05:53
Söýgi
SÖÝGI

Maslahata mätäç bolmaýar söýgi,
Söýgi sorap gyýmaz nika gyýanda.
Söýgi aldaw-hilelerden beýikdir,
Janyn orta goýar ynsan söýende.

Şol pursat gyşlaram öwrüler ýaza,
Doñaklykmy, jöwza duýmaz bedeniñ.
Asyl öz-özünden şowlar-da gider,
Tutan işiñ, hemme etjek-edeniñ.

Durmuş talabyna biperwaý garap,
Etjegini diñe özi bilýändir.
Söýgi şoñ üçinem islän wagtynda
Hiç bir kada kaýyl bolman gelýändir.

• SÖÝGININ EMRIMI...

Gyzgyn aýasy elleriñ
Ýüregiñ howrumy, janym!
Barha süýjeýär dillerim,
Geleniñ dogrumy, janym!

Ynjasam, agyrsam duýşuñ,
Kalbyma gozgalañ guýşuñ,
Seni kerem saýyp uýşum
Söýeniñ emrimi, janym!

Gözlerimden hünji gaçdy,
Gaýgy-gussa ara açdy,
Göwnüm mähir suwun içdi,
Bezediñ ömrümi, janym!

Sensiz dünýäm darlygyn bil,
Barlygyñda barlygym bil,
Gözüm saña zarlygyn bil,
Ylhamy şygrymyñ, janym!

Dürnabat AŞYROWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Haweran | Теги: Dürnabat Aşyrowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]