21:56
Söýgi setirleri
SÖÝGI SETIRLERI

Söýgi bir baýlykdyr ~
ýokdur bahasy,
Ol dünýäñi tutup duran hanyman.
Söýgi bir barlykdyr ~
bagtyñ sakasy,
Köñül asmanyña bolar saýawan.

Söýgi bir gudratdyr,
oña sataşsañ,
Iñ bir howply ýollar saklamaz badyñ.
Urarsyñ özüñi tümden, ataşdan,
Gözüñe görünmez ýakynyñ, ýadyñ.

Möwç urar, joş urar yşkyñ derýasy,
Ähli zatlar saña eziz görüner.
Sen özüñi gyzlañ şasy duýarsyñ,
Özge gyzlar saña keniz görüner.

Hem ýanyp ýörmekden alyp lezzeti,
Köñül telwas urar, çyrpynyp her ýan.
Seniñ habarlaryñ özge göwrede
Urar añry kenarynda şol derýañ.

Yşkda erki giden bendi, ýesir sen,
Hem meñzärsiñ bahar güllän daragta.
Göýä giñ ummanda yşkyñ gämisi
Alyp gider seni mukaddes bagta.

Dünýäñ ýüzi ýar keşbine öwrülip,
Ýerde ýöräp däl-de, uçup ýörensiñ.
Dünýäñ ýüzi saña ýylgyryp bakar,
Ähli zatda öz bagtyñy görersiñ.

Ýöne käte iki göwün arada
Deñizler çaýkanar,
Derýalar joşar.
Apy-tupan içre elenersiñ sen,
Apy-tupan içre ýar ýara gowşar.

Şeýlebir näzikdir, ynjykdyr söýgi,
Ony ähli zatdan gorap gezmeli.
Şirin duýgularyñ parçalap taşlar
Käbir bahyllaryñ zährimar dili.

Söýgi ~ bu göreşdir,
Söýgi ~ ykbaldyr,
Söýgi ~ saña Ýaradanyñ serpaýy.
Goý, gomlar çyrpynsyn,
derýalar joşsun,
Kürekläp git,
agralmasyn sen taýy.

...Ýüzüp barýar göz ýetmeýän kenara
Yşkyñ derýasynda bir ajap gämi.
Goý, indi erkana ýetsin menzile,
Ol saña bagt üçin ýeterlik dälmi?!

Bibi ORAZDURDYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 644 | Добавил: Нawеran | Теги: Bibi Orazdurdyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aşyklaryñ şäheri / Goşgular - 18.02.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Doganlarym / Goşgular - 09.01.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Gadym dünýäñ bir şahyry kemeldi / Goşgular - 16.02.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Года мои! Не судите меня строго / Goşgular - 17.03.2021
Içgepletme / Goşgular - 02.06.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]