18:04
Sowgat
SOWGAT

Meniñ saña sowgadym bar, ezizim,
Tapylmajak hiç bazardan, dükandan.
Gerek däl sagbolsun, tañryýalkasyn,
Ol jahana geldi bölünip jandan.

Gerek oña seniñ atalyk mähriñ,
Gurşamaly üns-alada bilen.
Ýakyn dost bolmaly hemmeden beter
Maslahatçy ata öwüdi bilen.

Ol giñ dünýä indi öwrenişmeli,
Uklap-oýanmaly, iýip içmeli.
Özboluş dünýäsi bolmaly onuñ,
Günler bilen öz-özüni açmaly.

Çagalyk suratlar geler göz öñe,
Çagalyk dünýäñe edersiñ seýran.
Bütin durkuñ bilen berlersiñ oña,
Baryñam, ýoguñam edersiñ gurban.

Şatlyk beren, bagt eçilen ömrüñe
Göwün şadyn asyl agynjak özüñ.
Bizden dowam bu ajaýyp zemine -
Ýarym, ynha, seniñ nowbahar gyzyñ!

Mähri MUHAMMEDOWA,
Sakarçäge etraby.





Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Haweran | Теги: Mähri Muhammedowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sungat bolup galaýyn / Goşgular - 01.01.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Paworotti Sumbarda / Goşgular - 04.02.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]