18:48
Söýgüde serhet ýok -11/ romanyñ dowamy
2.

- ...Barysam şol deňizli wakadan soň başlandy. – Jemal uludan dem aldy. Şonda onuň gaba göwüsleri öňe tarap owsun atdy, göwresi suwa goýberilen gaýyk ýaly çalaja çaýkanjyrady. – Şol gezek gaty bir syr bildirmedigem bolsam, Erkiniň meni iki gyzym bilen deňze ýeke goýberenini ýokuş gördüm. Dogry, bir ýyl öň ol bizi özi alyp gitdi. Hossarly bolsaň bar zat başgaça bolýar. Ýatara ýerimizem, üpjünçiligimizem gowy boldy. Esasy zadam gapdalyň söýerli. Goragly. Soňky gezek welin... Baranymyzdan soňam tüp yssyda, ýaş çagalarym bilen ýeke özüm, günuzyn diýen ýaly gözleý-gözleý ahyram haýsydyr bir edara degişli dynç alyş öýüniň bir bolgusyzja jaýjagazynda ýerleşdik. Jaýlaryň süňňi tutuşlygyna tagtadan bolup, äkleriniň yşyndan barmak sokaýmaly. Gözüňi şoňa direseň daşaram görnüp dur. Ýaman ýeri diwardaş otagdaky goňşularyňam her bir hereketlerini synlap oturmaly. Olaram şeýdibilýäler. Üstesine pyşyrdylaryna çenli eşidilip dur. Ýöne, bir gowy zady deňze golaý. Edil, ýakasy diýen ýaly. Çykanja ýeriň ýalpajyk, çägesow kenar. Tolkunlaryň gaýtgyny penjirämiziň düýbüne ýetäýjek-ýetäýjek bolýar. Deňziň «şaggyldysy» bolsa gije-gündiz «huwwalap» dur.
Zatlarymyzy goýup, aýak üstünden deňze aýlanyp geldigem welin, goňşy otagdan «güpür-tapyr», «tark-turk», erkek adamlaryň «wagyr-wugury» eşidilip başlady. Yşdan seretsem onuň içinde üç sany degenek jahyl iki ýana hars urýar. Biri krowadyny penjirä golaý süýşürip ýör, başga biri ýorgan-düşekleriniň daşyna könelişen çit çymylganlary geýdirip ýör, üçünji biri bolsa garader bolup, burçdaky stoluň üstünde iýer-içer taýýarlap dur. Olar öňdenem içgili bor-a çemeli, aralarynda biri: «Daşarda, kölegede oturalyňmy ýa şu ýerde» – diýip, telim gezek gaýtalady welin üns bereni bolmady. Meniň çak edişime görä olar o jaýda ozaldanam ýaşap ýören, biz gelen wagtymyz bolsa, giden bolmaly.
Bu ýagdaý meniň barja mazamam aldy. Olaryň goh-galmagallaryndan ýaňa gije-gündiz ýatuw bolmajagyna gözüm ýetdi. Dynç alyp bolaýdyň gerek diýip, birki ýola maňlaýyma ýumrukladym. Gowy yrym edendirin öýdendirler-de, meni görüp gyzjagazlarymam şeýtdiler. Hernäçe kyn ýagdaýda oturanam bolsam, meniň muňa gülkim tutdy. Birdenem ýekeligim ýadyma düşdi-de, agladym. Içimden Erkine ýene bir gezek gahar etdim. Bir görsem gyzjagazlarymam aglaşyp otyrlar. Men özümi ele almalydygyma, ýogsam çagalarymyň gorkaýmaklarynyň ahmaldygyna düşündim.
Oýun edip aýdýalarmy ýa garaçynlarymy, eşidilýän seslere görä, olaryň ikisi üçünjilerine «başlyk» diýip ýüzlenýärdiler. Ana, şol başlyk kişem turuwbaşdan maňa göz gyzdyryp başlady. Ilk-ä daş işige çykanymda gabat geldi-de, şelaýyn salamlaşdy. Ýanyma geldi. Tanyşlyk berdi. Çaýa çagyrdy. «Ýagynyň daşyndan içi aman» diýlişi ýaly, maňa onuň çakylygyny kabul edäýmekden başga alaç galmady. Iň bolmanda şu adamlar meni saýry-saýak gözlerden, dillerden-ä gorarlar, şularyň ýanynda görseler hiç kim maňa batyrynyp bilmez, diýen netijä geldim. Çaýdan soň öz otagyma bardymam welin, «başlyk» gujagyny dolduryp iýer-içer ýaly zat getirdi. Men gerek däl, beýtmeli däl ekeniňiz, siz meni oňaýsyz ýagdaýa salýaňyz, diýsemem: «Men muny siziň üçin getiremok, çagalaryňyz üçin getirdim» diýdi-de, elime-aýagyma bakman getiren zatlaryny stoluň üstüne döküp gitdi. Ýörite meniň üçinmi ýa ozaldanam meýillerinde barmy, agşamlyk jaýymyzyň öňündäki agaç sekiniň üstünde oturşyk gurnady. Biz hemmämiz üýşdik. Krasnowodskiniň uçurgähinden deňze çenli men Walýa atly orta ýaşlaryndaky ors zenany bilen bir takside gelipdim. O-da biziň bilen bir howluda, gabat garşymyzdaky jaýda ýerleşipdi. Şowhunymyza ýyljyraklap o-da geldi. Onam oturtdylar. «Başlyk» bize-de arak guýdy. Walýa içdi. Men içmedim. Bagyşlaň men arak içemok, diýdim. Belki, Erkin size aýdandyr, men hakykatdan-da hiç zat içemok, içeýin diýsemem içip bilemok. Bir owurtjyk çakyr içäýdigimem dünýe daşymdan ters aýlanýar. Şeýle-de bolsa bilgeşleýin «başlygy» gižželemek üçin: spirtsiz daşary ýurt çakyrlaryny içýän diýdim. Şeý dierime mähetdel, «başlyk» sekiden böküp düşdi-de, aýakýalaňaçlygyna, deňzi ýakalap oturan dükanjyklaryň sarymtyl, öçügsi çyrajyklaryna bakan okduryldy. Derrewem gözden ýitdi. Hä diýmänem eli bir çüýşe «Izabellaly» dolanyp geldi. Sekä münmezden öň ony düňküldedip orta goýdy. Soň özem mündi. Oturdy. Çüýşäni açdy. Bulgura guýdy. Eline alyp maňa uzatdy: «Al, iç!» Onuň eýýämden beýdip hökümsüräberişine gaharym geldi. Diýmek, bu-da bir puluň bolsa hemme zat edip bolýandyr öýdüp ýören pulmesileriň biri bolmaly, diýen netijä geldim. Şeýle-de bolsa syr bildirmedim. Ýöne, barybir kejirligim öňüme düşdi. Şonuň hökmi bilen men ony öňküdenem beter gižželemek üçin: Men bular ýaly arzan çakyr içemok diýdim. Eýýämhaçan meý-mest bolan başlyk: «Şeýlemi? Ine onda...» diýdi-de, çakyrly çüýşäniň bokurdagyndan tutup, jaýyň garaňky burçuna tarap zyňyp goýberdi. Nirä düşenini, näme degenini bilemok, ýöne, «taňk-tuňkundan» çen tutup, çüýşäniň döwülmändigini aňdym. Ýagdaýyň çylşyrymlaşyp ugranyny duýubam ýerimden turdum. Sekiden düşdüm. Çagalarymam düşürdim. Walýa-da: Sen gaýrat et-de, şular ýatýança meň ýanymda ýat, diýdim. Görsem, o-da gepe-söze düşünerden geçipdir. Gaýtam: «Näme näzirgän bolýaň, çagalaryň ýatansoň goýber ýanyňa, paren s dengami...» diýip, ýok gürrüňleri tapdy. Şol gije maňa ýatuw bolmady. Walýa-ha çaky bir çene baransoň çaýkanjyrap güw gitdi. «Başlygam» kä işikden gelip gapymy kakdy kä daşardan gelip penjirämi «tyrkyldatdy» käte-de yşlaryň ulurak ýerine ýa gapynyň açar sokulýanyna agyzyny goýup: «Goýbersene, goýberäýsene...» diýip, «zowzullady» ýördi. Ýat adamlara ýüz berip ýalňyşandygyma men diňe şondan soň düşündim. Puşmanam etdim. Ýöne, eýýäm giçdi. «Başlyk» edil, höwre gyzan at ýaly, tä daň atýança jaýyň daşyndan aýlandy ýördi. Onuň bolup ýörşünden gorkup çagalarymam çirim etmän çykdylar. Men sag-aman ertire çykdygym o ýerden baş alyp, allaowarralara gitmekligi, has gowusy yzyma, Aşgabada gaýtmaklygy, barybam Erkiniň başyndan lagnat daşlaryny ýagdyrmaklygy ýüregime düwdüm. Şol wagtam onuň: «Ýylgyryp gürleşdigi erkek adam aýal maşgalany özüne göwünli hasap edýändir» diýen sözi ýadyma düşdi-de, bar zat üçin ýene-de özümi günäkärledim. Iki gyzymy gujaklap, öýüň ortarasynda düwdek bolup oturşyma: «Sen näme üçin meni ýeke goýberdiň, Erkin» diýip, agladym.
«Alla-Alla» bilen zordan ertire çykdym.
Halys ýadadymy ýa il-günüň gözünden çekindimi. Günüň dogup, jahanyň ýagtylmagy bilen «başlygyňam» sesi ýatdy. Şondan soň tä, öýläne çenli sarsman ýatypdyryn. Oýananymdan soňam özümi alybilmän kän ýatdym. O ýerden gitmäge ýerimi täzelemäge dagy güýç-kuwwat ýok. Çagalarym-a men turanymdan soňam oýanmadylar. Ýatyrlar myrlaşypjyk. Gorkan bolaýmasynlar, diýip, garajanym galmady. Ertir göçerin-dä bolmasa, diýen karara geldim-de ýerimden turdum, çaý içdim az-kem garbandym. Bir iş bilen daş çykdymam welin, sekiniň üstünde «başlygyň» ýeke özi çiňarkan düşüp, bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp ýatan ekeni. Ýüzi argyn. Salam berende sesi içinden zordan çykdy. Zordanam ýerinden galdy. Ötünç sorady. «Aý, bizem bir eşek-dä, satyn alyp öldüräýmeli adamlar-da... Saňa kömek edenden geçen gaýtam...» diýip, öz-özüni kötekledi. Garaz, düýnki «başlyk» diýseň, ynanar ýaly däl. Ol hatda şol gün ýoldaşlary bilen deňze-de gidibilmändir. Nädeýin, ýeri, bolýa-da, «bir ýazykdan är ölmez» diýipdirler, gaýdyp gaýtalamasaňyz bolýa diýdim. Şondan soň birhili dünýäm giňelen ýaly boldy. Göçmek, yzyma gitmek meselesi aradan aýryldy. Oňa çenli gözlerini açalak-ýumalak edişip çagalarymam turdular. Men olary naharladym. Şondan soň ekiz owlakly geçi ýaly çagalarymy yzyma tirkäp deňze suwa düşmäge gitdim. Şol ýerde bize «başlygyň» dostlary duşdy. Olar meniň bilen gadyrly salamlaşdylar. Öz ýanlarynda goş ýazdyrmagymy haýyş etdiler. Men olary birhili özüme hossar saýdym-da, çagalarym bilen olaryň ýanynda düşledim. Çünki, gözlerini çakgyň çüýi ýaly edişip ýekedigiňi bildikleri diduwanlaryna mündürjek bolşup duran kişiler daş-töwerekde az däldi.
Şeýdip, howsalaly geçen gijäniň soňy gowulyga ýazdy. Ýöne, şol günüň ertesi aragyň düýnki awusyndan açylan «başlygyň» täzeden guran şagal mesligi meni ýene-de tas bir uly melamatyň üstünden eltipdi. Ol melamatdan baş alyp çykmak bolsa maňa öňküdenem beter agyr düşdi.
Gepiň gysgasy, şol gije «başlyk» düýnki günäsini ýuwmak üçin ertir Walýa ikimizi çagalarym bilen şähere äkitjekdigini, ol ýerde balykdan çişlik iýdirjekdigini, aýlajakdygyny, bazary, dükanlary görkezjekdigini aýtdy. Razylyk bererimize-de garaşman: «Pasportlaryňyzam ýanyňyza alaweriň» diýdi. Men ikirjiňlenjek bolum welin, Walýa eýýämhaçan terje balykdan bişirilen çişlik öňüne gelen ýaly üç-dört ýola işdämenlik bilen ýuwdundy-da: «Gidäýeli-le gyz, hem-ä şäher göreris, hemem balykdan çişlik iýeris, meňň-ä iýip gören zadymam däl şol. A sen iýip gördüňmi» – diýdi.
Dogrusy, balyk çişligini menem iýip görmändim. Şonuň üçin onuň ady agzalandan meniňem agzym suwardy-da, utanmakdan ýaňa çym-gyzyl bolup: «Iýib-ä göremok welin... Ýöne balyk iýmek üçin pasport nämä gerekkä», diýdim. «Dogrudanam pasport nämä gerekkä – diýip, Walýa biraz böwrüni diňläp oturdy-da: – Dogrudanam pasport nämä gerek?» – diýip, başlyga ýüzlendi. O-da: «Aý ätiýaçdan alaýsaňyzlaň, bizem alýas. Ýat, ýer... özem port şäher... gelýän kän, gidýän kän, zyýany degmez... – diýip, howlukmaç gepledi. Şularyň päli düzüw däl bolaýmasyn ýene diýip, Walýanyň ýüzüne ynjyly seretdim. Ol «pert-pert» gepledi: «Aý gündüziň güni näme ederler öýtýäň-ä. Çişlikden bir doýaly, soňunam görübiris».
Gitdik. Biz-ä dört, olaram iki. Dosty rolda, başlygam onuň gapdalynda otyr. Näme üçindir üçünjileri ýok. Olar muny bir maşyna sygyşmajakdygymyz bilen düşündirdiler.
Bir ýerde kafe girip balyk çişligini iýdik. Dogrudanam gowy. Tagamly. Agzyň içinde eräp gidip barýar. Men asylam çişligi gowy görýän, onda-da täzeje etden bişirilen çişligi. Ol ýumşak ter bolýar. Ýöne ine, deňiz balygynyň akja etinden gyzardylypjyk bişirilen çişlik welin, hiç zadyň çeni däl ekeni. Şäheriň seýil baglaryna, dükanlaryna, uly bazaryna, köne ýadygärliklerine aýlanyp ajyganymyzdan soň, ýene bir kafe baryp gowrulan balyk iýdik. «Başlyk» gözümizi çarhlan zatlarymyzdan bize başga-da kän zat alyp iýdirdi. Özem şol zatlary gysganman etdi. Herimize bir sowgatjagazam alyp berdi. Maňa ýaranmak üçin gyzjagazlarymyň daşynda jowlan urdy. Puly azalyberdigem el telefony bilen şol ýeriň gümrükhanasynda işleýän ogluna jaň edýä. O-da derrew ýetip gelýä, kakasyna pul berýä, bize tarap gyýa-gyýa garap durşuma ýüzüni-gözüni çytyp bir zatlar diýýä. Kakasam jibrine-jibrine oňa gep düşündirip ugraýa welin, elini salgaýar-da, ýalpyldap duran gara «toýotasyna» münüp gürüm-jürüm bolaýýar. «Başlyk» onuň yzyndan başyny ýaýkap galýar, «hah-hah-ha..» edip ýalandan gülýär we bize görkezmekçi bolýan ýaly, oglunyň beren bir petde puluny aýalaryna gysyp bize tarap gaýdýar, münüp gelen maşynymyzyň gapysyny açybam, puluny şonuň «bardoçogyna» oklap goýberýär.
Hä diýmänem agşam düşdi. Biz indi gaýtmalydyk Ýöne näme üçindir «Başlyk» howluganok. Her gezek garbanan ýerimizde bir çüýşäni boşadyp gelişlerine dostam, özem «lüt» boldy. Sürüjiniň serhoş bolanyny görüp biz howatyrlanyp başladyk. Ruluň başyna geçýä-de, «hikirdäp» oturşyna «wazyrdadyp» bir gaza basýa welin, çagajyklarymyň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýa.
Näme üçindir ýolpolisleriniňem olar bilen işleri ýok. Saklasalaram ýüzlerine seredýäler-de, çest berýäler ötägidýäler. Başga maşyn tutup yzymyza gaýdybereli diýsemem Walýa göwnänok. Puluny gysganýa. Ýeke özüm töläre bolsa mende-de ýagdaý ýok. Şolar bilen şähere gaýdanyma şol wagt şeýle bir ökünýän welin, hiç, aýdyp-diýer ýaly däl. Özümem gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýan.
Soňabaka olaryň gepleri, sözlerem üýtgäp başlady. Gaýdyp baranymyzdan soň öňki agşamky wakanyň gaýtalanaýmagyndan gorkup gaçara ýer, gutulara bahana gözläp ugradym. Ýöne, belanyň beteri bize şäheriň içinde garaşýan ekeni. Meniň soňsuz iňirdilerime garamazdan, «başlyk» eýtdi, beýtdi, şol ýerde güni batyrdy. Iňrik garalyberendenem maşynyny «Hazar» myhmanhanasynyň gapysynda keserdip goýdy. Hemle gatyşykly haýyş bilen: «Düşüň» diýdi. Men düşmejekdigimi, egerde äkitmejek bolsa, başga maşyn tutup özbaşdak gitjekdigimi aýtdym. «Onda pasportlaryňyzy beriň» – diýdi. «Näme üçin» – diýip, soradym. «Nomer almak üçin». «O nähili nomer?» «Ýatar ýaly nomer». «Kim ýatar ýaly?» «Biz ýatar ýaly». «Siz ýatar ýaly bolsa biziň pasportymyz näme gerek?» «Biz diýýänim hemmämiz. Siz bilen bile». «Biz bilen bolup näme, siz bizi iki sim çişlik üçin tenini satyp ýören jelepdir öýdýäňizmi?» – diýdim-de, men Walýanyň ýüzüne gaharly seretdim. – Ýa uhožu. A ty kak hoçeş...» Şondan soň maşyndan düşdüm. Gyzjagazlarymam düşürdim. Walýa-da düşdi. Ugraberjek boldugam welin, «Başlyk» öňümizi kesdi, «Hany, dursaňyzlaň, beýtmeseňizläň, myhmanhana girmeseňiz girmäň welin, maşyna bir münüň, häziriň özünde yzymyza gaýdýas...»
Mündik. Gaýtdyk. Ýolboýy hiç birimizdenem ses çykmady. Pikir edip otursam, olar biziň öňümizdäki günälerini ýuwmak üçin däl-de, niýetlerini ýamana dikip gaýdan ekenler. «Başlyg-a» öňküsi ýaly menden, ýanyndakam Walýadan tamakin bolan bolmaly. Çagalarymy kime goýjaklar, nirede saklajaklar, ony men bilemok. Olar üçinem aýratyn bir otag almakçy bolan bolmaklaram mümkin.
Kenara gelenimizden soň men maşyndan tasanjyrap düşdüm-de, çagalarymyň elinden tutup, bolýan jaýymyza girdim. Gapynam içinden gulpladym. «Başlyk» ýene-de öňki hereketlerini gaýtalap başlady. Ýöne, bu gezek men berk durdum äpişgäni serpip açaga-da, ulyilim bilen gygyryp, erbet – erbet sögündim. Soňundanam: «Häziriň özünde Aşgabada jaň ederinn-de adamymy çagyraryn, ol sendenem ýokarrak ýerde işleýär, geldigi özüň-ä bir işiňden pyzdyrar, ogluňam gümrükhanadan çykardar» diýdim. Gorkan bolsa gerek, gitdi, gaýdybam köwlenmedi. Tapyr-tupur ýatan bolsalar gerek, asla şondan soň şol jaýdan ses-üýn eidilmedi.
Ertesi «Başlygyň» ol ýerde bolmaly möhleti tamam bolýardy. Uçmalydy. Şonuň üçinem, ýoldaşlary ony günortanaralar ugradyp geldiler. Ol gitjek wagty gapyma gelip meniň bilenem hoşlaşdy. «Bolýa, Jemal, hoş gal özüňem gaty görme. Men entek seniň yzyňdan Aşgabada-da bararyn, adamym, pylanym, diýeniňe bolsa ynanamok, är bolan är aýalyny beýdip, iki çagasy bilen deňze ýeke goýbermez» – diýdi. Onuň ol sözi meniň çetime degdi. Ýene bir gezek içimden Erkine gaharlandym. Dogrudanam gowy görýän bolsa är ornunda durjak bolsa ol meni bu ýere ýeke goýberermidi...» diýip, oýlandym. «Başlygyň» dostlary ýene iki gün bolmaly ekeni. Öýlän kölegesi düşendenem olar agaç sekiniň üstüne çykdylar-da, öňküleri ýaly içmäge başladylar. Kir-suw, biş-düş aladasy bilen ýa duşa gidip gelmek üçin eýläk-beýläk geçenimde menem ýanlaryna çagyrýalar. «Gorkma gelneje, indi «başlyk» ýok, ol gitdi, arkaýyn oturyber biziň ýanymyzda» diýýäler, hiç zat ýok ýerden «hikirdeşýäler» «Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer», diýlişi ýaly, üçünji gezek tora düşmezlik üçin ýanlaryna baramok. Asla ýüz beremok. Gepleşemogam. Gyzlaryma bir zat berjek bolsalaram aldyramok. Halys ýürege düşüberselerem Walýanyň ýanyna baraýýan. Ýa-da özüni çagyrýan. Bolmasa-da üýşüp kenara gidýäs. Azajyk suwa düşýäs, soň gyzgyn çägäniň üstünde meýmiräp ýatýas. Aýlanyp gelýäsem welin, olaryň henizem şol içip oturyşlary. Walýa durubilmän olardan: «Ýigitler, siz nireden geldiňiz» – diýip, sorady. Aýtdylar. «Näme siziň bolýan ýeriňizde arak, ýokmy?» «Bar» diýenlerinden soňam hezil edip güldi-de: «Onda şol ýerdejik, iýip-içibermeli ekeniňiz-dä, nätjekdiňiz beýdip, munça ýol aşyp, artykmaç çykdajy edip» – diýdi. «Onyň-a dogry» – diýşip, olar öňküdenem beter gülüşdiler. Edil şol wagtam howlynyň, gapysyna bir maşyn gelip durdy-da, içinden her eli içi zatdan doly bir paketli «Başlyk» çykdy. Gelşi ýalam elindäki zatlaryny sekiniň üstünde goýdy-da, eýýämhaçan söm-saýak bolşup duran ýigitlere: «Çykaryşdyryberiň» – diýdi.
Men şol wagt ýaňy bir Walýany ugradyp, gapynyň agzyndaky ýoňsuzja kölegede köneje oturgyjyň üstünde otyrdym. «Başlyk» maňa tarap ýönelip ugrandan men ýerimden turdum. Jaýa girmäge hyýallandym. Oňa çenlem başlyk öňümde häzir boldy. «Ýör. Oturaly, men ýörite seň üçin dolanyp geldim». «O nähili meň üçin – diýip, men gabaklarymy ýerden götermän durşuma soradym. – Men näme, saňa gel diýipdirinmi? Ýa söz beripdirinmi?» «Başlyk» golumdan tutup, süýrekläp äkitjek boldy. Men uly ilim bilen jynssyz gygyrdym: «Çekil! Ýok, bol! Gitmeseň häziriň özünde polisiýany çagyraryn!..» Beýle garşylyga garaşmadyk «Başlyk» ýüzüni aktam edip gaýra çekildi. Boýnuny burdy: «Baraýsana... Ýöräýsene... Ýarym sagatjyk oturaýsana... Oturaýaly-la...» Men sesimi çykarman jaýa girdim. Gapyny gulpladym. Ýene-de bar güýjüm iki didäme ýetdi. Çagalarymy gujaklap krowadymyň üstüne süýndim.
Aýal üçin ýola eýesiz çykmagyň, ýat adama ýüz bermekligiň nämedigine men diňe şondan düşündim.
Erkek adamynyň hiç haçan aýal maşgala ýöne ýere çykdajy etmejekdigine-de, hökman muzduny talap etjekdigine-de hut şol gezek düşündim.
Erkek adamdan nämedir bir zady sowgat almaklygyň özi eýýäm aýal üçin howply zat ekeni. Şeýtmek bilen ol onuň erk-islegine umyt döredýär. Häzir puluny sowduraýyn, haýryny göreýin, soň heran-haçanam «bar sür» diýibilerin, diýen pikire uýmak ýalňyş ekeni. Men ine, şuňa-da şonda göz ýetirdim. Elbetde, ýazylmadyk kanuna görä, «Başlyk» menden öz hakyny talap edýärdi. Zadymy iýdiňmi, pulumy sowdurdyňmy, hasaplaş, diýýärdi.
Şonuň üçinem, şol ýerde bolup geçen zatlaryň barysy üçin men – özümi günäkär hasapladym.
Bu wakany men Aşgabada gelenimden soň Erkine aýtmanam bilerdim. Ýöne dilime buýrup bilmedim. Aýtdym. Özünem birneme ýoýubrak, misli «başlyk» maňa hossarlyk eden şekilde aýtdym. Şeýtsem gowy bolar öýtdüm. Şeýdibem ýalňyşdym. Bulaşdyrdym. Belki, öz ýanymdan syrdaşyndan syr gizlemeýän, hakykatçyl, wepadar maşgala hökmüne görünmek isleýändirin? Belki-de, naçar halyma şolar ýaly çylşyrymly ýagdaýdanam abraý bilen baş alyp çykyp bilýändigim bilen Erkini begendirmek isländirin? Mümkin! Ýöne şo zatlaryň aňyrsynda deňze bile gitmändigi, ýanar oduň içinde iki çagam bilen alys ýola ýeke goýberendigi üçin Erkiniň çalarak çetine degmek, dagy-duwwara meni hojagaz ýere-de ýeke goýbermezi ýaly kalbyna gabanç duýgularyny guýmak, özi dek ýaşy durugşan adamlar-a beýle-de dursun, eýsem ýaňy bir ýüňi ýeten goç ýigitleriňem ugrumda ölüp-öçüp barýandyklaryny subut etmek ýaly şeýtany pikirleriň ýatan bolmagam ahmal. Şol zatlary gürrüň bermek bilen men oňyn tarapa barýan söýgümiziň ykbalyny ters ugra bakan ugrukdyryp goýberen ekenim. Tanşalymyz bäri dowam edip gelýän süýji hem lezzetli günlerimiziň soňuna nokat goýan ekenim. Tükezzybana tutjak gowgaly günlerimiziň başyny başlan ekenim.
Elbetde, men oňa hakykaty düşündirjek bolup jan etdim. Hatda kasamam etdim. Çagalarymyň adyndan antam içdim. Allany orta goýdum. Barybir ynanmady. «Çagalaryňam, Allanam öz gününe goý! Ant-şert güýçli zatdyr. Ony içme-de, bu zatlaryň arasyna-da goşma! Bardy-geldi çyn bolsa boş gitmez, günübirin gelip ýakaňdan tutar» – diýdi. Şonda welin men hünübirýan aglap, onuň öňünde dyzyma çökdüm: Goý, tutsun! Goý jezalandyrsyn! Eger-de men saňa ikilik eden bolsam, Hudaýyň şeýle jezany başymdan indermegine men razy diýdim.
Ynandymy, ynanamadymy, ony biljek däl, ýöne şondan soň az-kem köşeşdi.
Gümandan welin barybir aýňalyp bilmedi. Ol meni özüne biwepalyk edendirin, namysa goýandyryn öýdýärdi. Meniň ýeňilkelleligim üçin ejir çekýärdi. Erkin, şu zatlar biziň döwrümiz üçin geň zat däl, biri bilen gatnaşýan diýip ähli erkeklerden ýüzüňi ýapyp ýörmeli däl, adam şekilli gürleşdim, hetden aşyberdem welin petigulysyny berdim, başga näme gerek, diýsem dagy gahardan ýaňa titir-titir edip, ýarylaýjak bolýardy. «Aýal bilen erkegiň arasyndaky böwet haýsy asyrda bolsa-da uzak saklanyp bilmez, günlerde bir gün hökman böwsüler. Şol ýerde hiç zat bolman ekenliginde-de, şol zatlardan soň, ol indi seni günüňe goýmaz, yzyňdan geler, senem ony menden gizlejek bolup görgüňi görersiň» diýýärdi. Meniň: Adamym ýogalmadyk bolsa sen meniň bilen böwedi böwüsmän gatnaşyp bilerdiň ahyry, diýen sözlerime bolsa: «Eger-de ýagdaý şony talap eden bolsa, men seniň bilen tä kyýamat ahyra çenlem aralygy saklap gatnaşyp bilerdim, ýöne sen meni olar ýaly ýolda-yzda sataşanlar bilen deňeşdirme diýip, ýangynly jogap berýärdi... «Öň-ä «haýyr-sogap» diýdiň, indem «deňizden hossar tapyndym» diýýäň, sen asyl meniň gapdalymy boş goýmasaň näme... – diýip, üstüme topulaýarly görünýän pursatlaram az bolmaýardy. «Haýyr-sahawatly» meseledenem habaryňyz bardyr-la? – diýip, Jemal meniň ýüzüme soragly bakdy.
-Howwa, habarym bar, Erkin ikimiz ony «ak maşynly» waka diýip atlandyrýardyk.
Şondan soňky gürrüň bermekçi bolýan wakasyny şol ýerden okamakçy bolýan ýaly, Jemal çep gözüni süzüp, çat maňlaýyndaky diwaryň ýüzüne siňňin seretdi.
– O-da bir taryh, Nepes... O-da meniň bir ýalňyşym. Erkiniň ozaldanam ýagyr bolan ýagyrnysyna uran ikinji bir artykmaç ýüküm... Beren jebrim... – Jemal jübüsinden owadanja, kiçijik ak ýaglyk çykaryp gözüni süpürdi. – Gyzlarym bilen deňze gitmezimiň öň ýany, işim bilen «estetmerkeziň», öý bilen Jeren janyň bakjasynyň arasynda o maşyndan bu maşyna, bu maşyndan o maşyna münüp, ýetişiksiz günde haýdap ýördüm. Şol wagt täze bir işe geçipdi-de, Erkiniňem öňküsi ýaly bizi taksili gatnadara ýagdaýy ýokdy. «Iň bolmanda wagtlaýynça gaýrat et, soň bir alajy bolar», diýipdi. Asyl ol şol gezek deňizdenem şol tertip-düzgüni berk edara zerarly galypdy. Edil şol döwrem özümden bäş-üç ýaş uly bir ýigidiň maşynyna mündüm. Haýsy kysymdygy ýadyma düşenok, ýöne, «Žigulidi». Reňki ak. Ýigidiň özi türkmenem bolsa dag etek etraplaryndan bolsa gerek, daş keşbi daglylara meňzeş. Burunlagrak. Hanasynyň içine çöken ullakan ala gözleri jalahlap dur. Gönüläp seredende dagy içiňden geçip barýar. Göwresi daýaw. Uzynagrak. Syratly. Giňden gelen ýaýbaň döşüniň tüýleri ýakasyndan çogup çykyp dur. Sakgal-murty gür. Syran güni ýeri göm-gök bolup dur. Özem hemişe ýylgyryp, ýuwaşjadan gepleýär. Geplemedik wagtam ýylgyryp ýör.
Ilkinji gezek men onuň maşynyna tötänden mündüm. Elimi galdyrdym, durdy. Tä iş ýerime barýançam üýtgeşik eden gürrüňimiz-ä bolmady. Maşynyň içinde menden başga hiç kimiň ýokdugyna garamazdan, müşderi köpem bolsa, näme üçindir ol ýoldan hiç kimi almady. Göwnüme zat getirmän düşdüm. Hasaplaşdym. Uzynly günüň hysyrdylary bilen ol ogalnam, maşynam ýatdan çykdy gitdi.
Agşamlyk işden çyksam edaranyň agzynda hakyt şol oglan ýylgyrjaklap dur. Meniň yzymdan gelendir diýip dagy pikirem edemok. Aý, şu ýerde tanşy-bilşi işleýändir-dä, şonuň yzyndan gelendir-dä diýdim-de, deňinden sessiz-üýnsiz geçip ýoluň aňry ýüzüne bardym. Ötýän maşynlara elimi galdyryp başladym. Oňa çenlem meni başga biriniň alyp gidibererinden howatyr etdimi, nämemi, ol ýigit hasyr-husur» maşynyna mündi-de, maý tapyp duran ýerinden diýen ýaly, «wazyrdadyp» meniň duran tarapyma geçdi. «Jy-yk» etdirip gapdalymda durdy. Egilip ýüzüme seretdi. «Münüň, äkideýin» – diýdi. Şol bir maşynyň bir günde iki gezek gabat gelmegi,onda-da garaşyp durup, soňam ýörite maňa tarap öwrülmegi elbetde geňdi. Ýöne, men barybir maşyn tutmalydym. Şonuň üçinem mündüm. Meniň geňirgenenimi o ýigdem aňdy. Ara aýdyňlyk salmak üçinem: «Geň galyp oturmaň, men ýörite geldim» diýdi. Görüp otursam, ol meniň münen ýerimem, düşen ýerimem belläpdir. Işden çykylýan wagty bolsa hemmä belli. Agşam sagat alty. Ýöne men Zübeýdanyň yzyndan «estetmerkeze» gitmek üçin rugsat alyp altynyň ýarynda çykýan. Nesibedir-dä, birdenkä işi bäşde gutarýan bolsa dagy, diýip o ýigidem bir sagat ir gelipdir. Ýöne näme üçin? Beýtmek bilen onuň maksady näme? Dogrymy aýdaýyn, Nepes, bir adam ugruňda çapalasa, şol kim bolanda-da erkekleri-hä bilemok welin, aýal adam üçin-ä ýakymly bolýan ekeni. Şol sebäpden bolsa gerek menem: Näme üçin meni yzarladyň, näme üçin yzymdan geldiň, diýip, haýalçyrabermedim-de, sypaýyçylyk bilen: beýdip azara galmaly däl ekeniňiz, köçede maşyn kän ahyry diýdim. «Köçede müşderem gyt däl – diýip, ýigit birgeňsi ýylgyryp oturşyna aýtdy. – Ýöne, her öňýeteni alasyňam geläýenok...» Onuň bu sözem maňa kem ýaramady. Men indi ondan: siziň näme üçin ala-böle meni alasyňyz geldi? Näme üçin ýörite geldiňiz. Bu ýerde bir syr barmy diýip, soramalydym. Ol welin bu gezegem menden öňürtdi. «Bilýän, siz mende bir niýet bardyr öýdýäsiňiz. Ýöne men köçe-köçe kaňkap ýörenden belli bir müşderi tutanymy gowy görýän, onam ýüzlerine seredýän-de, şüý-ä ynsaplyrak, adamkärçilikliräk bolsa gerek, diýen adamlaryma öz hyzmatymy hödürleýän. Ýogsam käbirleri aýyň soňunda hasaplaşarys, diýýärler-de, belaň sapynam berenoklar. Gatnaýaň-gatnaýaň-da, ahyrsoňam özüň ýadap özüň goýaň...» – diýdi. «Siz maňa-da şol hyzmaty hödürleýäňizmi» diýdim. «Howwa» – diýdi. Bir meniň müşderi bolanym bilen gazanjyňyz ýeterlik bolmaz ahyry diýdim. «Gaýgy etmäň, meniň başga-da müşderilerim bar. Olaryň hiç biriniňem wagty siziňki bilen deň gelenok. Şol sebäpdenem siz meniň üçin amatly müşderi» diýdi. Oňa çenlem öýmüziň deňine ýetdik. Ol aýtdyrman saklady. «Onda garşy bolmasaňyz ertir irden yzyňyzdan geläýjek».
Men onuň puluny berdim-de olar ýaly bolsa bolýa geläýiň. Menem öňi-soňy her gün ir bilen şu ýoluň ugrunda golumy galgadyp durmaly bolýan. Ir bilen maşyn tutmak bolsa kyn. Adam kän, men dokuza on bä minut galanda çykaryn diýdim.
Ertesi çyksam, ol eýýäm garaşyp duran ekeni. Mündüm. Barýançak ýene-de aramyzda üýtgeşik gürrüň bolmady. Düşjek wagtym ol elime bir kagyz tutdurdy-da: «Agşam alta gelerin. Eger-de saý sebäp bilen irräk çyksaňyz şu belgä jaň edäýiň. Başga-da gitmeli-goýmaly ýeriňiz bolsa çekinmäň-de, çagyraýyň, men wagt tapyp gelerin. Artykmaç hak talap edibem durman» – diýdi. Görsem iki belgi bar. Biri el telefony, beýlekisi bolsa haýsydyr bir firmanyňky. Siz näme, firmada işleýäňizmi, diýdim. «Aý, onda-da adym ýöreýä, ýöne esasy işim şü...» – diýip, ullakan ala gözlerini maşynyň içine göz aýlady-da, dert-azar ugramak bilen boldy.
Şondan soň assa-ýuwaş gürleşibem ugradyk. Öz diýşi ýaly arasynda gyssanyp jaň bilen çagyran gezeklerimem boldy. Şolar ýalynyň birinde ol juda usullyk bilen meniň maşgala durmuşym barada sorady. Men adamymyň ýogalandygyny, iki gyzymy saklap oturandygymy aýtdym. Ýöne Erkin barada dil ýarmadym. Nädip ýaraýyn? Ärim diýsem-ä o däl, oýnaşym diýsem onça-da boljak däl. Onsoňam bar zady bilmek oňa hökmanmy. Şondan soň köp wagt geçmänkä o-da öz durmuşy barada gürrüň berdi. «Aýalym bar, ýöne, çagamyz bolanok, bir palçy maňa ile köpräk ýagşylyk et esasanam mätäçlere kömek et, şeýtseň sogap gazanarsyň, Hudaýyň söýgüsine mynasyp bolarsyň, ol saňa perzent berer diýdi. Eger-de göwnüňize zat getirmeseňiz, sizem pulsuz gatnadaýyn – diýdi. Birhili ýüregim süýşen ýaly boldy. Aý, ýok, pulsuz-a bolmaz diýenimde sesim aljyraňňy çykdy. «Bolar, näme bolman, dogrymy aýtsam men şu maşynyň puluna mätäjem däl, ol maňa onsuzam düşüp dur. Firmamyzyň ýagdaýy gowy. Käte daşary ýurda gidip maşyn getirýäs» – diýdi. Men gorkup başladym. Janymy barlap görmek üçinem onda şertiňiz bardyr-da diýdim. «Ýok, ýok, şertim ýok, meň ýöne size kömek edesim, sogap gazanasym geldi. Aýdyşlaryna görä ýetim oglana, dul hatyna kömek etmek hasam sogapmyşyn» diýip, endigine görä şeýle bir mylaýym ýylgyrdy, welin, minnetdarlykdan ýaňa gyzaryp aşak bakanymy bilmän galypdyryn. Birdenem başymy galdyrdym-da: Siz barybir dul hatynlaryň, ýetim oglanlaryň baryna kömek edip bilmersiňiz, olar siziň çak edişiňizden köpdür, diýdim. «Dogry. Köpdür. Hemmesine kömek edibilmejegimem bilýän, ýöne, ýagdaýymyň ýetenine ederin». Ol munam şeýle bir ýürekden aýtdy welin, men oňa ynanman durup bilmedim. Ýöne, ätiýaç üçin: Eýsemde, bolsa muny näme üçin siz başda aýtmadyňyz, diýip, soramany welin unutmadym. «Dogry sorag. Emma turuwbaşdan aýtsaň her kim birhili düşünýä. Ters düşünip uruşýan, sögüşýän adamlaram bolýa. Onsoňam meňki döwlet kömegi däl-de, hususy kömek. Hudaýo...» Ol elbetde, hudaýoly ýaly bir zat diýjek boldy, ýöne muny meniň gaty görerimden, kömeginden ýüz öwürerimden çekindi. Meniňem ony şondan artyk gyssasym gelmedi.
Elbetde, günuzyn iki ýana ulagsyz gatnap, ýetişiksiz günde ýören naçar üçin birdenkä mugt ulagly bolup oturybermek hele-müçe zat däl. Erkinde bolsa şeýle mümkinçilik ýok. Başdakysy ýaly ir ertir, giç agşam, üstesine günortanyna-da yzymdan taksili gelip gatnadybilenok. Işi berk. Ýöne başky hereketleri dogry ekeni. Ýeke gatnabersem, biriniň çeňňegine iljekdigii aňan ekeni. Şonuň üçinem: Ak ýürekden aýdýan bolsa-ha gowy zat, egerde aňyrsynda başga bir niýet ýatan bolsa-da eteginden daşyny döken günim düşer gidibirin, kim meni saklap dur diýen pikir bilen ak maşynly oglana «sogap gazanmaga» mümkinçilik berdim. Ýöne, men şuny öňem hut şu meselede tas dälilik hetdine ýeten Erkine duýdurmalydym. Aýtmalydym. Ýogsam onuň munam men tarapyndan edilýän gözboýagçylyklaryň biri hasap etmegi mümkindi. Gizlin edilen zadam ogurlyk bolýa. Ogurlyk bolsa iki gün. Bu gün bilinmese ertir bilinäýmeli. Şonuň üçinem, muny ugruny tapyp Erkine hökman duýdurmaly, maşynyna münýänem bolsam aramyzda haýyr-sogapdan başga hiç zadyň ýokdugyny, ol oglanyň maňa ak ýürekden hyzmat edýändigini düşündirmeli, diýen karara geldim.
Şol niýet bilenem, dynç günlerindäki duşuşyklarymyzyň birinde men oňa bar zady bolşy ýaly edip gürrüň berdim. Ol munam gaty gördi. Ýene-de gynandy. Ynjady. Göwnüne güman gitdi. Gunyzyn özüni sus alyp bardy. Berýän soraglaryma düzüwli jogap bermedi. Bişiren tagamlarymdan iýmedi. Ömür etmeýän zadyny edip arak içdi. Maňa kän söýgi bildirmedi. Hatda hoşlaşjak wagtymyz meni ogşamanam özüne kiçilik bildi. Namys etdi. Şol gün ony maňa azgyrylmakdan, agzyna gelenini aýtmakdan saklan zat megerem onuň bar zady içine salmany başarýandygy bolan bolsa gerek. Ol öz kalbyndaky harasady basjak bolup jan edýärdi, ýöne, ol harasat gün-günden, onda-da hut men zerarly güýjerleýärdi, kükregini ýaryp daşyna çykara yş gözleýärdi, pursat peýleýärdi. Men Erkine gaýdyp şol maşyna münmejekdigime söz berdim. Yz ýanam gyzlarym bilen deňze gitdim. Ak maşynly ýigide-de erte-birigün deňze dynç almaga gidýändigimi, ýöne gaýdyp gelenimden soňam yzymdan gelmezligini haýyş etdim. Men özümi siziň öňüňizide oňaýsyz duýýan, umumanam biziň bu bolup ýörşümiz gelşiksiz diýdim.
Şonça wagtlap her gün ýoluma garapmy ýa garawullapmy bilemok ýöne deňizden gaýdyp gelip, rugsatdanam işe çykan ilkinji günüm, deňze gitmezimiň öň ýany duşan ak maşynly oglanyň şol bir garaşýan ýerinde süýjümtik ýylgyryp, sag elini maňa tarap çalaja bulaýlap durşuna gözüm düşdi. Egninde-de näme üçindir sport eşigi. Erkine söz berşime görä men indi onuň maşynyna münmeli däldim. Emma men baryp onuň bilen salamlaşanymam, sessiz-üýnsiz maşynyna münenimem bilmän galypdyryn. Erkiniň edarasyna golaýla berenimdenem ýene bir etmesiz işi edendigimi duýmakdan ýaňa ýüregim çalt-çaltdan urmaga başlady. Birdenem: şu ýigit bilen Erkini tanyşdyrmaly, şeýtsem bu ikisiniň sözi alşar, bu ýigidiň hakykatdanam haýyr-sogap üçin şeýdip, ýörenime ynanar şu wagtam şular ýaly adam bar ekeni-ow – diýip begener diýen pikir kelläme geldi.
Men maşyny saklamaklygy ol ýigitden haýyş etdim. Erkiniň kabinetine girişim ýalam: Bar, seret, men kim bilen geldim diýip, penjirä tarap «üm» atdym Erkin: ýerinden turup meniň görkezen tarapyma seretdi. Men: «Şo-ol, deňze gitmänkäm gürrüňini beren oglanym. «Haýyr-sahawat» üçin işleýär, diýenim. Sen onuň bilen tanyşmaly, Erkin. Ol gowy oglan. Edil sen ýaly. Ýüregi ýuka. Akylly. Ikiňiziň sözüňiziň alyşjakdygyna men ynanaýan» – diýdim. Şeý diýdimem, belany diýdim. Şol ýalňyşlygym üçin men özümi heniz-henizlerem bagyşlap bilemok. Şol wakanam, deňizli wakanam oňa aýdyp berendigim üçin puşman edýän. Dogrudanam, o zatlary gözi bilen görmedik adamyny sen nädip ynandyrjak, şunça-ha tirkeşdim aramyzda-da bolan zat ýok diýip. Erkin-ä uly adam welin, oňa çaga-da ynanmaz. Şol gezegem bar edibilen zadym-onuň ýarasyny täzeledim. Aýdan sözlerimiň barysy, ýeke-ýeke bagryndan ok bolup geçdi. Synasy göz-göz, öýkeni eleme-deşik boldy. Ýüzi gögerdi, gözlerem agyr hassanyňky ýaly bulançak, çal görnüşe geçdi. Nazary bulaşdy. Şolar ýaly ynjyk, sähel zady ýüzüne alyp, sähel zada üýtgäp duran duýgur adamy men henize bu güne çenli göremok. Ol sähelçe zada-ha gül kimin açylýar, sähelçe zada-da bütin durky bilen doňýar. Bir söz bilen ony ýaralabam bolýar, hassalykdan sagaldybam bolýar. Onuň hatda ömür görmedik adamlarynyň gaýybanasyndan gahar edip, ýigrenip ýörşüne-de, ömür görmedik adamsynyň daşyndan gaýybana guwanyp ýörşüne-de men köp gabat geldim.
Howwa, onuň içini tutup, iki ýana yraň atyp durşuny görüp, men şol gezek eden işime ökündim. Özümi alyp barşym bilen onuň özüme bolan söýýgüsini harlaýandygyma, ýigitlik mertebesini kemsidýändigime, namys duýgularyny oýaryp, örtenmäge mejbur edýändigime düşündim. Şonuň üçinem men şol gün gaýdyp şol maşyna münmejekdigim barada Erkine söz berdim, onuň sözlerine eýgerip, ol oglany ugratdym-da, özüm şol ýerden işime pyýada gitdim.
Söz berşim ýaly, men hakykatdan-da gaýdyp şol maşyna münjek däldim, ýöne, bilgeşleşin edýän ýaly şol gije dynman ýagyş ýagdy. Ertesem dowam etdi. Özem ýöne-möne ýagyşam däl-de, damjalarynyň her biri kümüş gola ýaly. Işe diýip çykdym welin, ak maşyn öňküje ýerinde garaşyp dur. Eýesem ruluň başynda ýylgyryp otyr. Gyýalap guýýan güýçli çabgadan ýaňa onuň ýüzi çala saýgardýar. Dogrusyny aýtsam men ony görüp begendim. Çünki, şol howada maşyn tutmagyň aňsat bolmajakdygy görnüp dur. Işiň başlamagyna bolsa sanlyja minut bar. Onsoňam şunça münüpdirin, ýene bir gezek münenim bilen üýtgän zat bolasy ýok. Şol oý bilen men ylgaý baranymam, «şakyr-şukur» gapyny açyp içine girenimem bilmän galypdyryn. Sowuk ýagşa ezilip, birdenem ýyljak maşynyň içine girmekligiň, umuman elinjek maşynly bolmaklygyň lezzetini men şonda ýene bir gezek duýdum.
Şol hereketlerimiň hemmesini Erkin edil iki ädim beýle ýanymda synlap durandyr diýip dagy ýadyma-oýumada getiremok. Ýöne, edaramyzyň gapysynda düşjek wagtym ol oglan bilen welin çürt-kesik gürleşdim. «Düýnem gyssagara aýdyp bilmedim, ine, indi aýdýan gaýdyp meniň yzymdan gelme, bar zat üýtgedi, bar zat gutardy, maňa siziň haýyr-sahawatyňyz gerek däl, öňki eden hyzmatlaryňyza-da taňyrýalkasyn diýdim. «Näme menden göwnüň galdymy? Ýa aýtmasyz bir gep aýdaýdymmy, üýtgeşik hereket edäýdimmi», diýdi. Aý, ýok, bolan zat ýok, ýöne indi gelme, men senden şuny haýyş edýän, diýdim. Ol özüniň eýýäm maňa-da, çagalaryma-da öwrenişip ugrandygyny, aýrylyşmaklygyň kyn boljakdygyny aýtdy. Zyýany ýok, öň biri-birimizi görmän oňupdyrys, ýene-de oňarys, men saňa Hudaýdan goç-goç ogul dilärin, diýdim.
Ol gyýylyp galdy. Esli wagt yzymdan seredip oturdy. Şol wagt onuň ýylgyrmaýandygyny men yzyma seretmesemem duýdum.
Üstümden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Erkine-de jaň etjek bolýan welin, telefonymyz işlänok.
Günortana golaý ýagyş kiparlady. Öýläne golaý bulutlar paralandy. Gün göründi. Telefonymyz welin iş ahyr bolýança-da işlemedi. Mahlasy günuzyn Erkin bilen gepleşip bilmedim. Agşamlyk öýüne jaň edýän welin alanok. Alsa-da meň sesimi eşitdigi «jalkyldadyp» goýýa. Näme üçin beýdýäkä diýýän. Ertesi arakesmä çenli zordan çydadym-da ,ýanyna gitdim. Ol meni diýseň ýowuz garşylady. «Sen sözüňde durmadyň» diýdi. Men boýnuma almajak boldum. Emma onuň bar zady gözi bilen görendigini bilenimden soň welin, boýnuma alaýmakdan başga alaç galmady. Erkin, özüň bilýäň-ä, ýagyş ýagd-a.. Onda-da nähili ýagyş... Men bolsam işe gijä galyp barýadym... Ýöne gaýdyp münmen... Söz berýän... diýdim. «Sen düýnem söz berdiň... – diýip, ol öňküsine görä has batly gepledi. – Gitdigiçe-de gazaby artdy. Käýindi. Ýöne, agyr söz aýtmady. Ahyram aglap-aglap usurgan çaga ýaly tisgine-tisgine sowuk demini aldy-da: - Umuman-a nätseň şeýtsene, meniň indi saňa dahylly zadym ýok. Sen menden boş...» diýdi-de, kabinetinden çykdy ötägitdi. Çykmazynyň öň ýanam çalarak sägindi-de, goltuk jübüsinden dört eplengi ak kagyz çykaryp elime tutdurdy.
Bilşiňiz ýaly ol erbet gahary gelen wagty halys düňle bolýa. Gepläp bilenok. Şonuň üçinem, şolar ýalyda köplenç, aýtjak zatlaryny arkaýynçylykda kagyza geçirip gelýärdi-de sessiz-üýnsiz elime tutdurýar gidiberýärdi. Haty nädip ýazmany bolsa ol adamdan öwrenmeli däl. Her sözüni sünnäläp, jaýba-jaý goýup, aňyňa täsir eder ýaly edip bir ýazýa welin, okanyňda iniň jümşüldäp, süňňüň elenip gidýä. Şonuň üçinem men soňky döwürlerde onuň aýtjak zadyny hata ýazyp bererinden gaty gorkýardym.
Şol gezegem şeýle boldy. Haty açyp, göz gezdirdim. Düýnden bäri kabinetinde oturyp arkaýyn ýazan bolsa gerek, telim gezek gaýtadan göçürilendigine garamazdan, entegem çyzylan, düzedilen ýerleri az däl.
Ol hoşlaşyk hatydy. Onda şu sözler ýazylandy. «Hoş, eý, gül ýüzli ýarym! Gül Jemally jananym! Men seniň bu kemsitmeleriňe mundan artyk çydap biljek däl. Men bu oýundan çykjak. Öňem men bu meýdana bilmän giripdirin. Seni tanamandyryn. Daş keşbiňe aldanypdyryn. Güljemalsyň öňdüpdirin. Elbetde men seni günäkärläbem biljek däl. Çünki saňa puly köp, maşynly, kaşaň jaýly baý adam gerek. Mende bolsa o zatlar ýok. Bar baýlygym söýgim. O-da saňa gerek däl. Ýöne, bilip goý, hemme zady pul, ulag, baýlyk ýa wezipe çözýän däldir. Bu zatlara sen bu gün düşünmeseňem ertir düşünersiň, ýöne, giç bor. Ýene bir zat: Hiç kim seni mençe söýmez. Her kimiň senden lezzet alasy, keýpiňi göresi geler. Bakja giren şagal ýaly parçalar-da, doýan günem taşlar gider. Galanynam özüň bil. Sen täze döwrüň adamsy ahyry. Biz bolsak köne pikirli adam...»
Haty okap bolşum ýaly kabinetden atylyp çykdym-da, Erkiniň yzyndan ylgadym. Ol entek edaradan gaty bir daşlaşman ekeni. Şeýle-de bolsa yzyndan ýetmek üçin ylgaşlamaly boldum. Ýetip öňüne geçdim: Erkin, sen nähak ýere özüňi horlaýaň. Nähak gabanýaň. Ýeri, münsem-münüpdirin-dä. Maňa ulag gerekdigini, ertir-agşam degirmene giren ýaly ondan-oňa ýelk ýasap ýörendigimi bilýäň-ä özüň. Ol ýigit bolsa meniň öňümde hiç hili şert goýanok. Sogap gazanmakdan başga niýetem ýok, diýdim. Ol dişini gysyp durşuna edil düýşde ýaly alasarmyk, ýzlem-saplam gürledi: «Ol öz niýetini saňa bu gün duýdurmasa-da ertir duýdurar. Bu gün aýtmasa-da ertir aýdar. Garaşyber. Maşynyna-da münüber. Tanamaýan adam haýyr-sogap üçin nätanyş bir maşgala munça hyzmat etmez. Şonça hyzmaty kabul edýän maşgala bolsa, iru-giç onuň islendik şertine kaýyl bolar. Şonuň üçinem, men seniň edip ýören hereketleriňe garşy däl. Asla garşy bolmana hakymam ýok. Biziň başda gepleşişimizem şeýle. Belki şol ýigit seniň bagtyňdyr. Gözleýäniňdir. Seniň bagtyňa böwet bolmaga bolsa öň eden şertimiz boýunça meniň hakym ýok...» Bokurdagy doldumy, nämemi, ol birdenkä dymdy. Ýöne, şondan artyk maňa gep düşündirjegem bolmady. Öz häsiýetine görä ol entegem kän gürläpdi. Şonuň üçinem, gürrüňiň gutarandygynyň alamaty hökmünde, başyny aşak saldy-da, ýoluny dowam etdiriberdi.
Erkek adamlar babatda deňizde hut özümden alan sapagymy eýýäm unudandygyma men diňe şondan soň düşünip galdym. Agşamara men ýene-de öýüne jaň edip Erkinden ötünç soradym. Dagy-duwwara, ölýänem bolsam şol maşyna münmen» diýdim. Ol esli wagt dymyp durandan soň, uludan demini aldy-da: «Ýeri, bolýa-da görübereris-dä» diýdi.
Emma meniňki ýene-de bolmady. Ertesi irden ýola çykdymam welin, akja maşyn ýene-de geldi-de, gapdalymda keserdi duruberdi. Ol ýigit maşyndan atylyp çykdy-da, üstüme howala boldy. «Haýyş edýän, şu gezgem mün, saňa aýtjak zadym bar, soň gelme diýseň gelmäýerin», diýdi.
Özüme şonça wagtlap ýagşylyk eden adamyň ýüzüne ýene-de gelip bilmedim. Mündüm. Ýöne, iň ýamany meniň işe barýan ýolum Erkiniň iş ýeriniň üstünden geçýärdi-de, äpişgesiniň agzyndan ötüp barýarkak ol bizi hakyt göräýdi. Menem onuň görenini gördüm. Gyssanjyma oňa tarap elimi bulan bolaýmagymam ahmal. Kyn güne galdym. Düşjek wagtym ol oglandan: Howwa, näme aýtjak zadyň bardy, diýip soradym. Ol rula ýaplanyp oturşyna ýüzüme naýynjar garady-da: «Men indi dogrudanam gelmäýinmi», diýdi. Howwa, gelme, diýdim. Başga aýtjak zadyň barmy, diýen soragyma bolsa ol ysgynsyzlyk bilen başyny ýaýkady-da, göni öňe seredip: «ýok», diýdi. Men düşdüm. Ind-ä dynaýan bolsam gerek, diýip, oýlanýan. Ýöne, indi Erkine näme jogap bermeli? Bu bolan işi oňa indi nädip düşündirmeli? Ýerime baryp jaň edýän welin ýene-de şo-ol, düýnki hereketler gaýtalandy durdy. Sesimi eşitdigi trubkany goýýar. Agşam öýüne jaň ederin ýa-da eritr arakesmede ýanyna baryp düşündirerin, diýen pikir bilen özümi köşeşdirdim. Gün welin ýyla döndi. Sagat alty bolandanam tüweleý ýaly alahasyrdy bolup gapydan çykdym. – Jemal gözlerini tegeläp ýüzüme seretdi. – Bilýäňizmi kim dur ekeni gapyň agzynda?
-Kim?
-Ýene-de şol oglan.
– Ak maşynlymy?
– Howwa. Özem hakyt gapynyň agzynda dur. Işdeşlerimem gapdalymdan zybyrt-zybyrt geçişip durlar. Olardanam öler ýaly çekinýän. Näme gerek, näme üçin geldiň diýip soramaga bolsa mejalym ýok. Şo-ol ýüzüne seredip aňkarylyp durun. Bir erbet boldum, jan dogan. Ol bolsa agzynyň ýetişibildiginden ýalbarýar: «Şu gezegem mün, aýdyp ýetişmedik zadym bar, soň seniň ýoluňy kessem adam bolmadygym» diýýär. Näçe wagtlap ýaýdanjyrap duranymy bilemok, bir görsem maşynyň içinde otyryn. Ol bolsa meniň öýüme däl-de, düýbünden ters tarapa tutduryp barýar.
Erbet gorkdum. Sen meni nirä alyp barýaä, sakla maşynyňy, men düşjek diýip, gygyrdym. Açmak niýeti bilen gapnyň tutawyjyna ýapyşdym. «Gorkma, arkaýyn gürleşer ýaly bize asuda ýer gerek – diýip, ýigit parahat gürledi. – ýa kafeleriň birine baraýalymy?..» «Ýok, ýok köpçülikde bir görünmäliň, asla-da maňa indi siziň maşynyňyza münmek bolanok, diýdim. Hä diýmänem howa garalyp ugrady. Ýigit meni şäheriň daşyndan aýlanyp gidýän ýola çykardy. Birdenem maşynynyä tizligini haýallatdy-da, çaga ýaly ýyrşarylyp ýüzüme seretdi: «Maşyn sürmäni öwrenesiň gelýämi? Öwrenjekmi? Öwredeýinmi?» Dogrymy aýtsam maşynly bolmak, maşyn sürmek meniň öňräkden bäri edip gelýän arzuwymdy. Şol arzuwymyň iň bolmanda ýarysyna bir ýetmek üçin, men maşynym ýogam bolsa, sürüjileriň okuwyna-da gatnapdym. Hukuknama-da alypdym. Şonuň üçinem ol oglanyň şo teklibi şol wagt maňa şeýle bir hoş ýakdy welin, höwes, isleg bar zatdan üstün çykdy. Men hatda ondan meni ol ýere näme üçin eltendigini soramanam, wagtyň giçdiginem, çagalarymyň birini merkezden» beýlekisini bakjadan almalydygymam, unudyp: Howwa! Süresim gelýä, diýip, gygyrypdyryn. Muňa ýigidem begendi. Şonuň üçinem ýylgyrjaklap oturşyna meniň bilýän-bilýän, diýip öwran-öwran gaýtalap oturanma-da bakman ilk-ä: «Ine bu tormozy, bu gazy, bu sipleniýesi bujagaz somalyp duran zadam nemesi... tizlik çalyşýany... – diýip, «instruksiýa» okady. Soňam meni ruluň başynda oturdyp özi gapdalyma geçdi. Elimden tutup ryçagy birinji tizlige geçirmäge kömek etdi. «Indem usullyk bilen sipleniýäni goýber-de, çalajadan gazy bas...» diýdi. Aýdanlaryny etdim. Maşyn ýöredi. Ony hakykatdan-da özümiň herekete getirendigime ynanmajak boldum. Dogry, sürüjiligi okaýarkamam men maşyn sürüp görüpdim. Ýöne, ondan bäri köp wagt geçipdi. Begenjimden ýaňa tas, guş bolup uçupdym. Aklymy haýran eden bu geň waka barada agşamlyk çaý başynda çagalaryma-da gürrüň bererin diýip, göwün ýüwürtýändigimi bilýän. Belki, Erkine-de aýdaryn? Howwa, howwa, hökman aýdaryn. Çünki bu ýere üýtgeşik zat ýok ahyry. Birdenem dilime buýrubilmän o görgülini nägünlere düşendigimi ýatladym-da, o pikirimi goýbolsun etdim. Maşyn bolsa ýuwaşjadan gidip barýar. Göwnüme bolmasa, ol ýigit maňa barha gysmyljyraýan ýaly. Ruly aýlamaga kömekleşende aýasyny elimiň üstüne goýýar-da, wagty bilen aýyranok. Ine-de ol elini meniň dyzymyň üstüne goýdy. Men birdenkä özüme geldim. Iki gözümem ýola dikip oturşyma howply hereket edäýmezlik üçin: Muny nädip saklamaly diýdim. «Gazy goýber, indem «sipleniýäni» bas-da ryçagy «yskordan» çykar, indi bolsa tormozy bas...» diýip, özbaşyna gepleýän ýaly hümürdäp oturan ýigit maşyn togtansoň goluny boýnumdan dolap aldy-da, ýaňagymdan agyz urmak üçin bat bilen özüme çekdi.
Erkiniň ýöne ýere janyny ýakmaýandygyna, bir bähbidi bolmasa erkegiň aýala hyzmat etmejekdigine men şonda ýene bir gezek göz ýetirdim. Onuň aýdanlaryna wagtynda gulak asmandygym üçin gynandym. Men onuň elinden sypdym-da, siltenip daş çykdym. Maşynyň o tarapyna aýlandym. Sag tarapky gapysyny açdym-da, henizem äm-säm bolup oturan ýigidiň ýüzüne gazaply garap: Bar, ýeriňe geç, diýdim. Geçdi. Men öň öňde, onuň gapdalynda oturyp gelen bolsam, indi yzky oturgyja geçdim. «Sür!» diýip azmly gepledim! Elbetde, asyl-ha ol maşyna münmesemem bolardy, ýöne, wagt giç, ýer çola, şäherdenem ep-esli daşlaşypdyrys, ondan galyp ýene kime sataşjagymy Hudaý bilsin. Onuň özüniňem güýje daýanyp zoruna tutubererinden gorkym ýok däl. Sag-aman şähere siňibilsem galan zadyň bir alajy bor diýip, saňňyldap otyryn. Ýigit welin howluganok. Ýerine geçenden soňam maşynyň o ýerini bu ýerini gorjalan bolup otyr. Hatda açarynam towlanok. Ahyram gyýalap ýüzüme seretdi-de, öňküleri ýaly mähirli däl-de, sowuklaç ýylgyrdy: «Gürleşibem-ä ýetişmedik». Ýetişdik, kemini goýmadyk, mundan artyk geçsek bar zat bulaşar, men hemmesine düşündim, sür gideli, diýdim. Ol goltugyndan hemmesi ýüzlükden ybarat bir daňy dollar çykardy-da, iki sanysyny sogrup aldy, bärisine öwrülibem olary meniň etegime oklap goýberdi: «Ine, her aýda şuny berýän. Regulýarno. Söwdam oňan wagty ondanam paýyňy bererin» Meniň ondan şol wagt: Sogap üçinmi, çagaň bolary üçinmi, diýip sorasym geldi, ýöne kejeleşip wagt ýitiresim gelmedi, şonuň üçinem, etegimdäki täzeje ýaşyl ýüzlükleri garbap aldym-da, maşynyň äpişgesinden zyňyp goýberdim. Ýigit: bu näme etdigiň boldy, diýýän manyda ýüzüme allaniçiksi bolup seretdi-de, şakyr-şukur gapyny açdy, daş çykdy, adaja şemalyň ugruna eýýämhaçan gara ýol bilen şähere tarap bökejekleşip ugran pullaryň yzyndan ylgady. Ýetip biriniň üstüne howala boldy. Egildi. Aldy. Oňa çenlem beýlekisi asfaltyň ýüzi bilen gaýyp gitdi-de, ýoluň aňry ýüzündäki çöp-çalamlaryň arasyna siňdi. Ýigit näler şol tarapa topuljakdy welin, şol pursat daşary ýurtlardan ýük daşaýan on tigirli, ullakan maşyn ulýala «arryldy» bolup onuň öňüni kesdi. Ýelginem ýaňy bir ýere gonup ýetişen ýüzlügi garbap aldy-da, dik asmana göterdi. Soň ol pul ýene-de ýere düşdümi ýa düşmedimi, düşäýende-de nirä düşdi, ony men bilemok, ýöne, ýüzüni sallap gaýdyp gelende o ýigidiň elinde ýekeje ýüzlügiň bardygyny welin magat bilýän. Ol kabina gireninden soňam sortdurylyp ep-esli oturdy. Şuň biri sen sebäpli ýitdi, diýýän manyda elindäki ýeketäk ýüzlügi maňa tarap çommaltdy. Ahyram ony iki epledi-de, emaý bilen gursak jübüsine saldy. Maşynyny otlady. «Wazyrdadyp» yzyna öwürdi. Şäheriň lowurdaşyp duran al-ýaşyl çyralary, belent ymaratlary kem-kemden bize tarap süýşüşip başladylar. Olara golaýlaşdygymyzsaýy göwräm giňeldi. Birdenem ýoluma göz dikişip oturan gyzjagazlarym ýadyma düşdi-de, ýüregim «jigläp» gitdi. Agym tutdy. Öz-özüme gaharym geldi.
Şol pursat bir ýerden Erkiniň atylyp çykaga-da, özümi suwasalma ýenjerini isledim.
Şähere giren ýerimizde men ol ýigitden maşynyny saklamagy haýyş etdim. Tanşalymyz bäri çen bilen her günüme on bäş manatdan hasapladym-da, ep-esli manady «patyladyp» paneliň üstünde goýdum. Iki gözümiň içine seredibem: Bagyşla, etegiň bolmansoň şu ýerde goýmaly boldum. Az görseň habar edäý, ýene goşaryn, diýdim-de özümem, Erkinem şunça belalara sataşdyran maşynyň içinden suwulyp çykdym. Edil bilgeşleýin-ä etmedim welin, elbetde, gaharym gaty gelendir-dä, gapysynam «gürpüldedip» ýapdym. Elimi galdyryşym ýalam bir maşyn gelip gapdalymda saklandy. Barjak ýerimi aýtdym. Nyrhyny aýtdy. Razylaşdyk. Sürüji tä barýançak sesini çykarmady.
Merkezde Zübeýda bilen ýene iki çaga galan ekeni. Biri oglan, biri gyz. Özlerem meňzeşje. Diýmek, dogan bolmaly. Oglanjygyň gözleri gorkuly. Ulurak bor-a çemeli, gyzjagazyň oturşy parahat. Mert. Men Zübeýdany alyp ugranymdan ol ýerinden turdy-da, ýüzüme çiňerilip: «Meniňem ejem gelermikä» – diýdi. Geler, geler, hökman geler diýdim. Hamala heniz bolup ejesiniň gelmändigine özüm sebäpkär ýaly ojagaz çaganyň öňünde erbet utandym. Bir ýerlerden tasap çykan nobatçy gelniň kime aýdýandygy näbelli terzde ýüzüni tossardyp: «Ine, şeýle-dä, birentek adamlar şuňňaly-da, öz çagalaryndanam bizar-da...» diýenini eşidib-ä hasam erbet boldum.
Öýe gelenimden soň ur-tut Erkine jaň etdim. Bu gezek ol trubkany goýmady. Men agzymyň ýetişdiginden gürläp başladym. «Erkin! Gulak sal! Trubkany goýma! Diňle! Şu gün irden meni ýene şo maşynda göreniňi bilýän. Ýöne, ynan bu hakykatdanam iň soäky gezek boldy. Bergidar galmazlyk üçin men onuň bilen hasaplaşmalydym. Şeýle-de etdim. Iň soňky köpügine çenli sanap berdim...» diýdim. Ol welin şonda-da dymýardy. Men bolsam onuň birdenkä ýarylaga-da: «Onda işden soň oň bilen şäheriň daşyna näme üçin gitdi? Ony näme bilen aklajak? Ýa ol ýerigem hasaplaşmak üçin gitdiňmi?» – diýip, gygyrybererinden gorkdum. Şeý diýäýse näme jogap berjegimi bilmän ýaýdandym. Hern-ä ol o barada hiç zat diýmedi. Diýmek ol ony bilenok. Şeýle-de bolsa şol hereketim üçin onuň öňünde özümi hasam müýnli duýýaryn. Ýeňilkelleligim üçin öz-özümi ýigrenýärin. Ahyrsoňunda gözlerimi ýaşa dolduryp: «Erkin! Şundan şu ýana şol maşyna tarap gyýalap garanymy görseňem ýüzüme tüýküräň», diýenimden soň az-kem gowşady. Men muny onuň assa-ýuwaş ardynjyrap ugranyndan duýdum. Bu onuň niýetini bagyşlamaklyga diken wagty edýän hereketleriniň başlangyjydy. Umumanam onuň sähelçe mümkinçilik dörese maňa ynanasy, bagyşlasy, ýaraşasy gelýärdi. Özüniň edip ýören göwnigaraçylykly hereketleriniň düýbünden puç, ýalan bolup, meniň bolsa ak bolup çykmagymy isleýärdi.
Şonuň üçinem ol ýene bir gezek çalaja ardynjyrady-da dawaly gürrüňiň üstündenem barman ýuwaşlyk bilen özümiň, çagalarymyň ýagdaýyny sorady.
Şol oglan baradaky eden pikirleriniň dogry bolup çykandygyny, niýetiniň dogrudanam gowy däl ekendigini, haýyr-sahawata perdelenip başga zatlaryň kül-külünde ekendigini welin men barybir Erkine aýdyp bilmedim. Çünki, bu ýene-de onuň derdini täzelejekdi. Täze-täze öýkeleşiklere sezewar etjekdi.

Dowamy bar >>
Awtoryň başga makalalary

Категория: Romanlar | Просмотров: 59 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Romanlar bölümiň başga makalalary

Ussat we Margarita -9/ romanyñ dowamy - 11.02.2021
Gyrnak -3/ romanyñ dowamy - 18.02.2021
Ussat we Margarita -11/ romanyñ dowamy - 19.02.2021
Клодиус Бомбарнак / роман - 08.06.2021
Dünýäni toba halas eder / kinoroman - 29.06.2021
Söýgüde serhet ýok -13/ romanyñ dowamy - 07.09.2021
Жуки / отрывок из романа - 22.06.2021
Aýpi hakynda rowaýat / romanyñ soñy - 26.04.2021
Söýgüde serhet ýok -14/ romanyñ soñy - 07.09.2021
Холодное солнце теплой зимы - 24.06.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]