23:28
Ömrüzaýa -11/ romanyñ soñy
9. SOŇLAMA

― Şol wagtlar men elli ýaşlarymdadym, Azat jan ― diýip, Mähti aga agyr ýüküň aşagyndan çykan ýaly, hopugyp dem aldy. Göwresini dikeldip ýüzüme seretdi. ― Ondan bärem ýigrimi ýyl geçipdir. Ýetmişe gadam basypdyryn. Yzyma ser salsam welin, ýaňky aýdyp beren ahwalatlarymdan başga bitiren goşum ýok. Göwnüm bolsa uly-uly binalar gurjakdy, asyrlardan-asyrlara geçip gitjek ymaratlar, ýadygärlikler dikeltjekdi. Bolmady. Iň bärkisi Sümsüle bilen Hapbynyň öňündäki günämi ýeňletmek üçin gurmaklygy niýet edinen ýönekeýje kümmetimem kagyz ýüzünde, taslamalygyna galdy. Ýöne, onuň sebäb-ä, pikir edip görýän welin, megerem, ol ikisiniň öňündäki gazanan günälerimiň bir kümmet gurup ýulunardan has çökderräkdiginden bolaýmagam ahmal.
Bimany geçen bu ömrümde göwnüme teselli berýän bir zat bar, o-da: ömrümiziň güýzän çagynda duşandygymyza garamazdan, Aýbahar bilen bilelikde iki ogul ösdürip ýetişdirendigimiz. Bu dünýä gelip, agyz doldyrlyk eden işim, bitiren goşum, ana ― şol ikisi. Indi meniň binamam, binýadymam, ýadygärligimem, ymaratymam, dünýeden gaýdyş eden günüm guburymyň üstüni penalajak kümmetimem şolar. ― Mähti aga şondan soň ogullary baradaky söhbete geçdi. ― Uly oglum ― Garadag, Hudaýa şükür otuza golaýlap ýör. Has takygy ýigrimi ýedi ýaşynda. Öýlenen. Bökjekläp ýören gyzjagazy bar. Oňa ejemiň adyny dakdyk. Allah ogul berse ikinjisine kakamyň adyny dakmakçy. Garadag tüweleme, okuwly, ylymly adam bolup ýetişdi. Bäş ýyl mundan ozal uniwersitetiň taryh fakultetini, ondan soň aspiranturany tamamlady. Gadymy «Turlar» barada iş gorady. Olaryň öz ata-babalarymyz — oguzlardygyny, «türkmen» sözüniňem birinji bölüminiň «tur» sözünden gelip çykandygyny, türkologiýa ylmynda ilkinji bolup subut etdi. Ol doktorlyk işinem şol temadan aldy we ony soňam dowam etdirmekçi. Häzir ol Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda işläp ýör.
Galandar türkmen dili we edebiýaty bilen gyzyklanýa. Şol ugur boýunça-da, mundan üç ýyl ozal Dünýä dilleri institutyny tamamlady. Ýazuw-pozuwdanam başy çykman duranok. Ýazyjy bolaýmagam ahmal. Ony şol, gutaran okuw jaýynda işe alyp galdylar. Öýlenmäge howluganok. Häsiýeti boýunça maňa golaý. Şonuň üçinem, gelnem özi ýaly gylyklyja bolup çyksa, şony ýanymyzda alyp galaýmagymyzam ahmal. Ulymyzdanam nägile däl, ýöne, türkmençiligiň düzgüni şeýle. Galanynam nesibedir, görüberýäs-dä...
Birinden-biriniň binagär bolaryny, öz köýen arzuwymyň şolaryň birinde hasyl bolmagyny isläpdim, emma hiç zady edeýin, diýip edip bolmaýandygyny men öz durmuşymda köp gördüm ahyry. Birden, o-da kakamyň meni bagşy etjek bolşy ýaly bolup çyksa, onda ol hiç zatça-da bolmaz.
Diýmek, bagşy ýa binagär bolmak, biziň tohumymyzyň nesibesinde ýok bolmaly.
...Ýokarda aýdyp geçişim ýaly, Ýuliýa bilenem aragatnaşyklarymyz başda gowudy. Hatam ýazyşýadyk, jaňlaşýadygam.
Şol döwürler ýazan hatlarynyň birinde ol Dmitriniň eýýäm ilki kandidatlyk, soňam doktorlyk dissertasiýalaryny yzly-yzyna gorandygyny, alymlar şäherçesinden ullakan hem giň jaý alandygyny, özünem ýanyna çagyrýandygyny, çaga sanynyň bolsa üçe ýetendigini ýazypdy. Şondan bäş ýyla golaý wagt geçenden soň bolsa, onuň dünýä belli, ullakan bir ylmy-barlag institutyna ýolbaşçy bellenendigini uly guwanç bilen habar beripdi.
Soň bir gezek jaňlaşanymyzda bolsa, öýde Aýbaharyň ýoklugyndan peýdalanyp, her niçik hem bolsa wagtynda maňa gulak asmandygyna, menden bir «türkmenjik» alyp galmandygyna ökünýändigini — gülüpmi, aglapmy, telefonda bildirenok — aýdypdy. Soňundanam dymypdy. Men aragatnaşyk kesilendir öýdüpdim. Emma, gepleşigiň üzülendigini aňladýan «kelte gudok» ýokdy. Şonuň üçinem men «Ýuliýa, sen näme, aglaýaňmy? Goý, aglama. Hemme zat gowulyk ahyry...» diýdim. Emma ol barybir jogap berip bilmändi. Diňe özüniň bardygyny bildirmek üçin, megerem dyrnagy bilendir, «tyrk-tyrk-tyrk» etdirip, trubka kakypdy.
Diýmek, ol aglan bolmaly.
Men bialaç trubkany goýmaly bolupdym.
Elbetde, biz garraýardyk. Garradygymyzsaýam ýüreklerimiz ýukalyşýardy.
Ýuliýanyň sesi wagt geçdigiçe garjaşdy, gyryljyrady, owazy peseldi, soň-soňlar-a sözleriniň arasynda, onda-da ýygy-ýygydan, üsgürinjiremänem çykardy.
Meniň sesimiňem oňa şeýle eşidilýän bolmagy mümkin. Çünki, häli-şindi saglygymy soraýady, biynjalyk bolýardy. «Ýagdaýyň bolsa, gelip git, Aýbaharam getir», diýýädi. Bir, ýakymsyz habar eşitmekden gorkýan ýaly, az-kem dymyp oturýady-da: «Sümsüleden näme habar? Onuň ykbaly nähili boldy» diýip, soraýady. «Gowy. Sag-aman ýaşap ýör. Durmuşam oňat. Gol doly maşgalasy bar...» diýýärdim. Ýöne, şojagaz jümläni aýtmak maňa juda kyn düşýädi. Göwnüme bolmasa, meniň ýalan sözleýänimi Ýuliýa-da aňýan ýalydy. Çünki, şondan soň gepleşip ugrumyz bolmaýady. Ol özüniň garry aýallara mahsus bolan ýogyn sesi bilen, göwünli-göwünsiz, ynamly-ynamsyz: «Ну, и слава Богу...» diýýädi-de, basymrak hoşlaşmak bilen boluberýädi.
Wagt geçdigisaýam aragatnaşyklarymyz seýrekläp başlady. Kem-kemdenem kesildi. Biri-birinden aýra düşen doganlyk respublikalaryň özleriniňem, raýatlarynyňam, hersiniň öz aladasy özüne ýetik bolana meňzedi.
Şeýle-de bolsa, men entegem ondan tamamy üzemok. Özüm üzsemem, göwnüm üzülenok. Ol meniň üçin heniz-henizlerem iň bir ýakyn, mähriban adamlarymyň biri bolmagynda galýar. Göwnüme ol bu gün — erte ýetmiş ýaşymy gutlap jaň edäýjek ýaly, ýa-da ine-ine ýylgyryp howlynyň derwezesinden giräýjek ýaly bolup dur.
Oňa ýeke men däl, Aýbaharam garaşýa.
Elbetde, döwrüň üýtgemegi bilen aragatnaşyk serişdelerem üýtgedi. Onda-da gowulyga tarap üýtgedi. Öňler iň uly merkezi şäherlerde-de onlarça ýyl nobata durlup çekdirilýän öý telefonlaryň ornuny hatda mekdep okuwçylary üçinem elýeterli bolan jübi telefonlary eýeledi. O zatlaryň üstesine internet saýtlaram ugruny bilseň gije-gündiz hyzmatyňda. Belgisini bilseň, saýtyna giribilseň, ýeriň ol ujunda bolsaňam, biri-biriň bilen baýa-minnet gepleşip oturmaly. Ind-ä jübi telefonlarynyň gepleşip otyrkaň biri-biriňi görüp bolýanam bar.
Ýöne, «ýa demrinden, ýa kömründen» diýlişi ýaly, bizem, belki olaram şol mümkinçiliklerden ýa-ha mahrumdyrys, ugruny bilýän däldiris, ýa-da geleňsizlik, biparhlyk belasyna uçrandyrys, Aýbahar ikimiziň-ä o zatlardan dogrusy başymyzam çykanok. Ýuliýanyňam başy çykýandyr öýdemok. Täze tehniklara ýaşlar ökde. Olaryňam öz ýükleri özlerine ýetik. Ýaman dert biz-ä şo zatlary öwretselerem öwrenibilemzok.
Biziň üçin iň amatlysy öý telefonlarydy. Olaryňam bir wagtlar belgileri üýtgedi. Leningradyňkylaram üýtgändir. Öz ady üýtgäp Sankt-Peterburg bolan bolsa, telefon belgilerem üýtgändir. Şeýle-de bolsa, çynyň bilen ýapyşsaň bu zamanada biri-biriňi nirede bolsaňam tapmak kyn-a bolmaly däl. Iň bärkisi: Orsyýediň Birinji kanalynyň «Жди меня», «Пуст говорят» diýen ýaly, telekanallaryna ýüz tutubam telim ýylky ýitiklerini tapyp ýörenler az däl.
Her niçik hem bolsa, göwnüme erbet zad-a getiremok. «Belki, hemme zat gowulyk bolaýady-da», diýip, ýagşy umytda bolýan. Ýagşy dilegler edýän. Ýaňky aýdyşym ýaly, ýollaryna garaýan.
Ýöne, durmuşyň öz ýazylmadyk kanunlaram bar. Özi aýlanmasa, pelegiň çarhyny eliň bilen aýlap bolanok. Ol haçan, haýsy tarapa, kime tarap aýlanjagyny, näme etjegini, kimi-kim bilen duşurjagyny, kimi-kimden aýra saljagyny hiç kimden soranok. Hiç zady, hiç kim bilen geňeşenok. Ýagny, Ýuliýanyň, meniň tötänden duşup, telim ýyl hemra boluşan, soňam aýra düşen Ýuliýanyň köp gezekler, gaýtalaplar aýdyşy ýaly: «Мы передпологаем, а Бог распологает...»
Aňyrsy görünmeýän, soňsuz zat bolsa ýok. Bir zadyň bärki ujy bar bolsa, beýleki ujam bolaýmaly. — Mähti aga birdenkä düwündi. — Menden gaty göreni çyny bolmaly, Sümsüle welin hatda düýşüme-de girenok, Azat jan. Giräýse-de ýüz berenok. «Men Hapbyny naharlamaly» diýýä-de, öwrülýä gidiberýä. Onuň gök depderini welin men henizem hiç kime, hatda öz çagalaryma-da, Aýbahara-da görkezemok. Hemmelerden bukup saklaýan. Zyňmaga bolsa dözemok. Çünki, onuň gatlarynda gamgynam bolsa, Sümsüläniň ýürek owazy ýatyr. Ony men şu gün, ilkinji gezek saňa aýan etdim. Mazmunyny aýdyp berdim. Eger-de ähli zady aýdyp, diňe şony ýaşyran bolsam, onda, «Ömrüzaýa» baradaky täze rowaýatyň seniň öňüňde doly açylmadygy bolardy.
Eger-de, meniň aýdyp beren şu gürrüňlerimiň esasynda iru-giç, bir zatlar ýazmakçy bolsaň, şol depderem ulanmaga men saňa rugsat berýän. Çünki, Sümsüle ygtyýar bermedigem bolsa, meniň gelen soňky netijäme görä, bu dünýede bolup geçen, ýagşu-ýaman zatlaryň barysyny, gowusyny tymsal hökmünde, ýamanlarynyň gaýdyp gaýtalanmazlyklary üçin, sapak görnüşinde indiki nesillere ýetirmek gerek...

***

...Belki, baş gahrymanlarynyň tas hemmesiniň diýen ýaly merhumdyklary üçindir, Mähti aga ýatlamalarynyň bütin dowamynda ýekeje gezegem içmedi. Maňa-da hödür etmedi. Gürrüňini boldum edeninden soň welin, ur-tut çüýşä ýapyşdy, bulgurlary dolduryşdyrdy.
― Al, onda, neme jan... Adyň nä...
― Azat.
― Hä-ä, Azat jan. Al, onda, çakyşdyrmanjyk içäýeli. Ýöne, öňürti birki agyz ýagşy dilegem edeli. ― Mähti aga ykjamlandy. Ardynjyrady. ― Sümsüläniň öz aýdyşy ýaly, bizden soňkular goý, dünýede diňe gowulyk bar ekeni, diýen düşünje bilen ýaşasynlar. Olardan önenler bolsa, goý, olardanam has bagtly, döwletli, rysgally bolsunlar...
Mähti aga söze başlandan iki sany «garanyň» derwezeden girip gaýdanyny, kem-kemden golaýlaşyp gelýänlerini men aşak bakyp, nutuk diňläp oturyşyma gözlerimiň gyýgy bilen görüp otyrdym. Ýöne, başymy galdyrmadym. Bazara gidenler gaýdyp gelýändirler öýtdüm. Oňa çenlem olar ýetip geldiler.
Ýaşulynyň sözünden soň, bulgury boşatmak üçin başymy galdyranymdanam, eýýämhaçan ýanymyza gelip, ellerini sekiniň ergenegine diräp, Mähti aga tiňkelerini dikişip duran, mazaly gartaňlaşan bir ors zenanyna we elli, elli bäş ýaşlaryndaky daýanykly, erkek kişä gözüm düşdi. Ikisem äýnekli. Gaýry ýurtdan gelendikleri üst-başlaryndanam, ýüz-gözlerindenem bildirip dur.
Mähti aga seretsem, ol henizem bulguryny düýbüne çenli boşatmak bilen ber-başagaý. Damagy «gult-gult» edýä, gözlerem dik depesinde, çuwala salnan geçiňki ýaly «peträp» dur. Göwnüme bolmasa, bulgur boşandan soňam «hyňk-pyňk» edip birki ýola sokjadymyka diýip durun.
Zenan onuň bolup oturyşyna şadyýan ýylgyrdy-da, tutuş göwresi bilen oňa tarap owsun atdy.
― Поздравляю тебя с семидесятилетием, туркменчик ты мой...
Mähti aga görgi baryny görüp, boşadan bulgury goýdy-da, durşuna göz bolup, myhmanlara tarap öwrüldi. Öňünde duran adamlaryň şolardygyna ynanmaýan ýaly agzyny açdy. Aňkaryldy. Soň «ýalt» etdirip maňa tarap öwrüldi. «Bular dogrudanam şolarmy-aý...» diýen manyda ýüzüme mölerildi. Birdenem ýaşyna gelişmeýän çakganlyk bilen towsup turdy-da, «ligirdäp» sekiniň gyrasyna bardy. Böküp ýere düşdi. Zenanyň çat maňlaýynda durup, iki golunam giňden gerdi-de:
― Ýuliýa-a-a!.. — diýip, ulyili bilen gygyrdy.
Erkek kişiniň kimdiginem men eýýäm birinden sorap bilmeli däldim. Çünki, Mähti aganyň ýap-ýaňyja beren gürrüňleri boýunça men ony sekiz ýaşyndan, ýagny Newa derýasynyň boýunda ejesi bilen gezelenç edip ýören döwürlerinden bäri tanaýardym.
Mähti aga Ýuliýa daýza bilen gujaklaşyp, öwran-öwran ogşaşyp kän durdy. Elbetde, ikisem gözýaşlaryny saklap bilmediler.
Arasynda aýrylyşan ýalam edýäler-de, bir zat diýmekçi bolýan ýaly biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, ýene-de garsa gujaklaşýarlar, «şapba-da-şupba» ogşaşýarlar. Ses-üýn, gep-gürrüň ýok.
Gözýaşlaryny welin...
Olaryň bolup duruşlaryny görüp, Dmitriý aganyňam gözleri çygjardy.
Ýuliýa daýza bilen birýüzli boluşandan soň, Mähti aga onam gujaklady. Bagryna basdy. Ýüz-gözünden taýly gezek ogşady. Gözleriniň ýaşyny süpürip durşuna hal-ahwal soraşdy. Derdi-hal aýdyşdy. Soň ýene-de Ýuliýa daýzanyň boýnundan aslyşdy.
Şol dabara tamamlanmanka-da, häliden bäri açyk duran derwezeden iki sany ak maşyn iki tirkeş bolup howla girdi. Derwezeden başlanyp, tä, mellegiň aýak ujuna çenli gaýdýan üzüm dalbarynyň aşagyndaky bişen kerpiç düşelen ýoljagaz bilen gelip, ikisem sekiniň gapdalynda saklandy.
Onuň öňündäkisinden düşen garaýagyz, dolmuş, alkymlary sallanyp, gara gözleri köşegiňki ýaly balkyldap duran aýal öý eýesi bilen bile biten ýaly bir göwrä öwrülip duran nätanyş zenana tarap çiňerildi-çiňerildi-de, o-da edil Mähti aganyňky ýaly:
― Waý, Ýuliýa jan ýaly-la bi... ― diýip, gygyrdy-da, olara tarap «moýmuldap» gaýtdy. Hä diýmänem baryp olara goşuldy. Iki göwre indi üç göwrä öwrüldi.
Elbetde, ol Aýbahar daýzady.
Onuň düşen maşynynyň rolunda gelen ýigidiň Garadagdygyny yzky oturgyçdan düşenleriň bolsa onuň gelni bilen gyzydygyny hem men bada-bat tanadym.
Ikinji maşyndan ýeke özi düşen ýigit ― Galandar bolman kim bolsun.
Olaryň ikisem Mähti aga bilen edil bir almany iki bölen ýaly meňzeş.
Maşynlaryň ikisem, hatda ýarym açyk gelen ýükseklerine çenli, her dürli azyk önümlerinden, içi akly-gyzylly, saryly-ýaşylly suwlardan plasmas doly mytaralardan ýaňa hyryn-dykyn.
Häliden bäri içinde Mähti aga ikimizden başga janly-jemende görünmeýän howly sähelçe wagtyň içinde gyzgalaňly bazara döndi. Göwün şatlygyny biri-birinden öňürti hem has täsirli edip aýtmak üçin, her kim çalt we göçgünli geplemäge çalyşýar.
Mähti aga bir ýerlere jaň etdi we aňyrsy ýarym sagadyň içinde iki sany degenek jahyl ulaglarynyň yzyna basyp bir janly getirdiler. Howlynyň burçuna eltip, hasyr-husur soýdular. Gazan atardylar.
Bu ― birnäçe güne çekjek uly toýuň başlangyjydy. Ýuliýa daýza bilen Dmitriý aga bolsa, ertesi ― birigün Mähti aganyň ýaş toýuny gutlap geljek onlarça, ýüzlerçe belki-de müňlerçe myhmanlaryň ilkinjileri. Ara daş bolsa-da, olar hemmelerden öň geldiler.
Hä diýmänem hemme zat taýyn boldy. Mürzemmetden galan ullakan sekini dolduryp, oturan adamlaryň öňüne dürli tagamlar çekildi. Şolaryň arasynda menem bar. Mähti aganyň gürrüňleri boýunça, ýap-ýaňyja tanşan gahrymanlarym bilen, sähelçe wagtdan soň şeýdip, saçak başynda ýüzbe-ýüz oturmak, elbetde meniň üçin juda ýakymly hem gyzykly.
...Hä diýmänem Gün ýaşdy. Hamala, Mähti aganyň toý saçagynyň başynda oturanlaryň ýetmezini dolmakçy bolýan ýaly, älemiň magryp burçundan öçügsije «ýylpyldap» «Ömrüzaýa» göründi. Hä diýmänem batdy. Ýöne, ol Sümsüle ýaly gidişleýin gitmez. Ertir saba bilen maşryk tarapdan «Daň ýyldyzy» bolup dogar.

2016ý. Ýanwar-Maý.
Категория: Romanlar | Просмотров: 92 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Yusup   [Материал]
"Sümsüle" owadan at, turkmende beyle adyn bardygyny on eshtmandim.

0
1 Yusup   [Материал]
Roman diysen tolgunjy. Wakalar bir sydyrgyn gityar. Az sanly obrazlardan tutysh bir roman. Dodry romam zhanry gowrum bilen olcelmeyar. Wakalary gysgaldyp yagny 50-60 sahypa eltip , Tirkish agan "Omurzaya" powesti yaly yazan bolsa gowy bolayjak yaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]