haçan gelerkä? Haçanrak habar tutsak bolarka? Siz özüňiz kim...» diýip, sorardy. Tanyşardy. Içine-daşyna geçip dostlaşardy. Ýöne, olar ýaly ukyp Erkin ikimizde-de ýokdy. Şonuň üçinem sessiz-üýnsiz yzymyza dolandyk.
Daş çykdyk. Gyzgyn howa haplap ýüzümize urdy. Aşa tolgunanymyzdanmy, nämemi, dodaklarymyzy ýalaşyp ep-esli durduk-da birdenem sessiz-üýnsiz golaýdaky piwohana tarap ugradyk. Üç kürüşge sowuk piwony yzly-yzyna düňküldedenimizden soň birneme özümize geldik. Ikimiziňem gep haltamyzyň agzy açylyp ugrady. Gep ýassygymyzam ýaňky, redaksiýanyň işgäri. Ondan ikimiziňem göwnümiz suw içmedi. Biziň pikir edişimize görä, ol öý eýesi hökmünde bizi ör turup garşy almalydy, geliň, geçiň oglanlar diýmelidi. Kimdigimizi, nirede okaýandygymyz bilen gyzyklanmalydy. Ýüzleýrägem bolsa, göwnümiz üçin göz gezdirip Erkiniň goşgulary barada bäş-üç agyz söz aýtmalydy, maslahatjagaz beren bolmalydy, ol bolsa...
Gümür-ýamyry gutaryp gideli diýip, otyrkagam ortadan pesräk boýly, buýra saçly, garaýagyzrak, eginlerini ýaýkyldadybrak ýöreýän ýeňi gysga gök köýnekli, çal jalbarly, aýagy melemtil tomus köwüşli bir ýigit «öten agşamkydan» ýaňa çaňjaryp duran ýüzüni çep eliniň aýasy bilen sypalap, piwohananyň gädiginden girdi. Boş bokal gözläp o ýere bu ýere bardy. Hiç ýerden tapmanam biziň ýanymyza geldi. Biz düýbündäkijänem «jyňkytdykda» bokallarymyzy onuň eline berdik. Ýerimizden turduk.
– Siz näme, gitjek bolýaňyzmy... – diýip, ol kürüşgeleri barmaklaryna ildirip durşuna hamala köne tanyşlaryndan jyda düşýän ýaly halys ýüregi bilen zarynlady. – Otursaňyzlaň-aý... Oturalyňda-raý... – Erkin ikimiziň biri-birimize seredişip belli bir karara gelibilmän oturşymyzdan ol özüçe, ýöne dogry many çykardy. – Puluň gaýgysyny etmäň, men ýaňyja gonarar aldym. Gonarar bolsa maşgala býujetine girmeýär. Özümem otpuskada... – Ol bizi boýun etdim hasap etdi-de, bokallary doldurmak üçin äpişgä tarap ýumlykdy. Ýetmänem saklandy. Bärisine öwrüldi. – Student dämi özüňiz? – Biz başymyzy atdyk. Ýigit: - Boldy onda, butnaýmaň» – diýip, ýene-de ýoluny dowam etdirdi. Bir ýerden ýene bir kürüşge tapandyrda, giden-de iki kürüşgeli gidenem bolsa, gelende üç kürüşgeli geldi. Biziň pul ýagdaýymyz dogrudanam çökderräkdi. Üstesine bir kürüşge içeris, diýip, gelenem bolsak adama üç kürüşge dagy içipdik. Ýöne bizi täze tanşymyzyň pulunyň barlygy däl-de, «gonarar aldym» diýen sözi gyzyklandyrypdy. Çünki, kim «gonarar» alýan bolsa ol hökman haýsam bolsa bir redaksiýanyň işgärri, žurnalist ýaýazyjy bolmaly. Şahyr bolaýmagam ahmal. Egerde artist ýa kompozitor bolan bolsa onda biz ony egnine düşüp duran ösgün saçlaryndan tanardyk. Hudožnik däldigem görnüp dur. Sebäbi ne sakgaly bar, ne-de murty. Bolsa-da bizi duýgumyz aldamady. Ol hakykatdan-da şahyr bolup çykdy.
Bir kürüşgäniň ýarysyny bir demde içenden soň biziň täze tanşymyzyň dili açylyp başlady.
Kürüşgäniň erňeginden agyp, sütünlerinden syrygyp duran ak köpürjiklere söýünçli seredip oturşyna ol jübüsinden dört eplengi gazet çykardy-da, joşgunly gürledi.
– Ylaýyk ine, şu günki gazetde goşgularymam çykypdyr. Bileje okarys, maslahatlaşarys, belki okyjy hökmünde öz bellikleriňizi aýdarsyňyz...
Ol entek sözünem soňlamanka ýerimizden «zöwwe» galaga-da:
– Agam, siz şahyrmy-y?.. – diýip, ýerli-ýerden gygyryşanymyzam duýman galypdyrys. – Size kim diýýäler?
Şahyr adyny aýtdy. Görüp otursak ol biziň günde-günaşa diýen ýaly gazetlerde goşgusyny okap, dayndan guwanyp ýören şahyrymyz ekeni. Ýöne, biz ony beýle ýaşdyr öýtmeýärdik. Asyl ol Uniwersitetem birki ýyllykda biz gelmezimiziň öň ýany gutaran ekeni. Diýmek, bizden bolaýsa bäş ýa alty ýaş uly bolmaly. Özem student döwürlerinden başlap özüni ile tanadypdyr. Entek kitaby ýok. Ýöne, bir gowy zady redaksiýada işleýär. Biziň ýap-ýaňyja baryp gaýdan edebi redaksiýamyzda däl-de, ýaşlar gazetinde işleýär. «Ol-a hasam gowy» diýşip, Erkin ikimiz ýerli-ýerden oňa tarap gobsunyşdyk.
Erkiniňem goşgy ýazýanyny eşidip ýaş şahyr biziň bilen hasam dostlaşdy. Gazetdäki goşgularyny oňa okatdy-da, haýsyny has gowy görendigini sorady. Pikirini bilensoň ony özüne ruhy hem duýgy tarapdan golaý saýdy. Erkiniň öz goşgularyny diňlänsoň-a şol pikiriniň dogry ekendigini ýene bir gezek terkarlady. Deňeşdirmeler arkaly subut etdi. Soňundanam Erkiniň egnine elini goýup:
– Sen goşgularyňy ýaňky elten ýeriňden al-da, maňa elt, men çykaraýyn şolary – diýdi. Az salym böwrüni diňläp oturansoňam başyny silkip başgaça gürledi. – Ýok! Alma! Degme dursun! Goý, özleriniň zehinli adamlara nähili sowuk-sala çemeleşýändiklerini bilsinler. Maňa bolsa başgalaryny getiräý. – Ol eýýäm ümezlän gözlerini süzüp, Erkiniň ýüzüne seretdi. Dişinden syzdyryp gepledi. – Bardyr-a başga-da goşgularyň?
Erkin howlukmaç gürledi.
– Bar, bar...
– Bar bolsa şeýt. Men saňa kömek edeýin. Ilkinji goltgynyň nämedigini men gowy bilýän. Çünki, düýn-öňňin meň özümem seň ornuňdadym. Iki-üç gezek yzly-yzyna ýüzüňe ursalar zat başarmaýandygyňa ilden öňürti özüň ynanyp başlaýaň. Şeýdibem köp zehinler köýüp gidýä. Körzehinlere bolsa geregi şol. Bir zehinlini ýok edibilseler guş bolup uçýalar. Şeýdibem özlerine ýol açýalar. Men muny näme üçin aýdýan? Adamçylykdyr, birden şo güne düşäýeniňde-de özüňi ýitiräýme, diýjek bolýan.
Öňi bilen özüňe özüň ynan. Ýöne, ynanjyň düýbi boş bolmasyn! Binýady berk bolsun. Onuň üçinem köp işlemeli. Uçursyz köp işlemeli... – Şahyr Erkine tarap eglip, süýem barmagyny çommaltdy. – Birem bek bil: Döredijiligem söweşdir. Söweşde bolsa gan dökülýändir. Şu ýola düşdüňmi – gapynam, janyňam orta goý...
Onuň bu sözleri Erkine juda ýarady. Maňa-da ýarady. Çünki, ýaňky salkyn hem garaňky jaýyň içinde oturan gazet işgäri bilen deňeşdireniňde bu ýaş şahyryň aratapawudy ýer bilen gök ýalydy. Bu bir ýanyp duran otdy. Durşy bilen hyjuwdy. Aýdýan her bir sözi gelip göni beýniňe batýardy. Ýüregiňe sanjylýardy. Seni öňde duran söweşlere, ýeňişlere hyjuwlandyrýardy. Hünäriňe bolan höwesi artdyrýardy.
Umuman, Erkiniň döredijilik işgärleri baradaky öňden gelýän düşünjesem ine, şu şahyryň bolup oturşyna gabat gelýärdi. Şonuň üçinem, onuň bilen bada-bat jyny jyňkyryşdy. Ol ikisi şol ýeriň özünde dostlaşdylar.
Şol gün agşam şahyr ýigit bizi öýüne alyp gitdi. Ol entek jaý alman ekeni. Amanat jaýda kireýine ýaşaýan ekeni. Gelni bar, ýöne çagasy ýok. Täzelikde öýlenipdir. Olar bize gowy hyzmat etdiler.
Erkiniň şol şahyr bilen şol günki, tötänden başlanan dostlugy ömürlik dostluga öwrüldi. Erkin onuň bilen tä ölýänçä gatnaşdy.
Şahyr ýigit Erkiniň döredijilik dünýäsinde uly rol oýnady. Uniwersitetden soň redaksiýalaryň birinde işe galmagyny kömek edenem şol. Ilkinji kitabyny çykarjak bolanda-da, Ýazyjylar Soýuzyna kabul edilende-de ol Erkiniň arkasynda berk durdy. Ýogsam şol döwür Ýazyjylar soýuzynyň agzasy bolmasaň-a neşirýatlar kitabyňy çykarmaýardylar, kitabyň bolmasa-da Ýazyjylar soýuzyna kabul etmeýärdiler. Mahlasy belkanyňky ýaly pyrlampajyň içine salýardylar-da: «Bol ylga!» diýýärdiler. Senem ylgaýardyň, onda-da garaçynyň bilen ylgaýarsyň, ýöne, ýol aşyp bileňok. Netije ýok. Ine, şolar ýaly boş aýlawdan çykyp, göni ýola düşmegiň üçin bolsa şol şahyr kimin kesgin hossarlar gerekdi.
Öten agşam Erkiniň jesedini gijesi bilen saklaşanlaryň arasynda şol hem bardy. Ýas kerweniniň öňünden çykanda Jemala Erkin bilen hoşlaşmaga ygtyýar beren ekabyram hut şoldy. – Baýhan Atalykdy.
... Şu zatlary aňymda aýlap oturşyma Erkiniň soňky ýyllardaky başyna düşen külpetlerini, janyna jaý tapman iki ýana urnup ýörşüni ýatlap gynandym.

...Men indi gaýtmalydym. Çünki gün günortana golaýlapdy. Basym el galdyrmak üçin Erkiniň öýüne gelşip ugrarlar. Tebärek çykarlar. Iň ýakyn dosty hem garyndaşy bolup iliň yzyndan barmak bolsa gelşiksiz. Şonuň üçinem, Erkiniň başujynda oturyp ýene bir gezek doga okadyp-da, ýola düşmek üçin ýerimden turdum.
Edil şol wagtam mazarystançylygyň ortasyndan geçýän ýol bilen haýaljakdan ýöräp gelýän, zybrym gara geýnen, başyna-da ýukajyk, gara ýüpek ýaglyk atynan, goltugy bir gujak gülli daýaw gelne gözüm düşdi. Ol göni meniň duran ýerime tarap gelýärdi. Agraslyk bilen käte bir galyp gidýän gabaklarynyň astyndan çykýan ýiti nazarynyň ujy bolsa gelip göni Erkiniň mazaryna direýär. Men ony tanadym. Bu Jemal. Ol şol gelşine maňa tarap çalaja baş atdy. Dodaklaryny gymyldadyp germewiň kiltini ýazdyryp içine girdi. Meniň goýan güllerime gözi düşenden soň: «Muny siz goýduňyzmy», diýen manyda ýüzüme täzeden seretdi. Goltugyndaky gyzyl «gwozdikalary» meniň goýan bolgar bägüllerimiň gapdalynda emaý bilen goýdy. Mazaryň daşyndan synlady. Däbe görä merhumyň ýüki ýeňlesin diýen niýet bilen mazaryň üstünden bir çümmük gum aldy-da, çep egniniň üstaşyry serpip goýberdi. Şondan soň ýokarky kenarasynyň sag gyrasy meňli pökgüje, elwan dodaklar çalaja gymyldady.
– Ak, köşgüň, altyn, tagtyň gutly bolsun, ezizim! Rahat ýat! Gorsanma... Men senden birugsat hiç ýana gitmen...
Şeý diýgeç ol dikeldi. Şonda onuň gözlerinden syzyp çykan ýaş damjalary possuk ýaly ýumşajyk, ter hem-de ak ýaňaklaryndan syrygyp gaýtdy-da, çöl şemalynyň badyna çalarak galgaşyp, eýýämhaçan bägüller bilen gujaklaşyp ugran «gwozdakalaryň» üstüne damdy.
Jemal ýaşly gözlerini balkyldadyp maňa seretdi.
– Sizem bärde ekeniňiz-ow...
– Howwa, bu gün onuň doglan güni.
– Bilýän, hem-ä doglan güni, hemem kyrky. Kyrkyna-ha barybilmen welin doglan güni bilen bir gutlaýyn diýip, gaýdyberdim.
– Oňarypsyňyz...
Jemal ýene bir gezek mazara göz aýlady. Bozuldy. Menem bozuldym. Onuň şondan soňky sözleri syzalaryň çöl şemalyna yzlaşýan zaryn seslerine garyşyp hasam naşynjar eşidildi.
– Döwranyň mazarynyň başynda durkak, ejem bilen Erkine meniň näme diýenim ýadyňyza düşýämi?
– Düşýä.
– Erkiniň näme diýenem düşýämi?
– O-da düşýä.
– Ine, onuň şo diýeni geldi. Men şol sözi bu gün hakykatdanam aýtmaly boldum. – Gözenekli demir aýmançadan ýapyşyp durşuna Jemal Erkiniň mazaryna tarap baş atdy. – Howwa, bu meniň iň soňky söýgüm. Meniň kalbymda indi mundan başga birine orun ýok. Ol meniň ýüregimdäki söýgä goýlan iň soňky nokat. Möhür... – Şondan soň Jemal köýnegine kybapdaş ýalpyldap duran gara sumkasyndan garamtyl reňkli täzeje el telefonyny çykardy. Dyrnaklaryna elwan reňk çalnan kösük deý owadan barmaklary bilen mazaryň başujy tarapyny dört barmak çuňlukda gazalady. Telefony şonuň içine goýdy we indi maňa däl-de, Erkine degişli edip: – Al, ezizim, muny men seniň üçin ýörite getirdim. Içine pulam saldym. Zarýadam berdim. Nomerem bardyr, arkaýyn jaň ediber. Menem eder duraryn – diýibem, çukurjykdan çykan gumy telefonyň üstüne sürdi. Dikeldi. Aýalaryny biri-birine urup, eliniň gumlaryny kakyşdyrdy. Assajyk ýöräp ýanyma geldi. Ýene-de nazaryny mazara gönükdirdi. – Özem-ä bilýändir welin, Nepes, sen gaýrat et-de, Erkiniň ogluna aýt, goý onuň mazarynyň üstüne ýa-ha kölege etsin, ýa-da bag eksin. Bendäniň ýüregi yssa juda çydamsyzdy. Arassa, sergin şemaly, salkyn howany gowy görýädi. Esasanam meýdan howasyny halaýardy...
Iň bolmanda ol şol maksadyna-ha ýetdi.
Men birhili boldum. Agyr urgy ony üýtgedäýendir öýtdüm. Şeýle-de bolsa syr bildirmezlige çalyşdym. Galyberse-de Jemalyň aýdýanlary dogrudy. Erkin hakykatdan-da salkyn howany gowy görýärdi. Yssa çydamsyzrakdy.
– Arkaýyn bol, Jemal. Men ony ogluna aýdaryn. Ol ony hökman şeýder. Asyl onuň özem şonuň aladasynda bolaýmasa. Arada şolar ýaly bir gürrüň gozgadymyka diýibem durun meň ýanymda.
Jemal uludan demini aldy.
– Bolýa-la oňňaly bolsa... – Ol meni birinji gezek görýän ýaly ýüzüme alasarmyk halda seretdi. – Siz menem alyp gidibilmezmisiňiz?
– Elbetde. Hiý onuňam bir gürrüňi bormy.
Her niçik hem bolsa onuň mazardan aýrylasy gelmeýärdi. Şonuň üçin men ony gyssajagam bolmadym-da, özüm assa-ýuwaşdan maşynyma tarap ýöräberdim. Yzyma garamadym. Baryp maşyny otladym. Gyzdyryp oturşyma gün-günden köpelip gidip barýan mazarystanlyga göz aýladym.
Gün-günden köpelip barýan diýmegimiň sebäbi bu gonamçylyk täze. Biz bu ýerde goýumçylygyň ýaňy başlan döwürlerinem bilýäs. Şondan bäri geçse bäş-alty ýyl geçendir, eýýäm onuň aňyrsyna bärsine göz ýetenok.
Diýmek, ajalam gije-gündiz, dynman işleýär. Özem juda öndümli işleýär.
Ýene bir bellemeli zat: öňler hristian mazarystançylygy bilen musulman gonamçylygy daşyndan seredeniňde-de ap-aýratyn bolar durardy. Hristianlaryňky ideglidi. Desgalydy. Bagly, suwludy. Daşyndan seredeniňde ýaşaýjylary içinden çykyp giden çola şähere meňzeýärdi. Musulman ynanjyna görä bolsa mazar näçe çalt ýitse, şonça-da gowy hasaplanýardy. Olarda ideg-yssywat ýokdy. Her kim ölüsinden bizar bolana, ondan ölümiň öň ýanynda dynana meňzeýärdi.
Indi welin musulman gonamçylygam edil hristianlaryňky ýaly. Şolarda edilýän zat indi munda-da edilýär. Daşyndan seredeniňde indi o-da ýaşaýjysyz şähere meňzeýär. Egerde men hudožnik bolan bolsamdym, onda bu görnüşi şekile geçirerdim we «Öli şäher» diýip, atlandyrardym.
Soň men ýene-de nazarymy Jemala tarap aýladym. Ol henizem Erkiniň mazarynyň başynda yraň atyp dur. Ýalňyşmaýan bolsam ol aglaýardy. Onda-da eginlerini silkip, usuljak bilen, kükregine urup, hopugyp-hopugyp aglaýardy...
...Ýolboýam hiç birimiz, hiç zat barada dil ýarmadyk. Herimiz öz pikirimize gümra bolup otyrys. Düşjek wagty men oňa:
– Heran-haçan kömek, goldaw gerek bolsa dogtorlyk işiňiz çyksa, çekinmäň-de aýdaýyň, çekinmäň – diýdim.
– Taňryýalkasyn, Nepes. Öz günümi özüm görjek bolaryn. Elbetde, bu-da bir maňlaýyma ýazylanydyr-da... Allanyň eçilmedigini el bilen düzedip bolmaýan ekeni, şoňa-ha gözüm ýetdi... – Jemalyň soňky sözleri hasam gamgyn çykdy. – Ýöne, Erkiniň ýogalanyny çagalaryma nädip aýtjagymy bilemok. Olar ony juda gowy görýärdiler. Olar hatda kakalaryna-da şonça öwrenişmändiler. Şonuň üçinem, ajy habar ýürejiklerini çakarmykan öýdüp gorkýan. Ýa entek ýaraşamyzok, diýäýsemmikäm?...
– O-da bor. Juda bolmasa: daş bir ýurda uzak wagtlyk işe gitdi diýýäýiň. Şeýtseňiz kem-kemden ýatlaryndan çykyşar.
– Şeýderin-dä bolmasa.
– Hoş onda, sag boluň.
– Saglykda göşeliň.

Dowamy bar >>
Awtoryň başga makalalary

Категория: Romanlar | Просмотров: 35 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Romanlar bölümiň başga makalalary

Söýgi -4/ romanyñ dowamy - 14.02.2021
Ussat we Margarita -23/ romanyñ dowamy - 06.03.2021
Iñ soñky tomus -10/ romanyñ soñy - 24.02.2021
Ussat we Margarita -5/ romanyñ dowamy - 09.02.2021
Ussat we Margarita -21/ romanyñ dowamy - 06.03.2021
Gonambaşy -6/ romanyñ dowamy - 24.05.2021
Kyýamat-magşara çenli -12/ romanyñ soñy - 18.02.2021
Ussat we Margarita -28/ romanyñ dowamy - 23.03.2021
Döwletbaşy -15/ romanyñ dowamy - 07.02.2021
Ussat we Margarita -17/ romanyñ dowamy - 22.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]