13:34
Sowuk kejebe

SOWUK KEJEBE

• Owgan urşuna gatnaşan, zapasdaky esgeriñ haýyşy boýunça ýazylan elegiýa.

Gulluk etmeli bolduk,
Mundan baryp Owgana.
Ah, şol Owgan uruşy 
Başym goýdy gowgaýa.

Daglykdan çykan gülle,
Degip, aldy Toýçyny.
Näletledim göklügne,
Gülw gyrkan gaýçyny.

Ene-atañ yhlasy,
Ýetişmedi dadyna.
Dostumyñ gany siñdi,
Şum ajalyn adyna.

Heseliñ söýgüsi-de
Çyrlak bolup çyrlady.
Gaýa güwläp gaýdansoñ,
Dagda gaplañ arlady.

*  *  *

...Ak kejebe guruldy,
"ZIL" maşynyñ üstüne.
Ýaýramady jañ sesi,
Ýeriñ belent-pestine.

Adamlar müýnli ýaly,
Zenanlar geýdi gara.
Gözýaş bolup ýürekleñ,
Awusy damýar ýere.

Meniñ ýüregmi ezip,
Ene bwter aglaýar.
Ak tutynyñ pürçügi,
Gözýaş degip galgaýar.

*  *  *

Açyp alçak ýüregni,
Ak hat alyşan gözel,
Ýetmek üçin wysala,
Kän-kän garaşan gözel.

Algyr guşun aldyryp,
Özün goýberdi ýere.
Gözýaşlara öwrül-de,
Ere ýüregim, ere!

*  *  *

Gyz münmeli kejebä,
Mündürdiler Toýçyny.
Bakylygyñ goýnuna,
Gönderdiler Toýçyny.

Jansyz, sowuk kejebe,
Hiç gözümden gitmeýär.
Her pürçügi bir gülle,
Ýarasy hiç bitmeýär.

Toýçyñ ene-atasy,
Her görende garamy,
Menden dostumy gözläp,
Gozgaýarlar ýaramy.

Heselden-de gaçýaryn,
Toýçy düşüp ýadyma.
Gyş-da ýaşa gark bolýar,
Meni gören badyna.

Ah, Owgan, Owgan, Owgan,
Ne güne goýdy gowgañ!

1996. 

Nazly TUWAKGYLYJOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 274 | Добавил: Нawеran | Теги: Nazly Tuwakgylyjow | Рейтинг: 3.7/3
Goşgular bölümiň başga makalalary

Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Ýalñyz guş / Goşgular - 16.02.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Mähriban / Goşgular - 04.03.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Ömrüň ajap aýdymy / Goşgular - 02.02.2021
Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Bu urşuñ salan ýarasy her obada bar...Owgan urşunda wepat bolan ýigitleñ ýatan ýeri ýagty bolsun...

0
1 tankytçy   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]