07:39
Söýgi simfoniýasy
SÖÝGI SIMFONIÝASY

Al-asmanda tomus otyr öwhüldäp,
Gün sary möhrüni basýar çar ýana.
Agzymyzda Günüñ gurak tagamy,
Şepbeşýär...
Ýa dilleşdikmi dymmaga?
Kölegeler egnin gysyp ýygrylýar,
Pursat eräp barýar, şabrap akýar der.
Biz bolsa seredip birek-birege,
Ýylgyrýarys...
Tomus otyr öwhüldäp,
it üýrenok lowhuldap,
Baglar otyr göwşüldäp,
batyp tozan-gertlere.
Ädim urýas endigmize,
gidip barýas howlukman,
Gidip barýas peýwagtyna,
gidip barýas hiç ýere.
Diñe bakýarys-da birek-birege,
Ýylgyrýas...
Ýa peýdasy ýokmy gepiñdir sözüñ,
Ýa bizdemi güýji sessiz uýmanyñ.
Ýa-da gelenokmy oýarasymyz
Gaýnap-joşjak duýgularyñ ummanyn?!
Ýa islämizokmy awundyrmagy,
Ýarym söze ýaralanjak kalbymyz.
Dymyp barýas,
Dymmaklygy kesp edinen ýaly biz.
Diñe seredýäs-de birek-birege,
Ýylgyrýas...

...Daş gapyda tomus ýatyr myşşyldap,
Gije ýatyr ýüregini ýahladyp.
Aý bir ýerde uka batyp galypdyr,
Görnenok,
Goýazy tümlügi ýassanyp.
Tomus ýatyr bugjaryp,
gije ýatyr çygjaryp.
Tapamyzok ynjalyk,
ýatamyzok dynç alyp.
Ýok, ümsümlik uçup gidip bilenok
Gepläp-sözlemegi ýada-da salman,
Otyrys biz bir-birege seredip,
Otyrys irkilip bilmän.
Munda gözün süzýär dymma arzuwlar,
Wagtyñ labzy gitdigiçe süýjeýär.
...Ýogsam aramyzda kültem-kültem ýol,
Aramyzda menzil-menzil gije bar.
Biz şonda-da bakyp birek-birege,
Ýylgyrýas.

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hat gatnadýan kepderi / Goşgular - 08.02.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Aýdym / Goşgular - 24.05.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021



Всего комментариев: 4
-1
4 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Özboluşly gowy goşgy. Bu şahyrdan öñ okamandym, eserlerini paýlaşyp duruñ!

1
3 mango   [Материал]
islänini isleýişi ýaly ediberýän tapawutly poçerki bar eken....
haladym. täze şemal çalan ýaly boldy.

-1
2 Tumarly   [Материал]
Bir demde okadym. Sag boluñ.

-1
1 Tumarly   [Материал]
Ine öwülýän ...myrat, ...myratlardan müñ esse gowy şahyr!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]