20:24
Söýgi bizi ýene duşurar
SÖÝGI BIZI ÝENE DUŞURAR

Bu gün müdimilik gidýäň ýanymdan,
Bilýän, söýgi bizi ýene duşurar,
Şu aglaýşyň çykmaz hiç hyýalymdan,
Hyýal bizi ýene gaýdyp duşurar.

Sensiz geçen günler bagrym daglaýar,
Halym görüp bagda güller zarlaýar,
Meniň derdim duýup iller aglaýar,
Iller bizi ýene gaýdyp duşurar.

Maňa nesip etmedik jadyly ýüzler,
Keşbiň görmek isläp kütelşen gözler,
Aýdyp bilmedigim, aýtmaly sözler,
Sözler bizi ýene gaýdyp duşurar.

Maksat ESENOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Aksary | Теги: Maksat Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Все повторяется / Goşgular - 19.02.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Aýak yz / Goşgular - 08.01.2022
Стриптиз / Goşgular - 04.02.2022
Ýaşlygyñ ýasy / sonetler çemeni / Goşgular - 29.01.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Базар / Goşgular - 19.02.2022
Gözleg / Goşgular - 17.01.2022
Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Garayolly1936   [Материал]
"Bu gün müdümilik gidÿäñ ÿanymdan", "Iller bizi ÿene gaÿdyp duşurar" "MÜDÜMILIK"!

0
1 Garayolly1936   [Материал]
"Hyýal bizi ÿene gaÿdyp duşurar"?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]