09:14
“Sowgat”, A.Çehowyň çap edilmedik hekaýasymy ýa-da...
“SOWGAT”, A.ÇEHOWYŇ ÇAP EDILMEDIK HEKAÝASYMY ÝA-DA...

Rus nusgawy ýazyjysy Anton Pawlowiç Çehowyň çap edilmedik hekaýalary barmyka?
Elbetde, bardyr.
Halys bolmanda, söz ussadynyň meşhur gahrymany unter Prişibeýewiň 100% çürt-kesiklik bilen tekrarlaýşy ýaly: “Beýle zat bolup bilmez, çünki beýle zat hiç haçanam bolup bilmez” diýip nygtamag-a ýalňyşlyk bolaýmasa.
“Sowgat” atly A.Çehowyňkydygy ýanjalýan hekaýaň birdenkä zompa çykmagam, rus edebiýat dünýäsinde hünärmenleň we muşdaklaň arasynda uly gyzyklanma emele getiren waka boldy.
Bu hekaýa hakykatdanam A.Çehowyň galamyndan çykdymyka?
Ýa-da hakykatdanam talantly, ýöne ady taryhda nämälim galan A.Çehowyň döwürdeş awtorlarynyň biri, meşhur ýazyjyň adyna duwlanyp öz eserini galdyryp gitdimikä?
Bu soraglara A.Çehowyň döredijiligini ilik-düwme öwrenýän edebiýatşynaslar, anyk we ygtybarly jogap beräýmese...
Ýöne, bir zady welin, hökman bellemeli.
Bu hekaýa okanyňa juda degýär. Eger-de ol A.Çehowyň zehininiň miwesi bolsa-da, onda ýazyjyň ussatlygyna jinnek ýaly çirk ýetirmeýär.

Sowgat

Gelinligine sowgat etmek isleýän ýaş ýigit, uzak oýlanmalardan soň bir jübüt mişi ellik satyn almagy niýetine düwüpdir. Ol öz uýasy bilen zenan esbaplarynyň dükanyna gidip, bir jübüt mişi ellik satyn alypdyr. Onuň bilen birlikde uýasam zenan reýtuzyny (awt.: aýallaň köýnegiň içinden geýýän, ýukajyk matadan, kelte, darajyk balagy) alypdyr.

Harytlar olaň öýüne getirilende sebetler bulaşdyrylypdyr we reýtuzly sebet, şu aşakdaky hat bilen ýigdiň gelinligine gowşurylypdyr:
“Meniň ezizim!
Siziň Doglan günüňizi unutmaýanymy subut etmek üçin, Size özümiň kiçijek sowgadymy ýollaýaryn. Men ony saýlanymda, Siz oňa mätäçsiňiz diýip çak etdim!
Meniň ony satyn alan dükanymdaky satyjy gyz, özüniň eýýäm üç hepde bäri geýip ýören edil şonuň ýalysynyň hatda hapalanmandygynam görkezdi.
Meniň hut şahsy özüm, ony Size geýdirip görmegi şeýlebir isleýän!
Elbetde, meniň Sizi görmezimden öň, köpler oňa ellerini degrerler.
Men satyjy gyzdan ony geýip, özüne deňäp görmegi haýyş etdim – ol satyjy gyz geýende, örän nepis görünýärdi!
Men Siziň ölçegiňizi takyk bilmeýärin, ýöne uzagyndan men ol barada başga islendik adamdan has gowy netije çykaryp başlaryn. Siz ony birneme geýip giňeldeňizsoň, ol aňsat çykarylyp başlanar. Ýöne, haçan-da Siz ony çykaraňyzda, ony ýelejiretmegi unutmaň, sebäbi geýlenden soň ol çygjaryp biler.
Ony özüňizden çykarman, ýygy-ýygydan ýuwuň, ýogsa ol daralyp, girer.
Siz menden bu peşgeşi edil meň başdan geçirýän duýgularym bilen kabul edersiňiz diýip umyt edýän.
Ony anna güni, tans dabarasyna geýiň. Men Sizi şony geýeniňizdäki şekilde biçak hyjuwly göresim gelýär!
Onuň ýeňse tarapynda tagma edip basan posalammyň sany tükeniksizdir...
Satyjy gyz, maňa onuň iligini ildirmän, biraz aşak düşürilip, birneme sallam-sajagrak geýmegiň - nysagyň iň soňky haýkylygydygyny ýatlatdy.
Onuň içindäki zady pugta ogşaýan.”.

Çeşmesi: https://www.spletnik.ru/blogs/chto_chitaem/191286_podarok-neopublikovannyy-rasskaz-chekhova-ili?. 29.11.2021ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 16.10.2021ý. ýyl
Makalaň WEB çeşmesi


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 88 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Şorja börtmäniň taryhy / gülküli hekaýa - 24.01.2022
Gurjak teatrynda bolan waka / hekaýa - 22.01.2022
Gülgün jorap / hekaýa - 11.01.2022
Otluçöp - 06.01.2022
Старик Иуда / рассказ - 24.01.2022
Sonar daýy / hekaýa - 22.01.2022
Женитьба лейтенанта / рассказ - 02.01.2022
Zalym ykbal / bolan waka - 17.01.2022
Öňüm gelenden soňum gelsin / hekaýa - 22.01.2022
Absurd dialog / hekaýa - 11.01.2022



Всего комментариев: 5
1
3 mango   [Материал]
Biraz ýeňilräkle Çehow bolsa-da, bolmasa-da…
Пакет-i sebet diýipsiň welin….. paketligine galsada boljak ýaly….
—-
Paket - Içine zat salmak üçin kagyzdan edilen bukja, haltajyk.
Gap - Içine her hili zat salynýan halta, çuwal we ş. m. zatlar.
Sebet - Içine zat salmak maksady bilen çybykdan örülýän gap.

Mişini öwrendim bahana bilen… sözlükden :-)
Sag boluň. Okatdyňyz.

0
4 Bagabat   [Материал]
"Paket" dogrudanam paketligine galanda-da bolýa-la welin, jemgyýetde gatnaşyklaň özgermegi ("ösüşi" diýmäýin, medeni nukdaýnazardan "ösüş" näme, "tesiş" näme kesgitlemek subýektiw häsiýetli, şoň üçinem obýektiw bolup bilmeýär) bilen, dil we onuň düzüm birlikleriniň ol ýa-da beýleki görnüşdäki mazmuny, göz öňünde tutýan manysam üýtgeýär. "Sebet" sözem şoň ýaly. Soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri, edebi hem resmi dilde (gündelik dilde däl), bu söz bilen pakedem, sumkada, sumoçkada, awoskada, klatçam, portfelem aňladylýar. "Torba" diýip ýazýanam bar arasynda. Hernä, Hudaý şükür, "çuwal" ýa-da "ganar" diýmeýäler.
"Mişi" göne bolsa, has gadymy türk (men) dilinde "mažda"-da diýilýän ekeni.
Okaýanyňyza minnetdar.

0
5 Bagabat   [Материал]
"Dile geldi, bile geldi", şu ýerde halk arasynda ulanylýan (ýöne, juda jedelli) bir aýtgy ýadyma düşdi: "Köpçülik saňa: "düýe" diýýän bolsa, diýmek näme-de bolsa bir zat ugurragynda bardyr" :-).

2
2 Medine   [Материал]
Gülip hezil etdim ýetiren sagbolsun

1
1 Bagabat   [Материал]
"Çehowyň ussatlygy" diýlende, nusgawy ýazyja mahsus, sözlemleň gysgalygy, dykyzlygy, özboluşly "nepisligi" hem-de sýužetdäki ýumşak ýumor göz öňünde tutulýar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]