08:22
Sowgat
SOWGAT

Saña uly sowgat etmek isleýän
Uly çemen.
Aý, ýok, solar gider-dä.
Uly sowgat bolmaz gülden onsoñam
Göwher az.
Saña berjek sowgadym
Gymmat bolmaly bor puldan onsoñam.

Bar gaýgyñ biz bolup, özüñ hakynda
Pikiri başyña salmajak ejem.
Saña söýgim, sagbolsunym hökmünde
Ýüregimi bersem almajak ejem.

Özümden öñ gynanjyma aglaýan,
Al, sowgat eýleýän gözlerim saña.
Ah, sen bolaa monça öpýäñ didämden,
Diýip: "Bolýar ýyly sözleriñ maña".

Dogrusy, señ üçin laýyk sowgada,
Ýetmez jemlesemem bar talyp hakym.
Ýeketägmi gorawersin Biribar,
Sen meniñ iñ uly baýlygym eje!

Gülnabat BEGENJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Haweran | Теги: Gülnabat Begenjowa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Ganga / Goşgular - 11.01.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
O ýer.. / Goşgular - 07.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Wah, öñ müñ gez gozgalan "Näme sowgat etsem?" pikrini gozganam hiç diýäýjek welin, ähli bentde boşaşa kapyýany saklap, iñ soñky bentde kapyýany bozmagy, mahlasy sygryñ guýrugynda pyçak döwmegi Amerikanyñ oýunlarymyka?))

0
1 mango   [Материал]
Eýtdiň, beýtdiň, ahyram ne gül berdiň ne-de pul.
Ýürek diýdiň, göz diýdiň, diňe gep berdiň…
Oýun edýän. Iň gowy dogany etdiň: “Ýeketägmi gorawersin Biribar”
Bolar şol…
—-
Öňem bir eje çagalaryna tabşyrýamyş:
- maňa doglan günüme köwüş alaýmaň, iň soňy geýmen.
Soň, oňa köwüş alyp beripdirler.
Olam geýipdir.
Begene-begene.
:-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]