22:27
Söýenime

SÖÝENIME

Ganatym ýokdur uçmaga,
Gitmek uçin uzaklara,
Seni ezizlän ynsany,
Neçün atdyň duzaklara.

Yşkyň derdinden alowlap,
Odyňa düşüp tutaşdym,
Hiç çäresi tapylmadyk,
Söygi derdine ulaşdym.

Saňa duşanymdan bäri,
Hyýalymda ýaşap ýörsüň,
Ynan haýsy ýana baksam,
Göz öňümde özüň dursuň.

Söygi älemine aýlap,
Sowgat etjek bagty saňa,
Sen hakyňda pikirlenip,
Ýyldyz sanap ýetýän daňa.

Arzuwlarmy saňa baglap,
Ýörün daşyňdan guwanyp,
Bilýäň dälsiň  belki aýdyp,
Maňa söýgiňi uýalyp.

Ýalňyşýan bolmagym ahmal,
Bardyr belki söýen ýaryň,
Wah naýynjar dymyşlaryň,
Ýakyp barýar şirin janym.

Eger şeýle bolsa, onda
Bagyşla söýýän diýenme,
Araňyza düşüp bilmen,
Ozüm günäkär söýenme.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Kalbyňyzda ýer goýuň / Goşgular - 23.05.2021
A mende kine ýok.. / Goşgular - 09.04.2021
Penjiräňi aç / Goşgular - 16.03.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Söýgi perisiniñ haty / Goşgular - 09.02.2021
Всего комментариев: 13
0
Şy ýigit ýamanja ekeni. Başyny çarajak garaz :)

0
11 Zehin   [Mowzuga geç]
Bää men sizi seyle ojukdyryan welin sizde goruplik bar oydyan :)

0
12 Gökböri   [Mowzuga geç]
Nämäñe göriplik edeli janym Gurbanmämmet?

0
10 Aksary   [Mowzuga geç]
Wah naýynjar dymyşlaryň,
Ýakyp barýar şirin janym.

NAÝYNJAR dymyşlyk JANY ýakýar,alsa gowy bolaýjak ýaly

0
9 Gökböri   [Mowzuga geç]
Oýunjaga öwürdiñiz bu söýmegi-söýülmegi.

0
8 Gökböri   [Mowzuga geç]
"Arañyza düşüp bilmen" diýip iñ soñunda özüñi günäkärlän bolup sypjak bolsañ uçup, duzaklara düşüp, alowlap (alawlap), tutaşyp, derde ulaşyp, hyýalyñda oturdyp, haýsy ýana baksañ göz öñüne getirip, ýyldyz sanap, janyñy ýakyp nätjekdiñ?..

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Söygi älemine aýlap,
Sowgat etjek bagty saňa,
Sen hakyňda pikirlenip,
Ýyldyz sanap ýetýän daňa.

Gurbanmämmet daýy, başga goşgyňda-da “ýyldyz sananyňy” bilýäňmi?
“unudylan söýgi”-de:

Agyr gelen ykbalynyň derdine,
Ýyldyz sanap geçen gijeleri kän,

——
Söýgi goşgularyndan biraz ýadawrak…
Hany, pikir anteniňi başga tarapa öwürse-ne, başga zatlaryň gürrüňini etjek bolaly-la.

0
3 Zehin   [Mowzuga geç]
Men onda oz adymdan çykys edemok. Munda oz adymdan çykyan

0
5 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Gurbanmämet oglan ýyldyz sanamaýar. Oglan bilen duşuşanda gyz ýyldyz sanaýar. A.Nohurowyñ "Maşgala durmuşy" diýen kitabyny okap gör şonda bilersiñ oglanyñ gyza nädip ýyldyz sanadýanyny.. ))

0
1 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Waý ýandym-da şu Gurbanmämmediñ goşgusyndanam söýgisindenem özündenem.

0
4 Zehin   [Mowzuga geç]
Orän onat begenyan eger men kimdir birini yandyryp bilen bolsam mende onegidislik bar

0
6 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Inkubatordan çykan ýaly tüý bitmedik gyzyletene jüýje goşgujyklar. Gyrgy bolup ýüzüñ ugruna lak luk atsañam garnyñy bir gezek doýrup bilmejek ýuwanja goşgujyklar

0
7 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Sende şeýle bir öñe gidişlik bar: bir eliñde dermanlanan banan, bir eliñde zaýalanan baklajan, biliñde bir heñlän käşir, agzyñda parnigiñ gol ýaly hyýary, jübiñde ukol bilen gyzardylan pomidor, kelläñde fosfor iýen garpyz paçak...
Mañlaýyña bambuk agajy bilen uraýmasañ bäri-bärde durarly däl. ))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]