13:21
Söýgi pelsepesi / goşgular
SÖÝGI PELSEPESI

Eger seni jandan söýmedik bolsam,
Giderdim men keýik ýaly tazygan.
Zirelerden geçip, başga zer alsam,
Götererden agyr düşer ýazygym ―

Onsoň deger göýä belanyň oky.
Açyk asman, ýaşyl düzler, şäherler ―
Ynjalyksyz edip, bermezler uky.
Hem owadan öwsüp gelmez säherler.

Hiç bir zat, hiç haçan bejermez derdim:
Ykbal menzilini ýöremän merdem,
Şükür, beýle derde duçar bolmadym.
Senden yşyk aldym,
mydam goldadyň.

Gyzyň da:ş däl eken bir ýolda ýatan,
Seni söýüp söýgä öwrüldim Watan!..

BU MEKANA GELMIŞ SEN

Mollanepese

Ýurdumyza ýaz dolupdyr, bahar bolup gelmiş sen,
Sözüň Tahyry şahyr, Zöhre derdin bilmiş sen.
«Yşk mülküniň şasysyň», sözden tagtyň gurmuş sen,
Arşy zehin kalbyňda, kelam içre durmuş sen,
Aýan edip hyýaly,
Hiç bir öçmez syýaly,
Heňňamlardan köňüle bir soltana gelmiş sen.

Setirleň dünýäň maly, paýhasyň çykmaz serden,
Keminä söhbet gurup, Talyba deňän gerden.
Diýdim saňa: «Nepes-mu» kelamlary, eý, zerden?!
«Yşk mülküniň» hormaty adyň göterdi ýerden.
Halkyň seniň gaşyňda,
Perwaz urýas daşyňda,
Taryh bilen süýşüpler çyn döwrana gelmiş sen.

Gözellermiz Zöhre deý bakyň, başy käkilli,
Döwründen paýhas alýar ― bilimli hem akylly.
«Aňsadan» üşük tapsak, «Ner gezginden» nakylly.
«Tapylmaz» diýme indi, yşka wepa bak indi!
Çawuň düşdi jahana,
Garaşdyk bu mahala,
Arzyň aýtsaň arzymak, Hak permana gelmiş sen.

Ele alyp otyrsyň galam bilen depderiň,
Pyşyrdyň hem mukam deý eşdilip dur gepleriň.
«Dür derýadan» çykypdyr, eý, sözleri epdegim.
Sözleriň bir nurana,
Yşk çyragdyr ugrama ―
Adyň Arşa göterdi ― gül mekana gelmiş sen.

Sabry-kararly bu gün, bak hanha guba-gazyň,
Erkin ýüzýär Awaza hem-de Hazarda gazyň.
Galam alsam elime, eşdilip dur owazyň,
Sözüň bilen ýandyrdyň ataşy läle-ýazym,
Soňlanmajak liramsyň,
Hem edebi mirasym,
Söýgi hem aýdym bolup, nur zamana gelmiş sen.

SEN

Sen juda ajaýyp hem-de aýylganç,
Otdan alyp, mydam suwa salýarsyň.
Ýüň saýýan deý saýýan täsin sen saýgyç,
Pişge edip gök deňine galýarsyň.

Soňam meni sümek edip süýersiň,
Egirseň ýüp ýa-da güllän keçe men.
Näme çykar?
Näme çyksam söýersiň!
Sen bolmasaň dünýä bilmez öçenim.

Meniň barym, ýa-da meniň özümsiň,
Sende ýatyr çözülmedik matalym.
Kalpda ojak ― kül içinde közümsiň,
Seniň bilen dem alyp dur hatarym.

Ýyldyzymsyň, maňa ýollar görkezen,
Ýogsam sensiz ýatan ýaly çepime.
Çetin ýokdur, ýüregimde merkeziň,
Erkim sende, hiç gaýtmadym jetiňe.

Hem kalbymda ýanyp duran çyramsyň
Telwaslarmyň bolduň wysally yşky.
Gül içre çoýup, gar deý syransyň,
Kalbymy nikalan eý, beýik Goşgy!

WAGTLAÝYNÇA

Wagtlaýynça ýagan garlar ereýär,
Many tapýaň ýüzüň düşen pursada.
Her günüň ykbaly her gün döreýär,
Dünýä kän zat aýdýar, dymyp dursak-da.

Daňlar ýürek joşdyr bilbiliň sesi,
Öz dilinde saýraýar ol tapmaça.
mydama saýlap ýörse-de pesi,
Belentlerden bat alyşy başgaça...

Ýol ýöräne mälim başdan-aýagy,
Durmuş şeýle, entek yza gaýdan ýok.
Görmersiňiz bu durmuşdan doýany,
Boljak zady boýdan-başa aýdan ýok.

Men-menlik, gedemlik, ýene kän zatlar,
Emellere ýeten öýder ömürlik,
Dostum, haýyr iş et,
Belki-de, wagt bar,
Günler bolsa geçip barýar gemirlip...

MEN AK SÄHER

Men ak säher,
Saňa aşyk gündizim,
Entek bize garaşmasyn iňrikler.
Saňa duşsam bilýän sende ýitjegim
Wysalyňa yhlasymy siňripler ―

Mähir bolup, söýgi bolup eresem.
Onsoň aksam hana sygman bulakda.
Bagşy içse ― aýdym bolup döresem.
Ýa-da seniň ol jowzalan goýnuňda ―

Säher çygly şemal bolup ýöresem.
Ikimizem tebigatyň keşdesi,
Ikimizi dünýäň gelýär eşdesi.
Suw içeli ylham atly badadan.

Ikimizde bölünmejek birlik bar ―
Bölünmäli şeýle altyn kadadan.
Ikimizem bir dem ― birdir howamyz,
Sen-ä ylham, menem goşgy, dowammyz ―

Ýol ýöresin, garşy alsyn ýürekler.
Kalplar ýapyk bolsa bizden...
Gerek däl!
Ýok beýle däl, gülledeli hyýaly,
Heňňam ― kagyz, dünýäň eli syýaly.

Sözüm ― säher, ak gündize ýaraşsyn.
Men şapak donly daň,
Gel sen gündizim.

ÖZÜM HAKDA

«Özüm hakda sazymdan oňat aýtjak ýok»
N. Halmämmedow.

Özüm hakda saňa näme aýdaýyn?!
Belki, söhbet eder ony goşgulam.
Tymsallarym, yrymlarym ― aýdyňyn,
Sözlerimde yşkym bardyr hoşgylaw.

Dana sözde, öwüt bermä hakym ýok,
Setirlerim golun seren zürýadym.
«Ölçäň, alyň!» diýmäge-de çakym ýok,
Dymyplar agladym, içde perýadym.

Başym sypap, «Goýaý!» diýen bolmady,
Kän ökünip bakdym eden işime.
Gözýaş göge dolup, mährim solmady,
Başym goýup ýördüm dünýäň döşüne.

Özüm hakda ýene näme aýdaýyn,
Talhatandan gaýdar asyl gözbaşym.
Sözüm ― Tugum, pelsepeler baýdagym,
Watan, ejem, kakam, barlyk
Sözbaşym!

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri,

“Garagum” žurnaly, 6/2021.




Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Gapy kakýan ýok / Goşgular - 15.03.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Köňlüm / Goşgular - 22.05.2021
Doganlarym / Goşgular - 09.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]