20:22
Söý dünýäni
SÖÝ DÜNÝÄNI

Bu durmuşda söýlüp we söýüp ýaşagyn,
Söý bu dünýäň her minudyn, sekundyn,
Söýmek hem söýülmek deý lezzetli,
Söý eneňi, söý ataňy we ýurdyň,

Sen söýseň, senem söýen tapylar,
Tapylar, seň üçin janyn berjekler,
Şonda seňem bagt gapyň kakylar,
Ugruňda jan berer batyr gerçekler.

Ataň-eneň söýgüsi hem bagtdyr,
Olar seni täç ederler başyna,
Olary mydama aýap saklagyn,
Gije- gündiz bagt dilärler başyňa.

Söý gündizi, gündiz günüň şöhlesin,
Söý gijäni, aýy, ýyldyzlar bilen,
Söý çagalaň mähirlije gülkisin,
Söýmek üçin bahana köp gözleseň.

Şu dünýäde barlygyňy bagt bil,
Janyň sagatdygyna şükür et häli,
Sen diňe söý galan ähli zat geçer,
Söýgi bilen ölüp gitmek bagt dälmi.

Aýna AMANGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: Mahremlik | Теги: Aýna Amangeldiýewa | Рейтинг: 1.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kakama / Goşgular - 25.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Eje / Goşgular - 26.01.2022
Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Призрак / Goşgular - 18.01.2022
Bäbejik / Goşgular - 12.01.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Mahremlik   [Материал]
sag boluň köp-köp, dogrusyny aýtsam Gülşirin Hanowanyň, Aýgül Garaýewanyň goşgularyny beýleki maslahat beren şahyrlaryňyzyň goşgularyny hökman okaryn.

0
5 Mähriban   [Материал]
Aýna jigim, goşgyňyzda "dogry pikirler" juda kän eken, ýöne her bir "dogry pikiri" 4 setirli 11-12 bogunly bende sygdyranyň bilen ol şygyr bolarmyka? Ýa-da her bir zadyň aýdylyş düzgüni, usuly barmyka?
Şularyň barysyndanam owal jogap bermeli ilkinji sowal bar: "Men ýazmalymy?". Jogap "Hawa" bolsa, yzyndan ýene million sorag peýda bolýar. Birine jogap tapsaň, ýene million. Garaz, gaýrat ediň, alyp çykyň, üstünlikler! Zenan şahyrlardan Annasoltan Kekilowanyň, Bibi Orazdurdyýewanyň, Oguljemal Çaryýewanyň, Ogultäç Oraztaganowanyň, Şähribossanyň, Laçyn Pürjäýewanyň, Aýgül Garaýewanyň, Oguljennet Bäşimowanyň, Gülşirin Hanowanyň, Gülnabat Begenjowanyň, Kalba Nuruň, Gyzylgül Annagylyjowanyň, Bilbil Kakabaýewanyň, Meňli Aşyrowanyň, Mahym Nurgeldiýewanyň, Aýbölek Abdyýewanyň, Gülnar Geldimyradowanyň, Ogulnur Ataýewanyň, Aýşat Hojamuhammedowanyň, Tagangül Seýitmämmedowanyň (adyny agzamadyk beýleki birnäçe zehinli şahyralarymyzyň) (dünýä edebiýatynyň ägirtleri hakda gürrüňem ýok) şygyrlaryny okasaňyz (okaýansyňyzam), öz ýoluňyzy taparsyňyz diýip umyt edýän.

0
4 Mahremlik   [Материал]
Haýyş edýän, äýdaýyň-da, men täze başladym, öz pikiriňiz aýtsaňyz, minnetdar bolardym

0
3 Aksary   [Материал]
Şu dünýäde barlygyňy bagt bil,
Janyň sagatdygyna şükür et häli,
Sen diňe söý galan ähli zat geçer,
Söýgi bilen ölüp gitmek bagt dälmi.

Maña şu topbagam ýetýä,ömrüñ bolsun
Kemçilikli ýerleri käniräk,sanamaga ýüzüm ýok.

0
2 Mahremlik   [Материал]
Olaňkyň nm üýtgeşik düşünmedim

0
1 Haweran   [Материал]
Hormatly @pustota agza, eser paýlaşanyñyzda beýleki paýlaşylýan eserleriñ goýluş tertibine üns bermegiñizi haýyş edýäris. Ýogsam her gezekde düzediş girizip durmak hem kyn düşýär, hem birhili görýäris.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]